16:28 Türkan Hatyn | |
TÜRKAN HATYN
Zenan şahsyýetler
• Soltan Mälikşanyñ aýaly Türkan Hatyn Türkan Hatyn (?-1094), Seljukly türkmen hökümdary Soltan Mälikşanyñ (1072 – 1092) aýalydyr. Gelip çykyşy boýunça Garahanly türkmenlerinden bolan Böri Teginiñ gyzy Türkan hatyn çendenaşa özüne göwni ýetýän buýsançly zenan bolupdyr. Ol öz aýdanyny gögertjek bolup, özünden bolan ogluny tagtda oturtmak üçin adamsy bilen baş wezir Nyzamulmülki tersleşdirmäge çenli het edip bilipdir. Çünki Nyzamulmülk beýleki şazada Berkýarygyñ tarapdarydy. Mälikşa Bagdada gidende Nyzamul Mülkem onuñ yzyndan gidipdir. Ýolda barýarka Nyzamulmülk batynylar tarapyndan öldürilýär (1092). Soltan Mälikşa Bagdatdaka Abbasy halyfy Muktedi bilen halyflyk tagtyna kimi oturtmalydygynyñ üstünde öz aralarynda düşünişmezlik döreýär we 1092-nji ýylyñ 19-njy noýabrynda soltan zäherlenip öldürilýär. Yzly-yzyna bolan bu ölümlerde dört ýaşyndaky ogly Mahmydy tagta geçirmek islän Türkan Hatynyñ eliniñ bardygy güman edilýär. Türkan Hatyn adamsy aradan çykandan alty gün geçenden soñra ogly Mahmydy soltan diýip yglan edýär we goşuna goşmaça pul paýlaýar. Şol bir wagtyñ özünde Nyzamulmülküñ tarapdarlary-da Berýarygy Reý şäherine gaçyryp, ony soltan diýip yglan edýärler. Türkan Hatyn Berýarygy ele salmak üçun Külbuga atly serkerdäni ugradýar. Bürüjirt diýen ýerde iki seljukly goşuny garpyşýar. Berkýaryk söweşden ýeñiji bolup çykýar. Ýeñlişe kaýyl bolmadyk Türkan Hatyn bu gezek Azerbaýjana häkim bellenen Ysmaýyl ibn Ýakudyny pitne turuzmaga gylawlandyrýar. Kereç diýen ýerde bolan söweşde ýene-de Berkýaryk ýeñiş gazanýar. Soltanlyga bolan yşkyndan el çekesi gelmeýän Türkan Hatyn iñ soñky gezek öz güýjüni Siriýanyñ häkimi Mälik Tutuşyñ üsti bilen synap görmekçi boldy. Mälik Tutuş Mälikşa aradan çykanda öz soltanlygyny yglan edipdi. Türkan Hatyn Tutuş bilen güýjüni birikdirip Berkýarygyñ üstüne çozmagy meýilleşdirenem bolsa, ýarawsyzlyk tapynyp, bu ýöriş amala aşyrylman galýar. Kän wagt geçmänem 1094-nji ýylda Yspyhanda aradan çykýar. Türkan Hatyny taryhçylar başgaça "Seljuklylaryñ Hürrem soltany" diýibem atlandyrýarlar. Bu at oña köşk intrigalaryna çakdanaşa köp goşulandygy üçin berilýär. • "Türkan" sözüniñ gelip çykyşy Köne türkmen dilindäki "Teñriken" sözi wagtyñ geçmegi bilen "Terken" (ýa-da "Türkan") sözüne öwrülip erkek tituly hökmünde ulanylypdyr. Soñra ol söz diñe zenan hökümdarlar üçin ulanylypdyr. Birwagtlar zenan hökümdarlar üçin ulanylan "Il bilge" tituly belli bir döwürden soñ ulanylmandyr we onuñ ýerine "Türkan" (aslynda bolmalysy "Terken") sözi ulanylyp başlanypdyr. Mahmyt Kaşgarly "Diwany Lugat-et Türk" eserinde "Terken" sözüni "Soltan", "Hakan" sözleri bilen manydaşdygyny ýazýar. Ýusup Balasagunly "Kutadgu Bilig" ("Bagt getirýän bilim") eserinde bu sözi "hökümdarlyk ygtyýarlygy" bilen baglanyşdyrýar. • Taryhdaky beýleki Türkan Hatynlar "Terken" titully zenanlar Seljuklylarda we Horezmşalarda köp bolupdyr. Olardan ýene-de iki sanysynyñ üstünde gysgaça durup geçeliñ. • Soltan Ilarslanyñ aýaly Türkan Hatyn Olaryñ iñ meşhurlaryndan biri-de, Horemşa Ilarslanyñ (1156 – 1172) aýaly Türkan Hatyndyr. Adamsy aradan çykansoñ öz ogly Soltanşany tagta oturdýar. Emma Ilarslanyñ beýleki ogly Tekeş şa garahytaýlylardan kömek sorap, oña garşy çykýar. Taraplaryñ arasyndaky dawalara nokat goýulanam bolsa, 1174-nji ýylda Tekeş öweý ejesini öldürtmegi makul hasaplaýar. • Soltan Tekeşiñ aýaly Türkan Hatyn Bu Tekeşiñ aýaly gypjaklardan (başga bir maglumata görä ýazyrlardan) bolan Türkan Hatyndyr. Atamälik Juweýni ony türkmenleriñ kañly taýpasyndan bolandygyny ýazýar. Jüzjany bolsa gypjaklardan bolandygyny we gypjak begi Akran hanyñ gyzydygyny aýdýar. Muhammet Nesewi onuñ türkmenleriñ baýat taýpasynyñ ýemek urugyndandygyny we Jeñkişi hanyñ gyzydygyny kitabynda ýazypdyr. (Seret: Muhammet Nesewi "Soltan Jelaleddin Meñburnynyñ ömür beýany", "Ruh" neşirýaty, Aşgabat-2001). Şeýle hem Nesewi onuñ "Jahan hudabendi" ("Jahanyñ eýesi") diýen lakamy göterendigini hem belläp geçýär. Sözi ýere gaçman ýerine ýetirilýän Türkan Hatyn ogly Alaeddin Muhammede hem aýdanyny etdirip bilipdir. Onuñ 7 sany kätibiniñ bolandygyny, möhüriniñ üstünde "Diniñ we dünýäniñ goragçysy", "Türkmenleriñ we ähli zenanlaryñ Melikesi" diýen ýazgylaryñ bolandygyny taryhy çeşmeler habar berýär. Ýaşy gartaşanam bolsa syrdamlygy we owadanlygy bilen haýrana goýupdyr. Türkan Hatyn iññän buýsançly we akylly aýal bolupdyr. Ol gelip gowşan arz-şikaýatlary irginsizlik bilen okap, tanyşyp, ikitaraplaýyn seretmäge, derñemäge we ezileniñ arkasyny alyp, günäkäre jeza bermäge ýaltanmandyr. Şol sanda ol diýseñ gazaply bolupdyr we jeza berende kelle kesdirmegi hiç zatça bilmändir. Türkmenler bilen mongol basybalyjylarynyñ arasynda bolan Otrar söweşinde mongollaryñ eline ýesir düşýär we Mongoliýa äkidilýär. Ol 1233-nji ýylda Mongoliýanyñ Garagurum şäherinde aradan çykýar. Türkan Hatynyñ ýesirlikdäki ykbaly diýseñ gözgyny geçýär. Ol öz agtygy Jelaleddine bolan ýigrenjinden ýaña Çingiz hanyñ elinde bendilikde ölenini gowy görüpdir. Hatda oña bir gezek agtasy Bedreddin Hilal ony halas edip, Jelaleddiniñ ýanyna äkitjekdigi barada aýdanda şeýle jogap berýär: "Güm bol, ony ýer ýuwtsun! Men indi gel-gel Aýjäjegiñ ogluna elgarma bolup, şondan aman sorap, mertebämi peselderinmi? Men Jelaleddiniñ bagyş etjek diriliginden, Çingiz hanyñ buýurjak ölümini eý görýärin". Elbetde, onuñam Jelaleddine bolan ýigrenji tagt üstündedi. Sebäbi ol Muhammet şanyñ beýleki aýalyndan bolan ogullary Ak şa bilen Ozlag şany mirasdüşer etmek isleýärdi. Şeýdibem, birwagtlar ýedi yklyma permany ýörän buýsançly zenan ite meñzeş mongol hanlarynyñ agyzlaryndan galan zatlary iýip-içip, bir döwüm çörege zar halda dünýäden ötmeli boldy. Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |