17:44 Soltan Beýbars | |
MAMLÝUK TÜRKMEN DÖWLETINIÑ SOLTANY
Taryhy şahslar
▶ BEÝBARS Soltan Beýbars (doly ady El-Mälik el-Zahyr Rukneddin Beýbars el-Bundukdary), Müsürde we Siriýada hökmürowanlyk süren mamlýuk türkmen soltany. ■ Ömri Beýbars 1233-nji ýylda doglupdyr we gelip çykyşy boýunça Gara deñiziñ demirgazygynda ýaşan türkmenleriñ gadymy gypjak taýpasyndandyr. Ol Altyn Ordanyñ hany we Çingiz hanyñ agtygy Berke hanyñ körekenidir. Ol öz ýerine geçjek ogluna-da Berke adyny dakypdyr. Rowaýat edilmegine görä, Beýbars Deşti Gypjak sähralarynda mongollar tarapyndan ýesir edilýär we wizantiýaly täjirlere satylýar. Gul edilip Kaire getirilýär we Eýýubylaryñ goşunyna alynýar. Ol gysga wagtyñ dowamynda ukyby we başarnygy bilen özüni görkezmegi başarýar. ■ Aýn Jalut söweşi Beýbarsyñ döwleti bolan Mamlýuklar mongollary ýeñmegi başaran ýeke-täk döwlet hökmünde ady yslam taryhyna ýazylan döwletdir. Mongollar Mamlýuklar bilen garşylaşmazdan öñ Horezmşalar türkmen döwleti, Anadoly Seljukly türkmen döwleti ýaly beýik döwletleri ýok edipdiler. Dünýä ýañ salan bu iki beýik türkmen döwletiniñ dünýä kartasyndan ýok edilmegi mongollaryñ nä derejede güýçli bolandyklaryny görkezýär. Beýbars mongollar nähili güýçli bolandygyna garamazdan, olary 1260-njy ýylda Aýn Jalutda agyr ýeñlişe sezewar edip, mongol basybalyşlaryny togtatmagy başarypdy. ■ Soltanlygy Aýn Jalut söweşinden ýeñiş bilen çykan ýagdaýynda özi ýaly gul hökmünde satylan we Mamlýuk döwletiniñ tagtyna çykan, Jelaleddin Meñburunyñ uýasy Hansoltandan (Garahanly türkmen hökümdary Osman soltan bilen nikasyndan) bolan ýegeni Seýfeddin Guduz oña Halap häkimligini wada beripdir. Emma ol beren sözünde durmansoñ, Beýbars Seýfeddin Guduzy aw edip ýörkä öldürdýär. Soltan Guduz ölmezden öñ Beýbarsy soltan diýip yglan edýär. (Seýfeddin Guduz üçin Rahmet Gylyjowyñ makalasyna seret, saýtdaky linki: http://kitapcy.ml/news/seyfeddin_guduz/2018-09-11-2409) Beýbars hökümdarlygynyñ birinji ýylynda (1261) mongollar tarapyndan öldürilen Abbasy halyfynyñ ýerine şol maşgaladan bolan birini oturdyp, Abbasy halyflygyny gaýtadan dikeldýär. 1260-njy ýyldan 1277-nji ýyla çenli aradan çykýança höküm süren Soltan Beýbarsyñ zamanasynda Müsürdäki türkmen döwleti özüniñ iñ güýçli döwürlerini başdan geçiripdir. "Dewlet-it Türki", ýagny "Türki döwlet" adyny ýurdy üçin ulanypdyr we bu ady ilkinji gezek ulanan ýurduñ hökümdary bolupdyr. Gaýduwsyz esger bolan Beýbars güýçli hökümdardygyny we döwlet işgäridigini subut etmegi-de kemsiz başarypypdyr. Ömrüniñ ahyryna çenli bir tarapdan ýewropalylaryñ eline geçen Siriýada we Palestinada haçparazlara, bir tarapdanam hristian we musulman ýurtlaryny penjesine gysan mongol häkimiýetine garşy ýadawsyz göreş alyp barypdyr. 1263-nji ýylda Beýbars haçparazlaryñ guran Ierusalimdäki Frank korollygynyñ ownuk galyndylary hökmünde haçparazlaryñ elinde galan Akka galasyny gabaw astyna alýar, şeýle-de bolsa ol galany eýeläp bilmeýär. Muña garamazdan Arsufda, Haýfada, Safedde, Ýafada, Aşkelonda we Kaýseriýada haçparazlara garşy söweşe girýär. Ol ýerlerdäki galalary ele geçirýär we ýumurdyp, portlary ýykdyryp, bu sebitleriñ mundan beýläk haçparazlar tarapyndan goranyş punkty hökmünde ulanylmagynyñ soñuna çykýar. Netijede bu şäherleriñ köpüsi Beýbars tarapyndan ele geçirilenden soñra haçparazlar üçin ähmiýetini ýitiripdir. 1266-njy ýylda Beýbars Eýrandaky Ilhanly mongol häkimiýetine girmegi kabul eden Kilikiýadaky Kiçi Ermenistanyñ koroly Hatum I-a garşy ýöriş edip oniñ ýurduny we ermeni paýtagty Kozany (Sis) basyp alýar. Şeýlelikde haçparazlaryñ elindäki Antakýa we Trablus-Şam liniýasynyñ arasyny üzmek başartdy. 1268-nji ýylda Beýbars goşuny bilen Antakýany gabaw astyna alýar. Şäher 8-nji maý güni boýun egýär. Beýbars şäheriñ gala diwarlaryny ýumurmagy buýurýar we şäheri goramaga synanyşan hristian ilatyñ köpüsini ýesir alýar. Şol wagt Haçly ýörişiñ netijesinde Antakýa graflygyna bellenen graf Boemondo IV Antakýada däldi. Beýbars oña gahar-gazaba ýugrulan görnüşde hat ugratdy. Hatda şeýle diýilýärdi: "Eger ol ýerde bolup nämeler edendigimi bir görsediñ, ejeñ seni hiç haçan dogurmazlygyny arzuw ederdiñ". Boemondo öz elinde Trablus-Şam galasyny saklamagy dowam etdirýärdi. Şonuñ üçin Beýbars ýeñini çyzgap bu galanyñ daşyna geçdi. Emma edil şol wagt Ýewropada Antakýanyñ musulmanlar tarapyndan eýelenilendigi we Antakýa graflygynyñ ýok edilendigi barada habar ýaýraýar. Halk arasynda haçly ýörişlere gaýtadan çagyryşlar başlanýar. Uelsi we Şotlandiýany düzümine birikdiren Angliýanyñ koroly Edward I tabynlygyndaky 9-njy haçly ýörişlere goşunlary deñiziñ üsti bilen geçirip 1271-nji ýylda Palestinada haçparazlaryñ elinde galan Akka portuna gelýärler. Beýbars Trablus-Şam gabawyny ýaraşyk şertnamasyny baglaşyp goýbolsun etmäge mejbur bolýar. Täze gelen haçparaz goşunlary mongollar bilen soýuzdaşlyk baglaşmaga synanyşýarlar. Emma bu haçparazlar Beýbarsa garşy üstünlik gazanyp bilmeýärler. Käbir çeşmeleriñ habar bermegine görä Beýbars iñlis koroly Edward I-y zäherlemäge synanyşýar. Emma synanyşyk başa barmaýar. 1272-nji ýylda Edward I Palestinadan öz ýurduna dolanýar. 1277-nji ýylda Beýbars Eýrandaky Ilhanly mongol döwletiniñ wassalyna öwrülen Anadoly Seljukly türkmen döwletine garşy hüjüme geçýär. Hut özi goşunyñ başyny çekip Elbistanda bir mongol goşunyny derbi-dagyn edýär. Anadolyda mongol basybalyjylaryna garşy azat edijilik göreşine başlan türkmen begliklerini goldaýar we Kaýserä çenli gelýär. Anadoludaky türkmen beglerinden garaşylan goldawyny almansoñ, Anadolyda ele geçiren mülklerini taşlap, öz hökümet merkezinden gaty daşlaşmazlyk üçin Damaska dolanýar. Anadolydaky türkmen begleriniñ Beýbarsa ýeterlik kömek etmezliginiñ esasy sebäbi, olar mongollardan çekinýärdiler. Çünki mongollar olara juda ýowuz darapdylar. "Daş üstünde daş, egin üstünde baş galdyrmazlyk" diýen söz düzümi mongollardan gelip çykan sözdi. Beýbarsyñ Anadola goşun çekip gelişinden "Direliş. Ärtogrul" atly türk teleserialynda hem söz açylýar. (Maglumat üçin "Direliş. Ärtogrul" teleserialynyñ 128-nji bölüminde Ärtogrul Gazynyñ türkmen aksakallary bilen mongol zulumyna garşy Beýbars güýç birikdirmek baradaky mejlisiñ gidýän epizodyna seret). Altyn Orda we Wizantiýa bilen syýasy gatnaşyklar açan Soltan Beýbarsyñ 1277-nji ýylyñ iýun aýynda 54 ýaşynda aradan çykandygy aýdylýanam bolsa, onuñ derwüş eşigini geýip dogduk mekanyna gidendigi-de rowaýat edilýär. Orta asyr taryhynyñ iñ beýik we nusgalyk hökümdarlarynyñ biri bolan Beýbars döwlet sistemasynda ençeme reformalary amala aşyrmagy we haçparazlary Ýakyn Gündogardan kowup çykarmagy başarypdyr. ■ Medeniýete we binagärlige goşan goşantlary Soltan Beýbars iññän guramaçy döwlet işgäri bolupdyr. Ol Mamlýukly döwletiniñ çäginde häzirki wagta çenli gelip ýeten birnäçe binalaryñ we medeni eserleriñ düýbüni tutupdyr. Döwletiniñ iki esasy şäheri bolan Kairiñ we Damaskyñ arasynda atly aragatnaşyk ulgamyny döredipdir we bu ulgam üçin insfraktura birliklerini (ýollar, menzil nokatlary) döredipdir. Munuñ netijesinde ol ýaşaýyşyñ we aragatnaşygyñ juda haýal döwründe Kairden Damaska ýa-da Damaskdan Kaire barýan habaryñ bary-ýogy dört dört günde gowuşmagyny üpjün edipdir. Şeýle hem ol köprüleri, suw kanallaryny, portlary bina etdirmäge-de köp üns beripdir. Ýurdunyñ ekerançylygyny ösdürmek maksady bilen köne suwaryş kanallaryny gaýtadan abadanlaşdyryp, täze suwaryş kanallaryny gurdurypdyr. Kairde gurduran we öz adyny göterýän Beýbars metjidi häzirem kairlilere hyzmat edip gelýär. Damaskdaky kümmedi we onuñ ýanynda gurulan Zekeriýa medresesi onuñ gurduran meşhur ymaratlaryndandyr. Zekeriýa medresesine degişli Zekeriýa kitaphanasy häzirki wagta çenli gelip ýeten örän köp sanly möhüm ylmy golýazmalary özünde saklaýar. Beýbars Kairde we ýurdunda yslam akyldarlaryna we alymlara uly goldawlarda bolupdyr. Muña mysal hökmünde diñe Beýbarsyñ hemaýatkärliginde medisina ylmynda eden açyşlary bilen meşhurlyk gazanan arap lukmany Ibni Nefisi görkezmegem ýeterlik bolsa gerek. Aradan çykandan soñra onuñ ady yslam dünýäsinde, aýratynam Müsürde we Siriýada milli gahryman hökmünde buýsanç bilen ýatlanýar. Onuñ yslama eden hyzmatlaryny we gatnaşan söweşlerini beýan edýän "Sirat al-Zahir Baibars" ("El-Zahyr Beýbarsyñ ömür beýany") atly kitap arap edebiýatynda häli-häzirlerem öz gymmatyny ýitirmän gelýär. 1989-njy ýylda Gazagystanyñ Halk ýazyjysy Moris Simaşkonyñ "Ýemşan" powesti esasynda gazagystanly we müsürli kinomatografiýaçylar "Beýbars" atly 2 seriýaly kinofilmi surata düşürdiler. Bu kinofilmde biziñ meşhur aktýorymyz Artyk Jallyýew hem oýnaýar. Şeýle hem müsürli kinomatografiýaçylaryñ düşüren "Beýbars" atly 30 bölümlik teleserialy hem bardyr. ■ Giñişleýin öwrenmek üçin çeşme: 1). Andre Klot, "Gullaryñ imperiýasy: Mamlýuklaryñ Müsüri" ("Kölelerin İmparatorluğu Memlüklerin Mısır'ı") "Epsilon" neşirýaty, Stambul-2005, (Terjime eden: Turhan Ilgaz), ISBN 975-331-772-7. 2). Fransuz dilindäki neşiri: Clot André "L'Égypte des Mamelouks 1250-1517. L'empire des esclaves", Paris: Perrin-2009. SBN 978-2-262-03045-2. 3). Meretgeldi Baýjanow "Türkmenleriñ mamlýuklar döwletiniñ harby sungaty", saýtdaky linki: http://kitapcy.ml/news/turkmenlerin_mamlyuklar_dowletinin_hatby_sungaty/2018-07-19-1367 Rus dilinde: Меретгельды Байджанов "Военное искусство государства туркмен Мамлюков", saýtdaky linki: http://kitapcy.ml/news/voennoe_iskusstvo_gosudarstva_turkmen_mamljukov/2018-11-13-3378 4). Jumamyrat Gurbangeldiýew "Beýbars", saýtdaky linki: http://www.kitapcy.ga/news/beybars/2019-06-14-7358 Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |