11:11

Balykçy we ýylan

BALYKÇY WE  ÝYLAN    

Kellesi gabaraly sypal papakly bir adam deňiz kenaryna balyk tutmak üçin gelipdi. Çeňňegine gurçuk baglap suwa taşlan kişiniň bu pişe bilen heniz ýüzbe-ýüz bolmandygyny daşyndan aňmak kyn däldi.Onuň häli-şindi “balyk düşen bolaýmasyn” tamakinligi  bilen çeňňegini silkelän bolmagy muny aňryýany bilen subut edýärdi. Artky aýalaryna daýanyp oturan ala köpek hem hojaýynynyň hereketlerini birin-birin yzarlap, onuň ýüzüni soragly nazarlaýardy.     
Eýýäm gün günorta boldy. Emma çeňňege düşen balyk ýokdy.     
Hon-ha, deňizde, suw ýylany alňasap, typyp barýar. Balykçy çeňňegini suwdan çykaryp, gahar bilen ony ýylana tarap gönükdirdi. Emma birden garaşylmadyk waka ýüze çykdy duruberdi. Çeňňege oralan suw ýylany göz açyp-ýumasy salymda balykçynyň boýnuna saraldy duruberdi.  Çeňňek bir tarapa atylyp gidipdi. Demligi gysylýan balykçy aljyraňňy hala düşüp näme etjegini bilenokdy. Derwaýys wagtynda ala köpek ýylanyň guýrugyndan dişlemedik bolsa wakanyň soňy gamgyn tamamlanjakdy. Suwa atylyp düşen janawar  öz ugruny dowam etdi.      
Balykçy bir apatdan başyny gutaran bolsa-da heniz bolup geçen wakany hakydasynda jemläp bilenokdy. Deňziň üstünden öwüsýän pessaýja şemal sypal papagyny tigirläp göýberende, ol özüne gelen ýaly boldy. Oturgyjyny, çeňňegini ýygnap bu ýerden daşlaşdy.

Şahymerdan SARYOGLY.

Категория: Hekaýalar | Просмотров: 466 | Добавил: Şahymerdan | Теги: Şahymerdan Sary ogly | Рейтинг: 4.0/1
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Çoça / hekaýa - 04.01.2023
Elhenç / hekaýa - 10.04.2023
Бьянка, дочь Тулузского графа / новелла - 18.04.2023
Çuňluga ymtylyş / hekaýa - 24.05.2023
Nätanyş / hekaýa - 13.08.2023
Pişekli adam / hekaýa - 12.08.2023
Oýnaş /hekaýa - 16.04.2023
Dogruçyl kazy/ hekaýa - 07.05.2023
Alabaý - 26.03.2023
Dymyp diñlenýän hakykat / nowella - 08.08.2023

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]