23:17 Şol tanyş garamyk gözler... / hekaýa | |
ŞOL TANYŞ GARAMYK GÖZLER...
Hekaýalar
Bäşinji onlugy tegeläp barýan mugallym talyplaryň täze toparyny okadýardy. Talyplaryň özüne garaýan göreçlerinden bir talyp gyzyň gözi oňa örän tanyş görünýärdi. Ol gatnaşygy başlamak üçin her gezek bu talyby turuzanda, näme üçindir biraz säginenini, oýa batanyny özem duýman galýardy. “Şol tanyş garamyk gözler... Zöhre Annanyýazowa...” * * * Merdan güýmenip oturan kagyzlaryndan geň galyjylyk bilen başyny galdyryp, ýuwaşja seslenenini özi hem duýman galdy: - Hut şol. Edil özi. Tanyş at... Şol tanyş garamyk gözler... Merdanyň şeýle diýmeginiň özüne ýeterlik sebäbi bardy. Ol golaýda okadyp başlan talyp gyzlarynyň biriniň gözlerini birwagt gören tanyş gözlerine meňzedipdi. Şol talyp gyz Zöhre Annanyýazowa bilen gyzyklanyp ugrapdy. Ahyry anyklapdy. Hut şu pursat hem onuň ýigrimi bäş ýyldan gowrak wagt öň bolan wakalar ýadyna düşdi. Wakalar birme-bir göz öňünde janlandy... Ol döwür Merdan uniwersitetiň himiýa fakultetiniň üçünji ýyl talybydy. Ýaz aýlarydy. Iki aý bäri birinji ýyl talyp gyz Leýli bilen arasyny sazlapdy. Gyz hem ony halaýardy. Ol näzikdi, mylaýymdy. Az wagtlyk duşuşykdan soň ýigit köp wagtlap bu duşuşygyň täsirinden çykyp bilmeýärdi. Tomus dynç alyş möwsümi gutarypdy. Merdan dördünji ýyl, Leýli bolsa ikinji ýyl talypdy. Ýigidiň ejesi agyr kesele ýolugypdy. Lukmanlaryň tagallasy hem netije bermändi. Kesel ötüşipdi. Oglan gyzy häli-şindi görýärdi. Merdana kakasy: "Halaşýan gyzyň bolsa, aýt. Ejeň ýagdaýy pes. Lukmanlaryň näme diýeninden habarlysyň. Ejeň: "Ölmänkäm, oglumyň toýuny göräýsem“ diýýär. Oýlan. Hereket et. Basym toý etmeli” diýipdi. Merdan sesini çykarmandy. Ol bu ýagdaýy gyza nähili aýtjagyny bilmän köp ýaýdandy. Ahyry bir gün ol Leýlä ýagdaýy düşündirdi, ýalbardy. Emma Leýli: ,,Heniz özümden uly oglan doganlarym bar. Onsoňam heniz ir. Iň bolmanda, seniň ýaly üç ýylym geçen bolsa, onda men razy bolardym. Bilýän, seniň garaşmaga hem ýagdaýyň ýok. Kyn görme” diýip, bir diýenini tutdy durdy. Ýalbarmakdan netije ýoklugyny aňan Merdan şu wagtky ýaşaşýan aýaly Bibi bilen durmuş gurupdy. Eýýäm talyp gyz Zöhre bilen ýaşytdaş Tahyr atly ogly hem bardy. Merdan Leýlini uniwersitete mugallymlary kämilleşdiriş kursuna gelende görüpdi. Geň görmeli. Şol tanyş garamyk gözler üstünden ýyllar geçse-de üýtgemändir. Gürrüňdeşlik-de Leýli özüniň Zöhre atly gyzynyň, Merdan bolsa özüniň Tahyr atly oglunyň bardygyny aýdypdy. Şonda ol degip: "Be, munuň aşyklaryň ady bilen gabat geläýşini. Halaşsalar, berersiňiz-ä“ diýipdi. Leýli hem öz gezeginde "Bermeli bor-la“ diýipdi. Bu günler Merdanyň aýaly Bibi Tahyry öýerjek bolup oda köze düşýärdi. Bir gün ol: "Merdan, ogluň-a toýa razyçylyk berdi. Özem "Zöhre diýen gyz bilen halaşýan” diýýär. Şol gyzy sen hem okadýan ekeniň” diýdi. Merdan: - Familiýasyny soradyňmy? - "Annanyýazowa" diýdi öýdýän. Merdanyň ýüzi ýagtylyp gitdi. Ol daşyndan çalaja: "Hernä, atasynyň ýalňyşyny ogly gaýtalamandyr. Bagtyň açyk bolsun, oglum!” diýip seslenenini duýman galdy. Amanberdi ALLABERDIÝEW. | |
|
√ Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Çuwalgyz eje / hekaýa - 16.10.2024 |
√ Şeýtany öldüren / hekaýa - 08.11.2024 |
√ Gyzyl alma / hekaýa - 12.10.2024 |
√ Obada / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Ýagyşly gün boýny burlan söýgi / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Dostuň dostdan göwni galmasyn / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Arap hekaýatlary - 15.10.2024 |
√ Ýazyjynyň durmuşyndan bir parça / hekaýa - 25.11.2024 |
√ Hoşlaşyk / hekaýa - 13.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |