23:48 "Turgul!" diýdiler" we beýlekiler hakda | |
"TURGUL!" DIÝDILER" WE BEÝLEKILER HAKDA
Magtymgulyny öwreniş
Düýş görmek ynsanyñ tebigatyndan gelip çykýar. Çeper edebiýatyñ esasy predmeti ynsan bolansoñ, düýş bilen baglanyşykly bolan birnäçe wakalar onda öz beýanyny tapypdyr. "Görogluda" Görogly, "Gül-Bilbilde" Bilbil geljekde öýlenjek gyzlaryny düýşlerinde görýärler. "Zöhre-Tahyrda", "Şasenem-Garypda" şalara we wezirlere perzentleriniñ boljakdygy düýşlerinde aýan bolýar. Şeýle mysallar san-sajaksyz. Dünýä meşhur alymlaryñ öz açyşlarynyñ çözgütlerini düýşlerinde görendikleri barada köp ýazgylar bar. Şu günki günde hem özleriniñ basym pany bilen hoşlaşdakdyklaryny düýşlerinde görüp aýdanlary bilýäris. Düýş bilen baglanyşykly ýüze çykýan hakykatyñ syryny ylym doly açyp görkezerden ejiz gelýär. Elbetde, görülýän düýşleriñ hakykata gabat gelýänlerem seýrek däl. Biribaryñ ýaradanlarynyñ arasynda çylşyrymly mahluk ynsan bolsa gerek. Adamyñ psihikasy, jany, ruhy diýen düşünjeleriñ asyl sebäplerini, häsiýetlerini düşündirmek juda kyn mesele. Ýöne düýş adamyñ ruhy bilen baglanyşykly ýüze çykýan hadysadyr diýsek öte geçdigimiz bolmajak ýaly. ■ Ruh näme? Adam göwreden (formadan), jandan (dirilik alamatyndan), ruhdan durýar. Ruh göze görünmeýän, adatdan daşary güýç bolup, ol adamyñ oýlanyşyny, añyny, psihiki ukybyny añladýar. Dini düşünjelere görä, ruh Tañrynyñ bir bölejigi ýa-da onuñ bilen aragatnaşygy ýola goýmaga ukyply, baky, ýok bolup gitmeýän barlykdyr. Jan, ruh barada giñişleýin maglumat bermek, gürrüñ etmek hem bolardy. Ýöne biziñ ýazgymyzyñ obýekti Magtumguly dananyñ gören düýşleriniñ onuñ şygyrlar diwanynda beýanyny tapanlary hakyndadyr. Düýşleriñ ýorgudy barada etjek gürrüñimiziñ adam ruhy bilen baglanyşykly boljakdygy sebäpli, oña juda gysgaça kesgitleme bermek bilen çäklendik. ■ "Turgul!" diýdiler"... Magtymgulynyñ goşgular ýygyndylarynyñ köpüsi şahyryñ "Turgul!" diýdiler" eseri bilen başlanýar. Bizem şol däbe eýerip, Pyragynyñ şygra geçiren düýşleri baradaky gürrüñimizi şondan başlamakçy. "Turgul!" diýdileriñ" Magtymgulynyñ kitaplarynyñ öñünden berilmeginiñ öz sebäbi bar. Il içinde aýdylýan rowaýata görä, Magtymguly çagaka, düýşünde pygamberleri, ýagşyzadalary görüpdir, şondan soñ kakasy Döwletmämmet Azady oña şygyr ýazmaga ak pata beripdir, ady tutulýan goşgy hem onuñ ilkinji düzenimiş. Elbetde, Magtymguly şygyr äleminiñ parlak ýyldyzy, beýik akyldar, umman ýaly giñ hem çuñ mazmunly eserler döreden tebigy ukyby, zehini egsilmeýän şahyr. Halk öz eý görýän, hormatlaýan adamy barada ony şöhratlandyrmak, mertebesini galdyrmak üçi her hili rowaýatlary döredýär, legendalary otarýar. "Turgul!" diýdiler" baradaky rowaýar hem şu jähtden döredilen bolsa gerek. Ýogsam, şygryñ şahyryñ döredijiliginiñ kämilleşen döwrüne degişlidigi mese-mälim bolup dur. "Bir gije tünüñ ýarynda ýatyrka" şahyry dört atly gelip alyp gidýär. Şahyr baran ýerinde Adam Atany, diwana-galandarlary, pirzadalary, Muhammedi (s.a.w) we beýleki pygamberleri, dört çaryýarlar: Omary, Osmany, Ebu Bekiri, Alyny görýär. Ony şol ýerde mejlise ýygnananlar bilen birme-bir, atma-at tanyşdyrýarlar: Haýdardan soradym barça atba-at: "Hezreti pygamber oldur bolmañ ýat, Ol Selim Hojadyr, ol Baba zürýat, Ol Weýsel Karadyr bilgil!" diýdiler. "Ol Bahaweddindir, ol hem bir ärdir, Biri Zeññi Baba, ol-da namdardyr, Ol söýenşil duran dört çaryýardyr, Maksadyñ ne bolsa aýgyl!" diýdiler. Magtymgulynyñ düýşünde gören ýagşyzadalary, pygamberleri dünýäden bir mahallar ötüp gidenler. Olar şahyryñ eserlerinde taryplan, hormat goýan adamlary, şolaryñ hatarynda özüniñ hem "san bolsam" diýip arzuw-hyýal ýüwürdenleri. Mukaddes kitaplarda, dini taglymatlarda, hudawylygy ündeýän ýazgylarda eger, adam on iki süññi, bütin durky bilen Tañrynyñ ýoluna düşen bolsa, onuñ çyn ýürekden islän zadyna ýetip bilýändigi barada aýdylýar. Magtymgulynyñ düýşünde görenleri-de, onuñ matlabynyñ netijesi bolmaly. Bu meseläniñ bir tarapy. Ikinjiden, "Turgul!" diýdilerde" beýan edilýän wakanyñ ölüp giden adamlaryñ ruhlarynyñ mekan tutan dünýäsine syýahatdygyny añmak kyn däl. Biziñ eramyzdan öñ V-IV asyrlarda ýaşap geçen grek filosofy Platon: "Merhumlaryñ ruhy haýsydyr bir ýerde ýaşamaly, olar şol ýerden ýene ýaşaýşa öwrülip gelýärler" diýip ýazypdyr. Ruh baky, oña ölüm ýok. Ruhy kämillik diýen düşünje bar. Ynsan ruhy kämilligiñ ýokary derejesine ýetip bilýär. Ten hapasyndan düýpli saplanan ruh soñ ynsan göwresine dolanyp gelmeýär. Magtymguly atamyzyñ aýdyşy ýaly, Tañry ynsany bu dünýä "Bäş gün synamaga iberipdir". Kämilligiñ iñ ýokary derejesine ýetmek üçin şol "bäş günlük" synagdan geçmeli. Oña indi kämilleşmegiñ zerurlygy ýok. Şahyryñ şygrynda ady tutulýan şahslar hem ruhy kämilligiñ "kursuny" doly gutaranlar bolmaly. Magtymguly Pyragynyñ döredijiliginden, ol hakda il arasynda rowaç bolan rowaýatlardan, ýagşy sözlerden çen tutsañ, onda şahyr-da ruhy kämilligiñ pellehanasyna ýetendir diýip hasaplamak bolar. Magtymgulynyñ kämil ruhunyñ şol derejä ýetenleriñ arasyna, goý ol düýşde bolsa-da, düşmegi logik gabat gelmän duranok. Onsoñam adam düýşünde aýagyny ýere degirmän uçup bilýär ýa-da uzyn töññelerden guş ýaly ganat açyp geçýär... Muña adamyñ ruhy diýip düşünilse, dürs bolaýjak ýaly. Diýmek, adam çuñ ukuda ýatan pursady ruh ten kapasasyndan çykýar. Magtymgula şol ýerde şeýle maslahat berýärler: "Jebrut äleminde Jelil syryna, Gelip, özüñ garap görgül!" diýdiler". "Jebrut älemi" - ruhy dünýä. Jelil - Tañry. Şahyryñ "Şaýlamaýynmy?" şygrynda "Ýaranlar, ýetmek ýok Subhan syryna" diýen setir bar. Ýokardaky iki setir şol syra - Tañrynyñ gudratyna, erk-ygtyýaryna, gizlin pynhanlyklaryna göz ýetirmek isleseñ, ruhy dünýä özüñ gelip gör, ýagmu oña diñe ölüm bilen ýetip bolar diýen manyny añladýar. ■ Magtymgulynyñ "Turgul!" diýdiler" şygryndan gelip çykýan many näme? Adam öz ruhy dünýäsini arassa saklamaly, ýagşylyk etmeli, ýuwaş-ýuwaşdan bolsa-da, ýokary ideallara eýe bolmaga çalyşmaly, betbagtlykdan, gaýgy-gamdan, günäden, şerden, ýamanlykdan arassalanmak üçin nadanlyk tebigatyndan el çekmeli, özüñdäki bölejik ruhuñy ählumumy ruha - Taña hyzmat etdirmeli, şoña ymtylmaly. Şonda den ruhy kämilligiñ misilsiz päk, iñ ýokary derejesine ýetip bilersiñ, öz ruhuñy Tañrynyñ ruhuna galtaşykly edip bilersiñ, bu bolsa, älemiñ, Allatagalanyñ pynhan syryna düşünmegiñ ýeke-täk ýoludyr. ■ Pyragynyñ "Turgul!" diýdilerinden" başga-da şygra geçirilen birnäçe düýşleri bar "Uçdum ýaranlar", "Külahly geldi", "Oýan" diýdiler", "Diwana geldi", "Bir nan getirdi" eserleri düýş bilen baglanyşykly döredenleridir. Şahyryñ "Boldum girýana", "Eýýamy gördüm", "Şondadyr" goşgularynyñ-da mazmuny düýşe kybapdaşdyr. Akyldaryñ döredijiligindäki düýşleriniñ many-mazmunyna ser salsañ, olaryñ, esasan, geçmişe belli bir yz galdyran pygamberler, weliler... hem-de sufizmiñ wekilleri bilen berk baglanyşyklydygyny görmek bolýar. Onuñ "Uçdum, ýaranlar" şygry hem görlen düýşüñ beýanydyr. Ol goşgy şeýle setirler bilen başlaýar: Bir jumga gijesi gördüm düýşümde, Bal urup göklere uçdum, ýaranlar. Perwaz eýläp, seýran etdim dünýäni, Bir abadan jaýa düşdüm ýaranlar. Soñra şahyr şol düşen jaýynyñ (ýeriniñ) tebigatyny suratlandyrýar. Müñ dürli miweler, reñbe-reñ güller, şeýda bilbiller, köwser dek suwly mermer howuzlar liriki gahrymanyñ aklyny haýran edýär. Şol gözel jaýda ol çiltenlerin golundan şerap içýär. Düýşdäki asmana tarap edilen gezelenjiñ, duşuşygyñ soñy şeýle tamamlanýar: Bilmedim, köpmi ýa maña az berdi, Özge älem, başga bir awaz berdi, Yşk aldy köñlümi, tile söz berdi, Aýakdan-aýaga düşdüm, ýaranlar. Magtymguly, hüşýär oldum, oýandym, Oýandym, örtendim, tutaşdym, ýandym, Magny bazarynda haýýata döndüm, Şirin gazal donun biçdim, ýaranlar. ■ Şahyryñ düýşünde çiltenler bilen şerap içip, ylham çeşmesini joşduryp, "şirin gazal donuny biçdim" diýmeginiñ sebäbi nämekä? Magtymguly hakykatyñ jarçysy bolupdyr. Hakykat bolsa hemmelere ýarap durmaýar. Sufizmiñ wekilleri Hoja Ahmet Ýasawy, Ýunus Emre özlerini halkyñ arasynda ykrar etdirmek, öz ideýalaryna sarpa goýulmagy üçin çiltenleriñ, erenleriñ, pygamberleriñ elinden ýa-da şolar bilen bilelikde şerap içip, aýratyn zehine, ylhama eýe bolandyklary hakda ýazypdyrlar. Magtymguly hem şol usula eýeripdir diýsek ýalñyş bolmaz. Muña onuñ "Sözi agzyna hak salar", "Gargyşym daglary mum dek erider", "Pür-pudak ýaýradat alkyş kylanym" diýen setirleri-de güwä geçýär. Şeýle usula şahyr "Boldum girýana" şygrynda hem ýüz urýar. Magtymguly kyn ýagdaýa düşýär, ol hümmet isläp göge ýüz tutýar: Köñlümni geçirdim jümle-jahandan, Ne jahandan, belki, el üzdüm jandan, Hyzyrdan, Isadan, Şahymerdandan, Hümmet isläp, bakdym suýy-asmana. Şahyr delalat isläp asmana bakanda, garañkylykda üç äre sataşýar. Olar bilen liriki gahrymanyñ duşuşygynda şeýle waka bolup geçýär: Biri gelip, elim gögsüme urdy, Biri tyg bilen ýüregim ýardy, Agzyma agzyn goýup, biri dem urdy, Diýrler: "Arzyñ diýgil Şahymerdana!" Şondan soñ liriki gahryman bilen ýañky üç kişiniñ arasynda gysgajyk sorag-jogap alşylýar. Onda ahlak meselesi, ynsan mertebesi hakda söz açylýar. Ol sorag-jogabyñ terbiýeçilik ähmiýetiniñ uludygyny nazara alyp, ony okyjylara hödürläsimiz gelýär. Diýdim: "Gökden agyr, ýerden mert nedir? Derýadan baý nedir, daşdan saht nedir, Otdan ýakyjyrak, buzdan serd nedir? Zäherden ajyrak nedir bu jana?" Diýrler: "Ýaman töhmet agyr asmandan, Gaharsyz ýagşy söz giñdir jahandan, Mynapygyñ köñli saht señistandan, Ähli-kanyg meñzär bahry-ummana. Jebir etgujy soltan-ýakyjy közden, Bahyldan dileseñ, sowukdyr buzdan, Pahyra jebr etmek zäherdir suzdan, Öwütdir bu sözler, bizden nyşana". Hemmelere düşnükli bolar ýaly, "s a h t" - gaty, berk, "s e r d" - sowuk, "s e ñ i s t a n" - daşlyk ýer, "k a n y g" - kanagatlylyk, "s u z" - ot, ýangyn diýen manylary añladýandygyny aýdaýalyñ. Ýokarky bentlerde öñe sürülýän pikirlere siñe gulak gabartsañ, liriki gahrymanyñ (şahyryñ) özüniñ-de töhmete sezewar bolandygyny, ýagşy söze mätäçdigini añmak kyn däl. Elbetde, "Magtymguly şeýle ýol bilen özüni ykrar etdirjek bolan däldir, ol tebigy zehin ahyry, şahyr özüni şygyr hazynasy bilen ykrar etdir-dä" diýjeklerem tapylar. Ol häzir şeýle, wagtyñ geçmegi bilen ykrar edilen. Öz wagtynda dana akyldarlar-da, geniler-de, alymlar-da goldawa-hemaýata, ykrar edilmäge mätäç bolupdyrlar. Magtymguly poeziýa meýdanynda oslagsyz atylyp çykan wulkan ýaly bir hadysadyr. Şonuñ üçinem oña gyýa göz bilen garanlaram, abraýyny ýere dökjek bolanlaram tapylandyr. Şu aýdýanymyzyñ ýapa degýändigini şahyryñ hut özüniñ başga bir goşgusynda: "Sözüm diñlän ýok diýip ümsüm oturma" diýeni-de tassyklaýan bolsa gerek. Diýrler: "Üç kişi bolduk ustadyñ, Daýym destan bolsun älemde adyñ, Magtymguly, wagtdyr, iste myradyñ..." Bu syry akmak açar ýa bir diwana. Eseriñ soñky bendine ýöredilýän pikire üns beriñ. Hydyr ata, Isa pygamber, Şahymerdan (Aly) "ustadyñ bolduk, adyñ äleme dolsun, myradyñ aýt" diýip duran adama her bir öñýeten dil ýetirmäge milt edip bilmese gerek. Dirikäñ ykrar edilmek, onda-da döredijilik adamsy üçin bagt hem goldawdyr. Şahyr ony gönüläp aýdanok. Şeýle etse, onuñ bähbidinden zyýanynyñ boljakdygyna Magtymguly oñat düşünendir. Şoña görä-de, şahyr ol dyry akmak ýa diwana açyp biler diýýär. Dana Magtymguly goşga salan düýşleriniñ añyrsynda belli bir maksat goýandyr, öz kalbyny heýjana getirýän ideýany amala aşyrandyr. Pyragy "Diwana geldi", "Bir nan getirdi" şygyrlaryny Bahaweddin Nagyşbendi bilen baglanyşdyryp döredipdir. Bahaweddin Nagyşbendi (Hojamuhammet) sufizm (sopuçylyk) akymynyñ öz döwründe iñ meşhur pirleriniñ we ýolbaşçylarynyñ biri bolupdyr. Ol özüniñ "Haýatnama", "Delili-aşykyn" atly sufizme bagyşlanan eserlerinde dogany we zikri dilden däl-de, kalbyñ çuñlugy, ýüregiñ emri bilen aýtmagy ündäpdir. Magtymguly Hywada okan döwründe onuñ eserleri, esaslandyran nagyşbendiýe ugry bilen tanşan bolmaly. Bahaweddin Buhara sebitlerinde önüp-ösüpdir. Şahyryñ "Diwana geldi" goşgusynyñ ilkinji bendinde onuñ kimdigini, niredendigini, tutýan ýolunyñ nämedigini beýan edýär: Bir gije ýatyrdym, säher wagtynda, Bahaweddin atly diwana geldi. Asasyn süýreýip gelmiş Buhardan, Hak yşkyna mest-u mestana geldi. Soñra şahyryñ öñünde ahyrzamana gopan ýaly waka bolup geçýär. Diwanalar, derwüşler, porhanlar özboluşly mejlis halkasyny gurup, olar nagra dartyp, zikir çekip, uly goh-galmagal turuzýarlar, gollarynda şeraply käse, serden geçip, Hakyñ yşkynda däli-porhanlyga, setirlenmä ýüz urýarlar. Liriki gahrymanyñ düýşünde bolup geçen waka onuñ kalbynda alamat goýýar, ýagny Tañra bolan söýgini döredýär. Tañry gullugynda bolmak, oña ýakynlaşmak, ruhy taýdan birleşmek, Biribaryñ dergähinden özüne yş görkezmegi - onuñ syryna azda-kände düşünmek şahyryñ göwün matlaby. Ol bu barada, gör, nämeler diýýär: Köñül turar, "Hüw!" diýr suýy-asmana, El üzsem diýr, köwüş, muze, peşimden... Mansur belasyna bolsam giriftar, Giderem sen sary süýreýip hamym... Ne laýykly ýüzüm bardyr tutarga, Ne aýry gapym bar andan giterge, Umydym bar, goýmaý bela-beterge, Dergahyndan açsa der bizim sary. Magtymguly "Diwana geldi" eseriniñ üsti bilen hakyñ ýolundan çykyp, bet işlere baş goşýanlary ýagşylygyñ, ynsanperwerligiñ ýodasyna salmak isleýär. Şahyr bu pikirini özgelere ýüzlenip aýdanok, özüniñ dürs ýola düşendigini habar berýär: Magtymguly aýdar, Kurana uýdum, Gybaty taşladym, haramy goýdum, Sygryna bilmedim, syrymy diýdim, Saklana bilmedim, zybana geldi. Liriki gahryman öz hereketiniñ üsti bilen adamlary ýagşylyga ýaran bolmaga, ýamanlygy taşlamaga ündeýär. Şahyr "Bir nan getirdi" şygyr-düýşünde hem ýokarda aýdylan pikiri ösdürip, diwanalaryñ hereketlerini görüp, Haka bolan yşkynyñ artandygyny beýan edýär. Umuman, akyldaryñ maksady adamlary terbiýelemek, olaryñ jemgyýetdäki özara gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak hem sazlaşdyrmakdyr, ruhy ezýetden daşda durmakdyr. ■ Magtymgulynyñ düýşleri barada jemläp näme aýtsa bolar? Olarda beýan edilýän wakalaryñ hemmesini şahyr düýşünde görüp ýazypdyr diýen netijäni çykarmak bir taraply bolardy. Elbetde, şol şygyrlarda görkezilýän wakalar öñ alnan düşünjeler, maglumatlar bolup, şahyryñ olar hakdaky köp oýlanmalary, arzuw-hyýal ýüwürtmeleri, huşunda pikir eleginden geçirip ýörmegi düýşde aýanlyga eýe bolmagy mümkindir. Ikinji tarapdan, Magtymgulynyñ ony edebi-döredijilik usuly hökmünde ulanan bolmagy-da ähtimaldyr. Şol goşgulardaky wakalary düýş görnüşinde beýan etmek amatly usul hökmünde saýlanylyp alnandyr. Her halda şahyryñ goşga geçiren düýşleriniñ onuñ oý-pikirleriniñ netijesinde jemlenen ideýalarybyń teswirlemeleridigi şübhesizdir. Hanpolat NURPOLADOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |