23:21 Uly halypanyñ soñky sargydy | |
ULY HALYPANYŇ SOŇKY SARGYDY
Aýdym-saz sungaty
Halypa sazanda Pürli Sary syrkaw ýatyrka meşhur bagşy Sahy Jepbarow onuň halyny soramaga barypdyr. Kesel halys ysgyn-mydaryny alanam bolsa Pürli aga Gahy bagşyny görüp, tirsegine daýa, bileniň ýagşysynam, hordasynam goýup gidewergin. Bu senediň bihal zady ýokdur nyp oňa ýüzlenipdir. —Sahy jan, görýän welin men bilýän zatlarymyň köpüsini özüm bilen alyp gitmeli boljak öýdýän. Gapyl galdyk. Sen bir beýtmegin. Kötek görseň adyny üýtgedip çal, sözlerini çalyş. Bileniň ýagşynam, hordasynam goýup gidewergin. Bu senediň bihal zady ýokdur! Halypa gapdalynda ýatan dutaryna gubarly nazaryny aýlap hyrçynyny dişläp, başyny ýaýkapdyr. Halypasynyň bolşuna gynanyp, bokurdagy dolan Sahy bagşy oňa göwünlik beripdir: —Ýatan ölmez, ýeten öler, halypa! Enşalla bäri bakarsyň. Şondan köp wagt geçmänkä Pürli Sary dünýesini täzeläpdir. ■ “ŞU GÜN BILINMESE-DE...” Sahy bagşynyň 20-den gowrak aýdymyny dürli bahanalar bilen ýazgy etmekden boýun gaçrypdyrlar. Pürli halypanyň sargydyny unutmadyk bagşy bu işiň ykjam ugruna çykypdyr. Bagşy ”Men özüm bilen hiç zat alyp gitjek däl, ýazyp alyň, efire göýbermeseňiz, halanyňyzy ediň. Bu aýdymlaryň gadry bu gün bilinmese-de, ertir bilner” diýip, tutanýerlilik bilenpikirinden dänmändir. Halypanyň yza dönmejegini bilen jogapkärleriň biri ahyry görkezme beripdir: ”Ýazyp alyň-da arhiwe bepäýiň”. Aýdylyşy ýaly edipdirler. Sahy halypanyň aýdan şol aýdymlarynyň ýazgysy Döwlet arhiwiniň fotofonokinodokumentler bölümine tabşyrlypdyr. Ol aýdymlar bagşy aradan çykandan onbäş ýyl çemesi geçenden soň efire belipdir. Sahy bagşynyň öz halkyna miras galdyran aýdymlary az däl. Ýöne onuň ýany bilen alyp gidenleriniň hem şonça bardygyny görenler, onuň bilen duz-emek bolup gatnaşanlar gürrüň beripdiler. ■ “ÖZ-ÖZÜŇI DIŇLEMESEŇ...” — Sahy bagşynyň ussatlygynyň çeni ýok-diýdiňiz welin halypanyň bu derejä eýe bolmagynyň esasy sebäbi nämede –diýip, bir duşuşykda diňleýjileriň biri sazşynas Amanöwez Saparowdan sorapdyr. Şonda sazşynas şeýle diýipdir: — Bu jadyly sungata ak ýürek bilen berlenligi, öten-geçen halypalaryň, döwürdeş ussatlarynyň ummasyz mirasyna sarpa goýmagy, olaryň aýdan aýdymlaryny, çalan sazlaryny öwran-öwran diňläp, beren öwüt-nesihatlarny kalbyna siňdirmegi Sahy bagşynyň goýan ýolunyň esasy aýratynlyklarynyň biridir. Sahy bagşy şägirtlerine: "Aýdan aýdymyňyzyň sazynda-da, sözünde-de kem-kössüni goýmajak boluň. Eger aýdýan aýdymyňa özüň berilmeseň, ondan göwnüň göterilip, ylhamyň joşmasa, käte-käte öz-özüňi diňläp edýän zadyňa akylly-başly göz aýlamasaň, sungatyň, bagşyçylygyň pak bolar" diýer eken. Şonuň üçinem: — Sahy bagşynyň tälimini alanlaryň bihaly ýokdur -diýip, Amanöwez aga sözüni degerli mysallar bilen delillendiripdir. Nowruz GURBANMYRADOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |