00:03 Ýeke-ýekeden | |
یکه- یکه دن
سئنلاپ طئللا گۆنۆنگ باتئپ بارشئنئ, آسلئشئپ زۇر بیله داغدان - دپه دن. بیلدیم گۆنلنگ منی ترک ادیأنینی, یکه- یکه دن... یؤنه گۆن آدام دأل, دۇغار ینه-ده, سحر ینه غوشلار جۇشوپ سس ادر. اوزار بارار آق گۆنلرینگ کرونی, یکه- یکه دن... گچیبرسین گۆنلر, یؤنه سیز بری, گؤونه دگیپ, سؤز اۇقلامانگ کسه-دن. چۆنکی آداملارام گیدیپ باریار-لا یکه- یکه دن... غۇجا زمین ایچره بیر حاقئقات بار, گؤز یتیرر گچمیشینه اس ادن. هممه زات دؤره یأر, ییتیأر أهلی زات یکه- یکه دن... ✏️ قاقامئرات رجبۇو • ÝEKE-ÝEKEDEN Synlap tylla Günüň batyp barşyny, Aslyşyp zor bilen dagdan-depeden. Bildim günleň meni terk edýänini, Ýeke-ýekeden... Ýöne Gün adam däl, dogar ýene-de Säher ýene guşlar joşup ses eder. Uzar barar ak günleriň kerweni, Ýeke-ýekeden. Geçibersin günler, ýöne siz beri, Göwne degip, söz oklamaň keseden. Çünki adamlaram gidip barýar-a, Ýeke-ýekeden. Goja Zemin içre bir hakykat bar, Göz ýetirer, geçmişine eseden. Hemme zat döreýär, ýitýär ähli zat, Ýeke-ýekeden... Kakamyrat REJEBOW. | |
|
√ Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024 |
√ Düýş hem ýagyş / Goşgular - 09.01.2024 |
√ Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Dertdir azapkeş / Goşgular - 23.05.2024 |
√ Gowy görülen goşgy / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Pöwrizä / Goşgular - 27.05.2024 |
√ Ilim ajap / Goşgular - 31.05.2024 |
√ Ýolbars we Möjek / basnýa / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 8 | ||||
| ||||