13:23

Dünýe haçan namart oldy / powest

Категория: Powestler | Просмотров: 447 | Добавил: Atayew | Теги: Nobatguly Rejebow | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Powestler bölümiň başga makalalary

Baga bagşy -7: Ýatlamalaryň ýumagy - 07.03.2024
Ene / powestiñ dowamy - 14.01.2024
Baga bagşy -4: Halypanyň demi - 07.03.2024
Sary bagşy / powest - 03.03.2024
Sary bagşy / powestiň dowamy: Maşgala - 06.03.2024
Taraşa -3/ powestiñ dowamy - 15.02.2024
Sary bagşy / powestiň dowamy: Ansambl - 06.03.2024
Sary bagşy / powestiň soñy: Bamyny agladan aýdym - 06.03.2024
Baga bagşy -6: «Barylmadyk illerde, eşidilmedik gep ýatyr» - 07.03.2024
Taraşa / powest - 01.02.2024

Teswirleriň ählisi: 6
0
1 Atayew  
493
* * *
Ganlybaşyň üstünden Döwdalanyň guly Şerip gul gabat gelip düýä ýükläp oba getiripdi.
Şeribi Şajahana Buharadaky aşnasy Salamat baý peşgeş beripdi. Ene-atasynyň ýoklugyny, bazarda satyljak bolup durka dözmän satyn alandygyny, döwdalanlary elin görüp berýändigini aýdypdy. Şerip gara zähmet üçin dörän oglan bolup çykdy. Gijesini gündiz edip ylgady. Murty tabap ugransoňam ony Döwdalan guma, çoluk edip iberipdi. Şerip döwdalanlaryň ählisine akga diýip, garry Döwdalana ata diýýär. Asyl maşgala soň goşulana meňzeş däl. Öten ýyl garry Döwdalan:
– Şerip han, ýigit çykdyň, adam bolduň, saňa öýlenmäge, bäş-üç ýyl bol-elin ýaşamaga pul bererler, sen indi azat, alla ýaryň bolsun – diýipdi. Şerip ör-gökden gelip:
– Ata, atajan, men nirä gideýin? – diýip özelendi.
– Şajahan kerwene goşar, ýurduňa aş, belki, dogan-garyndaşlaryňy taparsyň...
– Ata, meniň ýurdumam ýok, enem-atamam, garyndaşymam...
– Beý diýme, köşek... Her kesiň gumy alnan ýeri bardyr, ana adama şol ýerden eziz ýer ýokdur...
– Ýok-ýok, ata men hiç ýere gitjek däl... Gaýrat ediň, meni kowmaň! Men sizden gidip nämiş edeýin? Nirä gideýin... ýok, ýok!!!
– Sen gul, ýöne bütin ömrüňi gul bolup geçirip bolmaz! Sen git, hanym, öýlenersiň, illenersiň...
Şerip gitmedi, dagy gul nirä gitsin!? Onuň barjak ýeri zynjyr, etjegi gulçulyk, iýjegi dürre. Ol başga hili durmuşy bilenok. Öňi-soňy gulçulyk etjek bolsaň, Döwdalanyňkydan amat ýer ýok. Garry Döwdalan ony ýük görenokdy, emma ýetişen guly gapyda saklamaly däldigini hem bilýärdi. Gul gul bolýardy. Pendiden öýlendireýin diýse-de, iliň gepinden gaçýardy, sebäp ýaşulular oňa «Gerdan, saryklary dürüşde edip çykjak sen, bes et!» diýipdi.
Şerip şeýlelik bilen Döwdalanlaryň hyzmatynda gezip ýördi. «Gelin göwni ýelekde, guluň göwni melekde» diýlişi ýaly, Şerip gul hem Melewşä daşyndan aşykdy, Melewşäniň ýüzüne şindi bir gezek hem ine-gana bakyp görmedik hem bolsa aşykdy...

0
2 Atayew  
493
* * *
Niçe günläp basyrganyp ýatyp bilmeýän, gijäniň özündenem uzyn düýş görüp çykýan Bike eje Tokga mama düýşüni ýordurmaga gitjek boldy, ýöne ol haýsy birini ýordursyn: uzyn gijesi düýş, asyl gözüni ýumsa düýş ony toruna dolap alaýýar ahyry. Özem moşjuk düýş. Ol niçe günläp gara bermedik oglundan na dynçdy, ýüregi bir ýakymsyzlygy syzýardy. Ýogsa, oglunyň gelerin diýip giden müddetinden bir hepde – on gün geçirip gelýän halaty kän bolýardy, emma ene ýüreginiň beýle bikarar bolan gezegi ýadyna dѕşenok. Ol oturyp-turup karar tapmady. Ol ertirden bäri Allaly ussanyň dükanynyň ýanyna üýşüp duran adamlaryň içinde Amady hanyň bardygyny magat bilse-de, aýagy çekmändi. Ahyry ol özünden rüstem gelip, sary bürenjegini galgadyp Allaly ussanyň dükanyna garşy ugrady.
Obanyň orta gürpünde ýerleşýän Allaly ussanyň dükanynyň öňi mydam bazardyr. Küşt bolsa güzeranyny unudýan göçgünli küştçiler iki tarap bolup ala gykylykdyr. «Ony göçde, muny göç!» Düzzümçilerem öz oýunlaryny küştden kem görmän «goşa düzzüme düşensiň han» diýip ala wagyrdyr. Allaly ussanyň bi ýagdaýa werziş aýaly uzak gün agtygyndan çaý ugradar, nahar bişende nahar eltdirer. Beýleräkde bolsa çagajyklar matal aýdyşyp otyr. Olaram iki topardyr. Aslynda tarap-tarap bolmak ynsanyň ganynda bar bolarly. Birinіi topar, matal aýtdy:
– Enesi daşdan,
Atasy dagdan,
Bir peri gelýär
Hünjüsi çygdan.
Ikinіi topar matalyň іogaby hamana birden biriniň görejine ýazylan ýaly birek-birege bakyp, kelle döwüp ugradylar, emma matalyň jogaby tapdyrly däldi.
– Janlymy, jansyz?
– Janly diýseňem boljak, jansyz diýseňem...
– Öýdeçimi-düzdeçi?
– Düzdeçi...
Ikinіi topar bilmedi. Birinji topardan ekabyrragy:
– Bilmedik bolsaňyz ýurt beriň! – diýdi.
– Bar Rumustan siziňki bolsun!
– Ýok, Rumustanyň derkar däl, Hindistany berersiňiz!
– Bujagaz pohly matala Hindistany berip bolmaz!..
Küştde-de, düzzüme-de goşulman, Allaly ussanyň agtygynyň getiren çaýyny öňüne alyp gaýtaryp oturan goja:
– Päheý, öz ýurduny aldyran goňursy gullar, Rumustan gerek dälmiş size – diýip käýindi.
Bu günki küşt hasam gyzykdy, çünki Jantaýdan Allaly ussa gyrkylyk buýrup giden üç-dört sany jantaýly bilen Amady dagy oba-oba bolup oýnaýardy. Myhmany hezzetläp ak çöp olara berlipdi. Myhmanlary hezzetläp, Amady han myhmanlaryň tarapyndan bolup Haşym hükgä lak atdy:
– Haşym han, hany jantaýlarda it masgarasy bolşuňy gürrüň bersene!
– Kellesi mähnet, göwresi kiçijik, ýagyrnysy hem arkasy örküçli hükgi:
– Akga, sen meniň utan ýerimem aýtdyr-da – diýip, degilmese bagry gijäp barýan Haşym hezil etdi. Jantaýlardan gelen bir sada sary pyýada häliden bäri bi wäşi hükgini synlap otyrdy. Küşt bilmeýän hem bir zat etmeli ahyry. O bende dünýädäki betbagtlaryň barynyň meňzeş bolşy ýaly, taňrynyň hükgileriniň hem juda meňzeş bolýandygyny nirden bilsin. Hükgä lak atdy: bar weli görseň, aýna sereden ýaly bolarsyň – diýdi. Jantaýlynyň nyşana münenini bilen Haşym, tarsa dyzyna galdy:
– O näme diýip Jantaýda bir hükgi bar?! – diýdi.
Beýle soraga garaşmadyk sary pyýada äm-säm bolup, töweregine garady:
– Jantaýdaky beýleki hükgini nätdiňiz? Hä? Öldürdiňizmi?! Akgam pahyr «Arkaýyn bol, Jantaýda iki doganyň bardyr!» diýýärdi. Hany onuň beýlekileri? – diýip, Haşym hükgi şerraýlyga urdy. Oturanlar gyzyl-gyran gülüşdiler. Sary pyýadanyň ýüzi gijilewük degen sygryň ýelni ýaly gyzardy. Jantaýlylar erbet boldy, ony syzan Amady myhmanlary oňaýsyz ýagdaýdan çykarjak bolup amat söz agtardy, edil şol mahal Bike ejäniň gelmesi kemem bolmady.
– Gel, Bike eje – diýip, ol gürrüňem, gülkinem ýatyrdy.
Gyzyl-gyran gülşenler ýeňlerine gözýaşlaryny sylyp, Bike ejä salam berdiler. Jantaýlaňam jany aram tapdy, her hal olar gyzyl pyýada alarylýardylar.
– Amady, iniň Ganlybaşyň gapanyny alyp guma gidenine iki hepde bolup barýar, habar-hatyr ýok.
– Pahaý, Bike ejemiňem bizowh bolup ýören zadyny... Bu wagt çöl diýeniň Behişt ahyry. Bu wagt çöle çykyp bir aýdan köwlenip bilseňem zor boldugyndyr. Dirikäň Jennet göreýin diýse, al meňem enemi ýanyňa, kejebeläp Ýahbile eltip gaýdaýyn.
– Amady, diýseňem-ä ýüregim bir sowuk syzýa. Oglanlara bir aýlanyp gaýt diýseň näder? Gurt diýdi, guş diýdi...
– Aýlanyp gaýdybiris, Bike eje. Ýöne Ganlybaşa gurt duşsa janyndan, gaplaň duşsa hamyndan dyndym bilsin. Tüweleme, ömri bolsun! Agyn Kuly akgam-da... Ýöne sen oňa göreşi goýduryp bikär etdiň. Ol Ýolöteni, Pendini baglajakdy.
Elgaraz, Bike ejäniň göwnѕni giňeldip ugradyp, ýene oýun bilen boldular. Hawa-da, bi dünýede çynyň ýok çagy, dünýäň özi oýun bor eken!

0
3 Atayew  
493
* * *
– Inim, sen kim borsuň?
– Adym-a Ganlybaş, özüm ýolötenli, gyzyllardan. Marydan gaýdylansoň akgam bir sebäbe ganlybaşlaryň arasyna göçüp barýar. Şolary hatyralap hem at dakypdyr pahyr maňa...
– Gaplaňa nädip duşup ýörsüň?
Düýp Döwdalan güldi:
– Gum içinde gezseň dagy tebibe duşjakmy?! – soň ol ýarata ýüzlendi. – Ogul erkek adam üç ýola ajala uçrarmyş. Birinjisini, sag-aman başdan geçirdiň!.. Seniň tebibiň duşdy. Seýit ýalama tebipçilik edip ugrady bäri biziň Baýraja, Dädegula Ezraýyl aralaşyp bilýän däldir. Suhty diýýä, Söýünaly-bedeň diýýä, gidýä güm bolup...
– Döwdalan, ahyr meň elimedem-ä düşersiň özi!
– Dünýäde iýer-içer gutarmasa, seniň eliňe düşmen.
Döwdalan hezil edip ýaşajyk malyň, ýagny Ganlybaşy dolamak üçin soýlan mallaryň biriniň içýagyny iýip oturşyna rowaýat getirýärdi. – Bir zamanlar alamana giderdik. Üç käse ýag içersiň, onsoň üç günläp, suwam derkar däldir, nanam. Bäri-bärden urdumyşlap gaýtsaň senden ýeteni bilner, onsoň gidersiň saýryň jümmüşine. Oslanmajak ýerden oljalap götärsiň ökjäni. Ilde-günde-de seňki ýaly ýigidem, atam bardyr. Münerler söbügiňe. Duşundan geçen obaň jahyllaram atlanyp, walalaýlaşyp yzyňdan kowar. Ana, şonda duzlanyp logala edilen bir bölek ýagy çapyp barýan atyň agzyna tutdyrsyň weli, soň janawar ne ýadar, ne suwsar, ýöne ýeriň tanapyňy dartyp barýandyr.
Ganlybaş her owasyna ýumruk sokaýmaly döwpisint goja:
– Baba, gözüňe näm boldy? – diýip, heder bilen sorady.
– Gelnaljy keseklände daş degdi – diýip Ýalama lah-lah güldi.
Oňaýsyz halda galan Ganlybaş:
– Näbileýin, mama-sama degäýdimikä diýdim – diýdi.
– Pendä göçüp gelemizde garakçy köp bordy. Meýmenäniň bir özbek hany türkmen gözüne altyn pul goýan bolsa nätjek. Asyl ýöne üstümiz depeşek bolaýdy. Çölde çopany, gyrda kerweni goramak hyllalla! Bizem ýagyň daşyndan içi aman diýip gidýäs içine. Han näme kimiň gözi diýip saýgaryp durmy! Öz gözlerini özüne sat-a! Görse, ilinde kör köpelip barýar. Muny Hyradyň hany eşidip onuň öz gözünem çekdirdi. Ýöne köp harapçylyk etdi-dä namyt... Biziňkem şonda... gitdi. Satýanyň göz bolsa, satýanyň garak bolsa, öz garagyň hem bir gün bazardan çykjak eken!..
– Göz bolmasa ýagty jahanda tagam ýokdur-la – diýip, Ganlybaş goja gynandy.
– Baýguş Hudaýa aýdypdyr: «Ýazyňy gördüm, güýzüňi gördüm, tomsuňy gördüm, gyşyňy gördüm. Ýene görkezjek paslyň barmy ýa dünýäň bar bolup bilşi şümi?» diýenmiş. Inim dünýäde göräýmelisini gördük. Gözüm kör diýip ahmyrym ýok, ýöne ynha, ýamany atdan düşmeli boldy. Uly gürrüňdeşiňem Düldülätländen aňryk ätläp görmedik şu tebip. Ana ýamany, inim!
Döwdalan içýagy galyň mele myssyk bugdaý nan bilen iýip bolup jamy gyra süýşürdi. Tebip:
– Nahardan bolan bolsaň töwir et-dä! – diýdi.
– Garyndaş, senem bir kyýama adam-ow! Sen näme meni molla diýip eşitdiňmi ýa ahunyň yzyna tirkeşip ýören sopuçylygymy gördüňmi? Her iýen-içenme töwir etjek bolsam, ertirden agşama doga sanap oturmaly bolmanmy men?!
– Töwir etmek sogap-da...
– Sogap bilen ýülünerden günä agyrdyr!

0
4 Atayew  
493
* * *
Gyýçak-gyýçak gara ýowuz daşlaryň arasynda gögeren näzijek çigildem güli (saryklar çigildeme melewşe diýýärler) Melewşe özüne näm bolýandygyny bilmedi: göwün pagsa jaýa, göwre başga ýana dartdy. Ser seretme diýdi, dideler seredenini duýman galdy. Al kakdymy, Hudaý urdumy – ol halyna düşünip bilmedi. Gözlerini açsa-da Ganlybaşy gördi, gözlerini ýumsa-da.
Melewşe on ýedi ýaşan hem bolsa şindi yşk-söýgi barada kelamagyz söz edişip görmändi. Dessan diňlemäg-ä beýlede dursun, dünýäde yşga garşy ýowuz göreş alyp baran yslam dininiňem on dört aşyk-magşugyň yşgyny ykrar eden dessanlarynyň bardygynam bilenokdy. Ol hatda söýgüden söz açýan ertekem eşidip görmändi. Dagy pahyrjyk beýle ertekini nirden eşitsin?! Gara döw ýaly gulaklaryndan bir çogdam tüý çykyp duran gojadan eşitsinmi?! Baýraçlylaryň ýigitleriniň arasynda hem şindi oňa sawçy nazaryny ýollan ýigit ýokdy. Bolaýsa-da, ol nazarlary Döwdalanlar kellesi bilen sogrup taşlamaýarmy?
Melewşe öýe syganok, hüwläp gidiberesi gelýär. Ýaratynyň ýatan jaýyna göwni bar-bar diýip dursa-da barmazlygy ýüregine bek düwdi. Heýem bir ýaş gyz myhmana seredermi! – Seredersiň! Söýgi diýilýän zat gaňryşyna gaýtdygyňça güýjeýär. Akyma garşy ýüzdügiňçe derýanyň göhi gelýär.
Ol gündizini eýdip-beýdip geçirýär, bar-bar dert gijede bar! Ähli keselleriň gije beterleýşi ýaly yşk derdem güýjeýär. Ýakyp-ýandyryp barýar. Gara öýüň tüýnügine garasa, Ganlybaşyň keşbi ýylgyryp dur. Gözlerini ýumsa, onuň mylaýym sesi eşidilýär. Melewşe gul Şeribe öz ýanyndan gargap uka gidýär. Ýöne ol uky däl – ol gündiziň owadan dowamy! Düýş, yzyna düýş! Düýşde bolsa ol wakalar asla onuň özüne bagly däl!..
Iki-üç günden bäri pagsa jaýa nahar-çaýy jigisinden iberýän Melewşe nädip babasynyň jaýyna baranyny hem bilmedi. Ýatan ýaraty ýigide seretmerin diýdi, seretdi. Bu mahal goja Döwdalan ýaz hakynda gürrüň berýärdi.
– Öten agşam ýeriň gursagyna köz atyldy, ota-çöpe rugsat berildi. Indi meýdanlar ýöne parç bolaýar...
– Baba, saňa çaý getirdim.
– Getir balajygym, getir – diýip, çäýnek almak üçin uzan gollary kersene degende gojanyň ýüregine çigrek şemal aralaşyp giden ýaly boldy. Melewşe hem çaý diýip uzadanynyň çaldygyny soň bilip galdy. Pagsa tamda yşk ody lowlap ýandy, ony ilkinji bolup sokur kör Döwdalan gördi...

0
5 Atayew  
493
* * *
Bu gün-bu gün, erte-erte bilen ýedi-sekiz güni geçiren Amady han ýanyna alty-edi oba oglanyny alyp atlandy. Dagy güýmenje tapman Allaly ussanyň dükanynyň agzynda gününi geçirýän gödeklerden hem dört-bäş sanysy goşuldy. Olar ýolda öňlerinden çykýan çopan-çoluklardan sorag-ideg edip barýardylar. Ýol uzak, meýdan gözel hem bolanda ýadadýar. Bular ýene türkmen mydaryna başladylar. Japby çeme bilen Garahan at üstünde ýatan küşdi dikdiler.
Ýatdan küşt ömrüni at üstünde geçiren türkmenleriň ýolheňi, güýmenjesi däldi, olar hamana küşt oýnamak üçin ýörite ýola çykýan ýalydylar. Maýsasy tolkun atyp ýatan çöl bilen baryşlaryna türkmen küşt ýörelgesine eýerip, iki tarap bolup oýnaýardylar. Ýöne esasy oýunçylar ikidi, galanlary şol ikiniň maslahatçysydy, tarapdarydy, allaçysydy. Japby çeme bilen at üstünde oturyp bilşine haýran galaýmaly Garahan oýnaýardy. Her hataryň, her öýjügiň öz ady bardy.
– Seniň şujagaz piljagazyň gaty gidýärmi ýa meniň göwnümemi?
– Kişiň Hindistan ýaly ýerden getiren piline göwni ýetmezlik etme! – diýip, ýigitleriň bir gorsady.
– Piljagazam bolanda şo Şordepede agnap ýatan baýtala berilіek däldir!
– Meniň jyns atym baýtal boldumy? Ine, baýtal bolsa, saňa bir küşt diýeli han!

0
6 Nusaý  
Dost yzy ýokmy munyň? Okaýan az ýa-da teswir goýmadylar diýip dowam etmediňmi?

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]