ÝYLMAZ KARAKOÝUNLY
Ýylmaz Karakoýunly, tanymal türk ýazyjysy, syýasatçy.
■ Terjimehaly we syýasy karýerasy
Ýylmaz Karakoýunly 1936-njy ýylyñ 26-njy aprelinde Stambulda dogulýar. 1955-nji ýylda Diýarbekiriñ Zyýa Gökalp liseýini tamamlaýar. 1959-njy ýylda ABŞ-nyñ Jorjiýa uniwersitetiñ Syýasy ylymlar fakultetini MBA derejesi bilen tamamlady. Şol bir wagtyñ özünde Miçigan uniwersitetiniñ "Effective Management" sertifikatyny hem gazandy. Doktorlyk işini Stambul uniwersitetinde goraýar. Az wagt işländen soñra Döwlet Meýilnamalaşdyryş guramasyna girýär we maliýe bölüminiñ müdiri bolup işleýär. Soñra öz islegi bilen işden çykyp, hususy sektora geçýär. Hususy firmalarda dürli ýolbaşçy wezipelerde işleýär. Çöküşi bilen Türkiýäni sarsan Banker Kastelliniñ firmalarynda baş kordinator wezipesinde işläp ýörkä, tussag astyna hem alynýar.
1995-nji ýylyñ saýlawlarynda "Anavatan" partiýasyndan Stambulyñ deputatlygyna saýlanýar.
1999-njy ýylyñ saýlawlarynda ikinji gezek parlamente saýlanyp, "Anavatan" partiýasynyñ başlygynyñ orunbasary wezipesinde işleýär. Bülent Ejewidiñ hökümet düzüminde döwlet ministri we hökümet habarçysy wezipesinde, "TRT" teleýaýlymynda, "Anadolu Ajansı" metbugat organynda, Neşirýat işi we habar beriş serişdeleri boýunça müdirliginde, Hususylaşdyrmak müdirliginde jogapkärli wezipelerde işledi.
2014-nji ýylyñ ýerlerdäki saýlawlarynda Respublikan Halk partiýasyndan (CHP) Urla munisipialetiniñ mejlisine agza bolup, Mejlis agzasy saýlandy. Şol bir wagtyñ özünde Izmir şäheriniñ munisipialetiniñ mejlis agzasy hem boldy.
Ýylmaz Karakoýunly maşgalaly we iki çagalydyr.
■ Edebi döredijiligi
Ýylmaz Karakoýunly çeper eserleri bilen giñden tanalan ýazyjydyr. Onuñ "Salkım Hanımın Taneleri" romany 1989-njy ýylda Ýunus Nadi adyndaky roman bäsleşiginde birinji orny eýeledi.
"Üç Aliler Divanı", "Güz Sancısı", "Çiçekli Mumlar Sokağı", "Yorgun Mayıs Kısrakları", "Ezan Vakti Bethoveen", "Mevsimler Eskidi Biraz" atly romanlary "Doğan Kitap" neşirýaty tarapyndan çap edilendir. Onuñ "Güz Sancısı" romany 1991-nji ýylda Türkiýäniñ Ýazyjylar birleşiginiñ roman bäsleşiginde birinji orny eýeledi.
"O Hayal Aynasından" we "Rubailer" atly kitaplarda onuñ poetiki eserleri jemlendi.
1999-njy ýylda Edebiýat boýunça Beýik Möwlana baýragyna eýe boldy.
2000-nji ýylda "Nokta" žurnalynyñ yglan eden bäsleşiginde Edebiýat boýunça "DORUKTAKİLER" baýragyna mynasyp boldy.
2005-nji ýylda neşir edilen "Yorgun Mayıs Kısrakları" atly romanynda türk syýasy taryhynyñ syýasatçylarynyñ we medeniýet işgärleriniñ şahsy durmuşyny, söýgi gatnaşyklaryny, göreşlerini ussatlyk bilen çeper suratlandyrmagy başardy.
2010-njy ýylda neşir edilen "Serçe Kuşun Sonbaharı" atly romanynda orta asyrlaryñ gozgalañçysy we ilkinji türkmen sosialisti Şeýh Bedretdiniñ durmuşyny we sosial täsirlerini romanlaşdyrdy.
2011-nji ýylda "Dogan-Egmont" neşirýaty tarapyndan neşir edilip çagalara niýetlenen romanlar tapgyrynda "Serin Kızın Gökkuşağı" atly romany çap edildi.
2012-nji ýylda "Doğan Kitap" tarapyndan neşir edilen "Mor Kaftanlı Selanik" romanynda Türkiýe bilen Gresiýanyñ arasyndaky ilat çalşygyndan söz açdy.
2013-nji ýylda "Ekinler Gece Büyür" atly kitabyny "Doğan Kitap" neşirýaty çap etdi.
■ Drama eserleri
Ýazyjy drama eserleri bilenem öñe saýlanmagy başardy. Onuñ "Önce İnsan", "Zirveden Sonra", "Altın Huylu Doruklar", "Romenos Diogenes", "Ok ve Yay", "Mavi Saplı Hayaller", "Kuzguncuklu Fazilet" pýessalary türk teatrlarynyñ sahnalaryndan düşmän gelýär.
Onuñ "Güz Sancısı" romanyndan başga-da "Zirveden Sonra" pýessasy Türkiýäniñ Ýazyjylar birleşiginiñ yglan eden bäsleşiginde birinji orny eýeledi.
"Zirveden Sonra / Sokullu" atly spektakl 1991-nji ýylda Türkiýäniñ Ýazyjylar birleşiginiñ yglan eden bäsleşiginde "Iñ gowy oýun" baýragyny eýeledi.
■ Karakoýunlynyñ romanlary kinomatografiýa sektorynda
Ýazyjynyñ "Salkım Hanımın Taneleri" romany esasynda surata düşürilen adybir kinofilm 1998-nji ýylda Antalýa kinofestiwalynda alty ugur boýunça birinji orny eýeledi we iñ gowy kinofilm diýip saýlandy.
Filmiñ baş rollarynda oýnan aktýorlar Zuhal Oljaý, Hülýa Awşar, Kamran Usluer tomaşaçylaryñ gyzgyn söýgüsine mynasyp boldular.
1991-nji ýylda ýazylan "Güz Sancısı" romany hem 2008-nji ýylda kinolaşdyryldy. Adybir kinofilmde baş rolda oýnan Beren Saat şol ýylyñ iñ ünsi çeken aktrisasy boldy. Kinofilmiñ 2009-njy ýylyñ başynda Gresiýanyñ paýtagty Afinyda görkezilişi boldy. Bir gün geçmänkä kinofilm grek diline geçirilip gaýtadan görkezildi.
■ Senarist - ssenariýa geñeşçisi
Ýylmaz Karakoýunly tomaşaçylaryñ gyzgyn söýgüsine mynasyp bolan teleseriallaryñ senariýa boýunça geñeşçiligini-de ýerine ýetirýär.
"Hatırla Sevgili", "Elveda Rumeli", "Karayılan", "Her Şeye Rağmen" teleseriallary Ýylmaz Karakoýunlynyñ senariýa geñeşçiligi bilen halka hödürlenen seriallardyr.
Şeýle hem "Mühteşem Yüzyıl; Kösem Sultan", "Kızıl Kısrak", "Karantinalı Despina", "Beyaz Mahşer", "Hakan" (Abdülhamit) teleseriallary onuñ soñky gatnaşan proýektlerindendir.
■ Karakoýunly - kompozitor
Karakoýunly aýdym we saz döretmekde-de özüni görkezmegi başardy. Onuñ iki ýüze golaý aýdymy we saz eserleri "TRT" döwlet teleýaýlymynyñ repertuaryndan düşmän gelýär.
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly