03:56 Zenan ady bilen baglanyşykly ýadygärlikler | |
ZENAN ADY BILEN BAGLANYŞYKLY ÝADYGÄRLIKLER
Taryhy ýerler
• Baýhatyn Baýhatyn (Daýahatyn), Amuldan Horezme ugraýan gadymy söwda ýolunyň ugrunda, Amyderýanyň çep kenarynda ýerleşýän orta asyrlar kerwensaraýy. Türkmenabatdan 173 kilometr demirgazykda, Hanabat stansiýasynyň golaýyndaky bu taryhy ýadygärligi ýerli halk «Baýhatyn» diýip atlandyrýar. Sebäbi şol hakda il arasynda bir rowaýat bar. Şol rowaýata görä, bir baý adam bolupdyr. Nähilidir bir sebäp bilen ol aýalynyň wepalylygyna şübhelenipdir. Özüne biwepalyk edilendir diýip düşünen baý derwişiň eşigine girip, öýünden çykyp gidipdir. Onuň aýaly Baýhatyn bolsa äriniň dolanyp gelerine köp ýyllap garaşypdyr. Soňra adamsynyň çöldäki sergezdançylygyny ýeňletmek, ony ojagyna getirmek üçin uly we owadan kerwensaraý gurmagy ýüregine düwüpdir. Onuň gurluşygy üçin gurluşyk materialy bolan kerpiji Merwde bişiripdirler. Kerpiji Merwden kerwensaraýyň gurulýan ýerine çenli adamlar hatara durup, elden-ele geçirip eltipdirler. Şonuň üçin oňa köp adam ýygnanypdyr. Şol adamlaryň arasynda Baýhatynyň adamsy hem bar eken: ol uzak sergezdançylykdan soň ýurduna dolanypdyr. Baýhatyn adamsyny tanapdyr, ýöne onuň özi çadrada bolansoň tanalmandyr. Kerwensaraýyň gurluşygy gutarandan soň Baýhatyn meýlis gurapdyr. Oňa köp adam, bu gurluşyga ýardam edenler hem çagyrylypdyr. Ol şonda adamsynyň biderek ýere sergezdançylyk edip ýörendigini göçme manyda, diňe äri düşüner ýaly edip aýdyp beripdir. Bu rowaýat är-aýalyň ýaraşmagy bilen tamamlanýar. Taryhy çeşmelerde bolsa söwda ýolunyň şu böleginde Tahyriýa kerwensaraýynyň bolandygy hakynda maglumat bar. Orta asyrlar taryhçylarynyň, hususan-da, Ýakutyň ýazgylarynda kerwensaraýyň ady, IX asyrda Horasanyň hökümdary bolan Tahyryň ady bilen baglanyşyklydyr. Bu awtoryň ýazmagyna görä, Tahyriýa Horezm hökümdarlygynyň Amul tarapky soňky serhet nokady bolupdyr. Hamdellah Kazwini bolsa Merwden Horezme çenli söwda ýoluny beýan edende Tahyriýany ýatlaýar. Daýahatyn häzirki wagtda giň meýdanda (112x125 m.) ýaýylyp ýatan harabaçylykdyr. Bir wagtlar onuň dört burçunda togalak we gönüburçly diňleri bolupdyr. Kerwensaraý taraplary 53 metr bolan inedördül görnüşde bina edilipdir. Onuň ortasynda bolsa her tarapy 30 metr bolan inedördül meýdança bolupdyr. Onuň töweregini bolsa ululy-kiçili jaýlar, otaglar eýeläpdir. Olar meýdançanyň dört tarapynda ýerleşipdirler. Gurluşyk materialy hökmünde dürli ölçegli, ýokary hilli bişen kerpiç ulanylypdyr. Olary ulanmak arkaly ýokary ussatlyk bilen esasy diwarlary, arkalary, gümmezi dikeldipdirler. Girilýän derweze birneme öňe çykarylyp, depesi arka bilen ýapylyp, gowy bezelip, demirgazyga garadylyp gurnalypdyr. Diwaryň kä ýerlerinde kerpiçleriň ýüzüne halyflar Abu Bekriň we Alynyň atlary getirilýän arap dilindäki tekstleriň bölekleri saklanyp galypdyr. Kerwensaraýda üçege çykar ýaly kerpiçden giň basgançak bolupdyr. Bu kerwensaraýyň gurluşygy XI-XIII asyrlara degişlidir hasaplanýar. • Gyzbibi Gyzbibi halk arasyndaky bar bolan rowaýata görä (bu rowaýat Kaka etrabynyň Çäçe obasyndan ýazylyp alyndy) Gyzbibi durmuşa çykmak islemedik gyz bolupdyr. Kakasynyň gahar etmesinden gaçyp, dagda gizlenipdir. Dagda onuň dynç alyp oturan ýerinde daşyň ýüzünde yzy galypdyr. Ol yzarlamadan gaçyp, bir jülgä düşýär, ondan bir derýajyk akýar eken. Oňa Çäçeçaý diýýärler, ol bu jelegaýy suw bile üpjün edipdir. Gyzbibi kakasynyň özüni yzarlap gelýänini görüp, ýeriň ýarylmagyny haýyş edipdir. Ýer ýarylypdyr, Gyzbibi oňa özüni oklapdyr. Ýöne onuň saçynyň ujy ýer ýüzünde galypdyr. Ondanam ony tapyp, ýerden gazyp çykarýarlar hem-de adam şekilli jaýlaýarlar. Bu rowaýat Kaka etrabynyň Duşak obasynyň golaýynda ýerleşýän Mälik Aždar-baba gonamçylygyndaky Gyzbibi aramgähine degişlidir. Aramgähiň XX asyrda gadymy mazaryň üstünde gurlandygyna garamazdan, ol gudratly öwlüýä hökmünde giň meşhurlyga eýedir. Ol keramatly ýerleriň biri hasaplanýar. Şonuň üçin oňa zyýarat edýänleriň sany ýyl-ýyldan artýar. • Uly we kiçi Gyzgala Uly we kiçi Gyzgala Merwiň arhitektura ýadygärligidir. Ol Soltangalanyň günbatar tarapynda ýerleşýär. Ol Merwiň çyg kerpiçden gurlan adaty bir binasydyr. Uly Gyzgala 42х27 metr ölçegde bolup, gönüburçluk görnüşinde bina edilipdir. Binanyň ortarasynda inedördül jaý bar, bu belki, uly zal bolan bolmagy mümkin. Onuň töwereginde bolsa iki hili beýiklikde otaglar ýerleşipdir. Olaryň ählisiniň öň tarapy ýarymaýlaw görnüşinde bina edilipdir, birmeňzeşlik berk berjaý edilipdir. Bu gurluşyk usuly diňe Merwde ýörgünli bolman, eýsem Horezmde hem meşhurdyr. Bu ýadygärligiň golaýynda ýerleşen kiçi Gyzgala hem şu usul bilen gurlupdyr. Bu ýerde hem edil şonuň ýaly merkezi otag bolupdyr (belki, onuň ýokarsy gümmez bilen ýapylandyr). Onuň töwereginde hem edil Uly Gyzgaladaky ýaly gönüburçly otaglar ýerleşipdir. Bu binalaryň gurlan wagty anyklanylmady. Ýöne ol VIII asyrdan XII asyr aralygynda gurlandyr diýen çaklama bar. Törebeg hanym Törebeg hanymyň aramgähi diýlip atlandyrylýan ymarat Ürgenjiň ýadygärlikler toplumynyň demirgazyk çetinde ýerleşýär. Ymarat özüniň takyk deňagramlylygy, ýokary çeperçilik we ussatlyk bilen örülip çykarylmagy, bezegleriniň nepis we köp öwüşginliligi bilen Merkezi Aziýada deňi-taýy bolmadyk bina hasap edilýär. Ilat arasynda aramgähi Törebeg hanymyň ady bilen baglanyşdyrýan rowaýat döräpdir. Şol rowaýata görä, şa gyzy Törebeg atasy ölenden soň, durmuşa çykman oturypdyr. Ýurduň ýaşululary patyşa gyza durmuşa çykmagy ündäpdirler. Törebeg örän gazaply bolany üçin hiç kim oňa söz aýtmaga milt etmändir. Iň soňunda asly özge ýurtdan bolan bir binagär ussa eger ol älemde ýok bina gurup berse, oňa durmuşa çykjakdygyny aýdypdyr. Ussa onuň göwnünden utar ýaly ymarat bina edipdir. Ýöne şa gyzy sözünden dänip, şol binanyň üstünden ýere bökmegi buýrup, eger diri galsa, durmuşa çykjakdygyny aýdypdyr. Ussa onuň diýenini berjaý edipdir. Şeýdip ussa aradan çykypdyr. Ussany bina eden ymaratynyň ýerzemininde jaýlapdyrlar, ol ýerde Törebeg hanym üçin hem orun goýupdyrlar. Ol soň ussa ýigidiň ýanynda jaýlanypdyr. Aramgähiň gapysynyň üsti dürli reňkli syrçaly nagyşlar we ary öýjüklerine meňzeş «şerafa» atly bezegler bilen doldurylypdyr. Ösümlik suratly nagyşlaryň arasyna hudaýyň atlary ýazylypdyr. Ymaratyň kim tarapyndan we haçan gurlandygyny aýdyp biljek ýazgylar ýitip gidipdir. Peşdagyň ýüzündäki hatlardan diňe birnäçe harp saklanypdyr. Binanyň uly gapysy bar, kiçiräk däliz bilen otaga girilýär. Däliziň üç sany gapysy bolup, öňdäki uly gapy zyýarathana, sagdaky, ýokary çykylýan köp öwrümli merdiwana, çepdäki bolsa garawulhana alyp barýar. Binanyň beýleki köp dürli nagyşlary bilen birlikde gümmez asty hem oňat nagyşlanypdyr. Bezegler köp reňkli kaşin syrçaly, geometrik suratly nagyşlardan ybarat. Göni we kese çyzyklar biri-birinden geçip, dört, dokuz we onburçly ýyldyzlary emele getirýär. Gümmeziň aý-aýdyň gijäniň ýyldyzly asmanyny ýadyňa salýan bezegleri astronomiýa ylmyndaky on iki burça meňzeýär. Burçlary ýatladýan şekiller on iki jübüt bolup, aýal-gyzlaryň gülýakasyna çalym edýär. Şol «gülýakalara» sahylyk bilen köp zer çaýylypdyr. Olaryň her biriniň ortarasynda käsäniň ululygynda gaşy bolupdyr. Gümmeziň guşagyndaky 12 sany we ymaratyň göwresindäki 8 sany penjirelerden düşýän şöhle bu ymaratyň içini Ürgenjiň ähli ýadygärlikleriniňkiden ýagty edýär. Bu ymaratda kerpiç bilen syrçaly nagyş bezegler sazlaşyp, biri beýlekisiniň üstüni doldurýar. Ymaratyň demirgazyk tarapyndan üsti gümmezli bölegi bolupdyr we ol peştak bilen tamamlanypdyr. Demirgazykdaky peştak günorta tarapdakydan birneme kiçi bolupdyr. Ýer titremegi zerarly uly peştak sarsanda, kiçisi onuň agramyna ýykylan bolmagy mümkin diýip çaklaýanlar hem bar. • Şasenem şäheri Şasenem Köneürgenjiň günorta-günbatarynda 90 kilometrlikde ýerleşýän Suburna atly orta asyrlar şäheridir. Ol gönüburçly bolmadyk, köp taraply, ýerden 9 metr beýik bolan gum depesidir. Onda şäheriň daşyndan aýlanan diwar gowy saklanyp galypdyr. Ol häzir hem bu beýigiň daşynyň halkasy ýaly bolup dur. Aýry-aýry ýerlerde onuň beýikligi 15 metre çenli ýetýär. Bu ýerde barlag işlerini geçiren professor S.P.Tolstowyň çaklamagyna görä, bu şäherçe gadym döwürlerden (miladydan öňki IV—III asyrlar) mongol basybalyjylygyna çenli ýaşamagyny dowan etdiripdir, onuň merkezi böleginde Horezmşalar döwrüne degişli uly metjidiň harabalygy bar. Onuň diwarlary arap hatynda ýazylan tekstler bilen bezelipdir. Şäher diwaryndan daşarda, 200 metr günorta-günbatarynda giň seýilgäh ýerleşipdir. Onuň daşyndan bolsa çyg kerpiçden örülen diwar aýlanypdyr. Ýadygärligi Şasenem hem Garyp hakyndaky rowaýatlar bilen baglanyşdyrypdyrlar. Parawbibi we Parawata Paraw Serdar şäherinden 25 kilometrlikde ýerleşýän orta asyrlar şäherçesidir. Ol ilki başda Horasan bilen Dehistanyň serhedinde bina edilen gala bolupdyr. Soňra Seljuklylar döwründe 35 gektar meýdana ýaýylan şähere öwrülipdir. Ýöne onuň gurluşyklarynyň — binalarynyň diňe ikisi — dagyň alkymyndaky gonamçylykda galdyrylan, XI-XII asyrlara degişli aramgäh biziň günlerimize gelip ýetipdir. Olaryň birine Parawbibi, beýlekisine Parawata diýilýär. Parawbibiniň belli bir bölegini dagyň gaýasyny ýonmak arkaly gurupdyrlar. Onuň içi 7 metr beýiklikli inedördül otagdyr. Parawata aramgähi hem inedördül esasyň üstünden galdyrylypdyr. Ol bişen kerpiçden örülipdir, girelgesi keşdelenip, eýwan şekilli edilipdir. Bu binalaryň ikisinde-de gadymy binagärlik däpleri gaýtalanypdyr. Güljahan BEGHANOWA, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |