06:50 Ýazyjynyñ Erem bagy - 5 / dowamy | |
ÝAZYJYNYÑ EREM BAGY
Edebiýaty öwreniş
▶5: Erem bagy Akmyrat şahyrlygyň Hudaý tarapyn berilýändigini nygtamagy gowy görerdi. Soň görüp otursam, onuň eserlerinde hem ylhamyň berilmesi uly orun tutýan eken. Biz Hudaýyň nazar salan ýigitleri. Biz Hudaýyň bendeleri däl-de, Hudaýyň ýerdäki wekilleri. Hudaý bize özi bilen deň derejede mümkinçilik beripdir. Ol bize döretmäge zehin beripdir diýip, Akmyrat şu temadan gürrüň etmäge höwesekdi. Arada Floberiň şu setirlerini okadym: «Ýazmak, gör nähili täsin zat, özüňe daňlyp oturaňok-da, gürrüňini edýän giň dünýäňe çykyp bilýärsiň. Ine, men şu gün, mysal üçin, bir wagtyň özünde erkek kişi, aýal maşgala, oýnaş, ograş boldum, güýz öýläni, ýere düşelen sary ýapraklaryň üsti bilen ýüzümi şemala sypadyp, bedew ata atlanyp, tokaýa bakan ugradym, göwnüm şeýle bir göterildi, söýginiň lezzetinden ýaňa gözlerimi süzüp gidip barýaryn». – Ylhamy öz guluňa öwrüp bilmeseň, ýazyjy bolmak görgi. Megerem, Akmyrat bu sözleri ylhamy öz guluna öwrüp bilendigi üçin aýdandyr. Ol her gün ir bilen işe başlardy. Aýaly Lýudmila işe, gyzy Aýna mekdebe, ogly Magtymguly çagalar bagyna gidensoň, ol iş stolunyň başyna geçerdi. Günortana çenli işläp, öýlän hem redaksiýalara – «oglanlaryň ýanyna» dynç almaga ugrardy. Men onuň ger gün irden edil işe başlan dek, eser döretmäge başlap bilşine haýran galardym. Haýran galyp oturasy zat ýok eken. L.Tolstoý hatlarynyň birinde (Koni A.F.) özüniň her gün işleýändigini, ýöne gahrymanlaryna erk edip bilmeýändigini, gahrymanlarynyň diýdim-zorluk bilen diňe öz isleýişleriçe hereket edýändiklerini, özüniň bolsa bary-ýogy gahrymanlarynyň edýän işlerini, pikir-hyýallaryny ýazga geçirip oturan ýönekeý mürzä öwrülýändigini, gahrymanlaryň indiki sahypada nähili iş etjekdiklerini, eseriniň näme bilen gutarjakdygyny bilmeýändigini ýazýar. I.Bunin hem şu pikire goşulýar. Ol stol başyna anyk sýužet ýordumyny bilmän geçýändigini, gahrymanlaryň, ideýalaryň iş prosesinde janlanýandygyny ýazýar. Ýu.Bondarew edil Akmyrat ýaly, her gün edil işe baran dek iş stolunyň başyna geçýändigini, pikirleriň, setirleriň stol başyna geçensoň döreýändigini ýazýar. M.Şolohow «Ýuwaş Don» romanyna 22 ýaşynda başlapdyr. G.G.Markes «Ýüz ýyl ýalňyzlykda» romanyny ýyl ýarymyň içinde ýazyp gutarypdyr. Bu zatlaryň hakyky stimuly nämeler bolduka?! Megerem, ýüze atylyp çykan ylham bolmaly. Mahal-mahal ýeriň astyndaky nebitem şeýdip, öz-özünden ýeriň üstüne atylyp çykýar. XX asyryň iň beýik, genial ýazyjylarynyň biri Frans Kafka özüniň meşhur «Höküm» diýen hekaýasyny birnäçe sagadyň dowamynda ýazypdyr. Onuň özi bu barada gündeliginde şeýle ýazgy galdyrypdyr: «Höküm» hekaýasyny men bir demde, ýigrimi ikisinden ýigrimi üçüne geçilýän gije agşam sagat ondan ertir sagat alty aralygynda ýazyp gutardym. Oturmakdan ýaňa gurşup giden aýaklarymy hat stolumyň aşagyndan zordan çekip aldym. Hekaýanyň öz öňümde ýaýylyp gidişinden ýaňa dörän aýylganç galagopluk hem şatlyk meni gaplap aldy, men hamana akdyryp barýan suw akymyna düşen ýalydym. Şo gije köp sapar öz agramymy arkamda götermeli bolupdym. Näme aýdaýyn diýsem, dilime gelip dur, ähli, iň bir geň-taň fantaziýa üçinem ägirt alaw ýanyp dur, şol alawda olar ýitip, ýene-de dirilip durlar. Penjiräniň aňyrsyndaky tümlük mawy reňke öwrüldi. Araba geçip gitdi. Iki sany adam köprüden geçip gitdiler. Gije sagat ikide men soňky gezek sagada seredipdim. Hyzmatkärler ilkinji gezek gapydan girende, men soňky jümlämi ýazyp bolupdym. Çyra öçdi, gündiz ýagtylygy. Ýüregim süýji atygsaýar. Gijäniň içinde ýitip giden ýadawlyk. Uýalarym girende, galpyldap durdum. Men olara ýazan eserimi daşymdan okap berdim. Şondan öň hyzmatkäre «Men şu wagta çenli ýazdym» diýipdim. El degrilmedik düşek, hamana, ol edil häzir getirilen ýaly. Öz eserimi ýazmak bilen özümi ýazuwçylygyň ryswa girdabyna oklandygymyň hondanbärsi ynamlylygy. Diňe şeýdip, diňe şeýle halatda, süňňüň hem kalbyň şonuň ýaly doly açylyşynda ýazyp bolýar. Günortana çenli düşekde ýazylyp-ýaýrap ýatdym. Gözlerim ýyldyrap dur. Ýazyp otyrkam, kalba gelen birtopar duýgular…» Hawa, Kafkanyň aýdyşy ýaly, diňe süňňüň hem kalbyň doly açylanda ýazmak parzdyr. Sebäbi şeýle halatlarda ähli ylham joşup, seni öz erkine goýanok, ýazmak ruhy şatlyga, bagta öwrülýär. Munuň özi, megerem, örän uzak wagtyň dowamynda ýuwaş-ýuwaşlyk bilen taýýarlanylýan partlamadyr. Eýsem-de bolsa, adam öz kalbynda nämeleriň bolup geçýändigini hemişe kontrollykda saklap bilmeýär ahyryn. Döredijiligiň esasy stimullarynyň biri durmuşyň ruhy täsiri bolsa gerek. Otluçöpüň kükürtli gaba çyzylanda, oduň ýalbyrap çykyşy ýaly, kalbyň hem durmuş faktoryna çaknyşanda, ylham hem zehin ýalbyrap çykýar, şol ýalynda bolsa Kafkanyň şaýatlygyna görä her hili fantaziýalar döräp-ýanyp, döräp-ýanyp durlar. Onsoň döredijilige utilitar gatnaşygyň bu hili belent, howalaly ruhy, döredijilik hadysalaryna nähili dahyly bolup biler?! Edebiýatdaky iň ajaýyp eserler herhal pula dahylsyzlykda döreýän bolsa gerek. Çünki mahal-mahal bir-biriniň üstüni ýetirip dursalaram, döredijiligiň hem puluň ýollary aýry-aýrymyka diýýärin. Munuň şeýledigini Gogolyň «Portret» diýen powestini okanyňda hem göz ýetirýärsiň. Pul üçin ýazmak hakyky ýazyjyny öz kalby bilen konflikte girmegine getirip biler, bu bolsa uly adamçylyk hem döredijilik tragediýasydyr. Ýöne, puldan başga-da, şöhrat, at-abraý diýen ýaly ganym duşmanlar bar. Özem, çatak ýeri, olar edil iblis ýaly süýji duşmanlar, kalbyň şolara tarap atygsap dur. Şonuň üçinem döredijilige aşa çynlakaý garamadyk, ony ynsap, ykbal, pany dünýäden ýalňyz, gaçybatalga hökmünde görmedik ýazyjynyň dat gününe! Biz şeýle mysallara köp şaýat bolduk. Olar meýletin döredijilik örüsini saýlap alan adamlardy. Nebsiň halys ugruna goýberilmegi imandan mahrum edýär. Edebi iman bolsa – munuň özi dünýäden öteniňden soňam edebiýatda ýaşamakdyr. Gynansagam, edebi iman juda az sanly, ýazyjy-şahyrlara ýetdirýär. Ol diňe edebiýata ynanýanlara, onuň ugrunda synasyny hem kalbyny orta goýup döredýänlere, ýaşaýanlara, hereket edýänlere nesip edýär. Meniň pikirimçe, ýazyjynyň ahlak ýörelgeleri onuň zehininiň beýikliginden gelip çykýar, döredijilik bu ýerde ahlak manyly zada öwrülýär. Şundanam ýazyjynyň edebi ykbaly formirlenýär. Akmyradyň şu sözleri ýadymda galypdyr. – Men bu dünýä göýä öň gelen ýaly, ýok, agyr syrkawlap, ähli zadyny ýitiren ýaly, indi ähli zadyny täzeden dikledýän ýaly, göýä haçandyr bir wagt men bu zatlary ýazypdyryn. Indem men olary ýadyma düşüşine görä dikeldýärin. Şonuň üçinem her gün irden ýazyp başlamak maňa kyn düşenok. Men «Erem bagy» powestini okap, Akmyradyň bu sözlerine ynandym. Akmyradyň «Erem bagy» powestini ýazyjy Kömek Kulyýew ussatlyk bilen terjime edipdir. Rusça beýan ediş bu ýerde terjime arkaly hakyky şireli türkmen dilindäki çeper beýan bolup çykypdyr. Ýöne meniň, näme üçindir, Akmyradyň öz ýüreginden çykan sözlerini, sözlemlerini okasym gelýär. Onuň eserleri baradaky pikirleri hem men originalyň esasynda ýöretmegi gowy görýärin. Original bilen terjimäniň mynasybeti meniň aňymda şeýle assosiasiýany döredýär: original – gyz, terjime – gelin. Umuman, bizde birnäçe asyr bäri dürli dillerden terjime etmek problemasynyň fakty hökmünde dowam edýändigine garamazdan, çeper terjime sungatynyň mekdebi emele gelmändir. Bu döredijilik işiniň dürli aspektlerini, derejelerini, ugurlaryny hem kanunalaýyklyklaryny iki diliň lingwistik hem çeperçilik mynasybeti esasynda ylmy taýdan anyklaşdyran, onuň praktikasyny ilik-düwme öwrenen mekdebiň ýoklugynda, terjime hakdaky gürrüňler höwesjeňlik gürrüňi bolmagynda galýar. Entek türkmen dilinde durnukly edebi dil hem doly emele gelenok ahyryn. Her kim bir düşünjäni dürliçe, özüçe ýazyp ýör. Bu kim çeper terjime etmeli bolanda terjimesini kyn güne salýar. * * * «Erem bagy» powestiniň mazmunynyň öwrümlerine düşünmek birbada aňsat däl. Adyndan ugur alanyňdan soň, esere bitewülik hökmünde düşünmek, şol ýerde tekrarlanyljak bolunýan pikirleriň umumy ýördumyny göz öňüne getirmek mümkin. Muňa eseriň barlygyna umumy, töwerekleýin nazar aýlamak diýip boljak. Gnoseologiýada (akyl ýetiriş baradaky ylymda) dünýä düşünmegiň iki sany esasy basgançagy bellenilýär: duýmak, syzmak hem akyl ýetirmek. Türkmen dilindäki aňlamak, aňşyrmak, duýmak, syzmak ýaly onlarça düşünjeler düşünmegiň şol etapynda bolmagy aňladýarmyka diýýärin. Munuň özi daşky aýratynlyklara umumy göz ýetirmekdir. «Erem bagynyň» umumy ideýa aýratynlyklary meniň göz öňümde dur. Ýöne, dürli sebäplere görä, içine girip bolanok. Erem bagyny tapdyň, beýik-beýik haýatlaryň aňyrsynda sen Erem bagynyň ýerleşýändigini bilýärsiň-de, şondan aňryk gidip bileňok. Erem bagynyň derwezebany Ryzwan gujak açyp çagyryp duranda-da içine girip bolanok. Onsoň ýazyjynyň Erem bagy bilen baglanyşykly döreden obrazynyň, hatda saňa birhili zor bile tapylan, estetiki täsirden mahrum jansyz shema, çeperçilik taýdan bihasyl bir model ýaly bolup görünmegi mümkin. Çaganyň ösüşinde howply ýaş diýen ýaly, munuň çeper eseriň tebigatyna düşünmekde uly howplary özünde saklaýan etap bolmagy mümkin. Hakyky düşünmek bolsa eseriň içine girip bilmekdir. Düşünmek – munuň özi aňda çeper eseriň süňňüni böleklemek, iň esasy zadam, onuň on iki süňňüniň arasyndaky özboluşly baglanyşyklary tapmakdyr. Şol baglanyşyklary tapanyňdan soň okyjynyň aňynda eseriň çeperçilik mazmuny peýda bolýar, muny bolsa eseriň hat okap bilýän islendik adama düşnükli bolan ideýa mazmunyndan bütinleý başga zatdygyny nygtamak gerek. Ýöne ol eseriň ideýa mazmunyndan syzylyp çykýar. «Erem bagynyň» çeper mazmunyny tapmak aňsat däl. Ýöne islendik zadyň özeni peýda bolansoň, galan böleklerini ýerbe-ýerlemek işiň gutulgysyz dowamy bolup galýar. «Erem bagynyň» özeni – Baky, onuň çagalykdan saýlanan oglanlyk dünýäsi. Ýazyjynyň baş maksady-da adamyň döredijilik dünýäsinde ýaşaýan adamyň dünýäni duýşuny, kalbynyň iň pynhan ýerlerini çeperçilik taýdan beýan etmek. Adamyň psihologiki hem ruhy ösüşiniň ähli metamorfozalary töwerekleýin suralandyrylýar. Ine, powestiň ähli çeperçilik taraplaryna – strukturasyna, gahrymanlaryna, sözlemlerine, sözlemleriň podtekstine – hemmesine şol esasy nukdaýnazardan garamaly. Diňe şonda tutuş eseriňem, onuň aýry-aýry bölekleriniňem estetiki täsirliligi real faktora öwrülýär. Ýogsamam bu zatlaryň bary jansyz, öli. Muny bir hyýaly pursat bilen deňeşdirmek mümkin – siz birinji gezek tok simini elläp görýäňiz – hiç zat ýok, ikinji gezek çala el degreniňizden – elektrik togundan ýaňa ziňkildäp gidýäňiz. Islendik çeper eseriň içine girip bileniňizden soň, ikinji halatdaky täsirleri başdan geçirýärsiňiz. Eseriň çeper mazmunynda şahyrlyk pelseperi uly orun tutýar. Akmyradyň öz-özi bile «ikiçäk» oýlanmalarynda – «Ýazgy depderçeleridir» «Gündeliklerinde» sungat, şahyryň hem döredijiliň baglanyşyklary, edebiýat hem durmuş esasy temalar. Ol şahyryň baş sypaty hökmünde şahsyýet kämilligini görýär. Çünki ruhy kämilligiň ýok ýerinde döredijilik ukyplary ýüze çykyp bilmeýär. Degişli oýlanmalarynda Akmyradyň bitewi döredijilik naturasy, döredijilik şahsyýetiniň gaýtalanmaz taraplary görünýär. Şahyrlyk ýasawyny, awtorlyk aňyny öwrenýän adam üçin bular juda gyzykly material bolup biler. Men bu setirleri ýazyp otyrkam, göz atuwymda filologiýa ylymlarynyň doktory Muhammetguly Amansähedow janlandy. Ol bu temadan doktorlyk dissertasiýasyny gorady ahyryn, onuň «Lirikadaky şahyrana şahsyýet» diýen kitabynda beýik söz ussadynyň şahsyýeti hem illere görelde bolarlykly gowy bolmaly diýen öňden gelýän pikiri anyk mysallar esasynda inkär edýär. Iň gowusy, men onuň kitabynyň 17-nji sahypasyndan sitata alaýyn: «Wiktor Gýugonyň fransuz, dünýä edebiýatynda orny beýikleriň hataryndadyr. Ýöne onuň adamkärçilik, ahlak sypatynda beýiklig-ä beýlede dursun, kähalatda adaty adamlar bilen deňeşdirmegiň hem kyn düşjek pursatlary bar. W. Gýugo egoist, şöhratparaz bolupdyr. 1802-nji ýylda eneden doglan 70 ýaşly Wiktor Gýugo özünden 47 ýaş kiçi – 23 ýaşly Blan-Mari-Zerna bilen pynhanlykda, intim gatnaşykda bolupdyr. Beýik iňlis romantigi Jorj Baýron 46 ýaşyndan başlap, öz atabir gyz dogany bilen intim gatnaşykda bolupdyr. Başga bir beýik şahyr Lermontowyň (hudožnikler F. S. Buddin, M. W. Belikow we başgalar) portretini biri-birine meňzemeýän ýagdaýda çekipdirler. Biriniňkide örän görmegeý, asylly, başga biriniňkide betgelşik, gödek. Hatda Lermontow barada döwürdeşleriniň ýatlamalary-da gapma-garşylykly. Mysal üçin, Baýewskiý Lermontowyň adamkärçiligi bilen söýlendigini bellese, Erastow, N. I. Lrer Lermontowyň örän oňşuksyz, gödek, gopbamsy bolandygyny ýatlaýarlar». Men alymyň şahsyýet bilen talantyň arasynda berk sazlaşygyň, ýakynlygyň bolmaýandygy baradaky pikiri bilen ylalaşýaryn. Aýdyljak bolunýan pikiri tekrarlamak üçin döredijiligi bilen şahsyýeti deň gelmeýän beýik şahsyýetleriň durmuşlaryndan mysallary isledigiňçe getirseň getirip oturmaly. Şahsyýeti bilen döredijiliginiň deň gelmeýänliginiň mysallary esasynda tanymal adamlaryň mysalynda galyň kitap döretse hem bolar. Mysaly uzakdan gözlemegiň derkaklygy ýok. Şu ýazgylaryň baş gahrymany Akmyrat Şirowyň durmuşyndan hem gaty kän mysallary getirip bolar.Ol mysallar meniň aňymda jöwher görnüş, ýatlama bolup galypdyrlar. Ýöne men ol mysallary soňa goýup, esasy temadan daşlaşmaýyn. XX asyr türkmen edebiýatynda şahsyýet özboluşlylygyny şeýle içgin ýüze çykaran, sungat baradaky düýpli pikirlerini okyja sahylyk bilen eçilen Akmyrat Şir dörediji şahsyýet hökmünde gaty ir ýetişipdir. Düýäniň ýitip semreýändigi barada türkmen pähimi bar. Indi görüp otursam, Akmyrat «semremek» – kämilleşmek üçin gaty alysa giden eken. Akmyradyň sözleri bilen aýdanymda, edebiýatyň, sungatyň dünýä derejesinde ösen ýeri bolan Leningradda gowşak bolup ýaşamak, ýazmak günä. Akmyrat leningradly ýazyjy-şahyrlaryň arasynda bolup ýörmegiň özem üýtgeşik mekdepdi diýip nygtamagy halardy. Ol pikirleriň nähili döwürde, jemgyýetde nähili edebi ahlagyň hem ahlaky prinsipleriň höküm süren wagtynda ýazylandygy ýada düşende, «rýadowoý» aňyň ösüşinden hem «rýadowoý» ahlagyň kämilleşişinden Akmyradyň näçe menzil öňe gidendigini çaklaýarsyň, nygtamasyna düşünýärsiň. Beýleki iň gowy diýdirýän ýazyjylarymyz üçin edebiýat, aýdylyşy ýaly, ömrüniň işi bolupdyr. Akmyrat üçin bolsa edebiýat ömrüň özi eken. Lermontow «Ýaşamak – göreşmek» diýen pikiri öňe sürüpdi. Akmyradyň pikiri başga: ýaşamak – özüňi ykrar etdirmek, tanatmak. Akmyrat ýaşap, edebiýatyň nähili zatdygyny tanatdy. * * * Ýöne meniň häzirlikçe soňuna çenli ýetirilmedik – sebäbi bular Akmyrat Şiriň sungat hem durmuş pelsepeleriniň diňe «bissimillasyny» öz içine alýar – ýaňzytmalarym onuň sungatyň sosiologiýasyna degişli pikirleri. Meniň weli «Erem bagy» powestini ara salmak bile, esasan, Akmyradyň sungatyň psihologiýasyna hem gnoseologiýasyna garaýşyny ýüzleýrägem bolsa, bolmanda, özüm üçin bir aýdyňlaşdyrmak niýetim bardy. Çünki munuň dörediji şahsyýetiň öz-özüne akyl ýetirişi üçin ähmiýeti uly. Galyberse-de, biziň klassyky edebiýatymyzyň gözbaşyndan bäri häzire çenli sungatyň psihologiýasy meselesi milli dünýäni aňlaýyşyň bir aspekti bolup gelýär. Bu meselede, ilki bilen, elbetde, Magtymgulynyň ady tutulýar. Edebiýaty öwreniş ylmymyzda bu tema Magtymgulynyň pata alyş baradaky goşgulary diýilýär. Magtymgulynyň şahyrlygyň düýp manysy hem şahyryň jemgyýetiň durmuşyndaky orny hem wezipeleri diýen meselä düşünişi, ylaýta-da onuň «Turgul diýdiler» goşgusynda has doly beýan bolupdyr. Mundan hakdan içmek prosesi hem onuň şahyra berýän keramatly ukyplary adatdan daşary bir waka hökmünde görkezilýär hem görünýär. Akmyradyň şu tema düşünişi hem onuň şunda beýik Pyragy bilen ruhdaşlygy manysynda «Turgul diýdileriň» semantikasynda ilkinji tapawutlandyryp görkezjek faktym – munuň bu ýerde liriki gahrymanyň «oglanlygydyr». Oglan, durma, anda bargyl diýdiler. Oglany uzadyň, bir pata beriň. «Erem bagynyň» ilki sahypasynda oglanlyga ýeten Baky erenlerden ak pata alýar. Diýmek, bu ýerde onuň kämillik derejesine ýetip, şahyrlyk meýdanynda ykrar edilenliginiň gürrüňi ýok. Baky manyly ruhy durmuşa ak pata alýar. Pyraga-da diňe şahyrlyk däl, dünýä düşünmek patasy, welilik patasy berilýär. Oňa berlen adatdan daşary üýtgeşik gudratly weliligiň – ukybyň manysy şu: Ýel boldum, ýügürdim ýeriň damarna, Nazarym tokundy Arşyň kemerne. Jeberut äleminde Jelil syryna «Gelip, özüň garap, görgül» diýdiler. Ýagny, ýönekeý adamlaryň aňy, gözi, gulagy ýetmeýän zatlar, ýaşaýşyň içki ezoteriki manysy. Wagtyň hem Giňişligiň adam kalbyna galtaşýan ähli pynhanlyklary açylýar. Dünýäleri ýaradan Allanyň özge bendelerine rowa görmeýän syrlary aýan bolýar. Ýok, bu diňe bir üýtgeşik akyl ýetiriş, intellektual ukyplaryň bagyş edilmegi däl. Munuň özi illeriňkiden üýtgeşiklikde dünýäniň, ýaşaýşyň gözelligini hem manydan mahrumlygyny, hasratyny hem jepalaryny syzmak, duýup gezmek artykmaçlygynyň berilmegi. Döwletmämmet Azady muňa jan gulagynyň hem jan gözüniň açylmagy diýýär. Turup, Magtymguly gözün açypdyr. Serine ne köýler gelip geçipdir. Mest iner dek ak köpükler saçypdyr. «Oglan, Alla-ýaryň, bargyl» – diýdiler. Ak köpükler saçmak – şol syzgynyň iň ýokary dartgynlylyga ýetmegi, içki joşgunyň, energiýanyň bir demde urup çykmagy, ähli manylaryň hem-de syzgylaryň öz «meniňde» jemlenmegi. Mestler, däliler ak köpük saçýarlar: dälilik – gündelik, adaty paýhasyň ýolundan gyşarmak. Şu ýerde Magtymguluda-da, Akmyratda-da oglanlygyň nähili konsepsiýasynyň bardygyny, olarda oglanlygyň haçan başlanýanlygyny syzyp bolýar. Oglanlyk – munuň özi bedeniň aktuallygyndan çykyp, ondan awtonom bolan ruhy ýaşaýşyň başlanmagy. Oglanlyk – munuň özi nazy-nygmatlaryň manysyzlaşmagy, bedeniň «gara garnynyň» doýmagy. Diýmek, adamyň ruhy ösüşinde täze bir hili etapynyň başlanmagy. Şeýlelikde, şahyrlygyň «teoriýasy» oglanlygyň teoriýasy bilen utgaşyp gitdi. Şahyrlygam, oglanlygam adamyň iň asyl, tebigy çaglary bilen baglanyşykly ruhy ahwalatlar, has dogrusy, halatlardyr. Ýüregiň kanunlary boýunça ýaşamak, ýagny şahyr bolmak, oglan bolmak matlapsyz hem bähbitsiz ýaşamakdyr. Dünýä, ýaşaýşa, dirilige yşgyň bar ýerinde, adamyň ýüregi yşkdan hem huryçdan dolup durka matlaba hem bähbide orun ýok. Soňky zatlar tebigy, asyl duýgular bilen ýaşaýan ýürek üçin juda ownuk hem nämynasyp, manydan hem mertebeden mahrum zatlar bolup görünýär. Akmyradyň gündeliklerini, ýazgylaryny okap otyrkam, şu aşakdaky bölejige gabat geldim: «Her bir ýazyjy dünýäni dürlüçe görüpdir: Puşkin – ylhamly, Turgenow – gussaly, Biunin – dürli reňkde, Çehow – ynamsyz, L. Andreýew – gazaply, Dostoýewskiý – irrassional. Her ýazyjy özüçe dogry. Her ýazyjy öz derejesinde. A meniň dünýäni görüşim dogrumy?» Puşkin dünýä ylhamly bakypdyr. Hut şonuň üçinem, onuň häsiýetinde, ýaşaýşynda oglanlygyň, tebigylygyň, asyl duýgularyň hökmürowanlygynyň agdyklyk edendigini beletler – döwürdeşleri, hünärmenler köp ýazypdyrlar. Matlapsyz hem bähbitsiz oglan hakyt şahyr ýaly ýaşaýşyň her bir, hatda iň ýönekeýje, adaty hem ownujak ýüze cykmasyndan ylham alýar, onuň ýüregi daşy ýaryp çykan çeşme kibi joş urup, hyruç alyp, göçgünlenip, ylham alyp dur. Şonuň üçinem ýaşaýşyň ýüze çykmasy hem şahsyýetiň daşky dünýä bilen gatnaşygynyň bütinleý özge bir usuly hökmündäki ylhamyň kitap bilenem, zähmet bilenem, endik manysyndaky goşgy «ýasamak» bilenem sebäpli-netijeli baglanyşygy ýokdur. Ylham – yşgyň perzendidir. Ýok, ýok, ylhamyň zehin bilenem, talant bilenem dahylly ýeri ýokdur. Zehin hem talant ýaly adamyň beden hem paýhas ukyplaryndan yşk hyrujy gelip çykabilmez. Çünki bu iki zat adam logikasyna sygdyryp bolýan hem şol logika bile ölçäp bolýan tebigat kanunlarynyň amala gelmesidir. Yşk hem ylham weli ol ölçegleriň çäginden daşarda galýan ylahy, hudawy hadysalardyr. Ylahy kanunlar bile dünýä, materiýa kanunlarynyň arasyndaky mynasybet uly zat bile onuň bölejiginiň arasyndaky mynasybeti ýadyňa salýar. Dünýewi söýgi bilen ylahy yşgyň özara tapawudy-da bir bölejige maýyl bolmak bilen bitewülige aşyk bolmagyň arasyndaky tapawut ýalydyr. Akmyrat Şir bitewülige aşyk bolup geçen şahsyýetdir. Şu-da onuň şahsyýet hem ýazyjy hökmündäki beýikliginiň ölçegidir. * * * Akmyradyň mifologiýa, mifologik ölçeglerine hem formalara ymtylmagynyň düýp sebäbi bitewi, ylahy yşkdan ylham alanlygyndadyr. Mifologiýa bilen deňeşdireniňde ähli gaýry aň, nazar formalary – sungat, ylym, ahlak, syýasat böleklik, hususylyk bolup galýar. Bitewülige, düýp-teýkara ymtylyş, ähli ownuklyklaryň, ýüze çykmalaryň sebäbini hem çözgüdini özünde jemleýän bir özeni gözlemek – Akmyrat Şiriň döredijiliginiň baş pafosydyr. «Erem bagy» powestiniň tutuş türkmen edebiýatynyň ösüşiniň fonundaky çeperçilik täzeçilligi hakda aýdylanda bolsa, şu pikiri tekrarlamak isleýäris. «Erem bagy» – hakykaty mifologiýa öwürmegiň bir usulydyr. Özge türkmen ýazyjylary bolsa şu wagta çenli her hili ideologik hem ideologik däl mifleri hakykat hökmünde görkezjek bolup haýyr-heläk boldular. Bölek-bölek durmuş hadysalarynyň mifologiki-çeperçilik usullar bile bitewülige öwrülişini powestiň hem baş gahrymanyň adyndanam görüp bilersiňiz. Erem bagy – dünýäniň özboluşly çeper modeli, asyrymyzyň 60-njy ýyllaryndaky türkmen obasynyň çeper umumylaşdyrmasy. Munuň özi giňişligiň bitewileşdirilmesi. Baky – munuň özi wagt manysyndaky bitewülikdir. Akmyradyň ýazyjy kalbyndaky Erem bagynyň ýaşaýjysynyň esasy sypaty yşka düşmek, ylhamlanmak bolany üçin şu ýerde yşgyň iki hili hakda söz açasym gelýär. Olaryň biri dünýewi yşk, ýene biri ylahy yşkdyr. Dünýewi yşk – teniň yşgy, ylahy yşk ruhuň yşkydyr. Ylahy yşk sap ruhy hadysa bolup, ýaşaýşa, dünýä akyl ýetirmek bilen baglanyşyklydyr. Dünýewi söýgüde ten duýgulary agdyklyk edip, akyl bile söýgi biri-biri bilen alyşmaýar. Ylahy yşkda bolsa ruhy söýgi agdyklyk edýär hem akylyň barlygy şeýle yşgyň derejesini kesgitleýär. Oglan, Aşyk, Şahyr – «Erem bagynyň» baş gahrymany Bakynyň obrazynyň üç sany esasy tarapy şulardyr. Şu meselede men ony beýik gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatowyň «Jemile» atly ajaýyp powestiniň gahrymany Daniýaryň obrazy bilen deňeşdirip bilerdim. «Jemile» özüniň çeperçilik artykmaçlyklary boýunça adatdan daşary hadysa – powest. Şol artykmaçlyklaram, ilki bilen, Daniýaryň obrazyndaky üýtgeşikliklerden gelip çykýar. Ýazyjy gahrymanynyň içki dünýäsini ussatlyk bile daşyna çöwürmäni başarypdyr. Daniýar – Aşyk, onuň yşky-da akyl ýetirme bilen baglanyşykly, emma akyl ýetirmäniň obýekti meselesinde bu iki gahrymanyň arasynda düýpli tapawut bar. Daniýaryň söýgüsi gaty aňyrdan gaýdypdyr hem onuň ýüreginde bütin dünýä – uç-gyraksyz gazak sähralarydyr ala garly gyrgyz daglary-da, awgust gijesiniň ýüz müňlerçe ýyldyzlary-da ýerleşip bilýär. Ýöne ahyrky netijede Daniýaryň söýgüsi aýalda – Jemilede jemlenýär hem şonda öz wysalyny tapýar. Söýgi atly ruhy proses bu ýerde bitewülikden böleklige tarap şekilde gidýär. Bakyda bolsa tersine, bar zat dünýäniň bitewüligine, syrlylygyna hem özge adamlaryň gözüne ilmeýän taraplaryna akyl ýetirmäge tarap barýar. Dirilik, ýaşaýyş, ylham… Ähli zada onuň öz gapma-garşylygynda oňat akyl ýetirilýär. Diriligiň çöwre ýüzi ölüm. Bu ikisi şol bir prosesiň başlangyjy hem ahyry, bir taýagyň iki ujy. Şonuň üçinem dünýäniň akyldarlary tarapyndan ýazylan Paýhas kitabynda ölüm bile dirilik, ölüm bile yşk biri-biri bilen baglanyşykly gelýär. Yşk – ölüme garşy, diriligiň hatyrasyna edilýän aktdyr. Hatda filosofiýadan hem ruhulykdan mahrum bolan jynsy yşgyň aňyrsynda-da ölüme garşy, ýaşaýşy dowam etdirmek ugrundaky instinktiw meýil ýatýar. Ruhy yşk, dünýä akyl ýetiriş bilen baglanyşykly yşk «Erem bagy» powestiniň problematikasy hem terminologiýasy bilen içki taýdan baglanyşyklydyr. Erem bagyna Injilde Akyl ýetiriş agajy diýilýär. Onda gürrüň berilýän rowaýata görä, Hudaý Adam atany hem How enäni ýaradyp, olary Erem bagyna – jennete goýberýär hem-de jennetiň içindäki nygmatlaryň baryndan peýdalanmaga rugsat edýär, diňe bir agajyň miwesinden datmagy gadagan edýär. Ýylan sypat şeýtanyň was-wasy bilen Adam ata hem How ene şol miweden dadýarlar. Şeýdibem, olar Hudaýyň özlerine gadagan eden zadyna – akyl ýetirmek ukybyna eýe bolýarlar. Diýmek, aslynda akyl-paýhas ogurlyk maldyr. Ogurlyk mal başa düşen dertdir. Hut şonuň üçinem, Magtymgulynyň döredijiliginde «Yşk derdi», «yşk dagy» ýaly jümleler kän duş gelýär. Diýmek, Yşk – akyl ýetirmek, yşk – dirilik akty. Dirilige, ýaşaýşa akyl ýetirmek bolsa ölüme akyl ýetirmek bile des-deň zatdyr. Çünki ölüm hem dirilik filosofiki manyda bir meseläniň iki tarapy, bir tereziniň iki tarapydyr. Şu ýerde beýik filosof şahyryň «Bu derdi» goşgusynyň az-owlak gürrüňi edilse, ýerlikli bolarmyka diýýärin. Şu ajaýyp şygryň podtekstinde ýatan halk rowaýatynda şeýle diýilýär. Dünýäleri ýaradan Allatagala ölümi-de ýaradypdyr. Ol ölümi ilki daglara beripdir, daglar ölümiň ajysyna, dagyna çydaman ýykylyp, ýumrulyp barýarlar diýýär. Soň ýaradan ölümi çöl-düzlere, ýerlere beripdir, çöller-düzler ölüm derdine döz gelmän, lerzan olup, dünýäni ýykyp barýarmyş. Garazhaý, ölüme behişt hem çydaman, ýedi asmana gaçyp çykan, dowzah-da tap gelmän, ýedi gat ýeriň astyna giren. Derýalar-deňizler çydaman, joşup, dünýäni suw alyp barýarmyş. Şeýle görnüşde ýaradylan ölüm dünýäni weýrançylyga eltjekmiş. Meger, ýaradana bolsa dünýä ýaşaýşyny kadalaşdyryjy, şol ýaşaýşyň gutarnyksyzlygyny üpjün ediji forma hökmündäki ölüm gerek bolupdyr. Ine-de, biologik hem ruhy ýaşaýşyň iň çeýe wekili bolan adam ölüme tap getiriji bir zat bolup çykypdyr. Bir ýerde adam ölse, başga bir ýerde toý-meýlis diýýär. Diýmek, ýaşaýşyň ählumumy sazlaşygy bozulanok. Şeýdip, rowaýatda aýdylşy ýaly, ölüm adamzadyň başynda galyberipdir. Elbetde, bu rowaýat halkyň aňyndaky düşündiriş. Emma ölüm hem dirilik, yşk hakdaky hakykatyň has düýpli, intellektual esaslandyrmasy-da bar. Şol nukdaýnazardan seredeniňde, gep ýöne bir ölüm hakynda däl, ölüme akyl ýetirmek barasynda gidýär. Beýik şahyr «ölüm derdi» diýen jümläni agzamaýar, ol «yşk derdiniň» gürrüňini edýär. Şeýtanyň sapagy bile edilen ogurlyk netijesinde howaýy pikirlenme ukybyna eýe bolan adamzat özge biojansyz-u-janly materiýadan tapawutlylykda ölümiň barlygyna akyl ýetirýär. Allatagala ölümi oňa akyl ýetirme bilen bile berýär. Olaryň birini alaga-da, beýlekisini goýmak mümkin däl eken. Ölüme akyl ýetirmek şol ogurlygyň bahasy eken. Şonuň üçinem Magtymguly «nebeladyr» diýýär-dä! Adam ata öz başyna, öz nebereleriniň başyna bela satyn alýar! Ýöne beýleki tarapdan akyl ýetirme uly artykmaçlyk. Dünýä, ýaşaýşa hem ölüme akyl ýetirmek Adam atadan galan, gaty gymmat düşen iň esasy ogurlyk mirasdyr. Älem ýaşaýşynyň fonunda seredeniňde, adamzadyň barja artykmaçlygy onuň paýhaslylygyndandyr. Dürli rowaýatlaryň, mifleriň logikasyndan seredeniňde, şol artykmaçlygam ahyrsoňunda onuň başyna ýetmelidir. Indi bolsa men öz görşümi aýdaýyn. Meniň pikirimce, Adamyň jennetden – Erem bagyndan kowluşy baradaky mifde adamyň bio-ruhy ösüşiniň örän möhüm etapy öz beýanyny tapypdyr. Biz haýwanylykdan adamlyga geçiş etapynyň gürrüňini edýäris. Dürli dini kitaplarda berilýän şol rowaýata görä, Adam ata bile How ene şol miweden dadan batlaryna, özleriniň ýalaňaçdygyna akyl ýetiripdirler, şol bada-da uýat ýerlerini ýapmaga howlugypdyrlar. Ýalaňaçlygyňy bilmek, uýat ýeriňi ýapmak – adamzady ähli janly-jandarlardan tapawutlandyrýan pursatlaryň biridir. Adam janly-jandarlardan tapawutlylykda, özüni subýekt hökmünde duýup bilýär, öz barlygyna göz ýetirýär, diýmek, logika boýunça haçanam bolsa bir wagt ýok boljaklygyna-da göz ýetirip bilýär. Gaty gadymy eýýamlardan bäri ölüm adamzadyň filosofiýasynyň esasy meseleleriniň, onuň mifologiýasynyňam esasy obýektleriniň birine öwrülipdir. Dünýäniň iň gadymy siwilizasiýasyny döreden şumerleriň Gilgameş hakyndaky eposynda baş gahrymanyň ölüme akyl ýetirişi suratlandyrylýar. Gilgameşiň dosty ýogalýar, ölümiň nämedigini bilmeýän gahryman dosty uklandyr öýdüp, onuň oýanmagyna garaşyp ýör. Diňe wagt geçip, merhumyň jesedine gurt düşüp, et süýekden aýrylyp ugranda, Gilgameş munuň uky däldigine akyl ýetirýär hem Hudaýlardan ölümiň barlygyny eşidýär. Epos Gilgameşiň dirilik suwuny gözleýşi baradaky täsin wakalardan doludyr. Dirilik suwy, aby-haýýat düşünjesi hem onuň bilen baglanyşykly sýužetler, gahrymanlar musulman mifologiýasynda uly orun tutýar. Meselem, Gurhany kerimde pygamber hökmünde görkezilýän Zülkarneýniň dirilik suwuny tapyşy baradaky miflerden tas hemmeleriň habary bardyr. Adam ata şeýtanyň elinden akyl ýetiriş agajynyň miwesini iýdi. Beýik şahyrlar erenleriň elinden akyl ýetiriş suwuny – yşk şerabyny içdiler. Bu iki hadysanyň arasynda sebäpli – netijeli baglanyşygyň bardygy aýandyr. Dirilik hem ölüm ýaşaýyş diýilýän bitewi prosesiň aýakdaş iki tarapydyr. Biziň milli ruhy terminologiýamyzda şol bitewülik yşk düşünjesi bilen hem aňladylýar. «Şol pursat ol gözlerindäki gözýaş perdesiniň aňyrsyndan, özüne tarap alňasap gelýän erenleri gördi. Ondan bäri köp wagt geçdi, indi şo görlenleriň düýşdügi ýa huşdugam ýatdan çykypdyr, haýsysy bolanda näme, megerem, kalbynyň joşa gelen şol pursatynda ol hyýalatdan hakykatyň aratapawudyny ýitiren bolsa gerek, şonuň üçinem, şahyrlaryň diňe Hakyň emri bilen, hakdan içip şahyr bolýanlygy hakdaky halk rowaýaty göýä çyna dönüp, göz öňünde janlanypdy. Hawa, erenler gaýypdan uçup geldiler, ellerinde-de tylla käse. Käsäniň şöhlesi gözüňi gapyp, on iki synaňy eredip barýar. Baky çöke düşdi-de, elleri bilen kellesini tutup, möňňürip goýberdi…» Yşk, ylham, meý, şahyrlyk… Ýaşaýşa akyl ýetirmek üçin ýaşaýşyň adaty akymyndan daşa çykmaly. Şonda şahyrlyk sypatyna eýe bolup bolýar. Türkmenlerde şahyrlyk welilik bile utgaşykly sypatlar hökmünde görülýär. Munuň özi biziň milli aňymyzda mifologiýa bilen hakykatyň, sungat bilen mistikanyň bitişip gidendigini aňladýar. Şunuň bilen baglanyşyklylykda «Erem bagy» powestiniň terjimesi babatda ýekeje detaly ýatladyp geçmekçi. Zehinli terjimeçi Kömek Kulyýew powestdäki hereket edýän «Staresi» «Dana» diýip terjime edipdir. Dana, danyşment Gündogarda rasional akyl-paýhasyň wekili bolupdyr. Mistiki ylhamlanan adamlara pirler diýilýär. Rus dilindäki «stares» sözi-de hristian pirleriniň aňlatmasydyr. * * * «Erem bagy» powestiniň mazmunynda halkymyzyň mifologiki we edebi hakydasynyň has içki gatlaklarynda ýaşaýan närseler ýüze çykyp dur. Ýazyjynyň talanty näçe aňyrdan bolsa, onuň eserleriniň çuňňurlygy-da, onuň öz mazmunyna sygdyryp bilýän detallary-da has gadymy bolýar. Şu babatda meniň ýüzugra ýekeje bir detaly agzap geçesim gelýär. Edebi ösüşiň dowamynda bütin bir sýužetiň ýekeje detala, bir rowaýatyň metafora öwrülip gitmeginiň mümkindigini görüp bolýar. «Şahyrlyk derdiniň dermany» diýlip gaty türkmençe berlen (şahyrlyk dert hökmünde – biziň öňden gelýän milli pikirleniş stilimize laýyk gelýär: yşk derdi, şahyrlyk derdi) birinji bölümde şeýle bir epizod bar: «Ol geň ahwala sataşdy, töwerekdäki zatlaryň birem ne gözüne, ne gulagyna ilýärdi. Gözlerini uçganakladyp, saçlaryny hüžžerdip öýe geldi, soňam golaýdaky ýabyň belent raýyşyna çykdy-da, bir zatlar pyşyrdap ugrady, pyşyrdamaly zatlaryň bolsa öňi-ardy ýokdy». Şahyrlyk hyrujy oglanyň içine sygman, owaz bolup dünýä ýaýraýar. Şol hyruç dünýäniň syryny, köpgatlaklylygyny syzmakdan hem aňlamakdan döreýär. Şeýle bir rowaýat bar: Dünýäni basyp alan serkerde Isgender Zülkarneýniň bir aýby bar eken. Onuň maňlaýynda iki sany şahy bar eken. Şonuň üçin ol her gezek saçyny syrdyranda, saçyny syran dellegi öldürmeli bolupdyr. Sebäbi ol özüniň şahlydygyny gören dellegiň öz aýbyny-syryny dünýä, ile ýaýaryndan gorkupdyr. Näme-de bolsa, Isgenderiň öz delleklerini näbelli sebäbe görä öldürýändigi ile belli bolýar. Ine-de, günleriň bir güni bir görmegeý ýaş ýigidi – dellegi Isgenderiň ýanyna çagyrýarlar. Wakanyň soňunyň ölüm bilen gutarjagyny bilen ýaş dellek öz enesinden näme etmelidigi barada maslahat soraýar. Enesi öz süýdüni garyp, hamyr ýugurýar, şol hamyrdanam çörek bişirip, ogluna berip goýberýär. Isgenderiň maňlaýynda iki sany şahyň bardygyny görüp, aňk bolan dellek zordan onuň saçyny syryp bolupdyr. Aralygynda-da patyşa enesiniň bişiren çöreginden hödür-kerem edipdir. Şol aýgytlaýjy pursat – dellegi ölüme buýurmak pursady gelende, dellek biraz merdemsilenip, patyşanyň şeýle buýrugy bermeginiň adatdan daşary gabahatlyk boljakdygyny aýdypdyr. – Nňme üçin? – diýip, Isgender soranmyş. – Sebäbi – diýip, dellek jogap beren. – Siziň ýaňky iýen nanyňyzy meniň enem öz süýdüne garyp bişirdi. Şeýdip, ikimiz süýtdeş dogan bolduk. Şol wakadan soň Isgender ol ýigidi ölümden azat edipdir. Emma onuň şahy barada hiç ýerde dil ýarmajakdygy barada oňa ant içiripdir. Emma ol syr içine sygmadyk ýigit syry içinde saklap bilmän, mahal-mahal çola ýerdäki guýa gelip, onuň içine «Isgenderiň şahy bar, Isgenderiň şahy bar» diýip gygyrar eken. Şol guýynyň içinde gögeren gamyşdan tüýdük ýasanan çopanlar geň galypdyrlar: tüşdük başga hili owaz etmän, diňe «Isgenderiň şahy bar» diýip seslenip durmyş. Şeýdip, Isgenderiň gör näçe adam janyna duran syry äleme aýan bolupdyr. Ähli pynhanlyklar aýan bolýar. Şunda-da şahyrlaryň paýy aýratyndyr. Baky rowaýatdaky şol täsin ykbally dellek ýigidi ýada salýar. Ýöne ikisiniň ýüregindäki hyrujyň sebäpleri hem mazmuny dürli-dürli. Baky dünýä syryny, ýaşaýyş syryny instinktiw duýup ugran oglan. Eýse instinkt näme? Instinkt biologiki manyda millionlarça ýyllaryň dowamynda müňlerçe nesliň işläp tebiýelän tebigy endikleridir. Şahyrlyk ata-babalaryň ruhy genlerinden geçip gelen, ölçegleri Hudaý tarapyn berilýän artykmaçlykdyr. * * * Şahyrlyk meý içmeklikden başlanýar. Biziň halk rowaýatlarymyzda, klassyky medeniýetimizde bu mesele änigine-şänigine çenli işlenipdir. Weliligiň teoriýasynda meý içmek temasy akylly-başly işlenilip düzülipdir. Oňa hal ylmy ýa-da ylmy-hal teoriýasy diýilýär. Şahyrlyk ylhamynyň meý içmeklige, serhoşluga deňelmeginiň öz psihofiziologik esaslary bar. Serhoş adamyň akyly adaty akymdan çykýar-da, ýaşaýşa, zatlara öň özüne mahsus bolmadyk nukdanazardan bakýar. Köp zatlar oňa bütinleý başgaça görünýär. Edil şahyrlykda-da ýonuň ýaly. Şahyr ýaşaýşyň illere pynhan içki mazmunyny görýär, hadysalaryň içki manysy oňa birden aýan bolýar, kellesine urlan ýaly, hakyt serhoşlyk duýgularyny başdan geçirýär. Hal ýagdaýyna düşýär. Musulmançylyk ýolunda tasawwuh ylmy ruhy kämilleşmegiň ýokary basgançagy hasaplanýar. Akmyrat Bakynyň içki dünýäsiniň üsti bilen tasawwuh ylmynyň aýratynlyklaryny görkezýär. Tasawwuh taglymaty ikä bölünýär. Ylmy-kal taglymaty – dil bilen düşündirip bolýan ylym; görüp, okap, ýazyp bolýan zahyry ylym. Ylmy-kal taglymaty – adamzat durmuşynda bolup geçýän, düşündirip bolmaýan, ruhy başdan geçirmeler. Şeýle hem şatlyk, gaýgy-gam, hyjuw. Magtymguluda şeýle setir bar: Ylmy-kal, ylmy-hal baryn jem etsem, Şerigat ýoluna daýym göz etsem, Nebsi şeýtan – dünýä harsyň terk etsem, Şeraban–tehuran bulag ýetişse. Hal Allatagala bilen adamyň arasyndaky perdäniň aýrylmasydyr. Allatagala akyl ýetirmäniň ýüze çykmasydyr, ýok zadyň görülmesidir, gizlin zat bilen pynhan sözleşmekdir, ýitirilen zat bilen dostlukdyr, öz içiňde özüňi ýitirmekdir. Bu ahwalat şahyrlyk ahwalatydyr, şahyrlygyň gözbaş almasydyr. Çünki şahyrlyk – Erem bagynyň ýaşaýjysynyň häsiýetidir. Powestiň mazmunynda awtoryň oglanlykda başdan geçiren wakalary esasy zatmy ýa awtoryň kalby üzre olaryň suratlanyşy, reňk alşy?! «Powestde hereket edýän gahrymanlar şol döwürde real ýaşan adamlarmy ýa awtoryň täsirleriniň, duýgularynyň, pikir ýörelgeleriniň adamlaşmagymy?» diýen sowallaryň ikinji bölegini tassyklasyň gelip dur. Erem bagy – munuň özi, ilki bilen, Bakynyň kalbyndaky duýgy hem pikir giňişligidir. Ondan daşarda hiç hili bagam, Erem hem ýok. Erem bagy modeli awtoryň baş çeperçilik konsepsiýasy, onuň estetikasynyň daýanç nokady. Ol ýazyjy hökmündäki ähli «oýunlaryny» şol çeperçilik modeliň daşynda amala aşyrýar. Şonuň üçinem eseriň bitewüligini göz öňüne getirmekden ötri «bag» motiwiniň powestdäki öwüşginlerinde göz egleseň, ýalňyş-a bolmazdy. Powestde «bag» motiwi eseriň mazmunynyň «skeleti» bolup durýar. Her bir bölüm şol motiw bilen başlanýar. Eseriň mazmunyndaky düýpli üýtgeşiklik, täze öwrümler, gahrymanyň kalbynyň taryhdaky täze sahypa «bag» motiwiniň giňelip-daralyşyna, ähmiýetiniň artyşyna ýa kemelişine baglydyr. Ýöne bu gürrüňe geçmezden öňürti Injilde, Gurhanda Erem bagynyň suratlandyryşy barada kelam agyz. Injilde Erem ýa-da jennet üç hili sypatda ýa-da formada şekillenýär: Erem – bag, Erem – şäher, Erem – asmanlar. Injilde gürrüňi edilýän Erem ýeriň ýüzünde diýlip düşündirilýär. Erem bagy Gündogaryň bir ýerlerindemiş hem onuň içinde akýan derýalar hatda Ýer ýüzüniň adaty derýalary bilen goşulyşyp, soňkularyň ajy suwuny süýjedýärmiş. Onuň içinde öwüsýän şemallar bilen deňeşdireniňde ýerdäki ýeller hazan ýelindenem betermiş. Erem şäheri kwadrat şekilde bolup, ol kwadratyň her tarapy 2220 kilometre deňdir. Erem şäheriniň binalary arassa altyndan hem durnagöz suw ýaly aýnadan bolmaly. Asmandaky Erem ähli maddy geldi-geçerligiň, panylygyň antonimi hökmünde getirilýär. Bu ýerde Eremiň suraty asman gatlaklary görnüşinde göz öňüne getirilýär. Awtoryň suratlandyryşynda Erem dini kitaplaryň utopistik ýurdy däl-de, bütinleý real bir ýer bolup göz öňüne gelýär. Çagalyk hakydasynyň wakalarynyň mifologiýasynyň «suwuna» eýlenmegi netijesinde özboluşly çeper eser emele gelipdir. Munuň şeýle bolmagy üçin Akmyrat çagalykdan aňynda galan anyk wakalara dini mifologiýadan illýuziýa tapýar-da, şol waka öz durşunda bolmadyk simwoliki many berip goýberýär. Powestiň süňňünde bu iki komponentiň – mifologiýa bilen reallygyň mynasybeti hakda gürrüň edilse, onda reallygyň esasy planda durýandygyny, beýlekiniň oňa diňe «reňk berýändigini» aýtmaly bolar. Reallyk hem ondaky wakalar üç bölümden ybarat edilip berlipdir. Munuň özi Akmyradyň oglanlyk diýilýän ruhy ösüş etapyny üç basgançakdan ybarat göz öňüne getirýändigini aňladýar. 1. Röwşen ýodalar. 2. Garaňky ýodalar. 3. Oazis. Şeýle struktura awtora öz durmuş konsepsiýasyny beýan etmäge mümkinçilik berýär. Erem bagynyň eseriň realistik hem simwolik düşeginde tutýan ornuny, awtoryň bag arkaly pikirleniş stilini ýewropa edebiýatynyň täsiri bilen düşündirmek nädogry bolardy. Islendik türkmen dessanyny, ertekisini ýada salyp görüň. Olaryň mazmunyndaky çeper giňişligiň bir formasy bolan çarbagyň, serhowzuň nähili uly ornunyň bardygyny ýatlatmagyň özi köp pikirlere iterip bilerdi. Ol çarbag hem serhowuz motiwiniň Kurany kerimden gaýdýandygy, onuň Erem bagynyň özboluşly bir suratlanmasydygyny inkär edip bolmaz. Biz Akmyradyň Erem bagyny-da, ondaky şäher bagyny-da şu edebi hakydanyň çäklerindäki zat hökmünde düşündirerdik. Akmyrat diniň idealistik Erem bagyny dünýewileşdirýär hem reallaşdyrýar. Powestiň kompozisiýasyndan görnüşi ýaly, onuň «Erem bagynda» diňe röwşen däl, eýsem garaňky ýodalaram bar. Ýodalaryň şeýle kontrastiki bölege bölünmegi realistik nazar bilen baglanyşykly. Çagalykda başdan geçiren wakalarynyň ýatlamasy durmuşda haýyr hem şer, röwşenlik hem garaňkylyk ýaly filosofik konsepsiýany öňe sürmäge esas berýär. Röwşen ýodalar awtoryň kalbynda oňyn täsir, röwşen ýatlama galdyran wakalary özünde jemleýär. Munuň özi, ilki bilen, çagalyk dostlary hem poeziýa bilen gyzykmak. Akmyrat wakalara hem temalara simwoliki many berýär diýdik. Poeziýa, şahyrlyk, bir tarapdan, Erem bagynyň simwolikasy bilen baglylykda ýaşaýyş obrazyny aňladýar, beýleki tarapdan, çagalyk ýatlamasy hökmünde öz asyl manysynda gelýär. «Täsin oýun» hem «Emenen oglan» atly hekaýatlardan poeziýanyň hem edebiýatyň çaga kalbynyň ir wagtdan hemrasy bolandygy görünýär. Hut poeziýa bilen baglanyşykly sahypalar özüniň şahyranalygy bilen tapawutlanýar. «Peç garaçyny bilen ýanýar, turbalary güwleýär. Öýüň içinde-de adyny tapan ysyň – nahardyr tüssäniňem, temmäkiniňem, myhmanlaryň sowgat diýip getirýän atyrlarynyňam ysy bar. Ejesi bir gapdalda, ullakan agaç kersende hamyr ýugrup oturandyr. Gyz doganam aldygyna tikin maşynyny sürýändir… Daşarda mymyjak gar ýagyp dur, garyň üstünde birki sany güjük iki-baka keýp edip çapýar, olaryň gerişleri eýýäm ap-ak bolupdyr welin, şoňam duýanok tentekler». Şeýle miniatýura kartinalarda agdyklyk edýän reňk-röwşen, ak reňkler. Çagalygyň kalba täsirli wakalary özüniň terligi bilen ýatda galýar. Çagalyk umuman alanyňda-da, göklük, terlik diýmek ahyryn. Adam atany Akyl ýetiriş agajynyň emendirişi ýaly, Bakyny-da raýon kitaphanasynyň uly agajy ýada salyp duran polkalaryndaky kitaplar emendirýär. «Bagyň» sakçysy häzir bir ýerig-ä gidipdir. Töwerekde yns-jyns ýok. Ümsümlik. Baky ikirjiňläp, kän durdy. Ahyram, ýüregine daş baglap, öňe gadam urdy. Baý-bow! Mundaky miwäniň hetdi bar – hasaby ýok, mundaky guşlaryň owazy o dünýä – bu dünýä eşidilen zat däl. Jadyly şahalaryň arasyndan parran geçýän gün şöhlesi duman goýman dargadypdyr». Hawa, bu miweli bagyň däl-de, kitaphananyň beýany. Onuň bag sypatynda göz öňüne getirilmegi-de, awtoryň ýasamalyk bile Erem bagyna meňzeş getirjek bolmak islegi bilen däl-de, Bakynyň oglanlyk kalbyndaky täsirler, onuň dünýäni, şol sanda kitaphanany görüşi, poeziýa emenişi bilen baglanyşykly. Çagada Adam atanyň kalbyndaky ýaly arassalyk hem päklik, terlik bar. Çaga entek Akyl agajyndan dadyp görmedik Adam ata ýaly bigünä hem arassa. Şonuň üçinem Bakynyň durnagöz duýgularyny ýoýmazdan, kagyza geçirmek üçin Akmyrat bar talantyny gaýgyrmandyr. Oglanyň kalbyndaky Erem bagyny üýtgetmezden, beýan etmek aňsat iş däl. Ýöne «Emenen oglan» bölümi Baky bilen baglasa-da, Enwer hakyndaky ýatlamalar bilen gutarýar. Raýon kitaphanasyndaky rus dilindäki kitaplary Bakydan öň Enwer okapdyr diýýärler. Enwer uly alym bolmak üçin Moskwa gidip, şol ýerde-de köçe süpüriji bolup ölüpdir. «Enweriň ejesi aglap-eňräp oglunyň jesediniň yzyndan gitdi. O taýda adam jaýlajak bolsaň, gonamçylykdan ýer satyn almaly eken. Ölüni alyp gaýtjagam bolsaň, ýörite ýaşşik gerek. Ol zatlara dul görgüli puly nireden tapsyn. Onsoň onuň eline içi külli bir gapjagazy tutdurypdyrlar-da, «Ynha, seniň ogluň!» diýipdirler. Enweriň ejesi biçäre şol külli gaby kim gabat gelse görkezýärdi, hem: «Şumy indi meniň balam, şumy meniň gerçek oglum?!» diýip zarynlaýardy». Şujagaz epizod – gürrüň Akyl agajyna emenmegiň edil Adam atanyň jennetden kowulyşy ýaly agyr netijä getirýändigini aňladýarmyka? Mümkin bolaýjak şeýle filosofiki podteksti bir ýana goýalyň-da, Baky – Enwer bilen baglanyşyklylykda bir häzirki zaman mifologiki rowaýata diň salalyň: Bir ýigit dünýäden gaýdypdyr. Onsoň ony, düzgün bolşy ýaly, o dünýäde perişdeler garşy alyp, sorag edipdirler. Ýigidiň günäsi köpmüş. Şonuň üçinem ony dowzaha höküm edipdirler. Dowzaha äkidilerine garaşyp oturan ýigit şol ikarada özüniň tanşyna gabat gelen. Ýagdaýlar soraşylypdyr. Ol özüniň tanşyna ýagdaýyny, indiki ykbalyny gürrüň beripdir. – Meniňkem şeýle – diýip, tanşy dillenipdir. – Tas jennete-de gidäýmelidim weli, oňa düşere pylança (gram, metr, amper, litr – bilemok) sogabym ýetmedi. – Aý, meniň-ä günäm ep-esli bar. Ýöne mende edil saňa ýetmeýän azajyk sogap bar. Barybir dowzaha gitmeli bolsam, men ony saňa bagyş edýän. Sen bir dowzah odundan aman bol – diýip, ýigit barja sogabyny tanşyna bagyş edipdir… Ine-de, jennetden jaý alan ýigit onuň arzyly derwezesinden girip gelýärmiş. Görse, hälki özüne barja sogabyny beren dosty öňünde ýylgyryp durmuşyn. O nähili beýle bolýar?! – Aý, saňa ýaňky eden ýagşylygymy görüp, barça günälerimi ötdi duruberdiler. Şeýdibem… Şu rowaýatyň süňňünde meni gyzyklandyrýan, onuň maňzyny emele getirýän esasan iki ideýa bar: birinjiden, adamlara edilen ýagşylygyň ulusy-kiçisi, arzany-gymmaty ýokdur. Islendik ýagşylyk uly sogaba öwrülip, hatda bimöçber uly günäleri-de ýeňip biler. Ikinjiden, esasanam meniň häzirki edýän gürrüňimiň kontekstine oňat girip duran tarapy: jenneti ýaşaýşa ýüregi sahy, jomartlyk hem betgümansyzlyk babatda edil oglanyňky ýaly ýürekli adam mynasyp bolubiler. Ýigit özüniň dowzaha höküm edilenine kaýyl bolup, barja sogabyny özgäni halas etmäge berýär. Göräýmäge, bu iki ikiň dört diýen ýaly ýönekeýje hereketdirem weli, bu hereketiň aňyrsynda psihologik çylşyrymly zatlar ýatýar. Ol herekete örän sahy kişi ukyplydyr. Şu nukdaýnazardan seredeniňde, Akmyradyň adamzat ömrüniň oglanlyk diýilýän döwrüni jenneti ýaşaýşa, Erem bagyndaky ýaşaýşa simwoliki deňemegi psihologik anyklyk babatda gaty jüpüne düşen çeperçilik amalydyr. Diýmek, baky ýaşaýşa ýüregi kir-kimirsiz adamlar mynasypdyrlar. Powestiň adynyň, gahrymanyň adynyňam eseriň düýp, içki many gatlaklary bilen baglanyşygy tarapdan hut şulary aýtmak bolardy. Mifologiýanyň esasy görüş formasy simwol, simwolam göçme manylylygyň iň aňrybaş derejesi. Onsoň powestde mifologiýa bilen realiýanyň sepleşişini yzarlasaňyz, siz awtoryň öz oglanlyk hakydasyndan alnan iň durmuşy epizodlaryňam mifologiýanyň şerbetine eýlenip, uly simwoliki manylary saçyp başlaýandygyny görüp bilersiňiz. Ruhuň has oňat hem manyly açylýan formasy bolan mifologiýa adamzadyň düýşürgenmesidir. Düýşüňem özboluşly süýjüligi, şirin hasraty bolýar. Düýş adamy üýtgeşik bir alyslyga, real durmuşda hiç haçan bolubilmejek görnüşdäki arzyly hem gözel mifiki ülkelere alyp gidýär. Adam näme üçin köp wagtlap düýşüň täsirinden saplanyp bilmän gezýär, ol nämüçin düýşe uly ähmiýet berýär?! Meniň pikirimçe, munuň esasy sebäbi düýşüň hakykylygy ýa ýalanlygy däldir. Esasy sebäp düýşüň adamyň psihikasyna, içki dünýäsine edýän güýçli estetiki-emosional täsiridir. Şu babatda sungatyň iň beýik eserlerem manyly-mazmunly, ugurly-utgaly düýş bilen deňeşdireniňde hiç zatdyr. Çünki düýş aňasty prosesleriň dünýäsidir, sungat bolsa gutarnykly görnüşde aňyň üstündäki hadysalaryň görnüşindendir. Iň esasy zadam, mifologiýa oraşan düýşdür. Munuň özi hakykaty görkezmek babatda mifologiýanyň ylymdan ýa gaýry bir aň formasyndan has rüstemligini aňladýar. Ýöne düýşüň öz ýorgutlarynyň bardygyny belleýäris. Düýş diýilýän hadysanyň simwoliki diline düşünip bilýän, onuň kodlaryny okap bilýän adamlar düýşi dogry ýorup bilýärler. Edil şonuň ýaly, mifleriňem özboluşly dili bolup, şol dili adaty dile terjime edip bilseň, mifologiýadan sansyz köp hakykatlary aňlap bolýar. Mifologiýanyň diliniň esasy aýratynlygynyň birem durmuş bilen deňeşdireniňde, bu ýerde sebäbiň netije, netijäniň bolsa sebäp hökmünde görkezilýänligidir. Bu bolsa göçme manylylyga, ýagny manynyň göçmegine getirýär. Düýş hem göçme manyly elementlerden durýar. Mifologiýa bilen düýşüň arasyndaky şeýle içki baglanyşyk «Erem bagynyň» çeper mazmunynda gürrüňsiz beýan bolupdyr. Powestiň «Röwşen ýodalar» atly birinji bölümi Bakynyň gören düýşi bilen tamamlanýar. Ol onunjy hekaýat bolup, onuň ady-da «Daragtdyr». «Daragt» atly şahyrana, özboluşly göwher derejesine çenli beýan ediş, obraz, dil babatda taraşlanan hekaýaty okap otyrkam, Akmyradyň «Düýş» atly kiçijik miniatýurasy ýadyma düşdi. Bu ýerde ol özüniň gören düýşüni beýan edipdir. Gara daragt bu ýerde gara ýylana meňzeýär. Onsoň okyjynyň aňyna şobada Akyl ýetiriş agajy, ýylan sypatyndaky Iblis gelýär. Adam ata bugdaý iýdiren ýylany. Miniatýura esasynda, soňkyny bolsa öz gören düýşüniň esasynda ýazandyr. Şol düýşüň esasy bolsa, megerem, onuň mifologiýadan okan zatlarynyň hem durmuşda gören zatlarynyň başaşak şöhlelenmesidir. Ýöne meniň ünsi çekjek bolýan zadym bu iki hekaýatyň arabaglanyşygy däl-de, aratapawudy. Powestiň içinde Daragt položitel obraz, miniatýurada bolsa göz-görtele otrisatel obraz bolup durýar. Munuň özi adamzadyň Akyl ýetiriş agajynyň miwesinden datmak hereketiniň iki taraply, iki manyly hadysa bolanlygyndan gelip çykýar. Akmyrat hekaýatlarynyň hersinde şol taraplaryň birini açyp görkezipdir. Powestde Daragtyň položitel obrazda berilmegi Bakynyň ruhy ösüşiniň logikasyna laýyk gelýär. Daragtyň miwesinden datmak oglanlygyň ýuwaş-ýuwaş geçmişe gidip, onuň ornuna ýigitligiň gelýändigini alamatlandyrýan öwrüm. Şeýdip, powestiň çeper strukturasynda-da öwrüm edilýär: üç bölümiň birinjisi – «Röwşen ýodalar» tamam bolup, ikinji – «Garaňky ýodalar» bölümi başlanýar. Diýmek, Baky ýuwaş-ýuwaşdan Erem bagyndan çykyp ugraýar. Ikinji bölüm jennet ýaşaýjysynyň kir-kimirsiz ýüreginde, bolmanda, ýaramaz täsir goýup biljek şirin elementlerini özünde jemleýär. Bakynyň oglan ýüregi dünýäniň kölegeli taraplaryny syzyp ugraýar. Ýöne bu wakalaryň hemmesi awtoryň döredijilik fantaziýasyndan däl-de, onuň çagalyk durmuşyndan alnan wakalardyr. Akmyrat Şir durmuşyň reallygynyň kanunyny aňdyrýar: Adam ýaramazlyklary görüp, ýaramazlyklara akyl ýetirip, kämilleşýär. Ýer ýüzündäki ýaşaýyş jennetdäkiden tapawutlylykda ideal däl-de, real ýaşaýyşdyr. Töhmet, ganhorluk, haram höwes, jynsyna baýrynma, adamy kemsitme, şeýtan raýyna gitme – şeýle sypatlar real adama mahsus bolaýjak sypatlar ahyr soňunda adamyň jennetden kowulmagyna getiripdir. Edil şolaram powestiň ikinji bölüminiň aýry-aýry hekaýatlarynyň mazmunyny düzýärler. Diýmek, eseriň kompozision ösüşini esasy ideýanyň açylyş, ýaýbaňlanyş depgini kesgitleýär. «Erem bagynyň» soňky bölümi «Oazis» diýlip atlandyrylypdyr. Munuň özi çeper ideýanyň iki basgançak ösüşinden soň alynýan netijedir. Baky mikrodünýäden – Erem bagyndan çykyp, makrodünýä – oazise gelýär. «Oazis» iki hekaýatdan – «Bagdan kowuldy» hem-de «Alaňlaryň aňyrsyndan» atly hekaýatlardan durýar. Eýsem-de bolsa, oazis geografik düşünje hökmünde nämäni aňladýar? Oasiz – çölüň içindäki ösümligi hem suwy bolan ýerdir. Geografik giňişlik hakynda sözlenende, adatça, «çöl – oazis» diýen many gapma-garşylygy ulanylýar. Eýsem-de bolsa, oazis ideýa-çeperçilik düşünje hökmünde Akmyrat Şiriň eserinde nämäni aňladýar? Akmyrat ýokarky many gapma-garşylygyň deregine «bag-oazis» diýen tirkeşigi ulanýar. Baky bagdan çykyp, oazise düşýär. Oazis eseriň çeper kontekstinde oglanlygyň daşyndaky real durmuşy aňladýar. Şonuň üçinem degişli many gapma-garşylygyny «oglanlyk-ýigitlik» görnüşinde-de ulanyp bolardy. Aslynda-ha, «bag-oazis» sözüň hakyky manysynda many gapma-garşylygy däldir, bu ýöne bir many jübütidir, çünki eseriň içki many strukturasyndan çen tutsaň, bag bile oazis biri-birine garşy goýulýan düşünjeler däl-de, biri-biriniň dowamy bolup duran manynyň ösüş basgançaklarydyr. Biziň ideologiki pikirlenmämizdäki hakyky many gapma-garşylygy «jennet-dowzah» görnüşinde gelýär. Muhammet alaýhys-salam mahraj gijesinde ýerlere hem göklere syýahat edipdir. Onuň öňüne düşen ýolbeledi Jebraýyl perişde bolmaly. Bu hakda klassyk şahyrymyz Kemine iki setirinde aýdýar: Göz ýumup-açynça haýr ul-mursalyn, Magraja ýetirdi Jebraýyl emin. Ýedi gat ýeri – dowzahlary aýlanyp ýörkä, Muhammet alaýhys-salam geň bir hadysa gabat gelýär. Dowzahyň çydam edip bolmajak sakar odunyň edil ortarasynda biri hakyt ýylgyryp oturanmyş. Hezreti pygamber bu geň hadysanyň sebäbini Jebraýyl eminden soraýar. – Bu oturan Hatam Taý bolmaly. Hatam Taý butparaz bolany üçin, Hudaýyň birligine şek ýetireni sebäpli dowzah oduna höküm edilendir. Emma ol ýer ýüzündäki ýaşaýşynda şeýlekin üýtgeşik sahylyk, jomartlyk görkezendir ki beýle görülmedik jomartlyk Rahym Allanyň hoşuna gelip, onuň ýörite buýrugy bilen dowzahyň ortarasynda oturan butparaza dowzah ody kär etmeli däl diýlendir. Sahylyk bolsa diňe arassa hem päk, kir-kimirsiz ýürekden, ýagny çaganyňky ýaly ýürekden çykýar. Sap dini manysy bolan iman meselesini ortadan aýyrsaň, (çünki Hatam Taý Hudaýa iman etmändir) onda jenneti ýaşaýyş sahy ýürekliligiň ýaşaýşydyr, nebsiň ýoklugynyň ýaşaýşydyr, ýagny oglanlygyň ýaşaýşydyr diýip jemläp bolar. Türkmenlerde oglanlykda ýogalanlar jennetiň ak guşuna öwrülýärler diýen ynanç bar. Ýöne, Baky oglanlykda ýogalanok. «Erem bagynyň» soňky «Alaňlaryň aňyrsyndan» atly hekaýatynda şeýle setirleri okaýarys. Soňky sözlemler. «Soň, has soň Baky, dünýäni tümlügiň, galplygyň, pisligiň eline bermän sakladýan, iň uly hakykatyň owunjak, bir pursatlyk hakykatjyklaryň içinde ýitip gitmegine ýol bermeýän adamlaryňam jahanda bardygyny biler. Bu bolsa ony, birwagt, dünýede şahyr diýlen jemendäniň bolýandygyny bilendäkisi ýaly, tolgundyrar, begendirer». Tutuş eserde çagalyk bilen oglanlygyň, oglanlyk bilen ýigitligiň aratapawudy tekstiň asty bile yzarlanylýar. Hut soňky sözlemde – ýekeje sözlemde şol tapawut syzdyrylyp goýberilýär. Çagany – 12 ýaşa ýetmedigi dünýäde şahyrlyk, şahyrlar diýen jemendäniň barlygy haýran edýär, gozgalaňa salýar. Ýigidi – 16 ýaşlyny dünýäde arassa, päk adamlaryň barlygy gozgalaňa salýar. Geň zat, soňky sözlemdäki – 12 ýaş tötänlikmikä? Musulmançylykda erkek adam 12 ýaşdan esasy parzyny – namaz okamagy berjaý edip başlamaly diýilýär. Parzyňy berjaý etmek – haýyra hem şere gatnaşygyňy aýyl-saýyl etmek diýildigimikä?! Elbetde powestiň sekizinji hekaýatyny – «Syrnamany» şu manyda eseriň ideologik merkezi hasaplamak boljak. Bu ýerde piriň obrazynda awtoryň öz keşbi janlanýar. Umuman, islendik ýazyjynyň eserleri, ilkinji nobatda, onuň içki dünýäsiniň şöhlelenmesi diýsem, açyş etdigim bolmaz. Akmyrat Şiriň eserleriniň, şol sanda «Erem bagy» powestiniň mazmuny-da onuň kalbynyň strukturasyny şöhlelendirýär. Powestiň içki strukturasy iki gatlakdan – çagalygyň nostalgiýasyndan hem ideýadan, mifologiýadan hem realiýadan ybarat. Eseriň daşky strukturasy babatda bolsa Akmyrat «üçlükçi» ýazyjy. «Erem bagy» üç bölümden ybarat. «Üç gerdiş» atly sikl üç sany özbaşdak powestden ybarat. Onuň üçünji gerdişi – ýigitligiň beýany bolsa «Merýem hem Baky» powestidir. Osman ÖDE. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |