20:48 Ýazyjynyñ Erem bagy - 7 / dowamy | |
ÝAZYJYNYÑ EREM BAGY-
Edebiýaty öwreniş
▶ 7: Eliň aýasyndaky dünýä Akmyrat Şir öz döredijiliginde dürli edebi žanrlary synap, olaryň güýjüni barlap gören ýazyjy hem edebiýatçy. Dogrusyny aýtsaň, ol hem şahyr, hem ýazyjy. Onuň şahyrana eserleriniňem, proza eserleriniňem özboluşly gözelligi, kämilligi, okanyňda üýtgeşik lezzeti bar. Ýöne döredijilik hem dörediji şahsyýetiň özi ýaly bitewi bir göwre. Akmyradyň döredijiliginde şol bitewülikden gelip çykýan, şoňa esaslanýan aralyk žanrlar – hem poeziýanyň, hem prozanyň bir-biriniň öňündäki artykmaçlyklaryny süňňüne siňdiren žanrlar bar. Bular – kyssa bilen ýazylan goşgular ýa-da miniatýuralardyr. «Stihotworeniýe w proze» – etot miniatýurnyý žanr oçen menýa priwlekaýet. W nem možno wyrazit sostoýaniýe duşi, tolkowat ideýu, uglublýatsýa w filosofskuýu mysl, opisat peýzaž, soçinit wolnuýuşşuýu muzykalnuýu pýesku, pokazat dramy duşi… prewoshodnyý žanr – atom žanrow. Izýaşnost, oduhotworennost, kratkost – wot ýego dostoinstwa… «Stihotworeniýe w proze» stoýat niçut ne niže, ýesli ne wyşe rifmowannyh form. Rifma takaýa že izlişnýaýa roskoş, ne deýstwuýuşşaýa uže ne çitatelýa, kak wse wozmožnyýe fasadnyýe oformleniýa na domah, dekorasii, grim w teatre». Başga bir ýerde ol özüniň kiçijik eserleri hakynda şeýle pikir ýöredýär. «U menýa tri tipa, tri rasskazow. Perwyý razmer – miniatýura, weliçinoý s ladon, po wyraženiýu Ýasunari Kawabata, polstranisy na maşinke, tut i stihi w proze, i pritçi, i zarisowki, i daže mikroromany, kak nazwal moi miniatýury kritik Mişa Kokonow». Miniatýura şekilli hekaýajyklar Akmyradyň döredijiliginiň esasy çeperçilik hadysalarynyň biri. Olar, dogrudanam, eliň aýasy ýaly ululykda bolup, Akmyrat «eliň aýasyna» özgeleriň romana, poweste sygdyrýan informasiýa – hakykatyny salyp bilýär. Şonuň üçinem olaryň mazmun gabyzlygyny göz öňünde tutup, şol miniatýuralary eliň aýasyndaky dünýä diýip atlandyrasyñ gelýär. Miniatýuralarynyň liriki häsiýetini-de, onuň tebigat, daşky dünýä hadysalaryny gysby suratlandyryp bilşini-de hasaba alsaň, ol eliň aýasyndaky hem içki, hem daşky dünýä diýip aýtmak mümkin. Bir dana mazarystanlygyň deňinden geçip barýan eken. Ýoldaşy dana garap hem sessiz ýatan mazarlara garap, sowal beripdir: – Sen bu ýerde ýatanlary tanaýarmydyň?! – Ýok, men bu bendeleriň hiç birini-de tanamokdym. Ýöne men bu tümmükleriň hersiniň astynda bir dünýäniň ýatandygyny magat bilýärin… Her adam, her köňül – bir dünýä. Ol dünýä özüniň çylşyrymlylygy boýunça daşky Dünýäden birjik-de pesde durmaýar. Akmyradyň miniatýuralarynyň her biri-de bir dünýä. Çeper eser – göwrüm däl-de, formalar hem olaryň köpdürlüligidir. Forma näçe köpdürli bolsa, çeper eseriň beýan ediş ukyby, estetiki täsiri şonça-da güýçli bolýar. Miniatýura atly çeper dünýäniň esasy aýratynlyklaryny men nämelerde görýärin?! Birinjiden, Akmyrat Şiriň miniatýuralary haýran galdyryjy derejede assosiasiýalara baý. Assosiasiýa miniatýuralaryň esasy obrazlylyk serişdesi diýseňem bolup dur. Assosiasiýa biri-birinden örän daş düşünjeleriň garaşylmadyk suratda birikmeginden döreýän obrazlylykdyr, ol subýektiwligiň hem metaforikligiň iň ýokary hetdine ýetirilenligi bilen tapawutlanýar. Duýgusy ter, täsirlenmäge has meýilli kalp assosiasiýalara baý bolýar. Türkmençeleşdirip aýdanyňda, assosiasiýa yşaraty obrazdyr. Şeýle obrazlylyga awtoryň «Worota zimy» diýen miniatýurasy baýdyr. «Wesna – probuždeniýe, leto – razgar, osen – metaniýa, zima – oçişşeniýe, – podumalos ýemu. Kofe, sigarety, wino – nasilowaniýe mozga. Žizn – obnowleniýe. Kak by on ustal, ne pkroýsýa wsem hotýa by odin raz w godu, snegom…» Dolulygyna alynmadyk hekaýanyň haýsy sözlemine el ursaň, yşaraty many-obraz çykyp dur. Yşaraty obrazlylyk originallygyň ýokary derejesi bolup, ol okyjynyň bada-bat duýgularyny täzeleýär. Hekaýany okanyňda hamana garyň ysy burnuňa uran, onuň serginligi endamyňa degip giden ýaly bolýar. Hekaýanyň çeper howasy edil garly gyş gününiň howasy ýaly arassa hem ter. Muny okaýarkaň duýgularyň ýeňil hem lezzetli dem alýar. Bir demde okap çykyp bolýan hekaýanyň duýgy-emosional täsiri uzak wagtlylyk bolýar, özem her gezek okanyňda gyş gününe gaýdyp baran ýaly kalbyň terlenýär, üstüne gar keşdeleri sepilen duýgularyň täzelenýär. «Gyş – päkleniş, söýgi – täzeleniş». Uly göwrümli eserleri ýazjak bolsaň, köp pikirlenmeli, pikirleri hem duýgulary birnäçe gezek kalbyňdan geçirmeli. Wagt gerek. Onýança bolsa duýgularyň soluşýar, terligini hem tämizligini ýitirýär. Täsirleriň gyzgyny gaçýar. Miniatýurany weli duýgy, täsir gelen badyna, olaryň gylyny gymyldatman, kagyza geçiräge-de, ýazyp bolýar. Terlik, tämizlik, gyzgyny gitmedik syzgylar, howasy giňişligiňki ýaly arassa başdan geçirmeler. Hut şonuň üçinem, miniatýura häsiýetli hekaýalaryň çeper dünýäsine howalylyk, serginlik, seleňlik hem salkynlyk, her dürli reňklilik hem hatda çyglylyk mahsus. Akmyradyň şu hekaýalaryny okap, türkmen dilindäki iňrik, daňyň ümüş-tamşy ýaly aňlatmalaryň hakyky şahyrana mazmunyny ýüregiň içinden geçirýärsiň. Ýogsam-a weli olaryň bary rus dilinde ýazylan, tas bary-da Orsýetiň tebigatyny hem ruhy atmosferasyny özünde saklaýarlar. Şeýdip, özge diliň ussatlyk bile açylan gözelliginiň üsti bilen öz ene diliň assosiatiw «garaňky jümmüşlerine» aralaşýarsyň. Içiňi daşyňa çöwürmaniň ýene bir nusgasy – Akmyradyň «Osennýaýa dur» miniatýurasy. «Budet weçer, lir, muzyka, weselýe. Uspeh budet twoýeý dragosennostýu. Koketstwo – twoim platýem. Rewnost moýeý sutýu. Neçutkost – kiňňalom. i rany. Samym poslendim ýa uýdu, glazami kosnitsýa ust noçi. Bezlýudnyýe pereulki zastawlýu şatatsýa. Gromko zapoýu pesni – wseh spýaşşih razbudit. Wse fonari razobýu – edilow razozlit. Wseh psow w sobutylniki priglaşu, al luku – so mnoý perenoçewat. Rassudkoý w inoý uwižu kanawu i swalýus – do utra luçşeý mogily ne naýdu. Telom syroý zemle predamsýa, wsosat sladkiý menýa zaroýut, iz-za suhih şorohow zwezdy perestanut migat. Na rasswete ty otkroýeş kalitku w pomýatom halate, zewnýoş, a menýa ne zametiş. Naýdýot drýahlaýa dworniçiha i pozowýot musorşikow». Şeýle kyssa bilen ýazylan goşgular Akmyradyň düýpli bir pikiriniň – poeziýa üçin rifmanyň gerekmejek bir zatdygy hakyndaky pikiriniň dogrudygyny aýdyň görkezýär. Metaforiki obrazlylygyň her hili görnüşine baý bu miniatýura rifmaly poeziýadan özüniň täsir ediş güýji boýunça asla pesde durmaýar. Gaýtam, rifmadan azatlyk pikire erkin akmaga mümkinçilik berýär, giňelmäge giňişlik berýär. «Gum-gukluk köçeleri elendirerin» – nähili ajap metafora. Bir zady diýýär, emma bütinleý başga bir zady edil onlukdan urup goýberýär. Akmyrat orta mekdebi tamamlap, M.Gorkiý adyndaky uniwersitetiň rus filologiýasy fakultetine okuwa giripdi. Ikinji, üçünji kurslarda okaýarka, ol türkmen dilinde goşgy ýazýardy. K.Marksyň, W.Leniniň eserlerini okap, olaryň taglymatlarynyň durmuşy däldigi, kommunizmiň hyýaly bir zatdygy hakda gürrüň edýärdi. Daşyňa çykarmaly däl pikiri ol bir gezek SSKP-niň taryhyndan sapak geçip oturan mugallyma aýdýar. Ýeri gelenine görä, onuň bir bolşuny aýdaýyn: ol ömrüniň ahyryna çenli durmuşda aýdyp bolmaýan zatlar bar, olar hakda dymmaly diýen pikire uýgunlaşyp bilmän, eden pikirini yzynyň näme bilen gutarjakdygy hakda oýlanman aýdyp, şonuň üçinem kötek yzyna kötek iýip geçdi. Onuň marksizm-leninzm taglymatyny tankyt etmesi ilki fakultetde, soň rektoratda ara alnyp maslahatlaşylypdy. Akmyrady şonda silterleme kemini goýmandylar. Onuň sosrealizm metodynyñ talaplaryna ters gelýän goşgularynyň bardygynyň hem üsti açylypdy. Şonda ýörite komissiýa Akmyradyň ýaşaýan otagyny dörüp, ähli goşgularyny, depderçelerini otlapdy. Şol elden aldyran goşgularyny Akmyrat ençe ýyl geçenden soň, ýadynda galyşyna görä, täzeden rus dilinde dikeldipdir. Akmyradyň Türkmenistandan gitmesine goşgularynyň elinden alynmagy sebäp bolupdy. Men Orsýetiň ruhy atmosferasy diýip aýtdym. Ýöne her näme-de bolsa, Akmyrat türkmen ruhunyň beýik ýüze çykmasydy. Onuň hatda temasy boýunça uzak Russiýa degişli eserleri-de türkmen ruhunyň howasyndan dem alýardy. Çünki şahsyýet hökmünde, perzent hökmünde onuň kökleri türkmen topragyndan nem alýardy. Ol Leningrady, ümmülmez Russiýany-da türkmen bolup görüpdi hem görkezipdi. Ýazyjynyň miniatýuralarynda-da dünýäni türkmençe görüş aýan bolup dur. Ol ýat ýurduň ruhy atmosferasyna türkmen elementlerini girizmäge çalşypdy. Onsoň ol ülkäniň ruhy akkordynyň owazlary-da has baýlaşypdy, şol dünýäniň ruhy älemgoşary türkmen reňkleriniň hasabyna has göz gamaşdyryjy bolupdy. Biz türkmen ekzotikasyny, ylaýta-da onuň «W Pitere na oslike» atly hekaýasynda oňat saýgaryp bileris. Bu eser her jümlesi taraşlanyp, gözelligiň şeýle bir ýokary derejesine ýetirilen, mysal alanyňda, gysgaldar ýaly däl. Hekaýa içindäki hekaýa diýen düşünje bar. Bu ýerde dünýä içinde dünýä görkezilýär. Türkmen dünýäsi, onuň ähli elementleri mesaňa görnüp dur. … Zmeýa moýa, kormilisa, ne bud tebýa, ýa dawno by izdoh zdes ot goloda. Kogda na lýudnyh mestah, razmýazywaýa şnurok torby, wyruskaýu tebýa, serdse napolnýaýetsýa lýubowýu i blagodarnostýu, uwidew twoy ýazyçok, izýaşnuýu golowku, gibkiý stan. Pirodnimaýas we wes rost, ty zdýoş, kogda ýa naçnu igrat na swoýeý swireli, i, uslyşaw perwyýe zwuki znakomoý melodii, izwiwaýeşşýa w zmeinom tanse… Nam brosaýut koýe-kakiýe groşi. Moý wernyý oslik, drug krasnoreçiwý, sobesednik, ýesli by ne ty, ýa dawno by umer zdes ot skuki i toski… Moý staryý polosatyý don i moýa çalma, ne bud i was, ýa dawno, by zakoçenel ot holodnogo weýaniýa etih strogih granitow… Wot ýa ýedu na tebe, moý oslik s torboý, gde ty moýa zmeýa, odetyý w was, moý don i çalma, sredi swekaýuşşih wyýezžaýuşşih maşin, w mraçnyh, kak týurma, pereulkah, mež neboskrebow, býuşşimi elektriçeskim tokom, i na menýa nikto ne pýalit glaz kak na çeloweka ne zdeşnih mest, ne etogo wremeni. Her epizodda beýik many-mazmun bar. Ilki bilen Akmyradyň ýa onuň liriki gahrymanynyň milliligine ünsi çekesim gelýär. Liriki gahrymanyň ýylana, eşegine, dondur sellesine bakyp, olar bile sessiz gürleşip, minnetdarlyk – açlykdan, gussadan hem sowukdan ölmänligi üçin minnetdarlyk bildirmegi Akmyradyň öz edebi ykbalyna degişli düýpli manydyr. Hekaýanyň göçme simwoliki dilinde türkmen ekzotikasynyň elementleri bolan ýylan, eşek, don – selle türkmen bolmagy aňladýar. Diýmek, Akmyrat ýat ülkelerde türkmen bolmagy başarany üçin, heläkçilikden aman galypdyr, adam çykypdyr. Ol ýazyjy hökmünde edebiýatda türkmen, ol şahsyýet hökmünde-de, durmuşda türkmen. Has giň planda seredeniňde, bu ýerde Akmyradyň edebi ömri obrazlylyga girýär. Akmyrat Şiriň edebiýatda bitiren hyzmatlaryna, onuň edebi ykbalynyň originallygyna baha beriljek bolsa ýokarky çemeleşiş, ýokarky nukdaýnazar esasy nukdaýnazar bolar diýip ynanaryn. Akmyrat äpet, güýçli edebi akymyň içinde özüni türkmen bolup halas etdi. Özem ol öz eserleriniň diňe materialyny türkmen durmuşyndan alman, dürli çeper formalary-da türkmen çeperçilik aňyndan alypdyr. Muňa meniň öz gürrüňini eden «Merýem we Baky» powestiniň forma özboluşlygy-da doly güwänama bolup biler. Ine, onuň miniatýuralaryny okap otyrkaň, käbir sözlemleriň türkmençe arassa hem sadadan owazlydygyny görýärsiň. «Krasota, issledowaniýe, uwlekatelnost – wot tri seli, kotoryýe presleduýet literatura» – diýip, Akmyrat welilik bile ýazypdy. Şu hili kesgitleme ylaýta-da Gündogar edebi kanonlaryna tüýs laýyk gelýär. Gündogarda edebiýatyň gözelligi hakynda gürrüň gidende, onuň içki gözelligine-de (many), daşky gözelligine-de (forma) deň derejede ähmiýet berlipdir. Iň gözel eseriň, adam eli bilen däl-de, Haktagalanyň gudraty bilen dörän eseriň – Gurhanyň stil gözelligi şahyrlar üçin ylham çeşmesi hem iň belent nusga bolupdyr. Durmuşy hem adam kalbynyň has törki, garaňky ýodalaryny derňemek meselesinde-de Gündogar edebiýaty, ylaýta-da sufiçilik edebiýat belent sepgitlere ýetip bildi. Edebiýat sözüň hakyky manysynda adamy öwrenmek hem edebi öwtermek ylmy boldy. Gyzyklylygyň Gündogar edebiýatynda çeperçilik kulty derejesine görülendigini kim bilmeýär?! Her hili jynlar, döwler, mifiki hem mistiki mahluklar – Günbatar edebiýaty bulary indi özüne siňdirip, indi-indiler çeperçiligiň şol belentligine ýetip ýör. Dogrudanam, Gündogaryň edebi harpygy-da Günbatar üçin çäç boldy. Iň gynançly ýeri ol harpygyň nireden getirilendigi, tapylandygy barada käte kelam agyz gürrüň edilmeýär. Gündogar edebi hakydasynyň «bildirmezden» Günbatar žanry – miniatýura siňişine bir mysal. Baryp örän gadymy döwürlerde-de Gündogar edebiýatynda hamriýat diýen žanr bolupdyr. Hamriýat hamr sözünden bolup, olam şerap diýmegi aňladýar. Beýik Magtymguly Pyragy bu sözi öz goşgularynda ulanypdyr: Ne peýda bar hamr içen gedemden Buzahor ýagşyny, pisi näbilsin! Hamriýat žanry şeraby hem şerabyň edilişini wasp edýän şygyrlary öz içine alypdyr. Şerap äheňiniň üsti bilen döwür, adamyň gam-gussasy hem şatlygy beýan edilipdir. Ylaýta-da, şerap içmeklik ýoň bolan döwürler – otparazçylyk zamanlarynda hamriýat uly ösüş derejesine ýetipdir. Ýöne yslam edebiýatynda-da bu žanryň ösüşi togtamandyr. Gaýtam, sakynama diýen täze bir ugur hem kemala gelipdir. Men Akmyradyň «Ploho» atly miniatýurasyny okap, onuň Abu Kuwasyň, Rudakiniň, Manuçihriň şeraby wasp edýän kasydalaryna hem müseddeslerine şeýle ýakynlygyny görüp, haýran galdym. Aslynyň birliginden gelip çykýan meňzeşlikmi ýa ähli döwürleriň adamlarynyň durmuşynyň meňzeşliginden gelip çykýan birlikmi?! «Çut ploho, srazu pribegaýu k uslugam wina. Tak, nawerno, i stanowýatsýa pýanisami. Dawno çuwstwuýu potrebnost napitsýa do çertikow i swalitsýa. Nado obzawestis semýoý, goworýat, eto spasaýet ot unyniýa. Zakryt glaza, kak pered propastýu i reşitsýa! Çto, ýesli w etom ýedinstwennyý smysl žizni, t.ýe w prodolženii roda? A wse ostalnoýe: romantika, sçastýe, wysşiý smysl – bezumiýe? Neuwerennost w tom, çto dostignu seli, primanila inohondriýu. Çto, ýesli prostitsýa s meçtoý i naýti more, deýstwitelno, po koleno? Net, prawy te kotoryýe skazali: «Predawşiýe meçtu uže mertwesy. Slawa bogu, wypil, i stalo horoşo. Hot ýa uže i starik, noşu ýeşşe detskuýu odeždu, ne porwal ýeýo. Eh, şirotu by!!! Da budet tebe izwestno – şirotu predstawlýaýet wino! So smoimi dewuşkami, kotoryh ýa lýubil, i kotoryýe menýa lýubili, prostilsýa. I wsýo eto w poiskah luçşego. A luçşe wrýad li budet. Wypil i uže stal swýaşşenneýe. Hwala tebe, hwala tebe, wino. Çeloweçeskoýe wdohnoweniýe dolžno zahlebywatsýa ot neuspewaniýa. Işşite spaseniýe wo wdohnowenii! Slawa tebe, «Tyrnowo», pahnuşşeýe surguçom. Slawnyýe syny çeloweçestwa – poety, kto waşa mat? Eta rumýanaýa židkost». Şerabyň – hamryň üsti bilen durmuşyň bimanylygy dünýä skeptizm filosofiýasynyň üsti bilen berilýär. Emmaki gürrüň gyzdy, şu wagta çenli duýgy öwüşginleri, duýgynyň dürli reňk alşy hakda gürledik. Akylyň duýgudan ileri bolmasa-da, ondan kem görülmeýändigini bilýäris. Akmyradyň miniatýuralarynda paýhasly pikirlere hem paýhas pikirlerine köp duş gelersiňiz. Onuň pikirlenmesine dialektiki ýitilik hem gapma-garşylyky paradoksallyk mahsus. Süleýman pygamberden gaýdýan hikmetler orta asyr edebiýatymyzda hasam ýörgünli bolupdyr. Hikmet – filosofiki pikir. Filosofiki pikir diýmek bolsa dünýäniň esasy manysyny açyp görkezýän, hadysa ählumumylygyny anyklaşdyrýan, içki özeni tapyp berýän pikir diýmekdir. Çarkandakly, öwrümli paýhas ýollaryndan barýan dananyň agzyndan çykan sözler göwhere deňelipdir. Çünki olar göwher ýaly ajaýyp, göwher ýaly taraşlanan hem göwher ýaly gymmatlydyr. Şunda Gündogar akyldarlary paýhasyň öz-özlügindäki gymmatyndanam beter onuň praktiki haýyrlylygyna üns beripdirler. Akmyradyň miniatýuralarynda, onuň özüniň hem belleýşi ýaly, tymsal hem, hikmetlerem duş gelýär. Akmyradyň adatdan daşary adamkärçilikli, duýgudar, ýüzi nurdan doly ejesi bardy. Akmyrat talantyň özüne eje tarapyndan geçendigine ynanýardy, megerem, şonuň üçindir, ol ejesi bilen dana filosof bilen gürleşen ýaly gürleşýärdi. Bir gezek onuň: – Ejem ölse, men uzak ýaşap bilmen – diýeni ýadymda galypdyr. Akmyrat köp ýyllar öz talantyny kemala getirmek üçin meýletin aýraçylyk çeken, köp-köp muşakgatlary başdan geçiren ýazyjy. Ol eserlerini birnäçe ýazyjylar ýaly toslamady, ilki eserleriniň içinde ýaşady, soňra-da kagyza geçirdi. Ol mydama: – Bir elim giňese, il-güni çagyryp sadaka bersem, toý bersem – diýip, arzuw edýärdi. – Sadaka üçin eliň giňligi nämä gerek. Bir janly alsaň, ýaşululary çagyrsaň, sadaka bolar-da… – Sen aýdylan janlynyň gürrüňini edýärsiň, men hol obalarda edilişi ýaly, uly sadaka bermegi göz öňünde tutýaryn. Babam bilen mamam meni mekdebe çenli öz elleri bilen naharladylar. Men bolsa olary jaýlalym bäri bir sadaka berip bilemok. Leningraddakam ol boljak zat däldi. Aýalym Lýudmila maňa düşünýär. Ediber diýýär. Bary meniň özümden-le… Akmyrat entek-entek Leningraddan göçüp gelmeli däldi, çünki ol taýda onuň abraýy gaty uludy. Her ýyl Leningradyň neşirýatlarynyň biri onuň ullakan kitabyny neşir etse, Moskwanyň neşirýaty iki ýyldan onuň bir kitabyny çykarýardy. Ol biziň respublikamyzdan rus ýazyjylarynyň arasyna aralaşyp, ykrar edilen uly ýazyjydy. Oňa Oljas Süleýmanowyň, Ion Druseniň meşhurlygy ýaly meşhurlyk garaşýardy. Ýöne Akmyrat şol zatlary terk edip, öz dogduk ýurduna geldi. Akmyradyň dostlarynyň biri onuň gelmegine gaty garşy bolupdy, şonda ol: – Gyzym ýetişip gelýär, oglum ulalyp barýar. Olar türkmene siňmeli, olar türkmen bolmaly – diýipdi. Adam pakyr pikir edýär, plan biçýär, ýöne pelegiň öz etjegi bar. Akmyrat ak süýt beren mähriban ejesinden öň bakyýa gitmeli boldy. Bagyr awusyna çydamadyk Hesel eje balam-balam diýip, balasyny ýalňyz goýberip bilmedi. Köp wagt geçmänkä, Hesel eje-de oglunyň yzyndan gitdi… Akmyradyň öýüne ýaşulular üýşdi, ýöne onuň düşekaşyna… Akmyradyň gyzy Aýna türkmen ýigidine durmuşa çykdy, uly toý tutduk. Akmyradyň ruhy garysyna galsyn diýip, şatlanyp, toýda üýşüp-üýşüp tans etdik. Edil Akmyrat toýda oturan dek pikir edip, Akmyradyñ maşgalasyna, gyzy Aýna ýagşy-ýagşy dilegler etdik. Toý örän täsirli geçdi, emma Akmyrat ol bagtyny görüp bilmedi… Ogly Magtymguly tüýs türkmen ýigidi bolup ýetişip gelýär, özem Akmyradyň isleýşi ýaly, türkmençe gürleýär, oňa türkmen dilini Şir aga öwredipdir. Ýöne onuň boýuna guwanmak hem Akmyrat neressä miýesser etmedi. Agyr söze dözüp bolmajak Akmyrady topraga dözdük. Ýürek gyýym-gyýym, ýöne Akmyradyň: «Kim Hudaý ýok diýýän bolsa, onuň üçin Hudaý hem ýokdur, kim ol dünýä ýok diýýän bolsa, onuň üçin ol dünýä-de ýokdur!..» diýen jümlelerini ýatlap, «Jaýyň jennet bolsun, jennete-de dözüp bolmajak dostum!» diýip, göwne teselli berjek bolýaryn, başga eliňden gelýän zat barmy?.. Osman ÖDE. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |