18:01 Selaheddin Eýýuby | |
SELAHEDDIN EÝÝUBY
Taryhy şahslar
■ Selaheddin Eýýuby kim bolupdyr? Soltan Selaheddin Eýýuby, 1138-nji ýylda Tikritde eneden doglan we 1169-1193-nji ýyllarda Müsürde höküm süren ady dünýä belli türkmen soltany. Doly ady: El Mälik el-Nasyr Ebul Muzapbar Selaheddin Ýusup ibn Nejmeddin Eýýup. Selaheddin Ýusup ibn Eýýup Müsüriñ we Siriýanyñ soltany we Eýýuby türkmen dinastiýasynyñ gurujysy bolan ilkinji hökümdardyr. Hyttyn söweşi arkaly 1187-nji ýylyñ 2-nji oktýabrynda ýylda Ierusalimi haçparazlardan halas edip şäherde 88 ýyl höküm süren hristian agalygynyñ soñuna çykmagy başardy. Şeýle hem hristianlaryñ 3-nji haçly ýörişini-de şowsuzlyga uçratdy. ■ Ilkinji ýyllary El-Hazrejiniñ, Ýakubynyñ we Ibn Haldunyñ eserlerinde bu soltan hakynda möhüm maglumatlar berilýär. Selaheddin tanymal maşgalada eneden dogulýar. Doglan gijesi kakasy Nejmeddin Eýýup maşgalasyny alyp Halaba göçýär. Bu ýerde ol Demirgazyk Siriýanyñ kuwwatly türkmen hökümdary Ymadeddin Zeññiniñ hyzmatyna durýar. Atasy Şady Bagdat şäheriniñ häkimi Behruzyñ ýakyn dostydy. Behruz şadynyñ ogly Nejmeddin Eýýubyñ Tikritiñ serkerdeligine getirilmegine öz kömegini ýetirýär. Şeýlelikde Beýik Seljukly türkmen soltany Muhammet Tapar Şadyny maşgalasy bilen birlikde Tikrit sebitine ýerleşdirýär. 1131-nji ýylda Ymadeddin Zeññiniñ goşuny Garaja el Saky tarapyndan ýeñlişe sezewar edilýär we Y.Zeññi Tikrite gelýär. Nejmeddin Eýýup we agasy Eseduddin Şirkuh Zeññä ýardam edýärler we Tikritde zyndanda saklanýan Aziduddin el Mustewfiniñ gaçmagyna mümkinçilik döredýärler. Munuñ üçin olaryñ Behruz bilen aralary bozulýar. Munyñ tersine bolsa Mosul we Halabyñ atabegleri bolan Zeñnilere ýakynlaşýarlar. Selaheddiniñ ejesi seljuk türkmenleriniñ Harym emiri bolan Şyhabeddin Mahmud ibn Tokuş el Harunyñ aýal doganydyr. Şam sebitini dolandyran Tutuş begiñ tersine, Horezm şasy Tekeş bilen bagly bolan waka Ibni Esir tarapyndan hem ýatlanylýar. Aýal dogany Zümrüt Hatyn ilki Husameddin Muhammet ibn Omar ibn Laçynyñ kakasy bilen, has soñra bolsa Selaheddiniñ agasy Şirkuhyñ ogly Nasreddin Muhammet bilen öýlendirildi. Täçmülk Böri, Seýfulyslam Tugtekin, Mälik Adyl Ebu Bekir, Şahynşah atly doganlary bolupdyr. ■ Selaheddin ~ serkerde, alym, edebiýatçy, hukukçy, hadysşynas Nejmeddin Eýýubyñ häkimlik eden Baalbek we Şam şäherlerinde kemala gelen Selaheddin harby we dini ylymlary oñat özleşdirdi, sungata we edebiýata uly üns bererdi. Selaheddiniñ terjimehalyny ýazan Al Wahrani onuñ geometriýa, astronomiýa, matematika we arifmetika babatynda ussatlyga ýetendigini belläp geçýär. Logika, filosofiýa, yslam hukugy we taryh bilen gyzyklanypdyr. Ol Damaskyñ Hadys uniwersitetini tamamlaýar. ■ Haçparazlara garşy başlanan ýeñişli ýollaryñ başy 26 ýaşynda agasy ony öz ýanyna alýar. Müsüriñ güýçli taýpalaryndan Banu Ruzzaikleriñ ele salynmagy üçin Fatimi halyflygynyñ peýdasyna söweşýär. Soñra haçparazlaryñ ilindäki Müsüriñ Bilbeis şäheriniñ azat edilmegine gatnaşýar. Söweşde haçparaz birliginiñ serkerdesi Kaýserili Hugh Selaheddiniñ birligine ýesir düşdi. Söweşden soñra Selaheddin we agasy Aleksandriýa şäherine ýerleşýärler. Bu ýerde olara halyf tarapyndan pul, goşun we gala bilen üpjün edilýär. Gala hüjüm eden müsürli haçparazlar Şirkuhyñ birliklerini dargatmagy başarýarlar, emma Selaheddiniñ birlikleri galanyñ eýelenmegine ýol bermedi. 1-nji Haçly ýörişleri netijesinde gurulan Ierusalim patyşalygy Müsüre göz gyzdyryp başlaýar. Şol wagtyñ şertleri Müsüriñ eýelenmegi üçin amatly pursatdady, çünki Müsürdäki Fatimiler döwleti içki gapma-garşylyklaryñ içindedi. Müsüriñ weziri Şawer köşk dildüwşigi netijesinde bäsdeşi beýleki wezir Dyrgama ýeñilip gizlin ýollar arkaly Şama Nureddin Zeññiniñ ýanyna gelýär we ondan kömek soraýar. N.Zeññi bu pursatdan peýdalanmak bilen yslam dünýäsindäki iki başlylyk problemasyny çözmek we musulmanlary gaýtadan bir agza bakdyrmak maksady bilen haçparazlara garşy göreş meselesinde güýçlenmegini göz öñüne tutup Şaweriñ islegini haýyşyny kanagatlandyrýar. Nureddin Türkmen Müsürde Şawere kömege barmagy Eseduddin Şirkuha ynanýar. Şirluh bu wezipäni inisi Selaheddini ýanynda äkitmek şerti bilen kabul edýär. Selaheddin bolsa ýeke galmagy we ylym bilen meşgullanmagy halaýardy. Şol sebapli ony yrmak añsat bolmady. Selaheddiniñ harby durmuşy hut şu ýerden hem başlady. Ýagdaýy gitdigiçe bulaşan Müsürde Şawer garşydaşy Dyrgamy ýeñlişe sezewar etdi we Nureddinden geljek kömege mätäçligi galmady. Nureddin Türkmeniñ esgerlerinden çekinen Şawer Ierusalimdäki haçparaz korollykdan kömek sorady we deñiz ýoly arkaly haçparaz birlikleri kömege ugradyldy. Haçparazlar we Müsür goşuny Afrikanyñ we Aziýanyñ kesişýän ýerinde birleşdiler we goranyşa geçdiler. Bu ýagdaýa aljyran Selaheddin we Şirkuh ýanlaryndaky az sanly goşun birlikleri bilen näme etjeklerini bilmän galdylar. Soñra Selaheddin goşunyñ serkerdeligini boýnuna aldy we Soltan Nureddinden geljek kömege garaşmagy teklip etdi. Şeýle hem ussatlyk bilen manýowr edip Belbis galasyny ele geçirýär. Nureddin Soltan bolsa olara kömege barman, gönüden göni haçparazlaryñ agalyk edýän ýerlerine hüjüme geçdi, bu bolsa haçparazlary yza çekilmäge mejbur etdi. Yza çekilen hyzmatdaşlaryndan tamasy üzülen Şawer Soltan Nureddiniñ hüjüme geçmeginden gorkup, Şirkuhyñ goşuny bilen ýaraşyk baglaşmaga mejbur bolýar. Ýaraşykdan soñra gaýtadan Damaska dolanan Selaheddin ýene ylym bilen meşgullanyp başlady. Soltan Nureddin Şirkuhyñ özüne aýdan sözlerinden Müsüriñ añsat eýelenjegini añdy we munuñ üçin Şirkuhy gaýtadan Müsüre ýollady. Şirkuh ýene-de öñki şertini aýtdy. Muña garşy çykan Selaheddin soltanyñ sözünden çykyp bilmän ýene ýörişe goşuldy. Soltanyñ goşunynyñ sarsgynyny eşiden Şawer pul tölemek (jizýe) şerti bilen ýenede haçparazlardan kömek sorady. Ierusalimden ýola çykan haçparazlar ýenede öñki ýerde sataşdylar. Garşydaşlar 30.000 adamdan ybaratdy. Sirkuhyñ goşunynda bolsa 2.000 esger bardy. Selaheddin goşunyñ serkerdeligini ele alýar we az wagtyñ dowamynda Sina çölüni geçýarler. Özlerinden 15 esse köp duşmany derbi dagyn edýarler we Aleksandriýa gelip bu galany ele geçirýarler. Gysga wagtyñ dowamynda halkyñ söygusini gazanan Selaheddin bu halkyñ hemişe öz tarapynda boljagyny añýar. Müsürliler we haçparazlar Aleksandriýanyñ üstine ýöreýärler. Bu şäher ähmiýetli nokat bolup durýardy we gündogar bilen günbataryñ söwda merkezidi. Selaheddin galany üç aýlap gorap saklaýar. Emma haçparazlara kömege gelen Wizantiýa harby deñiz güýçleriniñ deñiz ýollaryny kesmegi sebäpli, sussupeslige uçran Şirkuh galanyñ goranyşyny dowam etdirmek mümkin däl diýip hasap etdi we iñ bolmanda tabynlygyndaky esgerleri halas ederin diýen pikir bilen duran ýerini taşlady we yza çekilmäge başlady. Şirkuh gideninden soñra Selaheddiniñ ýaraşyk baglaşmakdan başga çäresi galmady. Ýaraşygyñ şerti hökmunde esgerleri we ýaraglary bilen birlikde Siriýa dolanmagy goýdy. Ýaraşykdan soñra Selaheddin we esgerleri galadan çykdylar. Ierusalimiñ koroly ullakan bir goşunyñ galadan çykmagyna garaşyp durka, 100 töweregi ýaraly esgeriñ çykyp barýanyny görüp haýran galdy. Şunyñ ýaly görlüp eşdilmedik gahrymançylyklara bolan hormatyny gizlemekden çekinmedik Ierusalim koroly Selaheddini we esgerlerini üç günläp goşunynyñ karargähinde myhman alýar. Selaheddin üç günüñ içinde hristianlaryñ goşun tertibine we hristian serkerdeleriñ arasyndaky çekişmelere ýakyndan synlamak mümkinçiligine eýe bolýar. Bu tejribe gelejekdäki söweşlerde örän peýdaly boljakdy. Kömege giden Fatimi hökümetiniñ ejizligini gören Ierusalim koroly söweş yglanyna hem ätiýaç duýman serhedi geçdi we Kairiñ eteklerine geldi. Muña Soltan Nureddine hat ugradan Fatimi halyfy ýene kömek sorady. Soltan bu haýyşy kabul etdi we Şirkuhy üçünji gezek Müsüre ýollady. Selaheddini bu gezegem ýörişe çykarmak añsat bolmady. Selaheddin beýik bir haýbat bilen garşysyna gelen awangard haçparaz birlikleri derbi-dagyn etdi we Şirkuhyñ söweşe girmän Kairiñ etegine gelmegini üpjün etdi. Şaweriñ goşun gelýänçä jizýe bererin diýip eden ýalan wadasyna gulak gabardyp güýmelen haçparaz goşuny Selaheddiniñ gelýänini eşidip gaçyp başladylar. Ierusalim korolynyñ yza çekilmeginden soñra Soltan Nureddiniñ goşun birlikleriniñ barlygyndan bimaza bolan Şawer bir zyýapat gurnap hemmesiniñ soñuna cykmaga karar berdi. Şaweriñ bu pis niýetini öwrenen Selaheddin öñürtiläp zyýapat gurnaýar we Şaweri çagyrýar. Zyýapata gelen Şaweri garşylamak üçin öñünden çykan Selaheddin onuñ ýanyndaky janpenalaryndan çekinmän golundan tutýar we atyndan ýykyp düşürýär. Hadysany gören mähelle derhal dagamak bilen bolýar. Şonsuzam Şaweriñ häkimiýet ugryndaky göreşlerinden iren Fatimi halyfy Şaweri aradan aýyrmak üçin amatly wagta garaşýardy. Bu hadysany duýan dessine Şaweri ölüm jezasyna berdi we boşan wezirlik wezipesine Soltan Nureddinden çekinýändigi üçin Şirkuhy belledi. Emma Şirkuh bir-iki aý geçmänkä aradan çykdy. 1171-nji ýylda Müsürde Şaýy Fatimi halyflygyny soñlandyryp sünnilige dolanylandygyny we Bagdatdaky Abbasy halyflygyna tabynlygyny yglan eden Selaheddin Eýýuby netijede Müsüriñ ýeke-täk hökümdary boldy. Şeylelikde yslam dünýasindaki iki başlylyk, ýagny Müsürdäki we Bagdatdaky aýry-aýry halyflyk aradan aýryldy. Şondan soñ yslam dünýäsinde ýeke-täk halyf bardy. Bu möhüm hadysa musulmanlaryñ haçparazlara garşy birleşmeginde taryhy öwrülişikleriñ biri boldy. Selaheddin Nureddin Zeññä ömürboýy wepaly boldy, emma 1174-nji ýylda onuñ aradan çykmagy bilen ýagdaý üýtgedi. Selaheddin Nureddiniñ dul galan aýaly Ismedüddin Hatyny nikasyna aldy. Emma Nureddiniñ ýerine geçen ogly Ysmaýyl Selaheddini äsgermedi we onuñ bilen hyzmatdaşlyk etmedi. Müsürdäki hasylly ýerleri peýdalanan Selaheddin Nureddiniñ ýetginjek oglunyñ adyna naýyplyk wezipesini talap edip, çaklañja emma örän düzgün-tertipli goşun bilen Siriýa hereket etdi. Emma wagt geçmänkä bu talabyndan el çekdi. 1177-nji ýylda Montgisard söweşinde Ierusalimiñ koroly VI Boldwine ýeñildi. 1186-njy ýyla çenli Siriýa, Demirgazyk Mesopotamiýa, Palestina, Müsür ýaly ýurtlardaky bütin musulman ülkelerini öz baýdygy astynda birleşdirmäge çalyşdy we yslam bileleşigini ýañadandan gurdy. Wagtyñ geçmegi bilen ahlaksyzlykdan, we zalymlykdan çetde, jomart, edermen, sözüni ýöredýän hökümdar hökmünde dabarasy dag aşdy. Şol wagtda çenli içki gapma-garşylyklar we ýiti basdaşlyklar sebäpli, haçparaza garşy göreşmekde kynçylyk çeken musulmanlary maddy we ruhy taýdan güýçlenmegine gazandy. Selaheddin täze we iñ soñky harby tejribeleri ulanmagyñ deregine, köpsanly tertipsiz goşunlary birleşdirip düzgün-tertibe salypdyr we harby güýç agramlygyny öz tarapyna öwürmegi başarypdyr. 1187-nji ýylda bar goşuny bilen Latyn haçparaz korollyklara garşy ýörişe girişdi. Şol wagt Ierusalimiñ koroly ölüp, ýerine Luzinýaly Guý geçdi. Selaheddin Ierusalim korolyny we goşunyny Demirgazyk Palestinada Tiberiýanyñ golaýynda Hyttyna çenli getirmegi başardy. Hyttyn suwly guýulary bilen at alan ýerdi. Selaheddin öñräkden bu guýulary eýeläp goýupdy. 04. 07. 1187-nji ýylda haçparazlar suwsuzlykdan ýaña tapdan düşen ýagdaýda Selaheddin bilen garşylaşdylar. Olar bu nokatdan yza gaýtmadylar we söweşmäge mejbur boldular. Hyttyn söweşinde Selahaddin Ierusalim koroly Luzinýaly Guý serkerdeligindäki haçparazlary ýeñlişe sezewar etdi. Haçparazlaryñ ýeñlişi musulmanlaryñ Ierusalim korollygyny tutuşlygyna diýen ýaly ele geçirmegini üpjün etdi. Akka, Betrun, Beýrut, Saýda, Nasyra, Gaman, Kaesarea, Nablus, Ýafa, Aşkelon üç aýyñ dowamynda ele alyndy. Selahaddin iñ uly urgusyny 88 ýyllap franklaryñ elinde galan Ierusalimi 02. 10. 1187-nji ýylda ele salmak bilen görkezdi. Selaheddiniñ ýeñişiniñ ýekeje kemçiligi bardy, olam gala diwarlarynyñ eýelenmän galmagydy. 1189-njy ýylda haçparazlaryñ golastynda diñe üç etrap galypdy, emma aman galan hristianlar gala diwarlarynyñ bir ýerine üýşüp latynlaryñ garşylyklaýyn hüjümini emele getiripdirler. Ierusalimiñ eýelenmegi bilen lapykeçlige uçran ýewropalylar täzeden haçly ýörişe çagyryñ etdiler. 3-nji haçly ýörişe köp sanly aristokrat we tanymal rysarlar bilen birlikde üç ýurduñ koroly hem ýörişe atlandylar. 3-nji haçly ýörişi uzak we surnukdyryjy boldy. Angliýanyñ koroly Riçard hiç hili netije gazanmady. Haçparazlar Gündogar Orta ýer deñzinde ähmiýetsiz bir ýer bölegini eýe boldular. Korol Riçard 1192-nji ýylyñ sentýabyrynda dolanmak üçin ýelkenleri açanynda söweş eýýäm gutarypdy. Selahaddin Damaskda ýaşap başlady we 1193-nji ýylda aradan çykdy. Ölüminden soñra ýakyn garyndaşlary patyşalygy öz aralarynda paýlaşdylar. ■ Selaheddin türkmenmi, kürtmi, arapmy? Selaheddin Eýýubynyñ asyl gelip çykyşy barada dürli çaklamalar orta atylýar, dürli halklar bu şöhratly serkerdäni özlerinden hasaplamaga çalyşýarlar. Orta Gündogaryñ arap ýurtlary ony arap hasaplaýar, kürtler hem ony özlerinden hasap edýär. Türkiýeli ýazyjy Reha Çamurogly "Soltan Selaheddin el-Kürdi" atly eseri bilen onuñ kürtdügini subut etmäge synanyşanam bolsa, türkolog alymlaryñ elinde onuñ aslynyñ türk(men)digi barada ynamly deliller bardyr. Bu jedelli meselä biz hem öz gezegimizde iñ ýönekeýje we göze dürtülip duran şu delili öñe süresimiz gelýär; ýagny Selaheddin Eýýubynyñ Täçmülk Böri, Tugtekin, Şahynşa ýaly doganlarynyñ atlarynyñ diñe türkmenlerde goýulýan atlardygyny, kürtlerde we araplarda bolsa bu türki atlaryñ asla goýulmandygyny, hatda seýregem bolsa duş gelmeýändigini nazarda tutup, bu şöhratly serkerdäniñ türkmen bolandygyny arkaýyn aýtmaga mümkinçiligimiz bar. Şeýle-de onuñ sag goly we körekeni Muzaffareddin Gökböriniñ hem türkmendigi subut edilen hakykat. Türkmen taryhçysy Orazpolat Ekäýew hem Selaheddin Eýýubynyñ türkmenleriñ salyr taýpasynyñ gurt tiresindendigini öz işlerinde subut edýär. Orazpolat Ekäýewiñ delilini, ýagny, Selaheddin Eýýubynyñ salyrlaryñ gurt tiresindendigini Azerbaýjanyñ ikinji Prezidenti merhum Ebulfeýz Elçibeý hem tassyklaýar: Ebulfez Elçibey anlatıyor: Bir gün Kahire Üniversitesi Tarih Fakültesinin bir öğrencisi ile tanıştığımda sordu: – Hangi ülkedensiniz? Dedim: – Azerbaycan’dan. – Siz Selahaddin Eyyubi’nin vatanındansınız! Ben Selahaddin Eyyubi hakkında az okumamıştım, ancak bu sözü yeni işitiyordum ve bir o kadar da şaşırdım. Sordum: Nereden biliyorsunuz? Dedi: – Sabah ben size kaynağını getiririm. Getirdi de, eni (şimdi kesin diyemiyorum) 25-30 cm, boyu 40-50 cm olan ayrıca bir eser idi. Renkli resimlerle görkemli şahıslar serisinden ansiklopedik yayındı, üzerinde Selahaddin’in cengâver giyiminde resmi var idi. Tarihçi öğrencinin bana verdiği eserde benim için yeni olan bu idi ki, Sultan Selahaddin’e sormuşlar: – Diyorlar ki, siz kürdsünüz. bu, doğru mudur? Sultan: – Hayır! biz Azerbaycandanız, amcam Şirkuh diyordu ki, biz Ez-Zib (Arapça: kurt/kurd/qurd) tayfasındanız. Doğrudan-doğruya, o zaman bunu okuduğumda beni çok heyecana getirmişti. Bir şeye hayıflanırdım ki, tarih kaynağı gösterilmemişti. Sonralar Bakü’de Aspirantura’da okurken ve üniversitede ders verirken de Selahaddin hakkında araştırmalarımı devam ettirdim ve aradığımı buldum; araştırmacıların en doğru saydığı kaynakların birinde – tanınmış görkemli alim İbn Hellikan‘ın “Görkemli Adamların Ölüm Tarihi” (Vefâyat El-Âyân) eserinde. İbn Hellikan yazıyor: “Şirkuh demiştir ki, bizim nesebimiz (soykökümüz) gök böri (boz kurt/göy qurd)-dir!”. Selahaddin’in babası Eyyub Azerbaycan’da Urmiya, Hoy, Divin, Zengezur ve Erivan boylarında, Kerkük boylarında, Nahçıvan’da, Göyçe’de geniş bir şekilde yayılmış göy börü, kara börü, boz börü tayfalarından, bir sözle, kurtlar tayfasından çıkmıştır. Günümüzde de bu adları taşıyan yer, mahalle, köy, oba, dağ, tayfa ve nesillere bu bölgelerde sıkça rastlanır. (Seret: Ebulfez ELÇİBEY "Bütöv Azerbaycan Yolunda", sah.162-163). ■ Şir balasy Şir bolar! Selaheddin Eýýubynyñ neberelerinden XIII asyrda ýaşan Okçy Ýusup Anadoly Seljukly türkmen döwletiniñ okçy güýçleriniñ serkerdesidi we türkmen soltany Alaeddin Keýkubadyñ iñ ynamly serkerdelerinden biridi. Selaheddin Eýýubynyñ agtygy Okçy Ýusup şol bir wagtyñ özünde ýüpek ýolunyñ howpsuzlygyndan hem jogapkärdi. ■ Selaheddin Eýýubynyñ dünýä edebiýatyndaky keşbi Häzire çenli Selaheddin Eýýuby barada türkmen edebiýatynda we taryhynda hiç hili edilen işiñ ýokdugy diýseñ gynandyryjy. Belki-de öz şahsyýetlerimize eýe çykyp bilmeýänligimizdendir, başga halklar taryha ýañ salan milli şahsyýetlerimizi öz atlaryna geçirjek bolup arrygyny gynap ýörler. Bu gynandyryjy ýagdaýam bolsa, dünýä edebiýatyna ser salýañ welin, nusgalyk keşpleriñ biri hökmünde Selaheddin Eýýubynyñ iñ köp ýüzlenilýän obrazdygyny görmek bolýar. Elbetde, bu bizi buýsandyrýar. Her näme-de bolsa, ýaş ýazyjy-şahyrlaryñ içinde milli öwüşgunli taryhymyza ýüzlenip, ony çeper edebiýatymyza gazandyrmak isleýänler assa ýuwaşdan çykyp başlandygyny hem bellemän geçmek ynsapsyzlyk bolar. Ýaş şahyr Arslan Töräýewiñ Selaheddin Eýýubynyñ Hyttyn ýeñşine bagyşlap ýazan "Hyttin söweşi" atly goşgusy gelejekde dörediljek göwrümli eserleriñ buşlukçysy bolsa gerek. Dünýä belli ýazyjy, şol sanda roman žanrynyñ ilkinji wekili Walter Skott ýaly ýazyjylar Selaheddin Eýýubyny eserleriniñ baş gahrymany edip alypdyr. Aşakda Selaheddin Eýýuby barada ýazylan käbir romanlaryñ adyny sanap geçeliñ: 1). Walter Skott "Selaheddin Eýýuby we Şir ýürekli Riçard"; 2). Çarles J.Rosebalt "Yslamyñ gylyjy Selaheddin Eýýuby"; 3). Thorwald Steen "Selaheddin Eýýubynyñ kölegesinde"; 4). Jek Higch "Selaheddin Eýýuby" (trilogiýa: "Bürgüt", "Patyşalyk", "Mukaddes uruş"); 5). Jorji Zeýdan "Selaheddin Eýýuby we haş-haşylar"; 6). Jon Man "Selaheddin Eýýuby"; 7). Ýawuz Bahadyrogly "Selaheddin Eýýuby"; 8). Reha Çamurogly "Soltan Selaheddin el-Kürdi"; 9). Ahmet Ýylmaz Boýunaga "Hilal ugruna"; 10). Ramazan Şeşen "Kuddus Fatihi Selaheddin Eýýuby"; 11). Ýusup Güldür "Selaheddin Eýýuby"; 12). Bülent Temel "Selaheddin Eýýuby"; 13). Hüseýin Karataý "Selaheddin Eýýuby"; 14). Adyl Akkoýunly "Selaheddin Eýýuby"; 15). Ebubekir Subaşy "Selaheddin Eýýuby"; 16). Abdylkadyr Turan "Selaheddin"; 17). Kemal Erkan "Selaheddin Eýýuby"; 18). Namyk Kemal "Kuddus Fatihi Selaheddin Eýýuby". ■ Selaheddin Eýýubynyñ dünýä medeniýetindäki obrazy: Selaheddin Eýýuby 2005-nji ýylda düşürilen "Jennet patyşalygy" atly amerikan kinofiliminde siriýaly dünýä belli aktýor Gassan Massoud tarapyndan janlandyrylýar. 1935-nji ýyldaky režissýor Jejil B.De Milleniñ goýan "The Crusades" filminde Ian Keith, 1954-nji ýylda Dawid Butleriñ režissýorlyk eden "King and the Crusaders" filminde bolsa Reks Harrison tarapyndan janlandyrylýar. Selaheddin Eýýubynyñ obrazy çagalar üçinem diýseñ tanyşdyr. Malaýziýa döwletiniñ çykaran "Saladin" ("Selaheddin") atly animasion serialy bütin dünýäde meşhurlyk gazandy. Orignal wersiýasynda "Jeem TV" teleýaýlymynda berilen bu multiserial Türkiýäniñ "Minika Go" multtifilm teleýaýlymynda-da türk dilinde seslendirilip çagalara hödürlendi. Multiserial Seulda geçen Halkara animasion filmler festiwalynda (SICAF), şeýle hem 2007-nji ýylda Tokioda geçirilen "Anime Fair 2007" festiwalynda baýrakly orunlara mynasyp boldy. ■ Goşmaça maglumat üçin seret: 1). Jumadurdy ANNAORAZOW "Türkmen serkerdesi Selaheddin", saýtdaky linki: http://kitapcy.ml/news/selaheddin_eyyuby/2018-12-10-3843; 2). Jumamyrat GURBANGELDIÝEW "Seniñ ýaşyñda", saýtdaky linki: http://kitapcy.ml/news/senin_yasynda_2_makalanyn_dowamy/2019-01-31-4904; 3). "Eýýuby türkmen nesilşalygyndan Soltan Süleýman hanyñ gubury tapyldy", saýtdaky linki: http://kitapcy.ml/news/eyyuby_turkmen_nesilsalygyndan_soltan_suleyman_hanyn_gubury_tapyldy/2019-01-22-4764; 4). "Uçmah patyşalygy": Selaheddin Eýýuby hakynda amerikan kinofilmi", saýtdaky linki: http://kitapcy.ml/news/ucmah_patysalygy_ceper_kinofilmi_hakynda/2019-04-14-6500. 5). Nejdet SEWINÇ "Selaheddin Eýýuby türkmendir!", saýtdaky linki: http://kitapcy.ml/news/selaheddin_eyyuby_turkmendir/2019-05-12-6873. Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |