09:55 Ynsan mertebesine ýetirilen mukaddeslik | |
YNSAN MERTEBESINE ÝETIRILEN MUKADDESLIK
Publisistika
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda güýzki at çapyşyk möwsümi badalga aldy. Şonuň esasynda ýurdumyzdaky atçylyk-sport toplumlarynda güýzki at çapyşyk möwsümi başlandy. Munuň özi diýseň buýsandyryjydyr. Çünki at çapyşyk möwsüminiň başlanmagy bedew bady bilen öňe barýan günlerimize gözellik çaýyp, her bir adamynyň ýüreginde bedew atlarymyza bolan çäksiz buýsanjy artdyrýar. Watanymyzyň ähli pudaklarynda uly ösüşler gazanylýar. Ata-babalarymyzdan gelýän däp-dessurlar, ýol-ýörelgeler täze öwüşginler bilen jemgyýetimize ornaşdyrylýar, taryhy we medeni mirasymyza uly sarpa goýulýar. Türkmenistanda atçylyk pudagy hem dünýä ülňülerine laýyk ösdürilýär. Bedew at türkmenler üçin ynsan mertebesine ýetirilen mukaddeslikdir, ýagny halasgär, dost, maşgala agzasy hökmündäki orna eýedir. Bedew atyň tebigy endiklerini ynsanyň dünýägaraýşy bilen sazlaşdyrmak, sazlaşykly ösdürmek biziň ata-babalarymyza başardypdyr. Bu kämilleşme ýolunda türkmen halky bedew aty bilen uly synaglardan geçipdir. Bedewiň özüne mahsus çuslugy, sarçlygy ynsana mahsus bolan ar-namysyň derejesine ýetirilendir. Bedew ata adam tarapyndan endik etdirilen hereketler haýran galdyryjy täsinligi bilen tapawutlanýar. Türkmen bedewiniň ganyna siňen endikler şeýle bir dürs bolupdyr welin, onuň «akyly bar» diýen netijä gelmäge mümkinçilik döredipdir. Türkmen halky bedew atyny öz gapysynda saklap, maşgala agzasynyň biri hökmünde görüp, düşbi edip ýetişdiripdir. Başa-baş söweşe girilende, bedewler üstündäki eýesiniň sähelçe ümzük atan tarapyna hereket edip, gylyç salmaga amatly pursat döredipdir. Şeýle düşbi aty bolsa irginsiz zähmet we söýgi bilen kemala getiripdirler. Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi — herekete getirijisi bolupdyr. Munuň şeýle bolmagyna ilki bilen türkmen halkynyň dünýägaraýşy hem-de türkmen jemgyýetiniň agzybirligi sebäp bolupdyr. Hakykatdan hem, Beýik Ýüpek ýoly halklaryň, ýurtlaryň arasynda diňe bir söwda gatnaşyklaryny ýola goýman, eýsem, şol bir wagtyň özünde bu ýoluň ugrunda ýerleşen ýurtlaryň, halklaryň ruhy gymmatlyklaryny, ylmyny ýaýradyjy bolup hyzmat edipdir. Bu bolsa şol ýoluň ugrunda ýaşaýan halklaryň dünýägaraýşynyň ösmegine itergi beripdir. Türkmenleriň ýaşaýan ýerleri şol döwürlerde Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşip, bu halkymyza has oňaýly täsir edipdir. Bu ýerde nygtajak bolýan zadymyz, türkmenleriň dünýägaraýşynyň özgermeginde we aň-düşünjesiniň ösmeginde behişdi bedewlerimiziň mynasyp orny bardyr. Çünki Beýik Ýüpek ýoly türkmen dünýägaraýşynyň ösmegine uly ýardam edendir. Ýokarda getirilen mysallardan çen tutup, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen uly şäherlerde, kerwensaraýlarda atly toparlar hanlaryň garamagynda saklanypdyr. Kerwenler ýola düşenlerinde bolsa her bir han öz eýelik edýän ýeriniň serhedinden kerwenler geçýänçä az sanly gorag bilen kerwenleri ugradypdyrlar. Kerweni ugradyjylar kerwene howp abananda, ýyndam atlary bilen dessine iň ýakynda ýerleşen şäherlerdäki, kerwensaraýlardaky atly topara bu barada habar ýetiripdirler. Haçan-da ýolda kerwenlere howp abanýandygy ýa-da talanandygy baradaky habar gelip gowuşanda, ol topar garakçylaryň yzyndan ýetip, olara çäre görüpdirler. Şeýle hereketler bolsa Beýik Ýüpek ýoly boýunça hereket etmegiň howpsuzlygyny üpjün edipdir. Ahalteke bedewleriniň Beýik Ýüpek ýolunyň pajarlap ösmeginde, Beýik Ýüpek ýolunyň bolsa halklaryň, hem dünýägaraýşynyň ösmeginde bahasyna ýetip bolmajak orny bolupdyr. Orazgeldi TAGANOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |