23:15

Bagtyýarlygyñ başlangyjy / hekaýa

BAGTYÝARLYGYÑ BAŞLANGYJY

Men şol pursaty hiç unudyp bilemok. seniñ bagtyýar nazaryñdan çogup çykýan mähriñ meni nähili ezizleýändigini söz bilen beýan edip bilemok.  Dogrusy, şol pursat ikimizem bagtyýarlygyñ çürdepesine çykypdyk…
...Men  iş ýeriñe baranymda sen beýik binanyñ dik depesinde bir zatlara güýmenip durduñ. Men aşakda duran ýerimden seni zordan saýgardym. Näme işleýändigiñi biljek boldum, emma başarmadym. Men aşakda, sen bolsa al-asmanda. 
Ara daş bolansoñ, elimi salganymy göreniñi-görmäniñem añşyrmadym.  
Şol dem aýaklarymyñ ysgany gaçdy. şeýdip ýerden aýagyñy üzüp, bulutlaryñ arasynda işlemäñde bolanokmy diýsene. Ýeri, öz käriñe guwanyp,  işleýän ýeriñi görkezjek bolup, meni çagyrmañ nämedi? Seniñ al – asmanda işläniñi görerin-de göwnüm rahatlyk taparmy? Indi ýüregim howsaladan dolup, meni aldym – berdime salyp başlady.
Dogrusy, men seniñ al- asmanda işleýändigiñi bilmänkäm, ak şäherimizi bezeýän ak mermerli jaýlary gurýandygyña öz ýanymdan guwanýardym.
Ak mermerli binalary gurmakda seniñ hem paýyñ bardygyna begenýärdim. Ýöne senii şol al-asmana gören pursatym beýnime dolan pikirler gatym-garym bolup,meni öz girdabynda  aýlap başlady. Şeýdip näçe duranymy bilemok. Serime dolan pikirlerden ýaña gözüm umezläp ugrady. Duran ýerimde çaýkanyp gitdim. Edil şol pursat seniñ berdaşly gollaryñ ýylysyny duýdum.Seniñ yssy mähriñ şol bada ýürege kuwwat beren ýaly boldy. Derrew özüme geldim. Meniñ bolup durşumy görüp, seni howsala gaplady öýdýän, sesiñ sandyrap  eşidildi:
-    Aýtsana ,Güljan, saña name bolýar?
Men şol dem özümi dürsedim.
-    Hiç zadam bolanok. Ýöne sen nädip eýýäm meniñ ýanymda. Ýañja-da ho-ol asmandadyñ ahyry.
-     işläp ýördüm-de señ geleniñi görüp gaýdyberdim. 
Men özümi ynjalyksyzlyga salan ýagdaýy gizlejegem bolmadym.
-    Sen şo-ol beýikde, al – asmanda işlemäge heder edeñokmy?
Meniñ soragym seniñ üçin tomsuñ güni ýyldyrym çakandan enaýy bolmady öýüdýän.
-    Ol name diýdigiñ, gülüm? Men nämeden gorkmaly?
-    Gurýan binañyz gaty beýik eken-dä… 
Meniñ ýüregimdäkini duýmaýan ýaly, sen başga – başga zatlary gürläp başladyñ.
-    Näme diýsene, Aýym, Aý asmanda bolsa-da, şuglasy ýere düşýär. Menem asmandan öz ýerdäki Aýyma seredýän.
-    Señ oýun ýadyña düşýär. Meñ gara çynym. Şo-ol ýokarda işlemek gaty howply ahyry.
Sen meñ sözlerimi eşitmeýän ýaly, gaýta joşup – joşup geplediñ.
-    Seret, gör, töwerek- daşyñ beýik – beýik binalar, gözel ymaratlar, olar bir – birinden owadan, biri beýlekisinden enaýy. Ýöne olary ertekilerdäki jadyly taýajyk bilen gurup bolanok. Olary türkmeniñ öz ilini özgertmäge bolan höwesi gurýar. Olar beýik galkynyşyñ bady bilen bina bolýar. Türkmeniñ milli baştutanynyñ yhlasyndan döreýär olar. Gör-ä, sered-ä olaryñ owadanlygyna. Olaryñ eşretini içinde ýaşanyñda bilersiñ, Gülüm. Aslynda, bu zatlar beýik  Garaşsyzlygyň türkmene eçilen bagty. Sen bolsa howply diýýäñ.Türkmen bolup doglup, türkmen bolup ýaşap, bu beýik işlere goşulman durup bolmaz ahyry.
Men öz pikirimiñ ýalñyşymy bilip, ýöwselläp ugradym.
-    Aý, şonda-da gaty al – asmana galmajak bol. Men sensiz...
Sen sözümi soňlamaga goýmadyñ. Berdaşly elleriñ bilen agzymy tutduñ. 
-    Ýok zatlary göwnüñe getirme, meniñ ýurdumyzy, ilimizi nähili söýýändigimi bilýänsiñ. Şol söýgi saña-da degişlidir, Aýym. Meniñ seni bu ýere çagyryp, gorkuzmak islemändigimem bilýänsiñ. Men saña başga bir zat aýtjak. Ine, şu jaýdan bize-de öý berýärler. Şony buşlajakdym. Öýe  barýançam howlugyp, çagyraýdym seni. Bar, beýdip özüñi gynap durmada, gaýt. 
Gaýtmasyna gaýtdym, özem durşuna gül – gülälege bürenen seýilgähiñ içinden assaja ýöräp gaýtdym. Gelin bolup, öz ýanýoldaşyñ bu gözelligi döredýänlere dahyllydygyny bilmegiñ özi kalba aýratyn lezzet berýän eken. Men indi Ýaranyñ şol beýik binanyñ dik depesinde işleýändigine birjik-de howpurgamokdym. Gaýta guwançly hem buýsançly duýgular kalbymy heýjana getirýärdi. Şol pursan men oña başga bir zady – özümiñ toýlydygymy buşlajakdym, emma Ýaranyñ buşlugy meniñ ähli oýlarymy huşumdan uçurdy. Ol şu jaýdan, şu owadan binadan bize öý berýändiklerini aýdanda, şatlygymdan ýaña duran ýerimde diriñ – diriñ böküberesim geldi. 
Men indi Ýaranyñ işden tizräk gelerine garaşýardym, çünki, men bu iki şatlygy birleşdirip, bir bagtyýarlyga öwresim, onuñ gujagynda söýgüli ýarym bilen aga – ýana ýaýnasym gelýärdi. Ynsan balasy arzuw atyna atlanandan soñ, bäri – bärde onuñ menzilgähiniñ ýokdugyny bilýän. Süýji – süýji pursatlar şirinden – şirin duýgular tutuş süññüñi gaplap alanda, bu durmuş, bu jahan nähili nurana. Onsoñ şol nurana dünýäde, nurana ýurduñda, nurana arzuwlara gaplanmak bagtyñ çürbaşy ahyry.
Men öýe geldim-de toý saçagynyñ ugruna çykdym. Bu gün hakykatdanam toý, onda-da uly toýuñ başlangyjy. Meniñ bir aýakda pyrlanyp, nahar-şor bilen başagaý bolup ýörşüme gaýyn enem haýran galdy.
-    Gelin jan, tarakgany ulydan tutjak ýaly-la sen, ol nämäñ hatyrasyna. 
-    Wiý ,daýza, men öz oýlaryma gümra bolup, size buşlamagy unudaýypdyryn. Ýañy Ýaranyñ ýanyna baryp gaýtdym, şonda ol ýetişip barýan jaýdan bize öý berilýändigini aýtdy. Onsoñam, meniñem Size bir hoş habarjygym bar.
-    O nä habar, bala? 
Men ýüzümi gyzardyp aşak bakdym. Gaýyn enem nämäñ nämedigine şol bada düşündi.
-    Gözüñ aýdyñ diý-dä, balam. Şunça garaşan pursatym goşa şatlyk bolup gelişini diýsene, hem añrybaş täze jaý, hem köp garaşdyran agtyk. Alla köp görmesin. Saçagy uludan ýazaly, balam. Ynha, ýene sanlyja salymdan nesip bolsa, baş baýramymyz geler.Tüweleme, il Arkadagy ilini guwandyryp, begendirip bilýär.Siziñem jaýyñyz şol  baş baýrama ýetişer, enşlla.Bu zatlary gurduryp ýören baştutanymyza Allañ özi medet bersin, ylahym, belent başy mydama aman bolsun. Hany, balam, saçasy has uludan ýazaly.Derrew gapydaky toklyny soýdyraýn. Dost-ýarlara, dogan-garyndaşlara habar edeweri, gelsinler. mähribanymyzyñ saglygyna berilýän sadakadan datsynlar.
Gelin – gaýyn bolup, birsalymyñ içinde toý saçagyny taýýarladyk.  Eýsem, bu gözel diýarda, dana Baştutanyñ saýasynda, eşretli durmuşda  ýaşamagyñ özi bagtyýarlyk dälmi näme?     
                        
Ogulgerek USSAÝEWA.

Категория: Hekaýalar | Просмотров: 493 | Добавил: Нawеran | Теги: Ogulgerek Ussaýewa | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Garagumda / hekaýa - 09.03.2024
Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024
Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024
Ýolagçy / hekaýa - 12.01.2024
Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024
Ýat şäherdäki üç myhman / hekaýa - 13.01.2024
Ahmyryň awusy / hekaýa - 13.01.2024
Mertlik hemme kişä berilmeýär / hekaýa - 16.01.2024
Oglanlyk döwrümiň peji / hekaýa - 21.01.2024
Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]