09:11 Türkmen alabaýlary hakda | |
TÜRKMEN ALABAÝLARY HAKDA
Haýwanat dünýäsi
Häzirki günde beýleki tohumlar bilen garyşman, özüniň iň gadymy görnüşiniň saklap galan itleriň ýeke-täk tohumy bar. Bu gaýduwsyz, wepaly, güýçli, ygtybarly, akylly türkmen alabaýydyr. ■ Itleriň ýaşaýyş-durmuş yzlary Türkmenistanyň iň gadymy mekanlarynda duş gelýär. Miladydan öňki VI müňýyllyk bilen senelenýän Jeýhun obasyndan itiň ystyhany tapyldy. Bu bolsa çaklamalara göra, şol döwürlerde Türkmenistanyň territoriýasynda itiň iri tohumyny ösdürüp ýetişdirendiklerini görkezýär. Alabaýyň gelip çykyşynyň gadymylygyny tassyklaýan has güýçli maglumatlaryň biri hem 2003-nji ýylda Ajyguýy medeni oturymynda (Marguş) tapylan iki sany iri tohum itiniň ystyhanydyr. Polşadaky radiokarbon barlaghanasynda geçirilen barlaglaryň esasynda, mazarlaryň miladydan öňki 2400-2200-nji ýyllar bilen senelenýändigini kesgitlenip, tapylan haýwanyň penjesinden gerşine çenli beýikligi 69 sm. (ham-et örtüginiň hasabyna 4 sm. goşulsa 73 sm. bolar). Türkmen alabaý tohumunyň ölçegine laýyklykda, alabaýyň penjesinden gerşine çenli beýikligi 60 santimetrdir. Diýmek, gadymy Marguşda tapylan iki itiň ystyhanlarynyň ölçegleri häzirki türkmen alabaýlarynyň ölçegine doly gabat gelýär. Arassa tohumdan bolan alabaýlaryň nesil berijiligi 2-3 güjük bolup, olar doglanda iriligi bilen tapawutlanmalydyr. Täze doglan güjükler hökman enesiniň owuz süýdünden doýmaly, ýogsa olar dürli kesellere durnuksyz, yssa çydamsyz bolýarlar. ■ Alabaýyň saýlanyp alnyşy: Ata-babalarymyz güjügi heniz süýtden aýrylmanka, öz enesine saýladar ekenler. Ýagny şol güjükleriň ilkinji doglan it ýatagyny berbat edip, olary maşgalasy bilen göçmäge mejbur edipdirler. Şol wagt ene it haýsy güjügine täze mekan tutan ýerine ilkinji alyp gitse, ana, şony hem özlerine köpek edinipdirler. Sebäbi enesi ilki bilen güjükleriň iň dogumlusyny, gaýratlysyny saýlap äkidýär. Alabaý iti saýlap seçmekde şu usulda giňden peýdalanypdyrlar. ■ Itiň gulagynyň, guýrugynyň kesilmegi: Güjük doglandan soň, birki gün geçirip gulagy-guýrugy kesilýär. Sebäbi: Bu itiň duşman bilen urşanda päsgel bermezligi, eşidişiniň ýokarlanmagy, duýgurlygynyň, syzgyrlygynyň artmagy üçin edilýär. Guýrugy kesilmedik it mydama ýalta bolýar. Sebäbi burnunuň üstüni öz guýrugy bilen ýapyp ýyladýar. Burny üşemese, itiň hiç zat bilen işi bolmaýar, diňe ýatyp geçirýär. Netijede, ejiz, duşmana gaýtawul berip bilmeýän it bolýar. ■ Seredilişi, iýmitlendirilişi: Ys alyş agzasynyň işini güýçlendirmek üçin, itleri agşam garaňky gatlyşanda, irden bolsa ala-daňdan ýallamak maslahat berilýär. Şol wagtlarda iýmitlendirilen ýagdaýynda itler garaňky jaýda golaýynda goýulan iýmiti görmezden, diňe ysyndan tanamaga mejbur bolýar. Şeýlelikde ys alşy güýçlenýär. Serdar SEÝIDOW, S.A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |