07:05 Taekwando | |
TAEKWANDO
Sport we turizm
Taekwondo koreý söweş sungatydyr. Onuň ady üç sözden: «tae»- aýak, «kwon» – el we «do» – ýol sözlerinden gelip çykýar. Taekwondo ruhy tejribe hem-de özüňi kämilleşdirmek, özüňe erk etmek we maksada okgunlylyk ýaly häsiýetleri ösdürmek üçin maşklaryň toplumyny öz içine alýar. Taekwondo söweş sungatyna Koreýanyň gadymy başa-baş söweşiniň (subak we thekkýon), şeýle hem ýapon karatesiniň we dzýudosynyň iň gowy emelleri girizilendir. Bütindunýä taekwondo federasiýasy (WTF) 1973-nji ýylda döredildi. Ilkinji gezek taekwondo Olimpiýa oýunlaryna 2000-nji ýylda Awstraliýanyň Sidneý şäherinde wekilçilik etdi. WTF şeýle hem halkara talyp sporty federasiýasynyň sport bileleşigine (FISU), halkara harby sport geňeşine (CISM) we beýlekilere girýär. WTF taekwondo boýunça ýaryşlar üç görnüşde – «kýorugi» – başa-baş göreş, «pumse» – toplumlaýyn maşklar hem-de «kýopka» – gaty jisimleri döwmek boýunça geçirilýär. Başa-baş söweşlerde türgenler esasan hem aýak bilen urmak tehnikasyny ulanýarlar. Internet maglumatlary esasynda taýýarlanyldy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |