22:53 Tymsallar | |
TYMSALLAR
Hekaýalar
■ Düýäniň şahy Guba düýäniň häli-häzirem-ä görki-görnügi hiç neneň däldir-le welin, ýöne... Wah, sada-sähraýy bolsaň, şeýdäýmesi bar-da bularyň. Birmahallar düýäniň edil öz ýüňüniň reňkine kybapdaş, gyzgylt-goňur reňkli, özem şaha-şaha bolup duran owadan şahy bar eken. Ynanaňzokmy?! Gürrüňiň aslyna ýetmän beýdibermek bolmaz ahyryn. Entek yzyny diňläň. Düýe bilen sugun garyndaş bolmaly. Özem bu ikisi golaý aralykdaky ýaýlalarda otlap-suwlar ekeni. Sugunyň hemişe düýäň owadan şahyna gözi gider ekeni. Gözüň gitmez ýalymy? Gör-ä ony. Ine, onsoň günlerde bir gün sugun düýäniň şahyny diläpdir: - Düýe dost, ýekeje gün şähyňy dakynyp gezeýin-le. Menem ýeke gün beri owadan bolup göreýin. Gaýrat et. Özem ertir günortan suwa inýän wagtymyz getirip bereýin. Jan dost, bolýa diý. - Ýeri, bolýa-da, al... Ine, onsoň ertesi günortan suwa hemme kişi gelýär welin, sugun gelenok... Düýe garaşýar, garaşýar... Soň ol suw içmekçi bolup, boýnuny uzadýar welin, suwda şahsyz kellesini görüp birhili bolýar. Ol suw içmesini kesýär-de, ilki sagyna, soň soluna garaýar. Sugun gelenok... Onuň şol gidişi-gidişi bolýar. Düýäniň şahyny aldap alyp giden sugun indi juda uzak ülkelerde ýaşaýar. Düýe janawer welin nätsin. Şol garaşyp ýör, garaşyp ýör. Syn eden bolsaňyz bilýänsiňiz. Bilmeýän bolsaňyzam syn edip göräýiň. Düýe suwa gelende häli-häzirem ilkibada eňegini suwa basar-da, töweregine bir garar. Ol suwda öz keşbini görýär. Görse, kellesinde owadan şahy ýok-da. Ine, onsoň umytly gözlerini balkyldadyp, sugunyň ýoluna garar janawar. ■ Durnanyň nesibesi Totuguş, bilbil, turaç, torgaý, hüwi, garlawaç, durna, gotan, bezbeltek, bürgüt, çaýkel hem baýguş.... garaz, adyny tutan guşuň bolsa bir gezek bir lälezar ýere jem bolupdyr. Şonda guşlar bir-birini magtapdyr, emma olaryň içinde öz-özüni magtap başlany-da tapylaýmazmy. Ine, onsoň biri beýlekisinden kem galyp barýan ýaly guşlar öwünmäge başlapdyrlar. Tawus guş görküne guwandy, bilbil hoş owazyna, bürgüt gara güýjüne, hüwi jadyly gözüne... Öwünýän guşlaryň bolşuny synlap, dymyp oturan baýguş durnanyň sözlerine has hem haýran galdy. - Aýaklarym uzyn, ganatlarym uzyn. Ganatyndan boýnum uzyn. Dyrnaklarym, çüňküm uzyn. Göge galsam, göz ýetmez, özüm welin al asmandan ýerdäki garynjany görüp barýan. Maňa taý geljegiňiz ýok. Men göwnümiň islän ýerine uçup giderin, islän zadymy saýlap-seçip iýerin, Bagdada gidip-hurma iýerin, Horasana gidip-burma iýerin. Bilmeseňiz bilip goýuň, “burma” diýilýän bugdaýdyr. - Durna dost, seniň sözüň has çökder ýaly-la. Her kimiň öz nesip eden zady bolýandyr. Nesip etmedik zady alyp bolýan-a däldir - diýip, baýguş pähimdarlyk etdi. Onuň bu sözüne durnanyň gahary geldi. Şol pursat durna hatary göge galdy. Olar Bagdada hurma iýmäge gidýändigini aýdyp gykuwlaşyp gitdiler. ...Ýöne baýguşyň aýdany çyn bolup çykdy. Durnalar ganat kakyp Bagdada gelseler, hurma bireýýäm bişip, bazary sowlan eken. Şondan soň olar Horasana - burma iýmäge gaýdypdyrlar. Gelseler Horasanda galla möwsümi tamamlanyp, ýaňy ýaz başlanan eken. Ine, şondan bäri durnalar Bagdat bilen Horasan arada sergezdan. “Durna uly gepläp, hurmadanam galdy, burmadanam” diýilýän sözüň manysy şunda bolmaly. ■ Möjek bilen it Bir gezek gün ýaşan çagy möjek bilen it çöl-sahrada gabat gelşipdirler. Edil ur-tut harçaňlaşybermeli diýlen zat ýok, uruşdan ozal gep-gürrüň, abaý-syýasatam bardyr-a. - It aga, görgürligiň neneňdir? - diýip, möjek iti synap görmek üçin sowal beripdir. - “It gözi tütün bilmez” diýip eşitmänmidiň. Tüssäniň içinde-de aýna ýaly durudyr bu gözler. Gözümden nalasam-a ýalan sözledigim bolar, möjek han - diýip, it öwnüpdir. - Bä, şeýlemi?! - Howwa... - Hany, onuň ýaly bolsa aýt, ho-ol, dagyň başyndaky yşyk näme? - Şonam göreňokmy? Ot ýanyp dur ahyryn. - Oduň başynda kim bar? - Çopan tabagyny öňüne alyp otyr. - Çopanyň elindäki näme? - Çemçesi bar elinde. - Çemçesinde näme bar? - Naharyň bir owurt suwy bar-da. - Başga näme bar? - Başga hiç zadam ýok. - Oňatja seretsene... - Seretdim-how... - Wah, çopanam görenok-da... - Sen görýän bolsaň, aýt hany, näme bar? - Çemçesiniň ujunda gyl bar, çopan şony görenog-aý. Be-eý, it aga, seniňem görgürligiň ugry ýok eken-ä - diýip, möjek iti utandyrypdyr. ■ Husyt pyşdyl Gargyşa galanyň her hili külpet başyna geler ekeni. Pyşdyl, gör, nä güne düşüpdir. Güýe baýyňkydan ibaly däl. Bir gün pyşdyl zordan gününi görüp ýören goňşusy dul aýaldan bir çanak galla diläpdir. Ol aýalam dözmändir-de, bir uly çanagy dolduryp berip goýberipdir. Aradan kän wagt geçenden soň Pyşldylyň bergisi ýadyna düşüpdir. Şonda ol öz ýanyndan “Akly çaşan garry hatyn, nähili çanakda berendigini-de unudandyr. Oňa şu-da bor” diýip, pyşdyl kiçijik çanagy galladan dolduryp, goňşusynyň ýanyna barypdyr. Öz ýanyndan hondan bärisi bolubam: - Sen ýadyňdan çykaran bolsaňam, men unudamok. Birmahal bir çanak galla beripdiň. Şonyňy al, goňşy - diýipdir. Şonda ýazyksyz hatynyň oňa gahary gelip, gargapdyr: - Alyp giden çanagyň üstüňe, getireniňem astyňa gap bolsun. Bar, git. Ýok bol, gözüme görünme - diýip, ony kowup goýberipdir. Pyşdyl yzyna dolananda asty-üsti çanakly süýrenip gaýdypdyr. Onuň indi şol bolup ýörşi-dä. ■ Geçiguşy ahmal däl Geçiguşy beýleki guşlar ýaly däl oguşýan. Ol ýatan wagty diň arkan düşüp, aýaklaryny ýokaryk galdyryp ýatýan eken. Bir gezek goýunguşy ondan bu nä boluş diýip sorapdyr. Şonda ol: - Uklaňdan soň näme boljagyny bilip bolýarmy näme? Birden asman üstüme agaýmasyn, bilip bolmaz-how - diýip, ol çyny bilen jogap gaýtarypdyr. ■ Şagal bolsaň tanaýarlar Şagal her gezek adamlaryň üýşen ýerine baranda märekäniň hemmesi “Şagal-da, şagal” bolşupdyrlar. Ýalt-ýult edip, adamlara garap oýlanan şagal: - Bäý-bä, men bularyň hiçisinem tanamok welin, olaryň bary meni tanaýar-ow - diýip, haýran galypdyr. ■ Gulaty Gulaty diýen bir guş bardyr, eý-how, onuň ýaly öwünjeň, onuň ýaly ham-hyýaly görenem dälsiňiz, eşidenem. Onuň pişesi näme diýseňizläň. Ol agşamyna ýatmakçy bolanda mazaly magtanýar: “Ertire bir sag-aman çyksam bolýar-a. Etjegimi özüm bilýän. Ilki bilen-ä bir keýik bilen bir gulany awlaryn. Soňam ýolbarsy tutup bilsem, gözlerini çokjalap keýpden çykaryn”. Ynha-da onuň öz-özüne aýdýan sözleri. Şeýdip uklaýar ýaňky. Daň atýaram welin, töweregine göz aýlap, agşamky öz-özüne aýdan sözlerinden özi görkup, çar ýana garanjaklaýar. Soň uzakly gün selpeýär, iýere zat tapanok. Ahyrsoňy ikindinara bir at tezeginiň üstüne gelip gonýar. Dörjeläp-dörjeläp iki-ýeke bugdaýdyr arpa dänesini tapar. Şony ýuwdubam ýene garaňky düşen badyna göwün ýüwürtrmäge başlar: “Ertire bir sag-aman çyksam bolýar. Ýolbars awlaryn...”. ■ Baýguşuň jogaby Ýer ýüzündäki ähli janly-jandara hökmi ýörän Süleýman pygamber günlerde bir gün akla sygmajak işiň başyny tutmakçy bolupdyr. Oňa aýaly: “Ýerden diregsiz, gökden örksüz howada gaýyp ýören bir ajaýyp köşk edip beräýseň” diýipdir eken. Ol hem şu işi nädip bitirjegini bilmän kän oýlanypdyr. Ahyrsoňy-da guşlaryň ýeleginden gurup bolar diýen netijä gelip, ähli guşlaryň öz huzuryna gelmegini talap edipdir. Laçyn bu permany ýaýradypdyr welin, ilki bilen ýarganat gelipdir. Gele-gelmäne-de ýaranjaňlyk edip: “Men howlugýan” diýen bolup, perini sypyryp goýup gidipdir. Bu işiň soňunyň nähili boljagyna garamadyk ýalynjaň şeýdip ömürlik ganat-perinden jyda düşüpdir... Ýuwaş-ýuwaşdan ähli guşlar gelipdirler, maslahata jemlenipdirler. Emma nämüçindir Baýguş wagty bilen gelmändir. Ahyrsoňy yzyndan Laçyny iberip getirdipdirler. Guşlaryň içinde iň pähimdary bolansoň, Süleýman ony sylaýan eken. Şonuň üçin onuň bu eglenmesinde bir many bardygyny aňan Süleýman oňa sowal beripdir: - Ýeri, aýdyp otur, akyldar guşum. Näme eglendiň? Ýa biziň sözümizi äsgermejek bolduňmy?! - Ýok, pirim. Äsgermezlik edemok. Ýöne men bu habara ynanmadym. Süleýman onuň ýaly iş etjek bolýan däldir, biderek gürrüňdir öýtdüm. - Biderek gürrüň däldigine indi göz ýetirdiň dälmi? - Göz ýetirdim welin, men seniň etmek bolýan işiňe düşünemok - diýip, Baýguş gözlerini tegeledi. Süleýmanyň onuň bolşuna gahary geljek boldy: - Seniň nämä düşünip, nämä-de düşünmeýändigiňi bilmek kyn däl. Sowalym bar, oýlan-da jogabyny ber. Hoşmy? - Hoş. Beriň, sowalyňyz bar bolsa. - Hany sen aýt, dünýäde abat köpmi, bibat? - Bibat köpdür, pirim. - Bibadyň köpdügini nädip bilýäň? - Ozal bibatlar-a bir bibat, abatlaram bibat bolar. Şonuň üçin bibat köpdür, pirim. - Onda sen aýt, dünýäde aýal köpmi, erkek? -Aýal köpdür, pirim. - O nähili beýle bolýar? - Bar bolan aýallar-a bir aýal, üstesine aýalynyň gepine gidip ýören ärsumaklaram aýaldyr.... Süleýman bu jaýdar jogapdan soň, Baýguşyň pähimdarlygyna ýene bir gezek çuň sarpa goýýandygyny bildiripdir hemem başyny tutmakçy bolýan işinden ýüz dönderipdir. ■ Serçe bilen garlawaç Serçäniň ýörejek bolşuna syn eden-ä dälsiňiz? Duşaklanan ýaly jomp-jomp edip böküp ýörendir. “Howwa” bolsa onuňam öz sebäbi bar. Bir gezek zalymlaryň leşgeri demi güllere dil bitirýän ýagşyzadany tutupdyrlar-da, horlap başlapdyrlar. Serçe bilen Garlawajam bu ahwalaty synlap duran ekeni. Ine, onsoň ýezitler odun ýygyp, ýaňky perişde ýaly adamyň daşyna gallapdyrlar-da çar tarapyndan ot berip goýberipdirler. Kim güýçli bolsa derrew şonuň tarapyna geçmegi endik edinen Serçe tutaşyp başlan oduň üstüne çüňki bilen odun-çöp daşap başlapdyr. Garlawaç janawerem ýetişibildiginden agzynda suw daşap oduň üstüne sepipdir. Olaryň bolşuna haýran galyp syn edip duran ýagşyzada ýylgyrypdyr-da şeýle diýipdir: - Seniň oduň bilen-ä men ýanmaryn, Serçejik. Seniň suwuň bilenem men sönmerin, Garlawaç. Hany, ikiňizem indi bu pişäňizi bes ediň. Kimdigiňizi bildim. Mundan buýana seniň-ä aýagyň duşalgy bolsun, towsakla-da ýör, Serçejik. Seniňem jaýyň adamzadyn öýünde, adamyň depesinde boldun, Garlawajym. Şeýle diýipdir-de, ýagşyzada ak tütüne öwrülip, asmana gaýyp bolup gidipdir. ■ Alahekek Adamy ýamanlap, içigaraçylyk edip baýnamajakdygyň belli ahyryn. Alahekhekem birmahal bijaý owadan, saýrak dilli guş ekeni. Emma ol ýamanlyk edeni üçin gargyşa galanmyşyn. Bir gezek ýagşyzadalaryň biriniň yzyndan ýagy kowupdyr. Gür gara bagyň ortasyndaky ýogyn çynaryň ýanyna gelip ýeten ýagşyzada: “Ýaryl, çynarym, ýaryl!” diýipdir. Çynar ýarylypdyr. Ol agajyň içine giripdir-de: “Ýapyl, çynarym, ýapyl” diýipdirem welin, çynar ýapylypdyr. Ýüpek ýaly ganat-perini ýalpyldadyp, saýrap duran alahekhek ýagşyzadanyň donunyň synynyň ujunyň agaçdan azajyk çykyp durandygyny görüpdir. Oňa çenli bolsa ýaraglaryny şakyrdadyp kowguçylar gelipdir. “Ýere girdimi? Asmana uçdumy? Nirä gaýyp boldy?!” diýip, olar agajyň töwereginde çarp urupdyrlar. Şo barmana alahekhek oturan şahasyndan aşak inipdir-de, ýogyn agajaň synasyndan çykyp duran bölejik matany çekeläp başlapdyr. Bu onuň: “Ynha siziň gözleýän adamyňyz” diýdigidi. Şonda hoş owazly sesi üýtgäp, “jakyp-jakyr, jakyr-jakyr” bolup ýakymsyzlanypdyr. Sülgüniňkä berimsiz owadan elwan keşbi-de alabeder bolupdyr. Duşmanlar agajy gap bilinden kesipdirler. Byçgynyň zaryn owazy şondanmyşyn. Ýagşyzada alahekhege “Iýeniň haram bolsun. Agzyňdan-burnuňdan gelsin” diýip gargapdyr. Şeýdip alahekhek hapa-hupa zatlary iýip, töweregi arassalap ýören tüýsi bozuk, ýöne her näme-de bolsa peýdaly guşa öwrülipdir. ■ Geçi bilen goýun Saryja tomsuň jokrama yssysyna çydar ýalymy? Ine, Goýun janawer kellesini kölegä sokup, çybyn-çirkeýden goranyp zordan bir mydar edip dur. Geçi welin beýle däl. Gudurap, bir ýerde durup karar tapanok. Ol tümmek kesegiň üstüne çykypdyr-da, gum-kesek sowurýar. Toýnagy dagam pyçak ýaly ahyryn... Üstüne kesek gaçyp, gum dökülip duransoň, Goýun ahyr dillenmeli boldy: - Kim-aýt, bu dynç durup bilmeýän?! - Men! Men! Geçi agaňdyryn! - diýip, ol almaz ýaly syňragyny ýene kesege çarhlap başlady... Pasyl eglenýärmi näme? Kanagatly bolsaň bolany... Ynha, ýene garalyp gyş geldi. Güpläp gar düşdi. Agyr süri agylda ümsüm ýatyr welin... Ýene ýaňky goýnuň gapdalynda bir hysyrdy peýda boldy. - Kim-aýt, bi, gapdalyma sokulyp gelýän?! Üşek zaňňaryň bu gezekki tapan sözüne bak: - Kimdir öýdýäň, goýun dost...Geçi pahyrdyr-da. Wah... Ah, wah... ■ Pişik syçany synaýar Bir gezek pişik jaýyň burçundaky deşikden çala kellesini görkezip, gözlerini ýyldyrdadyp duran syçana ýüzlenipdir: - Syçan dost, bilýäňmi näme? - Hä, näme? - Eger sen şol deşikden çykyp, ine, şu deşige girseň, saňa ýüz tümen para bereýin. - Ýüz tümen! - Hawa, ýüz tümen. Aralygam ýakynja. Ynha, seret. - Ara ýakyn-la, ony bilýän, ýöne para daş - diýip, mekir syçan jogap beripdir. ■ Tilki bilen Durna Elbetde, boljagydyr-da, bir gezek Tilki bilen Durna uçraşyp, ikisiniň sözi alşyp ötägidipdir. Tilki-dä, onda gep köp, hile köp: - Durna jan, dost bolduk, hemdem bolduk. Oňňut etmegem aňsat däl. Gowusy, bileje ýaşabereli. Çagalaryňy getir meniňkileriň arasyna. Dogan ýaly bolsun ýörsünler... Durna onuň sözlerine ynanypdyr. Ynha, indi iki maşgala bir ýatak-jaý. Ine, onsoň irden her kim öz yrsgyny gözlemäge çykdy. Tilki daga-düze tutdurdy, Durna al-asmana göterildi. Sähel salymdan soň surnugan Tilki Durnanyň uzak menzillere aşandygyna mazaly göz ýetirip, ýataga gaýtdy-da geläýdi. Gele-gelmäne-de Durnanyň çagajyklarynyň birini lak-luk ataýdy. Ine, indem Durnanyň geljek ýolunyň ugrunda ýüzüni sallan bolup otyr zaňňar. Tilkini görüp şaglap inen Durna onuň bolup oturyşyny geňledi: - Ýeri, Tilki dost, eýgilikmidir?! - Neme-le, Durna jan. Meňki diýsem-ä birhili, seňki diýsemem birhili. Çagalaryň näme, hemmejesem özümiziňki... Şeýle dälmi näme? - Ýeri näme bolupdyr, aýtsana?! - Wah, şu boýny uzynjalarymyzyň biri ýok-da - diýip, Tilki şumjarypdyr. ■ Tilki bilen Şagal Gep bilen duzlamaly bolsa iki paý berlen ýaly bolup ýören Tilki bu gezek Şagaldan utulaýdy. Ol gyssanyp barýan şagaly saklady-da, gepe güýmejek boldy: - Şagal şepe, nirä haýdap barýaň-ow? - Bazara barýan. Hä, näme boldy?! - Aý, hiç, ýöne seň ýalakyň bazarda nä köri bar? - Aýlanar göreris, belki, alarys-satarys. Ýör senem gitseň, Tilki dost - diýip, Şagal oňa sypaýçylyk etdi. Tilki welin tumşugyny asmana dikdi-de, ýene uly gepledi: - Aklyň kem-ow seniň, Şagal jan. Bazara sen git. “Tilkiniň müň bir sapalagy bar, şonuň içinde iň gowusy görünmezlik” diýip eşitmänmidiň. - Eşidipdim, eşidipdim. - Eşiden bolsaň näme beý diýýäň? - Onyň dogry, Tilki dost, ýöne bilip goý, özüň Tilki bolsaň, bazara özüňden öň deriň barar. ■ Tilki bilen awçy Awçyny kän heläk eden tilki ahyrym bir gün gapana düşäýdi. Sypmajagyna gözi ýeten Tilki ölümiň öň ýanynda ýene bir gezek Awçyny awundyrmagy ýüregine düwdi-de ýatyberdi. Elbetde, eşitjegidir-dä. Awçynyň özi şu gepiň üstünden baraýdy. Tilkiniň hamyny soýup-soýup burnuna ýetende, Awçy oňa aýnan bolup gep oklady: - Ýeri-how, Tilki dost, halyň niçik? Tilki zaňňar Awçynyň alaçsyz giýewisiniň öýünde ýaşap ýörmeli bolandygyny bilýän eken. Şonuň üçinem çemi gelendigini çaklan Tilki ony ýylan dili bilen çakdy goýberdi: - Aý, näme...Giýewisiniň öýünde ýaşap ýöreniňkiden-ä gowy... ■ Güýäniň günäsi Ýüňüň ganymy güýäniň nägüne düşendiginden habaryňyz barmydyr?! Bilmeýän bolsaňyz aýdyp bereýin. Aslynda güýe maly dünýä sygmaýan bir baý adam eken. Ýöne maly özüne nesip etmedik juda husyt bolupdyr. Şu gysyklygy sebäpli onuň düşen gününe bakyň. Bir gezek Güýe baý çöl içindäki sürülerini güýz gyrkymyna orta guýynyň töweregine jemläpdir. Çöldäki guýynyň düşelgesi dowar ýüňünden münder-dünder, hol-ha, bulut çöken ýaly bolup dur. Husyt baý gyrkymçy çopan-çolugyna-da, öz-özüne-de gysganyp, gazanyň gulagyny gyzdyrmandyr. “Bulary, heý, doýrup bormy?! Näçe berseň iýer oturar. Iş etmez, gaýtam ýaltalygy tutar bularyň”. Şeýdip içini hümledip, gydyrdanyp ýören baý hol uzakdan bir atlynyň bärik gönüläp gelýänini göräýmezmi. “Ýeri, munuňky nä görgi diýsene. Birden atly-abraýly adam bolup, özem myhman al diýäýse...” Ýüregine howsala düşen Güýe baý ylgap üýşmek ýüňüň içinde gizlenipdir. “Meni sorasa ýok diýiň” diýip, gyrkymçylaryna berk tabşyrypdyr. Gelen myhmana talabanlar hojaýynyň ýokdugyny aýdypdyrlar. Ýalan sözlemeli bolanyna kän gynanan garyp bendeler soňky bolan işe haýran galypdyrlar. Baýy ýüňüň içinden gözläp tapyp bilmändirler. Gysyk baý ýüňi kertip ýören kiçijik bir jandara öwrülen eken. Şeýdip myhmany güler ýüz bilen garşylap bilmedik husyt Güýe baý - güýe bolup galyberipdir. ■ At haçan garraýar? Ozallar bedew atly ýigitler kowsa ýeter, gaçsa, gümansyz, gutular ekeni. Şonuň üçin surat ýaly owadan atlaryny ýigitler janyndan eziz görüp saklapdyrlar. Uzak menzilleri aşmaly bolanda eýesi hozuň maňzy garylan, nohutly kişmişiň üstüne ýumurtga çakyp, togalak-togalak ýumurtga ýasar ekeni. Onsoň ýolda gidip barýarka, eýesi atynyň boýnuna kakar welin, at gaňrylyp, onuň elindäki noguly gapar. Şeýdip uzak ýörişlerde at ýadaman, ýol külterläp gider otyr, gider otyr. Bir gezek Görogly beg sorady: - O-how, Gyr atym, hany aýt bakaly, sen haçan garrarsyň? Gyr at şonda şeýle jogap beripdir: - Meniň haçan garrajagymy torba biler. ■ At bilen Itiň söhbeti At bir gezek Itiň göwnüne degipdir. “Sen aç-hor bolsaň, gapy-gapy aýlanyp, seňkildäp ýörsüň. Şonuň üçin adamlar “It arrygy bolma, at arrygy bol” diýýärler. At aç-hor bolsa-da, öz eýesiniň gapysynda durýar. Muny adamlar şonuň üçin aýdýarlar. Bildiňmi!” Bu ýakymsyz söz itiň içinden ok bolup geçipdir. Şonda-da ol mertlige salypdyr-da, ata şeýle jogap gaýtarypdyr: “Seniň ol aýdýanyň jany bar, at aga. Ýöne sen ýene-de bir zady bilip goý. Sen ikiýüzli. Seni satsalar, sowgat etseler ýa-da ogurlap alyp gitseler, tapawudy ýok, garaz, üstüňe kim münse, sen şonuňky bolaýýaň. Men lebzi bütin. Şonuň üçin maňa adamlar “It - wepa” diýýändirler”. ■ Zoruň zory kim? Haýwanlaryň käte üýşüp öz aralarynda jedel edäýmesem bardyr. Jedele gyzsa olaram adamdan bäş beter bolýan ekeni. Ine, düýe, pil, at, öküz, it dagy bir açyk meýdana çykypdyr-da, öz aralarynda uly goh. “Kim zor-da, kim zor!” - O-how, iner iner bor-da. Men barkam başga zory gözläp nätjek - diýip, höwür erkek esredi. - “Düýeden uly pil bar” diýip eşitmänmidiň - diýägetdin, pil onuň badyny aldy-da, burnuny asman-pelege tutup nagra tartdy. Soň öküz ýeňsesini tüňňertdi: “Giden meýdany azal bilen çöwrüp taşlaýan. Men zor!” Item kem galyp barýana döndi: “Uzakly gije ýatman üýrüp, howp-hatardan heder etmän, sakçylyk edýän. Men zor!” Hälden bäri dymyp duran at bularyň sözüni jemledi. Köplenç iň soňundan degerli sözi kim aýtsa, şonuňky hem dogry hasaplanylaýýar. Ine, bu gezegem şeýle boldy-da. - Men size bir zat aýdaýyn, eger dogry bolsa hemmäňiz dogry diýip jogap beriň - diýip, at öz şertini olaryň boýnuna goýdy. “Bolýa-da bolýa” diýşensoňlar at aýtdy: - Köçeden bir süri düýe geçsin, pil geçsin, öküz ýa-da it geçsin, tapawudy ýok, ony hiç kim aňşyrmaz. Ýöne atyň welin, ýeke özüniň toýnagynyň sesi bir menzilden eşdiler. “At gelýär” diýeniňi duýman galýansyň. Dogrumy, şu aýdýanym?! Olar dogry zada dogry diýmeli boldular. “Dogry! Dogry!” - Dogry bolsa, zoruň zory atdyr! - diýip, bedew ýalyny silkip kişňedi. ■ Ýolbarsy ynjydan söz Bir gezek adam bilen ýolbars dostlaşypdyr. Mertlik merdanalyk olary ysnyşdyran ekeni. Emma “Dagy-daşy ýel bozar, adam arasyny söz” diýleni-dä. Bir gep aýtjak bolsaň öňünden mazaly oýlanmaly ahyryn. Adam öz diliniň eýesi däl ýaly. Bir gezek ol aw-şikardan geýdyp gelse, ýolbars gowagyň agzynda et iýip ýatan eken. Şonda adam ony synlap durka bir ýakmaz sözi dilinden sypdyrypdyr. - Be, ýolbars dost, senem edil it ýaly süňki iki aýagyň arasyna salyp iýýän ekeniň-ow - diýipdir. Söz awusy baryp ýolbarsyň ýüregine sanjylypdyr. Gahary gelip, iýip oturan aşy bokurdagyna tegek bolupdyr. Her zadam bolsa, dostlugyň hatyrasyna ol zordan gaharyny ýuwdupdyr, öldürmekdenem saklanypdyr. Soň ol adama aýdypdyr: - Gylyjyňy syr-da, sal gerşimden. Tiz bol, bolmasa paralaryn... Adam nätjegini bilmän, aýdylana boýun bolupdyr. Gylyç salyp, ýolbarsy ýaralapdyr. Ýolbars aýdypdyr: - Bar git. Ýene on bäş-ýigrimi günden gel - diýipdir. Adam gelýänçä, ol ýarasyny ýalap guradyp, garaz biter ýaly edipdir. Aýdylan güni adam gelýär welin, ýolbars oňa gylyç ýarasyny görkezýär. Görse tyg yzy çala birdirip dur. Bitipdir. - Gördüňmi... Tyg ýarasy biter, til ýarasy bitmez. Bar indi meniň gözüme görünme, çygrymda gabat geläýseň tikelärin. Şu sözem menden saňa nesihat bolup galsyn - diýip, ýolbars görgüli adamdan gaty ynjany üçin, ony kowup goýberipdir. ■ Alagarga oka gelmez Guşlaryň içinde ýeseri alagargadyr. Etjegini edip, içiňi ýakyp, gaçyp gitmesi bardyr. Ol kän atyma-da gelenok. Niýetiň düzüw däldigini bilýän ýalydyr. Şu guşuň ýagdaýy şeýle-dä. Bir gezek alagarga jüýjesine öwüt beripdir: - Hemişe ýadyňda bolsun, eger adam seniň deňäňe ýetip aşak egilse, derrew uçgunyň. Daş alyp urjak bolýandyr, seresaply bolgun, bolýarmy?! Çagasy şonda enesiniň gözüne köpbilmişlik bilen garap şeýle diýipdir. - Sen egilse, uçgun diýýärsiň welin, munyň birhili bolýar-a! - O nähili birhili bolýarmyşyn? - Egilmese uçmaly dälmi? Eger ozal elinde daş bar bolsa nätmeli?! - Bä-ä-ä... Saňa öwredip oturasy iş ýok eken-ow... - diýip, enesi geň galypdyr. “Ala garga oka gelmez, Çopan adam çoha bolmaz” diýilýändigi ýöne ýerden däldir görseň. ■ Ýolbarsyň asly Dagda-düzde, çöl-beýewanda birden ýolbarsa pete-pet gabat geläýseň, sypara-da ýeriň bolmasa “ýolbarsym sen, şirim sen, pirim sen! Ýalňyzym sen, ýekäm sen” diýip ýalbaryberseň (gepläre ýagdaýyň bolsa, diliň öwrülse elbetde...) degmez. Asly asylzadadyr, ynsanyň ümüne düşüp durandyr. Arlap eselmez-de peseler, mertdir, merdanadyr. Ýol berer, gorkman deňesinden geçip gidibermelidir - diýip, garrylar gürrüň berýärler. Şu gürrüňiň ýönelige aýdylmaýandygyny aňdym-da, sorag-ideg etdim. Ahyrsoňy-da üstünden bardym. Il arasynda ýolbarsyň döreýşi hakynda şeýle hekaýat bar ekeni... Ir zamanlarda bir edermen ýigit öz gujur-gaýratyna, gara zähmetine bil baglap, az-owlak mal edinipdir. Şeýdip ol uzagyndan mally-hally, tükenmez döwletli adama öwrülipdir. Bu döwletment adamyň ýekeje ogly bar ekeni. Şonda-da ol ogluny läliksiretmändir, gaýtam ýaşlygyndan işe werziş bolsun diýip, çopan-çoluklary bilen deň tutar ýörer ekeni. Oduna gitmeli bolsa-da, goýuna gitmeli bolsa-da eňibermelidir... Ine, şeýle ýörelgeden ýöräp, gowy görüm-görelde alan oglan ýigit çykypdyr... ...Bir gezek ýaňky baý adamyň çopanlarynyň biri sürüden dünde-günaşa diýen ýaly bir dowaryň gürüm-jürüm bolýandygyny aňypdyr. Her näçe sak durýandyryn öýtse-de bolanok, bir goýun kem gelip dur diýýä, tükelläp görse... Ol aňyrsoňy bu syryň üstüni açypdyr. Gözi bilen görsün, ynansyn diýip, ertesi agşam hojaýyn bilen bile garawulçylyk çekipdir. Ine, onsoň bu gije hem öten agşamky ýaly waka gaýtalanypdyr... Gije ýarymdan agandan soň çopanyň gündizki görkezen ýeňsesi tüňňi, tüýsi bozuk mor goýny ýerinden turdy. Ýaşyl gözlerini gijelikde ýaldyradyp gelýän daýaw mor parahat ýatan goýunlaryň biriniň kellesinden basyp, çekeläp iýmäge başlapdyr. Ýaňky ejiz goýny galdyrman iýen mor goýun hiç zat bolmadyk ýaly onuň ýatan ýerine özi çöküp ýatyberipdir. Bu ahwaly gözi bilen gören baý ertesi daň bilen şol mor goýny şakgalamagy buýrupdyr. Özem onuň derisini bütin çykardyp, etini içine salypdyr-da bogdaklap, içege bilen bogupdyr. Şonlugyna-da ýanyp duran tamdyryň içine taşlapdyr. Soňam garry çopany öz ýanyna - düýpgoşa göçürip gaýdypdyr. ...Közüň üstüne düşen içi etli deriniň daşy koka bolup, içindäki-de byžgyryp bişipdir... Baýyň ogly ýadaw halda özüni bu ýere atypdyr, görse goşda hiç kim ýok... Bir ýerden bişen etiň ysy gelýär... Tamdyryň başyna baryp içine seretse, taýýar şamlyk bar. Ol gümansyz muny özi üçin goýlandyr öýdýär-de, öňüne alýar... Nahardan mazaly doýandan soň ýaňky ýigit bir erbet tisginýär-de, täsin jandara öwrülýär oturyberýär. ... Soň ol başga alajyny tapman düýpgoşa gelýär... Ol ýerdäkiler bu gelen enaýy jandary görüp geň galýarlar... Boýny tüýli, bilekleri ýogyn, guýrugyny tarpyldadyp ýatyr... “Git, janawer, git! Ýit! Jit!” diýip kowjak bolýarlar. Gidenok... Ertesi baý uzak örä giden oglunyň bu çak bolup gelmeýşini geňläp, uludan dem alýar-da “Ýolbars, gelmediň-ow!” diýýär welin, ýaňky, hol gyrada bagryny ýere berip ýatan mähnet jandar ýerinden turýar-da gaýdyberýär. Gelibem kellesini onuň aýaklaryna sürtüp başlaýar, gözlerindenem ýaş syrygyp dur. Bu hikmete ýüregi jigläp giden baý onuň gözlerine siňe seredýär welin, görse öz perzendiniň gözleri. Adamyň gözi üýtgemez ekeni. “Ýolbarsym-ow...” diýip, eňräberýär görgüli... Şeýdip bu janawer ene-atasynyň ýanynda, yzlaryna düşüp geziberýär. Oglanyň Ýolbars ady-da oňa geçýär... Ýolbarsyň soňa-baka içi gysýar, çöli lerzana getirip arlaýar... Ene-ata kysmata kaýyl bolup, ony ýola salýar: “Git, oglum. Ýolbars bolup ýaşa, biz senden razy, senem bizden razy bol”. Ýolbarsly wakanyň gürrüňi hemme ýere ýaýraýar. Goňşy oýdan bu ýigide gaýybana aşyk bolup ýören bir gyz bar eken... Basym adamlar Ýolbarsyň ýanynda ýoldaşynyň peýda bolandygyny görüpdirler. Şir şol gyzmyşyn... Maksatlaryndan dänmeýänlere, towekgel batyrlara “şir ýürek” diýilýändigi şondadyr. “Adamyň ýamany kör bolar, malyň ýamany - mor” diýilýän atalar sözüniň aňyrsynda-da meger şu hekaýat ýatandyr. ■ Balyk nämüçin dymýar? Balygyň näme üçin dymýp ýörendigini bilýäňizmi? Eger bilmeýän bolsaňyz çen-çak bilen birzatlar diýjek bolup azara galyp oturmaň-da, “Bilemok” diýäýiň. Ýeri bolýa, diňläň, onam gürrüň bereýin. Bir gezek boz keýik gelipdir bökjekläp balygyň ýanyna. Gele-gelmäne-de şatlygyny aýan eýläpdir: - Balyk dost, aý-how balyk dost! Ikimiziň bagtymyz geldi halypa... - Hany, aýt bakaly. Eşideli... Uçganaklap, jüp-jüp bökýän keýik sözüni dowam etdiripdir: - Ýaňy paýlanyşyk boldy, paýlanyşyk... - Ýeri onsoň?! - Biler bolsaň halypa, deňiz-derýanyň, kölüň-ummanyň iň çuň gatlagyny, garaz, suwuň düýbüni saňa berdiler, ýyndamlygam maňa berdiler. Indi ikimiziňki hezil. Bizi tutup biljek ýok. Bu habary eşidip çuňňur oýa batan akylly balyk ýene bir sowal berdi: - Keýik dost, sen aýt! Emeli kime berdiler? - Emeli?... Emeli adama berdiler... - Emeli adama beren bolsalar, beýdip şatlanyp ýörme... Ol emelini tapar... Derýada meni goýmaz, çölde-de seni. Balyk şeýle diýipdir-de, suwa çümüp gidipdir. Keýigem galypdyr aňkarylyp. Balygyň aýdan iň soňky sözi şol bolupdyr. Ol şondan bäri dymyp ýör. ■ Kim näme diýipdir?! Sen bu goja türkmeni ýöne görmegin. Ol otuň-çöpüň, janly-jandaryň, asyl-ha, barynyň diline düşüp durandyr. Kimiň näme diýenini biljek bolsaň, onuň şu aşakdaky söhbetine gulak salaý. * * * Goýun janaweriň aýdanlaryna bir gulak goý, haýran galarsyň. Onuň aýdanlarynyň yrýasy ýokdur. Ol eýesine: “Etiňi iýmän, etimi iýdirmerin” diýipdir. Özem: “Garnym ýarym, ýerim ýyly bolsun! Artyk zadym bolmaz: ýüňüm ýorgan, süýdüm sargan, bir artyk zadym - ýel, o-da eýämiň sakgalyny ýelejireder” diýip ýörendir. Guzusy aýdypdyr: “Garnymy doýur, gara sok”. Owlak üşek-dä: “Garnymy doýur, gora sok” diýipdir. Ýaz girip, gyrtyçlar dürterende, otlap ýören goýun sürüsini görüp, heý, agyzlaryna bir zat ilýärmikä diýip geňirgenmäň. Goýun: “Kirpigimçe bolsa, alaryn” diýipdir ahyryn. * * * Eşek: “Men ýyksam, toýnagymdan gaty ýere ýykaryn” diýermiş. Düýe janawer welin: “Men ýyksam, dabanymdan ýumşak ýere ýykaryn” diýermişin. * * * At janawer: “Diş dişe degenden, diş daşa degsin” diýermiş. * * * It aýdarmyşyn: “Eýämiň ýedi ogly bolsun, hersi bir süňk oklasa, garnym doýar”. Pişik aýdarmyşyn: “Eýämiň ýedi gyzy bolsun, hemmesiniňem gözi kör bolsun, eýläk geçip biriniň kökejigini alyp gaçaryn, beýläk geçip ýene biriniň kökejigini alyp gaçaryn, garnymy doýraryn”. * * * Torgaý guşlar aýdarmyşlar: “Meniň adym molla torgaý, Birje çümmük etim bolgaý, Meniň etim iýen adam, Ýedi gapa ýesir bolgaý”. * * * Bedenäniň näme üçin öz-özüni horlap, şol bir sözleri gaýtalap ýörendigini bilýäňizmi? Wah, siz onuň näme diýýändigine düşüneňizok ahyryn. Ol guşa öwrülmänkä eden işine ökünýär: Bedene aýdar: “Byt-bydyk”, Çagasy aýdar: “Nä kyldyk?” “Ýetim hakyn köp iýdik...” “Byt-bydyk-da, byt-bydyk”, “Byt-bydyk-da, byt-bydyk”. * * * Mugthor garganyň gyşyň garly günleri nämäni arzuw edýändigini bir eşiden bolsadyňyz. Ol näme diýýär diýseňizläň: Agşamyna aýaz bolgaý, Ertirine bulut bolgaý, Hor-hommugam ölgeý - Men üstünde çommalgaý. Ine, onuň aýdýan zady şu-da. * * * Ota-çöpe dil bitende has hem gyzykly bolýar. Olaryň bolşuny synlap, söhbetine ten berip otursaň, maňza batnykly many okap bolýar. Ynanmasaňyz, men olaryň käbirini aýdyp beräýerin. Bir gezek bugdaý daýhana şeýle diýdi: “Sen meni palçyga garsaň (ekseň, suwarsaň), men seni gylçyga gararyn (hasyl eçilerin)”. * * * Daýhana güzap baryny berip ýören çaýyr näme diýýärmişin-ä: - Kyrk ýyllap guşuň höwürtgesinde ýatsamam, çyg ýere düşdügim gögererin. Gör, ol netikazanyň aýdýan sözüni. * * * Sersepil diýen bir dermanlyk ot bar. Aňsat-aňsat tapdyraýanok. Şol ot aýdarmyşyn: Sersepil-ä, sersepil, Boldum yzyňda ýesir, Gökden buýruk bolmasa - Ýerdäkiňe men kepil. * * * Üsbend-ä bilýänsiňiz. Oňa ýüzärligem diýýärler. Onuňam özüne göwni ýetýän ekeni. Ol öz-özüne şeýle diýýär: Üsbent - müň bir derde bent. * * * Bäbek aglanda aýdarmyş: “Atamyň döwletini tükedýäň”. Bäbek diňende aýdýarmyş: “Gundagymy näçe çekip dolasaňyz, dünýäm şonça giňdir”. Agzy aşa ýeten çaga aýdarmyş: “Enem-atam bolsa bolsun, agzy-burny bolmasyn”. Çaga: “Alty aýlab-a han bolup gördük” diýermişin. * * * Bir bitiň bar ýerinde müň bit bar diý-de biläý. Sebäbi bit ýaly bikarar, gorsaw zat ýokdur. Aýagy agsak, zordan süýrenip ýören bit şeýle diýermişin: “Bi gije-hä ýol geçip bilmedim-ow, bary-ýogy ýedi ýorgana girip-çykdym”. * * * Tikeniň aýdanyna ynanmasaň boljak däl. Ol näme diýipdir diýsene. Ol aýdypdyr: “Gijesine meni teninden çykarjak bolup azara galýan akmakdyr. Gije men gelin bolýan, gizlenýän”. Onuň aýdýany dogrudyr görseň. Gijesine tiken çykaranyň ýadyňa düşmez, ýöne çykarjak bolup azara galanyň weli ýadyňdadyr. * * * Agaçlar bir gezek jedel etdiler. “Kim uzyn?” Şatut aýtdy: - Men uzyn. Tal-söwüt aýtdy: - Men uzyn. Erik aýtdy: - Men uzyn! Derek aýtdy: - Men uzyn! Ahyrsoňy derege aýtdylar: “Sen uzyn. Senden uzynymyz ýok”. Şonda gollaryny ýaýyp ümsüm ýatan üzüm ýylgyrdy. Soňam derege garap şeýle diýdi: - Seniň aýagyňa murtumy bir ildirip bilsem, çür depäňe çykyp, öwrüm edip ýene aşak düşerin... Onuň diýenine ýok diýen tapylmady. Tapylmazam. * * * Gumry janawerden: - Sen näme üç agajy çatyp höwürtge ýasanyp oňaýýaň? - diýip sorapdyrlar. Şonda ol: - Bu ýalançy dünýä şo-da köpdür - diýenmiş. Ahmet HALMYRADOW. | |
|
√ Gara menek / hekaýa - 11.06.2024 |
√ Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Tüýdük / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Namysjaň adam / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Şol tanyş garamyk gözler... / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Mertlik hemme kişä berilmeýär / hekaýa - 16.01.2024 |
√ Ýolbars / hekaýa - 17.12.2024 |
√ Bulutlaryň döreýän ýeri / gysga hekaýa - 17.11.2024 |
√ Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024 |
√ Şahyr / hekaýa - 17.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |