23:38 Ýazyjynyñ Erem bagy -8 / dowamy | |
ÝAZYJYNYÑ EREM BAGY
Edebiýaty öwreniş
▶ 8: Sungatyň döwrebap filosofiýasy Akmyrat Şir XX asyr türkmen ýazyjylarynyň içinde sungatyň düýp manysy hakda akylly-başly oýlanyp, özüniň öňli-soňly sungat garaýyşlaryny edinen sanlyja ýazyjynyň biridir. Döredijilige çyn sungat hökmünde çemeleşýän, ony ykbalynyň işi saýýan, kämillige ymtylýan ýazyjy sungat hakynda-da oýlangyç bolýar. Şol oýlar onuň professionalizminiň belli bir derejede ölçegi-de bolup durýar. Şeýlelikde, sungatyň düýp manysyna kelläňi agyrtmak filosofiki hem teoretiki pikirlenmäniň belent derejesine ýeten beýik ýazyjylara mahsusdyr. Akmyrat ýöne bir edebiýat teoriýasyny däl, özüniň özboluşly sungat filosofiýasyny esaslandyrmaga çalyşdy. Elbetde, ol bu barada ýörite traktat ýa monografiýa ýazmady. Emma onuň gündeliklerindäki ýazgylar sungatyň düýpli meselelerine her taraplaýyn, bitewi garaýyşlary özünde saklaýar. Ol çeper-edebi döredijiliginiň bütin dowamynda sungatyň düýp manysyny seljermäge, açmaga ymtylyp gelipdir. Netijede-de yzygider pelsepe peýda bolupdyr. Akmyradyň şol bitewi pelsepesini tematiki taýdan birnäçe ugurlara bölmek mümkin. Şol ugurlaryň iň ilkinjisi hem esasysy-da SUNGAT HEM JEMGYÝET hakdaky dramatik oýlanmalardyr. Akmyradyň islendik meselede, onda-da şu meselede okuwy aňyrdan eken. Ol dünýäniň iň beýik klassyklarynyň çeper eserleri bilen birlikde, olaryň sungat pelsepelerini-de akylly-başly öwrenen şahsyýet. Ýöne ol degişli meseledäki pikirlerini öz şahsy döredijilik tejribesiniň umumylaşdyrmasy görnüşinde beýan edýär. Döredijilige bolsa ol gaty çynlakaý çemeleşen, oňa ýüregini hem ömrüni bagyş eden adam. Şonuň üçinem onuň oýlanmalary, pelsepeleri-de gaty agramly, düýpli hem çuňňurdyr. Ol ilki bilen sungatyň, şol sanda edebiýatyňam döredijilik azatlygyny ykrar etmekden başlaýar. Sungat garaşsyz, awtonom hadysadyr. Ylhamy çäklendirip, öz islän ugruňa gönükdirip, agyzdyryklap bolmaýar. Beýtseň, onda onuň sungatlyk häsiýeti ýitýär-de, ol bütinleý başga bir zada öwrülip gidýär. Bu hakynda ol özüniň gündeliklerinde ýazanda, dürli beýan etme formalaryny ulanypdyr. Edebiýatyň syýasat bilen, ýazyjynyň syýasat bilen gatnaşygy meselesinde Akmyrat edebiýatyň juda çeýe hem oýlanyşykly bolmalydygyny nygtaýar. Ol syýasat – şu günüň şahsyýetiniň dürli toparlarynyň bähbitleriniň logikasy bilen kesgitlenýän gymmatlyklary öňe sürýär, edebiýat bolsa baky problemalar bilen iş salyşýar diýip pikir edýär. Şonuň üçinem olaryň düýp jemgyýetçilik manysy, tebigaty ahyrky netijede biri-birinden tapawutlanyp biler. Syýasat – ideologiýadyr. Sungat bolsa ilkinji nobatda estetiki, çeperçilik gymmatlyklaryň sistemasydyr. Özüniň ýazgylarynyň başga bir ýerinde syýasatyň uzak wagtyň dowamynda üýtgeýändigini, emma sungatyň hakykata gatnaşygynyň şol bir prinsipe – ony dogruçyl suratlandyrmaga esaslanýandygyny ýazýar. Bu pikirler baryp 70-nji ýyllaryň başlarynda – sowet imperiýasynyň çüýrükliginiň hasam aýan bolan döwürlerinde ýazylypdy. Şonuň üçinem olaryň öz döwri, şol döwrüň çüýrük syýasaty bilen baglanyşyklydygyny unutmaly däl. Hakyky sungatyň jemgyýetiň öňündäki borçlary hakda-da Akmyrat köp pikir edipdir. Sungat halkyň ruhunyň anyk ýüze çykmasynyň bir formasyny beýan etmelidir. Halk bolsa aýry-aýry şahsyýetlerden emele gelýär. Diýmek, bu ýerde şahsyýet bile jemgyýetiň arasyndaky dialektiki baglanyşygyň tebigatyna dogry düşünmäni başarmak gerek. Akmyrat sungatyň ösüşiniň öz içki logikasynyň bardygyny, eger oňa nädogry çemeleşseň, zorluk etjek bolsaň, şol logikanyň bozulýandygyny hem sungatyň ösüşine güýçli zarba urulýandygyny ýatladýar. Şonuň üçinem sungata edil janly organizme çemeleşen ýaly çemeleşmeli. Ondan onuň tebigatyna mahsus bolmadyk zatlary-da talap etmeli däl, onuň öz tebigatyny-da äsgermezçilik etmeli däl. Sungatyň tebigaty bolsa ideýa bilen çeperçiligiň dialektiki bitewüliginden kemala gelýär. Olaryň haýsam bolsa birine aşa üns bermek, bir tarapyň aşa çişirilmegi sungatyň düýp tebigatyna gaty uly zyýan ýetirip biler. Sungatyň adamlara, durmuşa gatnaşygynyň özboluşly ýazylmadyk kanunlary bar. «Ýazyjynyň wezipesi hakykaty dogruçyl ýazyp görkezmekdir, reseptleri bermek onuň işi däldir. Ýazyjynyň maksady – gözellik, ol publisistika çeperçilik donuny geýdirjek bolmaly däl. Eger onuň muňa höwesi bar bolsa, onda ol esse ýazyp biler» diýip, Akmyrat ýazyjynyň borjy hem professional wezipesi hakda düýpli pikir ýöredýär. Soňra öz pikirini dowam etdirip, ol özüniň sungat idealyny beýan edýär. Umuman, ýeri gelende aýtsak, Akmyradyň oýlanmalarynyň içinde hakyky sungat, onuň kämilligi, çyn kämil eser nähili bolmaly diýen sowalyň üstünde gaty köp döwnelýär. Sungatyň, edebiýatyň nähili bolmalydygy hakda Akmyradyň aşa köp pikir etmesi, bu hakda ýazmasy näme üçin? Onuň sebäbi ýönekeý. Akmyrady sungatdan, edebiýatdan edilýän talap, sosialistik realizm metody asla kanagatlandyrmandyr. Ol edebiýatyň täzeçe bolmalydygyna doly göz ýetiripdir, şonuň üçin hem ol edebiýat hakda köp oýlanypdyr. Täze-täze pikirleri aýdypdyr. Eger edebiýatyň, sungatyň metody, teoriýasy, kämilligi, wezipesi, borjy Akmyrady kanagatlandyran bolsa, onda ol bu zatlar hakda ýeke setirem ýazman, diňe döredijiligi bilen meşgul bolardy. Özi ýazyjy bolansoň, ol okyjynyň ýüregine barýan ýollary irginsiz gözläpdir hem bu hakdaky pikirlerini degişli suratda umumylaşdyrypdyr. Şunda ol iň oňat eseriň esasy taraplary hökmünde aşakdakylary görkezýär: «Krasota formy. Proizwedeniýe, kak izýaşno otçekanennaýa moneta, kak granenyý kamen, kak welikolepnyý pereplet: arhitektonika proizwedeniýa, razmer, proporsii, ritm, izýaşşestwo, swetastost, aromaty. Ýazyk proizwedeniýa: metkost, obraznost, brilliantnost, priçudliwost, fason fraz, krasnoreçiwost, ostroumiýe. Glubina filosofskaýa. Tonkost psiologiçeskaýa. Poeziýa obrazow». Men Akmyradyň pikirlerini edil ortarasynda kesdim. Sebäbi ol uzak, ol pikirleriň düşündirişi, megerem, hasam uzak wagty alardy. Meniň barja maksadym – okyjyny gyzykdyrmak. Dünýä edebiýatynyň göwherlerini okan, bilen, öwrenen Akmyradyň sungat kämilligine garaýyşlaryna okyjynyň ünsüni çekmek. Dogrudanam, onuň pikirlenmelerinde, ýazgylarynda dünýä edebiýatynyň, ylaýta-da rus edebiýatynyň aýry-aýry wekilleri barada söz açylýar. Tolstoý, Dostoýewskiý, Puşkin, Şekspir, Aýtmatow… ýaly läheňler hakda başga hiç ýerde duş gelmeýän täsin hem original pikirler aýdylýar. Şundan çen tutsaň, özüň kämil ýazyjy bolmak niýetiň bolsa, hakyky beýikleri-de tanamagy başarmaly, olaryň rüstem taraplaryna aňly-başly düşünmeli diýen kanun gelip çykýar. Çünki sen öz professional işiňde olardan nusga, sapak almaly, olary halypa tutunmaly ahyryn. Öz halypasynyň «hakykatdanam» güýçlüligine ynanmaýan adam ondan nähili sapak alsyn, näme öwrensin?! Dürli halypalaryň döredijiliginiň forma aýratynlyklaryna Akmyrat aýratyn üns beripdir. Sebäbi diýeniňde, onuň öz ýazyşy ýaly, sungatda esasy zat – gözellikdir, gözellik bolsa, ilkinji nobatda, forma, ýagny pikirleriň beýan ediş usulyna, olaryň proporsional ýerleşdiriliş usullaryna baglydyr. Şu meselede Akmyrat S. Sweýg, Şekspir, Turgenew ýaly onlarça ussatlaryň güýçli, rüstem taraplaryny ýekänme-ýekän görkezip bilýär. Şeýlelikde, edebiýat meselelerinde Akmyrat Şiriň umumy, boş gürlemeýändigini, onuň anykdan aşa sowatlylygyny bellemelidirin. Ol ýazyjylary, olaryň eserlerini öz aňyndan, ýüreginden geçireni üçin, gaty oňat bilýär. Akmyradyň käbir meselelerde uly ýazyjylara-da tankydy göz bile garap, tankydy pikirleri aýdyp bilýänligi-de şol aşa sowatlylyk, özüne ynam bilen baglanyşyklydyr. «Maýakowskiý – poşlýak. Ne poet, a futurist – reklamist. Poeziýa şepot, a ne krik. Nawerno, odin iz perwyh w istorii poezii, kto naçal orat. Iz wsego im napisannogo naberetsýa neskolko stranis polnosennogo…, i to metafory, i to prosto udiwlaýuşşiýe, a ne propitannyýe sokom krasoty». Elbetde, özgeler Akmyradyň bu pikiri bilen ylalaşmanam bilerler. Ýöne gep onuň pikiriniň juda esaslydygynda, ol pikirleriň awtoryň sungatyň düýp manysyna, aýratynlyklaryna bolan berk garaýşyna esaslanýandygyndadyr. Akmyrat edebiýatyň düýpli meselelerinde islendik başga düýpli meselelerdäki ýaly köp adamlaryň öz pikiriniň ýokdugyny ýanjap-ýanjap aýdýar. Akmyrat Şiriň sungata degişli ýazgylarynyň içinde onuň öz-özüni kämilleşdirmek boýunça eden yhlaslaryny görkezýänleri has gyzyklydyr. Bu ýazgylardan biz onuň sungaty öz ykbaly hasap edendiginem, öz üstünde juda köp işländiginem, bimöçber zähmetsöýer ýazyjy bolandygyny, onuň edebiýatda esasan kimleri okandygyny, onuň kitaby halypalarynyň kimlerdiginem bilip bilýäris. Onuň edebi gyzyklanmalary juda giň bolupdyr: edebiýatyň ähli žanrlary, sungatyň dürli görnüşleri, ähli döwürleriň, ähli halklaryň edebiýatlary. Dünýä edebiýatynyň genji-hazynasyny düzýän iň beýik çeper eserler. Ol öz ýazyjylyk zähmeti barada şeýle ýazýar: «Dewiz, pust ploho, no pisat mnogo! Çtoby toşnilo ot sobstwennogo zapaha. Eto wyzowet obnowleniýe». Hut şu zähmetsöýerligi, özüne çakdanaşa berk daramagy-da onuň özgelere – bize meňzemeýän üýtgeşik hem ajaýyp ýazyjy bolmagynda aýgytlaýjy rol oýnapdyr. Ýazgylarynyň birinde Akmyrat şeýle diýipdir: «Pisat pobolşe o smerti. Dat poçuwstwowat kopoşşaşimsýa lýudýam tşetnost ih sýužety i oblegçit ih duşi ot pustyh bytowyh trewog, dat poçuwstwowat im znaçitelnost ih žizni». Beýle pikiri sungata, öz senedine juda çynlakaý garaýan şahsyýet ýazyp biler. Diýmek, ol sungata güýmenje hökmünde seredenok. Ol sungaty adamlary kämilleşdirmegiň, olaryň durmuşyny manylaşdyrmagyň serişdesi, puryjasy hökmünde seredýär. Şeýle garaýyş sungatyň esasy ugruny hem esasy problemalaryny kesgitleýär. Hawa, Akmyradyň oýlanmalarynda sungatyň çynlakaýlyga, mana, gerek bolsa, hatda hasrata-da çagyrmalydygy hakyndaky pikir köp gaýtalanýar. Bu onuň esasy ideýalarynyň biri. Geň galmaly zat – ol özüniň ýumory halamaýandygyny-da, gülkiniň hakykat, onuň agramlylygy bilen bir ýere sygyşmaýandygyny-da köp gaýtalapdyr. Onuň tersine ol: «Nužna tragediýa, weliçaýşaýa, podobno antiçnoý. Wozmožno, çeloweçeskoýe obşestwo uže ne to, çtoby oni, podobno dikoý koşke, wpilis kogtýami w dowolnyýe i ulybçiwyýe mordy sowremennikow ili razodrali… zažiwşiýe rany» ýa-da «Ne nužno çeloweka laskat. Laska ýego baluýet i portit» diýip ýazýar. Meniň pikirimçe, Akmyradyň tragediýa hem ýumora garaýşy gaty özboluşly hadysa bolup, ony has jikme-jik yzarlamak gerek. Şonuň üsti bilen ýazyjynyň pikirleriniň çuňňurlygyna-da akyl ýetirip, döredijiligindäki häzir göze ilmeýän köp özboluşlylygy, geň-taňlyklary açyp bolar. Akmyrat Şir türkmen halkyna doly açylmadyk uly ruhy hazyna. Ýakyn geljekde türkmen okyjylarynyň bu uly ruhy hazynany özleri üçin doly açjakdyklaryna, mynasyp baha berjekdiklerine men berk ynanýaryn. Sebäbi türkmen halky türkmen ruhyýeti üçin uly işleri bitiren läheňleriň hormat-derejesini ýetirýär. Soñy. 1996 – 1998 ý. Osman ÖDE. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |