09:23 "Söýgi" / sonetler çemeni | |
SÖÝGI
Poemalar
I. Ömrüň agajyndan düşüp dur günler, Günler ömrüň eleginde elener. Yza dönmek islär däli göwünler, Geçen gün şäher däl - gaýdyp gelere. Her kimiň geçenden bir ahmyry bar, Mende-de ahmyr bar. Ýöne men hergiz Seniň ruhuň bilen ederin mydar, Meniň bar ruhumy direlden serwim. Ýolumyzyň çatak düşeni üçin, Gam çekme. Bu derdi merdem, Uruşdan aman-sag halas bolmak kyn, Has kyn halas bolmak ýatlamalardan. Düşüň, ýatlamalar, köňlüme häli, Saralan ýapraklaň düşüşi ýaly. II. Saralan ýapraklaň düşüşi ýaly, Solgun ýatlamalar giripdir köňle. Uçurdyň eliňden arzyly ýary, Indi bir ýatlamaň söhbetin diňle. Köpler kimin duşmasam-da ýara men, Duýdum bu kalbymda çäksiz diriliş. Päklige düşündim şo duýgy bilen, Şoň bilen başlandy iň gözel durmuş. Duýmadym şoň bilen gussa-gaýgyny, Soradym halyňy her bir geçenden. Öňde-soňda iň päk - asyl duýgymy Alyp çykdym suwuň, oduň içinden. Ýollar kimin uzap barýar bu günler, Ýollarda duşuşýar aşyk göwünler. III. Ýollarda duşuşýar aşyk göwünler, Wokzal. Front. Al gan örtüpdir gary. Gysdy penjesine ölümli günler, A men, näme üçindir, ýene-de diri. Buguň eteginde ýazyldym ýere. Öldüm. Soň seretsem, ýene-de diri. Berliniň öňünde öldüm men ýene. Öldüm. Soň seretsem, ýene-de diri. Seň bilen ýylyndym çygly zeminde, Seň bilen, eý, meniň şatlygym, görgim. Ähli ölümleri öldürdim şonda, Özüm üçin, hemem seň üçin, serwim. Töwerek gümmürdi, töwerek däri. Ýollar aýra salýar ýar bilen ýary. IV. Ýollar aýra salýar ýar bilen ýary, Özi bolsa gidip otyr ummana. Indi seni baky dünýeden bäri Görüp biläýjegim örän gümana. Ýöne mahal-mahal iňrik garalyp, Seni ýatlap, oý edemde uzak, ýar, Azaşan ýolagçyň geýmine girip, Meniň söýgim meniň gapymy kakýar. Kämil bolup, aklym ýetdi bir zada: Köňül arzuwyna ýetme ýok. Bir gezek söýmek bar ýagty dünýäde, Ýaşamagam iki gezek berlenok. Her günüň - bir ömür, bir uly sene - Söýgi günleriniň adaty, ine. V. Söýgi günleriniň adaty, ine: Her günüň - açyşdyr, her günüň - şatdyr. Onuň algebrasyn çözersiň. Ýene Birini ýazansyň, ikisem ýatda. Meniň söýgim şeýle kämil çykypdyr, Eger sen dönäýen bolsaňam daşa, Söýgim gursagyňa girip, diýerdi: “Sen meni ýaratdyň. Indem sen ýaşa!” Bir gösem-ä, saňa elim ýetenok. Bir görsemem, ruhumda sen, sen golaý. Bir özüme gökde ýyldyz az ýaly, Ikimize welin, ýeterlik olar. Ýatlama-da sary, gussa-da sary. Yşk lezzeti köňli guçýar günsaýy. VI. Yşk lezzeti köňli guçýar günsaýy, Ol lezzet bahardyr ýar bilen ýara. Baglaň pyntyk ýaryşy deý mart aýy, Ähli duýgularyň pyntygyn ýarar. Şeýdip, mana düşer ýigdekçe, ine. Nädogry ýaşaýşy birden sazlaşar. Düşüner ol Aýyň gözelligine, Lukman bolup güller bilen sözleşer. Aşyk ýigit bilen söhbet açma kyn: Şol wasp eder ýerdäki aýyn. Demigip gürrüň biýr saňa günuzyn, Ol uzyn gijä-de taýyndyr, taýyn. Köňül öwşün atmaz yşkyň ugruna, Aşyklar duşmasa biri-birine. VII. Aşyklar duşmasa biri-birine, Bir deňze guýmasa ol goşa derýa, Ähli umyt siňer ýeriň şoruna, Ähli geljek göni geçmişe barýa. Men seni soraglap gezýän dünýäni, Seni tapjak bolýan şamu-säherden. Bu gün bu şäherden otla münýärin Taparyn diýp başga oňat şäherden. Sorag belgisi deý garaňky gökde, Egri aý soragly bakýar gözlerme, ...Ýyldyzlar uzakda, şeýle uzakda, Uzaklygy çalym edýär gözlerňe. Ýürekler almasa söýgüden paýy, Dogmajak ýalydyr güni hem aýy. VIII. Dogmajak ýalydyr güni hem aýy, Aşyk ýigit aýra düşse ýaryndan, Ýöne gam çekmekde, heý, many barmy? Bu ýeke-täk ýolmy ýollaň baryndan? Söýgi hasrat däldir. Ýürekde dörän, Hiç mahal guramaz baldakdyr baldak. Men söýgini belent göterdim örän, Misli maňa tabşyrylan al baýdak. Men ölerin. Şeýdip mazaram dörär. (Alaç barmy - tebigatyň emri bu). Söýgim gelip mazaryma büdürär Hem bir ädim uzaldar meň ömrümi. Söýgim gözýaş döker üstümde günde, Her hal säher tüm çetinden jyklanda. IX. Her hal säher tüm çetinden jyklanda, Suwy süýjän alma kimin daň atar. Şeýdip ýarym dünýe gezen, ykmanda Günüň mis naýzasy zemine ýeter. Sen meniň bagtymmy ýa meniň gaýgym? Bagtymmy? Gaýýymmy? Ony kim bilýär. Seslen sen, seslen sen, eý meniň söýgim, Saňa oňat sözler agdasym gelýär. Men sensiz şatlykda ýaşadym, arman, Örän köp şatlykdan ýadadym - irdim. Seni tapsam, şat şäherde ornuň bar. Gussa şäherimi bagta öwirdim. Şonda bagtym üste uly gün dogar, Rugsat berenden soň haýbatly horaz. X. Rugsat berenden soň haýbatly horaz, Başlar baky urşy “ýok” bilen “baryň”. A men sen barada ýazaryn gazal, Oňarsam gussamy ilden gizlärin. Öterin men ähli deňizden, otdan, Goý, ot bilen suwdan bolsun ýazanym. Söýmek üçin mertlik gerek bar zatdan, Seni söýüp, soňra mertlik gazandym. Döredi özümde gomlaryň beýgi, Ýeňdim men olary ýeňşi deý gämiň. Belki, myradyna ýetmedik söýgi Ýeten söýgülerden kämildir kämil. Bu dünýe jemidir (oý ediň, barlaň!), Ähli duşan hem duşmadyk ykballaň. XI. Ähli duşan hem duşmadyk ykballaň Dünýesidir biziň ümmülmez dünýä. Duşanlary - bir ýassykda uklarlar, Duşmadyga - bir ýassyk az görünýä. Şu gün köçämizden bir gözel geçdi. Kim ol? Ady näme? Gelipdir nirden? Ol saňa şeýle bir gaty meňzeşdi, Seň adyňy tutman saklandym zordan. Sen sesimi eşden bolsaň eger-de, Ýüregňi gyýardy ol misli päki. Men nirde ýansam-da, doňsam-da nirde, Seniň rahatlygyň bozmaryn baky. Seniň rahatlygyň bar bolsa eger, Üstünden lowurdap tylla Gün dogar. XII. Üstünden lowurdap tylla Gün dogar, Oňatlygyň hemem erbet pälleriň. Onuň örän uly aladasy bar - Olam aladasy uly şarlaryň. Ýogsa onuň özem men diýen aşyk, Şol ylgap ýör. Oňa pellehana ýok. Her günde bäş sany materik aşyp, Şinden Aý ýaryna duşup bilenok. Ýöne ol ýyladýar duşmadyklary, Aýa duşman, edýän ahmyrna derek. Bize-de, Gün ýaly, gussajyklary Öz nurumyz bilen gizlemek gerek! Oňatlyk, nur ýagsa ýagmaly wagty. Söýülse, Gün dogsa dogmaly wagty. XIII. Söýülse, Gün dogsa dogmaly wagty, Sekiz elli gussaň manysy ýokdur. Iru-giç päk bolsa ynsanyň bagty, Başda söýýän wagty ýüregi päkdir. Söýgiň bilen maňa beren päkligiň Bu başymy belent göge ýetirdi, Meniň ykbalymda seniň ýoklugyň Maňa juda tämiz gussa getirdi. Seniň gussaň bilen galdym belende, Seniň gussaň bilen ömrüm abatlyk. Gussa söýgi bilen dörän bolanda, Dünýede iň tämiz şatlykdyr şatlyk. Guramaz dünýede söýgiň daragty! - Ine, adamzadyň iň zerur bagty. XIV. Ine, adamzadyň iň zerur bagty: Söýgi bet pygyldan çykýandyr üstün. Siz şeýle bir söýüň, şeýle söýüliň, Goý, gökde ýyldyzlaň gözleri gitsin. Söýüp - peslik, pislik köküni gyryň! Söýgi bilen söýüň! A söýgi giňdir. Her hal geçmişimden ýokdur ahmyrym, Çünki meň geçmişim - seniň söýgiňdir. Seniň aýdyp ýetişmedik sözleriň, Ýaňakda gijeden yz galan halyň, Seniň meni gözläp ýören gözleriň - Şudur ähli geçen. geljek ykbalym. Gör, eýýäm iňrige gark bolupdyr ýer, Ömrüň agajyndan düşüp dur günler. | |
|
√ Kyssa -3: poemanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Daýanç nokady / publisistik poema - 14.09.2024 |
√ Aşyk Aýdyñ / poema - 22.06.2024 |
√ Kyssa / poema - 12.06.2024 |
√ "Aşyk-Magşuk" / dessan - 03.03.2024 |
√ Kyssa -2: poemanyñ dowamy - 14.06.2024 |
√ Jeñnama / poemanyñ dowamy - 05.08.2024 |
√ Jüneýit han / poema - 03.06.2024 |
√ На Хиву! / поэма - 28.07.2024 |
√ Sygan bagşy /poema - 14.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |