12:33

Goşa çynar / hekaýa

GOŞA ÇYNAR

Her gün säher ukudan oýananymdan eýwana çykyp, goşa çynara salam bermek, soňam töweregiň gözelligini synlamak indi maňa adat bolup galypdyr. Ine, bu günem ýene eýwana çykdym. Goşa çynaryň başyndaky guşlaryň şirin jürküldisi säheriň  mylaýym howasynda  täsin bir owaz bolup, kalba dolýar. Men her gezek şol owaza maýyl bolup, näce durýanymy bilemok. Ýöne meni her gün säher eýwana alyp çykýanam, uzak mahallap tebigatyň bu gözelligine baglaýanam   gür baglaryň bir gyrasynda   ygşyldap oturan goşa çynar. Olaryň her ýapragy, her şahasy meniň üçin aýratyn bir dünýä. Şol dünýäniň gujagyna dolmak indi  maňa  ýetilmaz  arzuw bolup galdy. Gowusy, men muny başdan başlaýyn…
Toýdan soň gelin bolup, aňrymy bakyp oturmadym.  Içeriniň  bar keşgini öz üstüme aldym. Meniň bu häsiýetim  gaýyn eneme juda ýaraýardy. Dogrusy, ol meni edil öz gyzy ýaly eý görýärdi. Menem ýetim ösemsoň, ony öz ejem diýip, kabul etdim. Şonuň üçinem biz mydama bilejedik. Toý-tomga-da, beýleki ýerlere-de bileje giderdik.  Biziň şeýdip agzybirje bolup ýörenimize gözi gidýänler az däldi. Agzym bimaza bolanda gaýyn enemiň meniň daşymda elewreýşini, meni goraglaýşyny görenler biziň bolşumyzy maňlaýyna sylýardy. 
Toýlynyň söýgüsi, gaýyn enemiň mähri meni bagtyň çürdepesine çykarypdy. Söýgüli ýar, agzybir maşgala, indem toýly bolup, bäbege garaşmak meniň ýaly ýetim ösen gyzyň  arzuw edip, ýetip bilmejek bagtydy. Şol bagty goramak, ony tutuş ömre ýetirmek meniň üçin kyn däl ýaly bolup görünýärdi. 
 Ilkinji perzendimiz dünýä inende Toýlynyň begenji , gaýyn enemiň buýsanjy, ilkinji perzende bolan mähir, kalbymy ýaryp barýan söýgi  meni  şa tagtyna atarypdy. Käte-käte men öz bagtymyň birden sarç mal ýaly ürküp gidäýmeginden  gorkardym. Şol pursat öz ýanymdan   Beýik Alla ýlbaradym. Eýsem näme, adam bir çig süýt emen diýilýär ahyry. Sähel zatdan göwnüň galyp, bagtyňa badak ataýmagyňam daş däl. 
Gaýyn enemiň Begenç jany gowy görşi çceniň-çakyň däldi. Gijede-gündizde Begenji maňa ýetirmeýärdi. Gaýyn enemiň agtyga hamraklygy bir tarapdan, gowy bolsa-da käte-käteler men öz ýanymdan oglumy ondan gabanýardym. Meniň bu häsiýetimi duýan gaýyn enem:
– Bagty jan, seň balaň meň balamdyr. Men ony näçe gowy görsemem, bagrymy gersemem, ahyry ony dünýä getiren  sensiň.  Seň ornuňy eýeläp biljek adam ýokdur.  Ýöne agtyk bir süýji zat. Öz balaňdan hem süýji ýaly  bolup dur meň göwnüme-hä.
Men sypaýçylygy elden bermedim.
– Daýza, ol siziň göwnüňizedir. Meniň sizden aýry zadymam, ýüregimem ýok. Dogry aýdýaňyz, siziň balaňyz meň mydarym, agtygyňyz ýüregimiň bölegi.
– Dogry dýýýäň, gelin jan, şu zatlara düşüneniň hem bir gowy zat. Az ýerde aramyza sowuklyk düşmese ýagşy.
  Men gaýyn enemi gujakladym-da onuň ýaňagyndan taýly gezek öpdüm.
– Siz meniň  ejem ahyry, heý-de sizi ynjydyp bolarmy?
Şeýle bagtyýarlykda özümi çaga basanynam, ýaşymyň birçene ýetip, gelinli, agtykly bolanymam duýmandyryn. Ogluň ora, gyzyň gyra ýetensoň, bu durmuşa garaýşyňam, oňa  düşünişiňem başgaça  bolýan eken. Gaýyn enemiň daşymy gallap, her pursatda goldaw berip durmasyna halys werdiş bolamsoň, ol görgüli ýurduny  täzeledi weli, atdan ýykylan ýaly boldum. Bu ýitgi bilen ylalaşýançam esli mahal geçdi. Indi meniň özüm gaýynlyga ýetişdim. 
Şol gün weli men gaýyn enemiň juda artykmaç zenandygyna ýene bir gezek göz ýetirdim. Şol gün Begenç jan  üçin goňşy obada biriniň gapysyny açdyk. Sorag –idegden soň, öý eýesiniň aýdan sözleri häzirem gulagymda ýaňlanyp dur. 
– Hä-ä,  Hurmagözeliň gelni diýsene. O pahyr bir üýtgeşikdi. Indi olar ýaly paýhasly adamlar çüpäp barýa. Gyz göçürmeli bolsam, sizden artykmaç ýere bererin öýdemok.  Şonda-da, garaz, yrymyna ýagşy, soraşaly-ideşeli.
Begenjiň toýuny uludan tutduk. Soňam köp mahal geçmänkä, olaryň rysgyny aýyrdyk. Dogrusy, meniň çagalarym hem enesi ýaly ýumşakdy. Şonuň üçinem olaryň dostlary-da köpdi, gatnaşýan ýerleri-de.  Ikinji oglum Nury dul degşir goňşymyzyň  ogly Wepa bilen tirkeşýädri. Asla olaryň iýenleri aýra gidenokdy. Olar mydama ekiz ýaly bilejediler.  Ýokary okuwa-da bile girdiler. Bir toparda okap başladylar. Bularyň dostlugy şeýle bir ýürekdendi weli, aýdyp-diýer ýaly däldi. Şonda ir bahardy. Menem öýde ol-bu işlere gümra bolup ýördüm. Nury bilen  Wepa öýe ylgap girdiler.
– Eje, biz ýowardan gelýäs. Ine, seret, herimize bir çynaryň nahalyny berdiler. Nirede oturdaly bulary.
Men eýwana çykdym-da, ho-ol aňyrrakdaky açyklygy görkezdim. Olar çaga ýaly bolup, biri-birinden öň ylgaşlap öýden çykdylar. Olaryň begenji meniň  kalbyma nur çaýdy. Ikisiniň boýuna gywanyp, yzlaryndan seretdim. Soňam eýwana çykyp, olaryň bag ekişini synladym. Çynarlary  goşaja edip ekdiler. Men ýokardan  gygyryp, öz pikirimi aýtdym.
– Beýle ýakyn ekmäň, soň olara ösmek, şaha ýaýratmak kyn bolar.
Olaryň ikisem birden dillendi:
– Özümiz ýaly-da bularam . Bize gollarymyzy germek  kyn däl-ä, ine seret.
Şeý diýdiler-de, olaryň ikisem birden ellerini gerdiler. Men olaryň oýnuna hezil edinip güldüm.
– Haý, bezzatar, çagalygyňyz galjak däl-dä siziň.
    Soňam olar gelip, hersi bir ýaňagymdan öpdi.
-    Bular biziň dostugymyzyň bakydygyny gojalan çagymyz hem ýatladyp durarlar, şeýle dälmi, eje! 
Bularyň dostlugyna çynym bilen guwandym. Çünki ol ýürekdendi. Belki,  ene bolanym  ücin ol maňa şeýle görünýändir. Ýogsam dost bolup, tirkeşip ýören çagalar başga-da kän ahyry. 
Nuryň hamraklygy hem edil enesi ýalydy. Bizi az salymlyk görmese-de, ýüregi çydam edenokdy. Men onuň bu hamraklygyny nämä ýorjagymy bilemokdym. Ýöne beýle-beýle bolar diýip, asla ýadyma-oýuma-da düşenokdy. Bir zat boljak bolsa, asyl onuň ücin sebäbem gerek däl eken.  Ýa biziň bagtymyz üçin şeýle zatlar boldumyka? Şeýle hamrak çagam birden üýtgedi gidiberdi. Indi onuň eje bilenem, kaka bilenem seri ýokdy. Okuwyna-da jany-teni bilen ýapyşýandyr öýdemok men ony. Soňabaka ol birden-birden düňle oturmany çykardy. Nuryň jan ýaly dosty hem edil öz oglum ýalydy. Bularyň bolşuny üýtgeşik görsemem, olaryň  şol goşa   çynara mähriniň egsilmeýändigi meni birneme köşeşdirýärdi. Soň görüp otursam olaryň ikisem döwrüň elhenç keseli bilen  kesellän eken. Her näçe boýun almajak bolsamam, ol hakykatdy.  Men olary şol beladan dyndarmak üçin kän elewredim. Lukmanlardan delalat isledim, köne tümmeklerden haraý gözledim. Ýöne iki balanyň Nurynyň hem onuň dostunyň derdine derman tapmadym. Bir ýerde çagalary bu aýylganc beladan saplaýan bar diýseler, äginmän gitdim. Emma  olaryň derdine derman tapyp bilmedim.  Elbetde, bu zatlar ezelde maňlaýda bardyr-da. Tüýs çagajyklaryma guwanmaly çagym balamyň şol bela sataşmagy meni otdan alyp, suwa saldy. Arman,  elimden gelen zat bolmady.
Hasaplap otursam ondan bäri esli ýyl geçipdir.  Birmahalky goşa çynaryň boýy asman bilen bäsleşýär. Her daýym Begenç jan gelip, käte-de kakasy olara idi-ysywwat  edýär. Goşa çynar weli hic zat bolmadyk ýaly parlap ösýär. Iki dostuň yrym edip eken çynarlary indi meniň ücin mukaddeslige  öwrüldi. Her gün irden eýwana çykyp, ilki bilen goşa çynary synlamak meniň üçin adat bolup galdy. Her säher  balalarymyň adyny tutup, çynarlara salam berýän. Göwnüme bolmasa,  goşa çynar Nury jan bilen onuň jana-jan dosty Wepa bolup görünýär maňa. Onsoň esli salymlap men olar bilen gürleşip durýan. Meniň bu bolşuma  näme üçindir Toýly düşünenok. Gaýta:
– Beýdip özüňi horlamak bolmaz ahyry. Indi ykbala boýun bolaý senem – diýýär. 
 Ykbala boýun bolmak meň üçin  gerre diýen belanyň eneleriň başyna salan oýny bilen razylaşmak ýaly bolup dur. Men ony edip bilerin öýdemok. Şol  bela üçin  meniň hamrak balam ýaly ençeme ýigitler onuň gurbany boldular.Şol bela  üçin elinden dür dökülýän ýigitler gara ýere duwlandylar. Onsoň neneň edip, şol ýowuzlygyň  oýny bilen ylalaşjak. Dogry. indi o ýowuz balanyň soňuna sogan ekildi. Ýöne ýüreklerde bitmez ýara goýup gitdi ol.
Ýene goşa çynaryň başynda mesgen tutan guşlaryň owazyna maýyl bolup durşuma Toýlynyň ýanyma geleninem duýmandyryn,
– Ogul ýerinde ogluň bar, gyz ýerinde gyzyň. Şolaryň barlygyna şükür et. Şol bagtyňa guwanmany başar. Şol bela duçar bolan ýeke seniň çagaň däl , Hudaýdan daş düşme.
Men onuň näme diýjek bolýanyna düşünýän. Ol şeýdip meni goraglajak bolýar.  Ýöne  könekiler “Bala ýüregmiň başy” diýip,  ýöne ýerden  aýtmandyrlar. Ene bolsaň, ýüregiňi böleklere bölüp, balalaryňa paýlaýan ekeniň. Ine, menem ýüregimiň paralanan  bölegine her gün şeýdip em edýän.  Ýüregiň bölegini unutmak ene üçin külli günämikä diýýän.  Şol goşa çynar meniň ýüregimiň bir bölegi däl-de, onuň tutuş özi bolup  görünýär maňa. Olar her gün irden maňa salam berýärler, menem olara. Biz indi esli mahal bäri şeýdip birek-birege teselli.  
       
Ogulgerek Ussaýewa.

Категория: Hekaýalar | Просмотров: 561 | Добавил: Нawеran | Теги: Ogulgerek Ussaýewa | Рейтинг: 3.0/1
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Köprüler / hekaýa - 15.01.2024
Pedofiliň ölümi / nowella - 04.01.2024
Шер аминь / рассказ - 20.01.2024
Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024
Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024
Jan / hekaýa - 08.03.2024
Surat / nowella - 14.03.2024
Gara gözli söýgi ýaşaýarka... / hekaýa - 17.01.2024
Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024
Ýolagçy / hekaýa - 12.01.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]