03:36 Ýalñyşsañ bolmaýar täzeden başlap | |
ÝALÑYŞSAÑ BOLMAÝAR TÄZEDEN BAŞLAP
Goşgular
Dünýä indi bir kiçijek çagajyk, Şeýle bir eýjejik, akja bäbejik. Jäk-jäk edip aglaýardy ol çasly, Bu dünýä gelenne gynanýar misli. Salym bermän kesdiler oň göbegin, Ilkinji tyg, galdyrmanka gabagyn, Degdi ol çaganyň näzik bedenne, Göbeginiň gany damypdy şohda, Ene gujagy deý ýyljak topraga, Oňa ata watan boljak topraga. Soňra ony gunnadylar gundaga Imrinmesin diýip ýaman endige. Mäkämläp daňdylar soň gundagbagy, Çaga özün erkin duýaýjak çagy, Erkini ýitirdi ilkinji ýola, Şonda has hem çasly aglady bala. Soňra aglan boldy gelse emesi, Ak göwsünden päk süýt berdi enesi, Mähre dolup gujagynda ejäniň. Tapawudyn bilmän gündiz-gijäniň, Ene çirim etmän daňyn atyrdy, Şeýdip ony bir ýaşyna ýetirdi. Dar göründi oňa ene gujagy, Ol höwür edinip dürli jäjegi, Örüsin giňeldip ol ýuwaş-ýuwaş, Diýenin etmeseň, bolup ýarym-ýaş, Her sapar öz diýenini gögertdi, Enäň aladasy ýene-de artdy. Indi ýörjen-ýörjen bolupdy çaga, Ümdüzine gidýär, sola hem saga. Käte büdüreýär, käte ýykylýar, Käte gyzgyn çäýnege-de topulýar. Enesi saklaýar: - wah, balam, biş-biş, Bir ýanmasa çaga üme düşmezmiş. Şeýdip ulalýardy, diýeni bitip... Çaga ýigit çykdy, aý-günler ötüp. Ýigidiň dilegi ýerde gowuşdy, Oň arzuw hyýaly asmana uçdy. Ol bu gün ýetipdi kämillik ýaşa, Onuň juwan kalby gelýärdi joşa. Gujur-gaýratynyň möwç urýan çagy, Töweregni gurşan bakjany, bagy, Aýlanyp çykmakdy onuň hyýaly, Kellede aýlanan jahyllyk ýeli, Ony dek oturt man çagyryp durdy, Ýigit gözün ýumup, baglyga girdi. Uludan dem alyp açanda gözün, Töweregne garap dürsedi özün. Bu ne owadanlyk, bu ne ajaplyk, Adamlar seýil edýär, adamlar köplük Seniň bilen hiç haýsynyň işi ýok, Aýal,oglan-uşak, garry-ýaşy ýok, Her kim öz işine bolup ýör gümra, Ýigit oýa batdy: "tapmaly hemra. Häzir bolsa ol erkindi, azatdy, Bagyň jümmüşine ol ädim ätdi. Töwerek gözellik, güller bar ajap, Ir-iýmiş bişipdir, suwlary süýjäp. Dürli-dürli baglar daş töweregiň, Arçamy,derekmi? Saýla geregiň. Garaz, gepi köpeltmäýin men artyk, Ýigit jeňňellige barýardy ýortup. Ýigit hemrasyny gözläp barýardy, Her bagda gözeliň keşbin görýärdi. Şahalar ýigide bersede päsgel, Ýigit ýöräp barýar, durarlykly däl. Gözüň görejine sygýan giňişlik, Ýakyn görünsede elýetmez daşlyk, Ýigide gol bulap çagyryp durdy, Ýigit umyt bilen gidip barýardy. “Men hemramy taparyn, taparyn hökman, Bu zalym jeňňeliň zulumna bakman. Ýöne jeňňel öz hökmüni ýöredýär, Her ädimde bir kynçylyk döredýär. Gitdikçe jeňňelde goýaldy duman, Bu näme boldugy, Taňrym, eý aman. Birdenem ýel turup gopdy harasat, Töwerek garaldy, gapyşdy bar zat. Ähli zatlar düýşde bolýan ýalydy, Bu harasat jahyllygyň ýelidi. Ol bat berip öz güýjüne-gujurnä, Howlukdy hyýalnyň çagyrýan ýerne. Päsgel berýän şahalary omurup, Otlary basgylap ýykyp ýumuryp, Bilmedi ol ýadamany, armany, Arzuw edip ýagşy döwran sürmäni, Ýigit ümdüzüne gidip barýardy, Oňa häzir ýaşlyk hyjuw berýärdi. Ýigidiň ýüregi arzuwdan doly, Bar maksady hasyl bolaýjak ýaly. Gidip barýar öňe tutup döşüni, Görmeýän deý, töweregni-daşyny. Töwerekde bolsa ýodalar bardy, Olar uly ýola alyp barýardy. Adamlaň köpüsi şol ýollar bilen, Özlerniň bagtynyň üstünden gelen. Çünki ol ýol hakykatyň ýoludy, Tämizdi, tekizdi, aýna ýalydy. Ata-babalarmyz ony döreden, Gollarmyzdan tutup ondan ýöreden, Ata-babamyzyň pähim-paýhasy, Hemde duýgularyň çagyrýan sesi. Emma ol ýigitde özge bir duýgy Höküm sürýär, ol hem gözi kör söýgi. Ýigit görmeýärdi, ýoly-ýodany, Köre-körlük bilen bozup kadany, Jeňňeligiň jümmüşine siňýärdi, Tokaý bolsa,ýylgyrýardy, dymýardy. Ýöne ol dymyşlyk uzaga çekmän, Jeňňel öz oýnuny görkezer hökman.... Şeýdip jeňňellige siňip barşyna, Çykyp bir kiçiräk depäň gerşine, Sägindi-de öňe nazaryn dikdi, Töwerek daşyna göz aýlap çykdy. Töwerek jeňňellik, ýokdy ýol-ýoda, Ýigit azaşanny duýup şol bada, Ýüregi gowsunyp yzyna bakdy, Ýöne arman, indi yza ýol ýokdy. Ýigit ýolun dowam etdi howlukman, Indi ol salgymlaň yzyndan gitmän, Her ädimni pikirlenip basýardy, Töwerek daşyna gulak asýardy. Bir ses geldi gulagyna şildiräp, Ses gelen tarapa çalt-çaltdan ýöräp, Ýolun dowam etdi ses gelen taýa, Ol gama batypdy, çümüpdi oýa. “Şeýdip galarmykam men baky ýalňyz, Arzuw hyýallarym indi hany siz? Diňe kölegesi ýoldaşdy oňa, Kä yzyna düşüp, kä geçip öňe, Kä-de gapdalyndan ýöräp barýardy, Ýörese ýöreýär, dursa durýardy. Şeýdip ýalňyzlykda ýörelen ýollar, Dowam etdi ýene gör näçe ýyllar. Bilden kuwwat gaçyp, göwre agralyp, Kölegede orak deýin egrelip, Gapdalyndan sesiz üýnsiz ýöredi, Ýürekde-de birahatlyk döredi. Ol sojap dem aldy, nätsin biçäre, Ol häzir mätäçdi Ene naçara. Gözleri nemlendi, gözýaşlar akdy, Ynsan ejizledi, ol aşak bakdy. Gözýaşlar syrygyp topraga damdy, Bu ajy gözýaşlar gaýgydy-gamdy. Halys ýadawlykdan aşak oturyp, Ýyljajyk topraga başyn ýetirip, Bar zady unudyp ol uka gitdi, Düýşler ummanyna özüni atdy. Düýşünde bir gözel dünýäni gördi, Ol ýerde periler gezişip ýördi. Olar bir birinden has gözel ajap, Ýigit utanmady, etmedi ejap, Batly gadam urdy olara sary, Oň erkin alypdy perileň biri. Ol oňa ýüzlenip diýdi çalaja, -Seniň bilen döwran sürsem bileje. Meniň bu dünýäde galmaz armanym, Bu hassa janyma sensiň dermanym. Peri jogap berdi sözläp çalaja, - Eý, ak saçly, aksakal, betbagt goja, Sen özüňi entek ýigit saýýarmyň? Sen garrapsyň, özüň beri duýýarmyň. Maňa söz aýdardan galypsyň gijä.... Howpugyp gözüni açanda goja, Öňünde bir garaň duranyn gördi, Gara geýimlidi, uzyndan hordy. Ýüzüni örtüpdir, gara perdeli, Bir eli boş, aňňaly beýleki eli. Goja oň ýüzüne bakyp naýynjar, Sorady: -Eý, ajal, näçe wagtym bar? - Goja seň möwrütiň bireýýäm geldi, Ömrüň puç geçirdiň, besdir çen boldy. Ezraýyl gojanyň gaşynda durup, Aňňaldy elini biraz galdyryp, Gara perdesini ýüzünden syrdy, Goja onuň otly gözlerin gördi. Endamy syzlady, agyra-yza, Ol iki eplenip, çökdü-de dyza, Çägesöw topraga özüni oklap, Iki eli bilen dyzyn gujaklap, Kellesini olaň üstünde goýdy, Şol wagt az salym ynjalyk duýdy. Ezelden guýulan ynsan ganyna, Howp abansa bir ynsanyň janyna, Şeýle keşbe girip, aýtsam dogrusyn, Küýsärmişin enesiniň göwresin. Goja bir hyrkyldap gözlerin ýumdy, Ol bakyýa gitdi, ömürlik dymdy. Şol pursat adamlar daşyna üýşdi, Boljak iş bolupdy, wah, indi giçdi. Adamlar däbine-dessura görä, Jesedi tabşyrdy bu gara ýere, Bir wagt topraga öwrülen Ene, Perzendin gujagna duwlady ýene. Jeňňel öňküsi deý çalýar öz sazyn, Başga adamlara çekdirip näzin, Jeňňeliň özünden öz göwni hoşdy, Bu jeňňeliň ady-pany durmuşdy. ÖMRÜŇ BOŞ GEÇIRME, DÜNÝEDE DÜŞLÄP, ÝALŇYŞSAŇ BOLMAÝAR TÄZEDEN BAŞLAP. Azat NURGELDIÝEW. | |
|
√ "Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024 |
√ Nesliň göterer / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Ol hojanyň aýagy batga batyp galanda... / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Ýalana oda / Goşgular - 19.10.2024 |
√ Gul aga / Goşgular - 12.06.2024 |
√ Ne göreý Tubyny, kaddy hoş hyramyň barynda... / Goşgular - 28.09.2024 |
√ Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024 |
√ Öwütlerim / Goşgular - 10.06.2024 |
√ Goşgular / Goşgular - 16.10.2024 |
√ Eý, Ýusup, şu gözleri görmeýän Ýakuba gel... / Goşgular - 18.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||