TÖREMYRAT RAHMANGULY OGLY
Hormatly Prezidentimiz döwlet başyna geçen pursadyndan özgerişlikleri halkymyzyň ýaşaýyş durmuş derejesini düýpgöter gowulandyrmak, Türkmenistany ösen döwletleriň hataryna goşmakda öňi bilen ylmy-bilimi ösdürmek, kämilleşdirmek ýaly juda düýpli, gaýra goýulmasyz meselelerden başlady. Hormatly lidermiziň öwran-öwran nygtaýşy ýaly, hakykatdan-da beýik özgerişlere ýol ylmyň güýji bilen açylýar. Ýurdyň geljegi ylmyň-bilimiň ösmegi bilen bagly.Mertebeli Prezidentimiz 2012-nji ýylyň 12-nji iýunynda geçiren maslahatyndaky çykyşynda bu meseläni gaýra goýulmasyz mesele hökmünde öňe çykardy. Uzak geçmişdäki arzuwlary ajaýyp döwrümizde hasyl bolan eziz halkymyzyň ylma-bilime-teşnelikde ýaşandygyna güwä geçýän, il-ulsyny hatly-sowatly, etmek ugrunda hany-manyny, şirin janyny orta goýan bir akyldaryň geçen ýolunyň mysalynda gürrüň bermekçi. Şol gürrüň ylmy bilimi, taýsyz zehini, çaksyz ynsanperwerligi, watansöýüjiligi, il-ulusyna eden hyzmatlary bilen uly abraýyň, sylag hormatyň eýesi bolan, türkmen halkynyň abraýyny arşa göteren Molla Töre (Töremyrat Rahmanguly ogly) bilen bagly. Sözümizi halkyň arasyndan uzak ýyllar bu akyldar hakyndaky, maglumatlary, rowaýatlary toplan žurnalist Durdy Hajymyradyň aşakdaky ýazgysyndan başlamakçy. Ol setirlertürkmen halkynyň ajaýyp ogly Molla Töre ahunyň öz eziz halkyna ähmiýetini hiç bir gymmatlyk bilen deňäp bolmajak sowgady dananyň öz ene topragyna bolan söýgüsi bilen bagly. Molla Töre ahun 18 ýyl töweregi Buharada okansoň, 7-8 düýä kitap ýükläp ýola düşende, ony ýurduň emirine ýamanlaýarlar. Emir töwella baran Garamyrada (ahunyň dosty) „Hormatly kazymyzyň güwä geçmegine görä, siziň şol Molla Töre ahunyňyz kitaphanalary boşadyp, ähli ylmy öz ýurduna aşyrmakçy bolýarmyş“ diýeninde, Gara şeýtan (Garamyrat) emire iňňän jaýdar jogap beripdir: „Hormatly hökümdar, gürrüň haýsy ylym hakynda barýarka? Eger sandyk-sandyk kitaplaryň gürrüňi edilýän bolsa-ha, ol ahunyň hususy zady, her kitapda onuň möhüri bar, siziň kitaplaryňyzdan ýekejesi-de alnyp gidilenok. Men muňa kepil. Eger-de ahunyň kellesinde toplan ylmy barada agzaýan bolsalar, onda ol kelle türkmene örän zerur. Uly il oňa garaşýar. Biz ol kellä mätäç...” . emir arasy bolansoň Gara şeýtanyň sözüni ýykmandyr. Adamzadyň akyl-parasadyny, iň kämil ýol-ýörelgelerini, gylyk-häsiýetlerini özünde jemleýän kitap dünýämiz, egsilmez, mizemez ruhy baýlygymyz, geçmişimizi şu güne, şu günümizi ertire ýetirýän, hakydany hakyda birleşdirýän ajaýyp gymmatlyk. Ol kitaplar Ahun atanyň 18 ýyllap bazarlardan satyn alanlary, dost-ýarlarynyň beren bahasyny hiç bir gymmatlyk bilen ölçäp bolmajak baýlyk. Ol eziz ýurdyndan uzakda her hili ýagdaýda ýaşandygyna garamazdan, eline düşen puluna kitap satyn alypdyr. Mähriban topragyna gelensoňam bu ýagdaý dowam edipdir. Bir gezek ahun okuwçysy Orazaly molla bilen bir talyby Mary bazaryna kitap almaga ugradypdyr. Alynmaly kitaplaryň atlarynam ellerine ýazyp beripdir. Orazaly ahun dört jiltlik kitaby bir düýäň bahasynasatyn alypdyr. Soňam ony gymmat görer öýdüp ahunyň ýanyna gelmäge ýaýdanypdyr.Ahyry ýazykly ýaly ýüzlerini sallaşyp kitaby ahun atanyň eline beripdirler. Ol her bir ýygnan kitabyny gözüniň göreji ýaly, aýawly, arassa saklaýan eken. „Kitaby har saklaýan adam belent derejelere ýetip bilmez“ diýýär eken.
Kitap hakynda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şeýle ajaýyp sözi bar:«Ynsanyýetiň baş baýlygy, onuň sermaýasy kitapdyr. Söz ussatlarynyň ylham-zehininden kemala gelen nepis edebi eserler, şygyr diwanlary, şanly geçmişden söhbet açýan taryhy, ylmykitaplar ynsan üçin ajaýyp sowgatlardyr. Buýsançly geçmişimiziň baý ruhy dünýämiziň aýrylmaz parçasy bolan şeýle ajaýyp kitaplaryň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gözellikde, nepislikde we şirinlikde durmuş ýörelgämize taryhymyzyň dowamatlylygynyň, durmuş gurluşymyzyň mizemezliginiň ruhy we maddy esasyny üpjün edýän gymmatlyklara öwrüljekdigine berk ynanýaryn».
Ahun ata öz iline ugramazynyň öň ýanynda, özüne tälim beren ussady Buharada belli alym Ikram hoja bilen hoşlaşmaga baranda, alymhormatlap Buharada alyp galjak bolanda göwnemedik talybyna:
„Eý oglum, seniň bilen ýigrimi ýylym gitdi,
Arap Ajamy baglan , dahandan tilim gitdi,
Men ylymyň daragtuýam, şahalam, gülüm gitdi.
Herne bar Buharada toplanan ylym gitdi,
Bar oglum, nesip etsin bizlerden salam diýsen“ –
diýip gynanypdyr.
Molla Töre ahunyň getiren gymmatbaha baýlygyna uçursyz begenen halk „Buharany Goňura (alymyň obasynyň ady) göçürip getiren oglunyjuda hormat bilen garşylapdyr.
TYA-nyň Milli golýazmalar institutynyň golýazmalar hazynasynda ahun atanyň möhüri basylan kitaplaryň 700-e golaý saklanýar. Aslynda welin alymyň Buharadan alyp gaýdan we ömrüniň ahyrna çenli üsti dolduran kitaplardan emele gelen baý kitaphanasy oňa beletleriň berýän maglumatlaryna görä, 5-6 müňe ser urýan eken. Şonça elýetmez baýlygy haýyr-sahabat kitaphanasy hökmünde alym okyjylara goýup gidýär. Ýöne ol kitaplaryň köpüsi ilat arasynda käbiriniň eline düşüp gaýtarylmandyr. Agramly bölegini sowet häkimiýetiniň ilkinji ýyllarynda totalitar düzgüniň yzarlamalaryndan gorkup, öwlüýälerde (adam jaýlan ýaly edip) çuwallara salyp gömüpdirler. Hatda täze ýerler açylanda olaryň oba hojalyk maşynlarynyň gurallaryna çolaşyp çykanlary hem bolupdyr. Galyberse-de, olaryň köpüsi Milli golýazmalar institutynyň hazynasynda Molla Töre ahunyň ömür ýoluny beýan edýän, onuň daş-töweregini gurşap alýan ildeşleri, şägirtleri we käbir taryhy şahslar baradaky maglumatlaryöziçine alýan 2204e belgili bukjada saklanylýar. Bu bukja alymyň belent adamkärçiligine, il-halky üçin bitiren hyzmatlaryna degişli gymmatly çeşmedir.Onda Ahun ata degişli dost-ýarlary tarapyndan ýazylyp alnan rowaýatlar-da, gürrüňler-de bar. Şol maglumatlardan we Durdy Hajymyradyň halkyň arasyndan toplan maglumatlaryndan bu uly alymyň öz halkynyň arasynda juda hormatlanan, il ulsuň söýgüsini gazanan şahsyýetdigine akyl ýetirmek bolýar. Buharadan bimöçber arzuw-hyýallar bilen gurşalyp, uly güýç bilen mähriban topragyna dolanyp gelende, uly hyjuw hem hormat bilen garşylan obadaşlary, barly adamlar uzak garaşylan ogullaryna öz mülkünde mekdep-medrese gurmaga ýardam edipdir. Elbetde, bu diňe Ahun ata goýlan hormat-sylag, onuň aladasy däldi. Bu ýerde il aladasy,halk bähbidi ýatyrdy. Onuň medresesinde diňe Marydan däl, eýsem beýleki welaýatlardan hem gelip okapdyrlar. Onuň özi Wekilbazar etrabynyň Sarahs obasynda dogulup, 1826-1896-njy ýyllaryň aralygynda ýaşap geçipdir.
Ahun atanyň beren tälimini, ylmyny-bilimini, terbiýesini alanlar ol höwürtgeden uçup gaýdyp ýurdumyza bilimsize bilim, zerura öwüt-nesihat hem pähim-parasat hazynasynyň dür-dänelerini paýlapdyrlar. Molla Töre ahun öz göreldesi, adamkärçiligi, akyl-paýhasy, ugur tapyjylygy bilen-de tapawutlanypdyr. Ol bir döwüm çöregini-de adamlar bilen paýlaşyp iýipdir. Sebäbi onuň ykbaly, durmuşy, maksady-da onuň kalbynyň soltany bolan adamlar, olaryň ykbaly bilen bagly bolupdyr. Ol söýlüpdir. Alymyň sarpasyny belent tutup, oňa ynanypdyrlar.
Bir gezek bir barly adam haja gitmek üçin Ahun atadan ak pata almaga gelipdir. Molla Töre ahun oňa şeýle maslahat beripdir.
–Mekgä gitmek üçin etjek harajadyňyzy şu ýerde, il bähbidine ulansaňyz hem hajyňyz kabul bolardy – diýipdir. Allanazar Batman diýilýän ahunyň wesýetine eýeripdir. Ol öz hasabyna ilaty gazy gazmaga çekipdir. Halk täze ýabyň suwundan hezil edip, peýdalanyp hasyl alypdyr. Öz gezeginde Allanazar Batman bolsa, halkdan alkyş alypdyr.
Durdy Hajymyradyň Ahun ata bagyşlap ýazan kitabyna salgylanyp, T.Ataýew juda gyzykly şeýle maglumaty getiripdir: „Töre ahunyň ymamlyk etmeginde talyplaram, oba adamlaram namaza durarmyş.
Bir gezek süňkbaşy irimçik, çopantak ýigit gelip, uly il namaza duranda, hol beýläk çykyp otyrmyş. Şeýle ýagdaý her gün bäş wagtyna gaýtalanyp duransoň, ahyry Ahun aganyň-da gözüne ilipdir. Ol:
– Ýeri, ýagşy ýigit, näme beýle – ile birikmän otyrsyň? – diýip sorapdyr.
– Ahun aga, men namaz-täretden gömükdirin. Kärim çopançylyk. Aýakgabym çokaý. Her gün bäş wagtyna çokaý geýip-çykaryp durmaga puryja bamy hany? Onsoň men-ä namazy öwrenjegem bolamok. Düşünemogam – diýipdir. Molla Töre ahun ýigide şeýle maslahat beripdir:
– Düşünmez ýaly kyn zat ýok. Hol yzdaky hatarda dur-da „Uýdum, ymama!“ diýip, il egilse egil, galsa gal – töweregiňdäkilere öýküniber.
– Wah men täret kylmanam bilemok ahyryn Ahun aga.
– Bilmeseň bähbit bol-a. Täretsiz duruber.
– Çokaýymy nädeýin?
– Aýakgaply duruber bolmasa.
– Kabul bolarmyka?
– Ol yhlasyňa ýüregiňe bagly.
Myhman hatara göwünjeň geçipdir. „Uýdum, ymama!“ diýip pyşyrdap, il deňinde namaz „okapdyr“. Hatda myhmançylykdan gaýdyp obasyna gelensoň hemşeýdip ýörüpdir.
Ahalyň atly-abraýly ahunlarynyň biri bolan, öz wagtynda Buhara medresesiniň birini üstünlikli tamamlan Çary ahun täze „namaz okamagy“ öwrenen ýigit barada Molla Törä ahuna howlukmaçlyk bilen hat ýazypdyr. „Hormatly tagsyr, biz-de siziň ylym öwrenen ojagyňyzda çoýunan talyplaryň biri. Şeýle-şeýle wakyga boldy. Eýsem-de bolsa, biz namazyň täretsiz okalýandygyny bilmeýärdik. Hatda eşitmändirisem. Eger kyngörmeseňiz, bize iki agyz söz ýazyp iberiň. Haýsy kitabyň niresinde bar, şol täret kylman namaza durmagyň bolýandygy?“
Çary ahunyň beýle howsala düşmeginiň hebesdigini ýaňzydyp, Molla Töre ahun jogap ýazypdyr: „Eý, hormatly Çary ahun! Şeýle zat kitaplarda ýok. Gözläbem oturma! Biz ol ýigide namaza durmagy öwretdik. Sizem çokaýyny çykarmagy hem täret kylmagy öwredäýiň“.
„Atly-abraýly bu iki ahunyň hat alyşmagy tälim-terbiýe bermegiň nähili inçe hem çylşyrymly tärleriniň, ýollarynyň bardygyny tassyklaýar“ diýip, ýazanynda awtor mamladyr.
Molla Töre ahun nirede bolsun, näme işlesin, tapawudy ýok, ol manyly ömrümi halka hat-sowat öwredip, alana öwüt-nesihatyny gysganman, tälim beripýaşapdyr. Uzak ýyllar Watandan uzakda sahawatly topragyny, dolup-daşýan derýalaryny, keremli daglaryny şahandaz halkyny ýatlap-ýatlap bir tarapdan şol ýatlamalaryndan kuwwatlanan hem eziz topragynyň dagyny çeken akyldar ildeşleriniň gursagyna hemişe Watan duýgusyny guýupdyr. Buharadan gaýdanda, türkmen topragyndan daşlaşdyrylan, Gara şeýtanyň gama batyp aýdan sözleri hiç hakydasyndan gitmändir.
Ol dosty, obadaşy Molla Töre ahun bilen hoşlaşanda gözüne ýaş aýlapiçini döküpdir:
– Bize Watana barmak miýesser edermi-etmezmi, Alla bilsin, ýöne şu aýtjaklarymy unutsaňyz, gabyrymda dik oturdarsyňyz meni. Bek saklaň, ol ýerde Mary diýen ýurt galdy. Garagum diýen çöl galdy. Türkmeniň giň sährasy, ata Watan galdy, sähel yş tapylan ýerden sümüp geçiň-de, maý bolsa topuňyz bilen, bolmasa, iki-ýekeden baryň welin, ir-giç mekana dolanjak boluň. Biz bu ýerik mejbur bolup geldik. Il bähbidini aradyk. Emma Watanyň öwezini dolup biljek hiç zat, baýlyk-da, häkimlik-de, abraý-da ýok. Şuny pugta biliň.
Buharadan gaýdanda, soň-soňlaram Gara şeýtanyň sözleri Ahun atanyň uzaklardan gulagyna gelip durupdyr.
Halka şeýle uly hyzmat eden beýik-beýik adamlaryň bu ajaýyp derejelere ýeten, ýetirlen Watanymyzyň gülläp ösmeginde, ýaş nesillerimiziň aň-düşünjesiniň ösmeginde, kämil terbiýesinde paýy bolmaly.
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly