20:00 Sungatyñ Berdi dädesi | |
SUNGATYÑ BERDI DÄDESI
Teatr we kino sungaty
Ol hakda bir zatlary kagyza geçiräýmek meýlimiň bardygyny syzdyramda, ýegre dostlarynyň biri, Türkmenistanyň halk artisti Muhammet Bekiýew güldi-de: — Weý, jan inim, oň ýarasy ýeňil-ä, tut ýakasyndan, «Özüň hakda öz ýazan goşgyň bar eken» diýip, sypdyrma. Alybilseň, şo setirleň ählisi onuň ömür ýoly hakda gürrüň berip durandyr — diýdi. Aşygym alçy gopan ýaly, şol islegimi çala aňdyrdym weli, orta boýludan uzynrak, tegelekden dolmuş ýüzli, akgaýma tahýasy «ýolbarsyňky ýaly» diýilýän kellesine diýseň gelşik berip duran adam bir tagta kagyzy elime tutdurdy. Açyp okamaga howlukdym. Maý, bir müň dokuz ýüz kyrkda Başlanypdyr meň ykbalym. Dogulsam-da Çarlakýapda, Çyndyr Goňurda okanym. Ýedini dynyp obada, Üç ýyl okadym Maryda. Elli ýedi — altmyş iki Gür berer Daşkent barada... Akgynly okalýan goşgyny gapdala goýalyň-da, elkyssa geçeliň! Özem gör-bak, baş gahrymanyň dilinden näme nama gaçýar: — Biz Daşkendiň A.N.Ostrowskiý adyndaky teatr-çeperçilik institutynda Aman Kömek, Baýram Seýdyllaýew, Taňryguly Seýitgulyýew dagy bilen bileräk okadyk. Auditoriýa ilkinji gezek girenimizde, eýýäm okuwyň agramyny aşyran, Daşkendiň bar ýerine ýetik Baba Annan, Artyk Jally, Orazdurdy Hoja, Oraz Çerkez dagynyň «Ýeri, gögelejikler, okuwyňyz oňuna bolsun, türkmeniň adyna ysnat getirmän okajak boluň!» diýip, ýarym degişme bilen «gulagymyzdan çekip» gidenlerem ýadymda. Ady agzalan ägirtleriň soň türkmen milli sungatynda nähili belent sütünler bolandygyny ýanjap oturmagam gerek däldir... Milli dramaturgiýamyza Berdi Bäşim ýaly ýetik başga barmyka eýse?! Sahnanyň töründe oturyp, binýadyny goýanlaryň, bu ajaýyp sungata özüni bütinleý bagyş edenleriň hemmesine bäş barmagy ýaly belet bilermeni gözleýän bolsaň, Berdi Bäşimiň ýanyna baraýmalydyr... Tarypy şeýle ýetirilýän kişä menem bir adamça beletmikäm öýtsemem, kelte gaýdýan ýerlerim bar eken, görüp otursam. Meger, 2000-nji ýyllaryň başlarydy. Bir gün iş ýerime — «Garagum» žurnalynyň redaksiýasyna jaň geldi. Telefondan ýagjymakdan ýakymly, ýognasrak ses eşidildi: — Inim, Medeniýet ministrliginden Berdi Bäşimdir biynjalyk edýän. Wagt tapyp, öýlänmi ýa ertir azanmy, bir meň ýanyma sowlup geçäýseň. Döwletli maslahatymyz bardy. Heýem, «Döwletli maslahatymyz bar» diýlenini eşideňsoň, ynjalyp oturyp bormy?! Içime guş salnan ýaly bolup, eňdim aýdylan ýere. Idäp, gapysyny açanymdan, ozalam darrak otagyň ýarysyny kagyz küdeleri tutup duran ýeriniň aňyrsyndan epeý göwreli, goýun gözlerinden mähir dökülip duran adam ýerinden galyp, iki elini uzatdy: — Häý, berekella, zor görmeli aýdylandan uçuberýän ýigitleri. Hany, ilki bir çaýlaly. Ol meniň «ýoguma» bakman, daşy gyzyl gülli hum çäýnege gök çaýyny bol atyp, lezzet bilen demledi. Soňam gürrüňi gyzdyrdy. Şonda men «Beh, içiňe-daşyňa geçip, göwün kiltiňi derrew ýazdyrdaýýan adam eken-aý bu Berdi Bäşim diýilýäni» diýipdim. Baý, özüniňem diliniň beýle süýjüligin-aý! — Inim, seniň «Garagumda» çykan hekaýalaryňy okadym. Eltip Aşyr Mämilä-de (ol şol wagtlar Türkmenistanyň Medeniýet ministridi — G.O.) görkezdim. Sen dramaturgiýada-da güýjüňi synap göräýseň näder? Men egnimi gysdym: — Men oňarman, Berdi däde. Dramaturgiýadan daşrak aramyz. Ol boşan käsäme çaý guýdy: — Dur, türkmen aýtmyşlaýyn, gaňňaňy derrew garnyňa alyberme. Dramaturgiýa ilki gerek zat şireli halky dil. Onam sen eliňi uran ýeriňden tapyp otyrsyň. Tärini-tilsiminem bilmän duran dälsiň. Bir yhlas et hany. Özem dessanlara ýapyş. «Görogly» bormy, «Ýusup-Züleýha» ýa «Nejeboglanmy», özüň gör. Düýp esasyny-garalamasyny getir, okaşaly, maslahat bereli, taraşlaly. Nädersiň, «bu-ýa bolaýypdyr» diýdirip dursa... Gepiň hullasy, nädip «Bolýa, synanyşyp göreýin» diýenimi duýmandyryn. Olam gepiňde tutsa, sypdyrjaklardan däl. «Sözüňden dänseň, lebziň halal bolmaz» diýlen muşakgat başyňa düşensoň, baý, «gazygyň daşyndan» aýlanarsyň-a! Bar dessanlary başdan-aýak ýene okap çykdym. Gündizler pikirlenip, gijeler kelle döwdüm. Kitaphana gatnap, öň ýazylan pýesalary okadym. Garaz, gadymy dessanlarda aýdylyşy ýaly, «Atymy eýerläp, ýaragymy ýaglap, zeberdest ýöriş bilen alynyň ala meýdanyna çykdym». Şeýdip «Harmandäli» sahna eseri döredi. Ony derrew okap çykan Berdi däde «gyzgyny sowamanka», Magtymguly adyndaky sazly-drama teatrynyň baş ýolbaşçysy, Türkmenistanyň at gazanan artisti, «demi daş ýarýan» režissýor Kadyr Atabaýewe beripdir. Olam okap çykyp, ýaş hem bolsa eýýäm ykrar edilen režissýor, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Aýnazar Batyrowyň eline tutdurypdyr. Olam ertesi ýarygijeler meni ukudan oýardy. Şondan soň bir «tutluşyk» başlanandyr-ow! Teatryňkylar bir tarapdan, men bir tarapdan, ortada-da Berdi Bäşim. «Ol ýerini beýdip düzet», «Bu gahrymanyň monologyny azajyk giňelt», «Şu ýerine halk aýdymynyň äheňi gerek», «Tumar şanyň häsiýetine meňzeş gylyk-häsiýet goşulaýsa neneň görýäň? Şol eseri ýene bir tapyp okap, gereklije ýerini pikir eleginden geçir hany...». Baý-buw, pýesa ýazmak, umuman, teatr sungaty giden bir hupbat bolsa nätjek?! Gapysyndan girenleriň janyna berekella! Onsoň «arzymy» Berdi Başime ýetirdim: «Agam, sen-ä meniň dek başymy gowgaýa saldyň oturyberdiň». Ol bolsa loh-loh gülýär: «Ýigit başy gowgaly bolsa gowudyr, inim, gaýrat ediber!» Ol şol wagtlar Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Teatrlar we saz edaralary müdirliginiň ýolbaşçysydy. «Harmandäli» spektaklyndan soňam ol sypdyrmady. «Dürtgüläp», Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň baş ýolbaşçysy Köpekmyrat Akowy odukdyryp, olam: «Hany, bol inim!» diýip, gaýta-gaýta jaň edip, «Bezirgen», «Gül-Bilbil», «Yşk Allanyň gudraty» ýaly spektakllaryň sahnalaşdyrylmagyna sebäp boldy. ...Şu ýazgylar kagyza geçýänçä, kän adamlar bilen gürrüňdeş boldum. Özem şol bir sowalym: «Berdi Bäşim hakda duýgy-pikiriňi aýdaýsaň!». Haýran galmaly, tykyraýany ýok, gaýtam, öňden garaşyp ýören ýaly: «Pah, ol adam hakda bir sagat däl, bir günläp gürrüň etseňem azdyr. Adamçylygyndan başlalymy, sungata ussatlygyndan tutjakmy, kämilligiň çyn mekdebini ädimme-ädim geçen suwara-suhangöýligini aýtjakmy, Berdi däde duranja bir hazynadyr» diýýärler. Gepiň gerdişinde, tas hemmeler şeýle diýýär. Ynha, belli režissýor, Türkmenistanyň halk artisti, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynyň baş ýolbaşçysy Kakajan Aşyrowyň aýdýanlary: — Ilki bilen, Berdi Bäşimiň diňe öz ýoly bilen ýöreýän dramaturgdygyny, onda-da eseriň haýsy tarapyndan barsa-da, ýugrumyny ýetiribilýän ussat dramaturgdygyny aýdasym gelýär. Öz döwründe onuň Bütinsoýuz repertuarlarynda, teatr žurnallarynda, dürli dillerdäki almanahlarda pýesalary çap edilipdi. Ikinjidenem, milli dramaturgiýamyzyň ýeten derejesinde onuň hyzmaty uludyr. Medeniýet ministrliginde gös-göni şu ugra ýolbaşçylyk eden döwri her ýyl atly-aznawur dramaturglaryň däl, eýsem, ýaňy döredijilik ýoluna düşen zehinleriň arasynda hem dürli temalardan bäsleşikleri gurap, olaryň onlarçasynyň soň tanymal dramaturglar, teatr synçylary bolup ýetişmegi üçin azap siňdirenem ýadymyzda. Juda ýüregi ýuka, agzyndakyny mätäje çykaryp bermäge taýyn sahypkerem kişidir özem. Biz ýaşrak, ýaňy öý-ojak bolan mahallarymyz serişde-harajat gerek bolsa-da, sagaldyş-dynç alyş merkezlerine ýa-da döredijilik öýlerine gitjek bolsagam: «Berdi däde, medet özüňdendir!» diýip, bir boýurganardyk weli, derrew iş biter durubererdi. Bir zat entegem göz öňümde, darajyk iş otagynyň töründe mele seýfi — demir sandygy bardy. Halys jübimizde it uwlaýan wagtlary işigiň daş ýüzünde durup, üç-dört bolup ýalandan ýaremezan aýdan bolardyk: — Berdi akgaň sary sandygy Açyl bu gün, açyl. Gapyda duran bendelerňe Eçil bu gün, eçil. Az berseň, gyzyň bolsun, Köp berseň, ogluň bolsun, Ýaremezan... «Häý, garagollar» diýer-de, loh-loh gülüp, herimize gerek pulumyzy berer. Soňam çala haýbat hem degişme bilen barmagyny çommaldar: — Aýlykda ýerinde gögertmeseňiz, üstüňizden pýesa ýazaryn. Onuň şeýlekin hamraklygy, hakyt bir göreniňden «janyňdan ýasalan ýaly» diýdiriberşi, süýji dilliligi bir göwrede jemlenipdir-de, seni tüýs ýüpsüz daňaýýar. Bir gezegem şeýle waka bolan: ...Zähmet rugsadynda Mara — garry öýe barsa, agasy keýpsizräk otyr diýýär. Sebäbini sorasa, ol ederini bilýän, zähmetden gaçmaýan, ýöne azajyk kakabaşrak körpe oglundan zeýrenipdir: «Ynha, Ýolötene biriniň ulagyny bejermäge» diýip, öýden çykyp gidenine iki gün doldy, habar-hatyr ýok, nädersiň?! «Ata-enäniň göwni ogulda-gyzda, ogul-gyzyň göwni dag bilen düzde» diýleni-dä». Şol wagtam ogly gapydan giräýipdir. Kakasy gaharyna küpürsäp ugrajak bolupdyr weli, ogly myhman bilen iki elläp görşüp durşuna: — Kaka, kämahal bir gelýär, maňa şu gezek Berdi kakam käýäýsin-dä — diýipdir weli, bu söze geçisi daga ýaýran ata: — Wah, sen şuň agzyndan «jan, inimden» başga söz çykmajagyny bilýäň-dä, hä-h — diýip, uludan bir güläýipdir. Ýene bir üýtgeşik tarapy, Hudaýberdi Bäşimow uçursyz ussat teatr synçysy — tankytçysy. Sahnada goýlan eser kabul edilmek üçin ara alnyp maslahatlaşylanda känbir sesini çykarmaz. Ýöne soň öz ýanjagazyna çagyryp ýa-da jaň edip, kemçiligini-ýetmezini sanap berer weli, göwnüňe jüňk bolar duruberer. Durmuşda-da herbap adam. Begenende eselip, gynananda peselip ýören däl. Asly terbiýeli adam bolansoň, durmuşyň ähli taraplaryna düşünýän, many çykarybilýän dokmaňyz ynsan... Bu gürrüňden soň, Hudaýberdi Bäşimowyň galamyndan dörän sahna eserlerini bilmäge howlukdym. Baý-buw, sanap aňyrsyna çykardan gabaraly eken görsem. Baryp-ha 1966-njy ýylda Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky sazly-drama teatrynda goýlan «Kime gül gerek, kime-de pul» sahna eserinden gaýdýan döredijilik akabasy barha giňäp, ulalyp, lummurdaýan derýa dönüpdir. «Alňasama, Annamyrat!» Daşoguzyň, «Ýigidiň daýysy bar» Marynyň, «Mersedesli Merdan» Lebabyň döwlet sazly-drama teatrlarynyň, «Kime jaý gerek, kime-de taý» Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň, «Sallahlar hüjüme geçýär» komediýasy Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynyň, «Baý gelin», «Söýdüm, söýdüm» Marynyň döwlet sazly-drama teatrynyň, «Esen şohuň ertekisi» Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynyň sahnalaryndan düşmän gelýär. Berdi dädä zehin-talant başarnygy boldan berlen. Ynha, anyk mysal. Wagt-bimahaly ýok, oňa ýüz tutýarlar: — Berdi däde, bilgiç depderiňi aç-da, pylanynyň telefon belgisini aýtsana! — Gaýrat et, agam, pylankesiň anyk salgysy gerek, «bilgijiň» el ýüzdedir-ä! Onuň jogaby nagtdyr: — Bilgiç el ýüzde däldir, kellededir, inim, ýaz! Ýatkeşligine hakyt telpek goýaýmaly! Zehin «haltasynyň» ýene bir doldurylan ýeri dil bilmegi. «Özbek dilini beýle kämil bilýäň weli» diýseň: «Weý, inim, men Daşkentde bäş ýyl okadym ahyry». «Rus dilinden eden terjimeleriňiz olaryň öz dilinde geplän ýaly bolup dur» diýseňem: «O döwürde nijeme şäherde okuwda, kämilleşdirişde, seminarlarda bolduk, onsoň kürtdürip durjakmy näme?!» diýer. Gazak, tatar, uýgur, azerbaýjan dillerini bilşem «Tüweleme!» diýdirýär. Onsoň belli dramaturglar S.Ahmediň «Gelinleriň gozgalaňy», K.Galdoniniň «Iki hojaýynyň hyzmatkäri», R.Hojaýewiň «Giýewleriň bäsleşigi», başgyrt dramaturgy Uýgunyň «Perwana» dramalary terjime edilen dessine Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynda, A.Kahharyň «Enejanlarym», G.Abdullonyň «Partlaýyş», Z.Fathulliniň «Ýaşlykda berlen göwün» spektakllary Marynyň Kemine adyndaky, rus dramaturgy A.Makaýunogyň «Tribunal» eseri Daşoguzyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky sazly-drama teatrlarynda goýlup gelinýär. Şonuň üçindir zehinli ýazyjy, belli edebiýat tankytçysy-synçysy Abdylla Myrat bir gezek Hudaýberdi Bäşimowa duşanda şeýle diýipdir: «Dramaturgiýany seniň ýaly bilýän bolsam, bir ýylyň içinde kandidatlyk dissertasiýasyny gorardym». Milli dramaturgiýamyzyň ösüşi, teatrlarymyzyň repertuar-eser baýlaşygy, döwrebap temalara ýüzlenmek, sungatyň milli aýratynlyklarydyr inçelikleri hakda synlary, öz kärdeşleri aýtmyşlaýyn, tüýs derman içen ýaly janyňa noş bolaýýar. Şondandyr, belli dramaturg, ajaýyp guramaçy, milli sungatyň ody bilen girip, küli bilen çykan diýilýän Aşyr Mämiliýew şeýle ýatlapdy: — Berdiniň heniz Daşkentde, institutyň 4-nji ýylynda okap ýörkä, «Şeýle synlar kime gerek?» diýlen makalasy gazetde çap edilen dessine uly şowhun-gyzyklanma döredipdi. Ynha, indi men her gezek täze oýna syn ýazjak bolamda, şol makala ýadyma düşüp, galamym kürtdüräýýär. «Beh, bu gazetde çykaýsa, Berdi Bäşim näme diýerkä?» diýip, böwrümi diňirgendirip esli oturýan... ..Bir gezegem Balkanabatdan bir okyjymyz jaň edýär: — «Diýar» žurnalymyka?! Salam, geçen sanyňyzda «Söýen ýürekleriň aýdymy» atly şeýle şirin ýazylan makalany okap jaň edýän. Sungaty öwreniji Hudaýberdi Bäşimow ýazypdyr, awtoryna-da aýratyn sagbolsun ýetirip beräýiň. Onuň «Garagum» žurnalynda sungat läheňleri hakda ýazýan ýatlamalaryny hem hezil edip okaýas. Ussat ýazanda, edil düýbi deşilen ýaly ap-aýdyň edäýýär... Ine, okyjylaryň berýän bahasy. Hawa, Berdi däde sungaty öwrenijem. Kämillige ýeten awtoryň gören gözler, tirkeşilen kärdeşler, meşhur artistlerdir zehini daş ýarýan režissýorlar, zehin gory ýetik dramaturglar... hakda ýazan ýatlamalary, kiçijik esseleri, ömür pursatlaryndan bölekleri sanap otursaň, 40-50-ä ýetiberýär. Türkmeniň meşhur saz ussady, guýmagursak kompozitor Daňatar Öwezow şeýle diýipdir: «Adam 40 ýaşaýança zähmeti, zehini bilen abraý gazanmaly. Çemçeläp ýygnaberseň, soň çanaga-da sygmaz. Ine, şol abraý soň tä ömrüň ahyryna çenli seni gorar». Bu pikir-garaýyş hut söhbedi edilýän adama degişli diýseň, jüpüne jaý düşer. Garynja ýaly gydyrdanmak, gününi boş geçirmezlik onuň ömür endigine öwrülen. Onsoň «Dama-dama köl bolar» diýlenine dönäýýär. Azap edeniň, zähmet çekeniň gadyram bilinýär, sarpasam belentde bolýar. Hudaýberdi Bäşimowyň döşüni 1996-njy ýylda «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bezedi, 2010-njy ýylda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen uly ussada «Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri» diýen hormatly at dakyldy. «Alma öz agajyndan daş düşmez» diýleni. Gurbangözel ýeňňe (ýatan ýeri ýagty bolsun) bilen gol doly maşgala binýadyny diklän Berdi agamyzyň perzentlerem ata ýolundan gitdiler. Uly gyzy Gözel Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky ýörite çeperçilik mekdebiniň müdiriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary, ondan kiçisi Maýa Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň işgärler bölüminiň başlygy, körpe gyzy Leýla Türkmen döwlet gurjak teatrynyň çeper-dekoratiw, butafor, grim-postižor hem-de tikinçilik, geýim bölüminiň müdiri, ogly Batyr Aşgabat şäheriniň Bagyr Medeniýet öýüniň müdiri. Halypa häzirem, tüweleme, synasy dim-dik, hereketi çulum, akyly jöwherli, Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynyň edebiýat-dramaturgiýa bölüminiň ýolbaşçysy. Gördükleri: «Berdi däde, salawmaleýkim! Halypa, halyňyz niçik?» diýip, töweregine egele bolýarlar. Şonda ýaş artistleriň biri şeýle diýdi: — Şahyrlaryň biriniň aýdyma öwrülen «Ýaşlaň arasynda garrylar gerek» diýen meşhur setirini hemme bilýändir. Biziň Berdi dädemiz entek garrylyga per bererli däl. Ony her gün görmesek, bir zadymyz kem ýaly bolup dur. Halypalar ýanyňda bolsa, ýüregiň suwly, bilmeýän zadyň üstüni ýetirip, kem gaýdaýan ýeriňi dolduryp, ata pendini, halypa öwüdini berip ýörler weli, dokuzymyz düzüw ýaly. Ömrüň manysyna berilýän baha şeýle bolsa, diýmek, ýaşalan menziller abraý-mertebä beslenen bolmaly. Gurbannazar ORAZGULYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |