02:43 Sowgat / hekaýa | |
SOWGAT
Hekaýalar
Özüm gül satylýan dükanda işlämsoň, gyzykly wakalaryň dürlisine, täsirli ýagdaýlaryň müňlerçesine gabat gelerdim. Emma size häzirki gürrüň berjegim, şolardan iň naýbaşysydyr. Şol güni gaty yssydy. Howurdan ýaňa güllerimiň solmazlygyny alada edip, olara suw bermek maksady bilen suw saklanýan otaga girdim, suw alyp çykdym. Seretsem, dükanyň içinde eginlek, at ýüzli, bugdaý reňk, edil kalbymyň jellady bolup bir ýigit dur. Şeýle bir gysga wagtyň içinde, ony aýakgabyndan tä saçynyň ujyna çenli synlapdyryn. Soň, onuň gül almaga geleni ýadymda düşdi-de hyýaly dünýämden hakykata geçmeli boldum. Salam berip, nähili gül gerekligini, belki çemen bogup bermegimi isleýänligini soradym. Emma şol pursat, dükanda siňek bolan bolsa, sesi ýaňlanyp eşdilerdi welin, oglandan ses-üýn çykmady. Ol uly üns bilen gülleri synlady. Soň ýüzüme gynançly bakdy-da "Ýok ekeni" diýdi. Men: - Näme ýok? - Çigildem. Mawy çigildem ýok. - Bizde köplenç bägüller, mimozalar, hrizontemalar, kalalar bolýar-da. Çigildeme isleg az bolansoň, söwdany sowatmasyn diýip getirdemizok. Isleseňiz goňşy dükanda bar-ýoguny anyklap bereýin! - Minnetdar! Özüm. Özüm taparyn. - Söýgüliňize týulpandan başga, aýdan güllerimden alasyňyz gelenokmy? - Bor sagboluň! Siz işini bilýän satyjy! Söwdaňyza ösüş dileýän! Şeýle sözlerden soň, ol ýigit dükandan çykyp, goňşy dükana ýöneldi. Şonda, onuň söýgüli gyzyna biraz görüplik etdim. Dogrusy "biraz" diýip özümem, sizem aldamaýyn! Aradan kän wagt geçmän, Ol, goňşy dükandan bir desse mawy çigildemleri bilen çykyp gitdi. Men bolsa onuň yzyndan, edil ýyldyrym uran maýsalyk ýaly, solgun ýüzüm bilen seredip galdym. Ony ýene görermikäm diýen pikirem döräpdi. Aradan iki ýyl geçdi, hut şol ýigit ýene şol öňki gelen gününde şol goňşy dükana geldi. Men bu mümkinçiligi elden gidermezlik üçin, goňşy dükana ylgadym. Kürsäp girdim welin, Aýşat gelneje güler ýüz bilen: - Hä Bossanjan, gel gyzym! Iş bilen armaweri, ýetişýäňmi? - Salam Aýşat gelneje! Hawa, bar boluň! Tüweleme, alyjyňyz ýetik ekeni. Maňa çigildem çemeni gerekdi. Özem diňe mawy reňkli. - Men ýetişemok-da Bossanjan, özüň sebedi bilen alyp gidäý, soň hasaplaşarys! Çigildemli söwdanyň gyzanyny eşidip saklanyp bilmedik borly, Ol ýigit dymyp durup bilmedi: - Dursaňyzlaň! Bagyşlaň welin, men bu gyzdan öň gelipdim. Munyňyz-a birhili bolýar gelneje! - Waý jigimjan, men seniň çigildem üçin geleniňi nirden bileýin?! Onsoňom, hana çigildem kän-ä.. Bossan diňe mawylaryny alyp barýar-a.. - Wah, jan gelneje, maňa-da şolaň mawysyndan çemen gerek-dä. - Ana, Bossanjan bilen ylalaşaýyň! Düşünişmezçe däldir, gowy gyzdyr. - Ýok-la gelneje, sagboluň! Men satyjynyň hut özi bilen söwda etmäni halaýan, nähilidir bir, gapydan kürsäp girip, sen ýok, men ýok söwda urup gidip barýan, sylaşyksyz gyz bilen däl. Sylaşyksyz görünmegim gaty agyr degdi, dogrusy onuň gepinde jan bardy. Men ýaňy bir suwdan çykaryp zaýa boljak bolan baldaklaryny gyrkyp, timarlan güllerimem yzyna sebede goýdum-da, dükandan çykyp, öz dükanyma gaýtdym. Yzymdan gapynyň ýapylan wagtyndaky ses eşdilmedi welin, ýene kimdir biriniň gapyny açyk saklap çykany bellidi. Birdenem ol gygyrdy: - Saklansaňyzlaň! Bolýa, ötünç soraýan. Bagyşlaň! “Sylaşyksyz” diýmegim, gaharyma aýdylan ýersiz sözdi. Ýöne şol çigildemler maňa diýseň gerek. Özem mawysy gerek. Olar meniň ejemiň iň halaýan gülleri. Üstümden gaýnag suw inen ýaly bolup, hem gyzdym, hem sowadym. Dogrusy hereketimden utandym. Ýuwaşlyk bilen yzyma seretdim-de: - Isleseňiz olardan size özüm çemen bogup bereýin! Ertesi guşluk çagy, ol görmegeý ýigit dükanyma geldi. Meniň bogan çemenimiň ejesine diýseň ýaranlygyny aýtdy. Men bolsa, ol ýigidi onuň ejesinden gysganyp ýörüpdirin. Biz tanyşdyk. Indi men onuň adynam bilýän. Meşgullanýan zadynam. Ol menden näme gül halaýanymy sorady, men oňa şu çaka çenli orhideýa halanlygymy, mundan beýläk çigildemi, onda-da mawy reňklilerini has halajagymy aýtdym. Nähili kabul edendir öýdýäňiz?! Elbetde begendi. Indiden beýläk mawy çigildemleri bilen bir mähribanyny däl, ikisini gutlajagyny aýtdy. Men henizem gül dükanymda işleýän. Emma çigildem satamok. Sebäbi men olary, ýeketäk ynsandan sowgatlyk almany halaýan. Ogulşirin GURBANOWA. | |
|
√ Hoşlaşyk / hekaýa - 13.09.2024 |
√ Sazandanyň säheri / hekaýa - 16.07.2024 |
√ Ýaşaýyş şol pursatlar / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Sekiz emjekli "gahryman ene" / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Durmuşyň kanuny / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Ahmyryň awusy / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Jan / hekaýa - 08.03.2024 |
√ Deñinden ötüp bolmaýan adam / hekaýa - 18.01.2024 |
√ Jüren / hekaýa - 07.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |