GUTULGYSYZ
Eli kitaply uklap galdy. Işden ýadaw gelensoň, ýeňiljek kitabyň gatyny açan wagty eýýäm gabagy agralyp ugrapdy. Uky kitabyň iň gyzykly ýerinde gürpbasdy etdi.
Düýşünde ol öýüniň golaýyndaky tanyş köçäniň ugry bilen ylgap barýar; garaňky ýodalaň eteginde bukdaklap, gara-görnüm arada adam-gara görünmese-de, yzyndan kowgy gelýänine ynanyp, gabrystanyň daşyna aýlanan beýik haýatyň gapdalyndan gaçyp barýar. Ol özüni başga bir adamyň göwresinde görýär, nätanyş bir kişiniň aňyna girendigini duýýar, şol bir wagtda onuň hut özüdigine-de düşünýär – şeýle ýagdaýlarda at çalyşmalarynyň iň ýerliklisi «biz» bolsa gerek.
Yzyna gaňrylman çabjap ýörşüne, indi köçäniň beýleki tarapyna aşmalydygy kellesine gelýär. Neneňsi gyssansa-da, ýoly gadagan ýerden geçmäge ýaýdanýar.
Gögüň reňki bu wagt mazut dek gara. Ýyldyzlar sönüpdir. Ýollar çola. Iňlär siňek ýok, emma fonar lampalarynyň ýagtysynda gaýmalaşýan çybyn-çirkeý ýeterlik. Olaryň hyzzyldysy gaz geçiriji turbalaryň pyşşyldysyna, transformatorlaryň birsydyrgyn güwwüldisine garyşýar. Howanyň düzümine giren bu sesler gaçgagyň daşyny gabaýar. Ol göze görünmeýän howp-hatardan başyny gutarmaly. Başyňy gutarmaly. Welin… Bir jümlede başlabam, gutarybam bolýarmyka?
…Ol awtobus duralgasynyň deňinden geçýär, birdenem aýlawly çatrygyň edil ortarasyndaky depesi domalan şekilli äpet nägehandan gorkup, aýak çekýär, sögünip, başga tarapa eňýär.
Gaty uzakda kimdir biri azarlap gygyrýar. Sag gapdalyndaky haýatyň aňyrsyndan – mazarlardan doga-dilegler eşidilýär. Pyşyrdydan çala batlyrak.
Köçäniň beýleki tarapyndaky belent jaý gaçgagyň üstüne abanyp, ýokarky gatlarynyň birindäki iki göze çalymdaş tegelek penjireleri bilen ýüzüne garap dur.
Ol özüni nirä urjagyny bilmedi, hut şol pursatam gursagy sandyrady. Ilkibada munuň telefonydygyna özem düşünmedi. Jübüsinden çykaryp, ekranda tanyş belgini görensoň, ýaşyl düwmäň ýüzüne basdy.
– Allo – diýeninde eýýäm gözüni açypdy. Öz sesi asuda otagynyň içinde güňleç ýaňlandy.
Ol ýatalgasynda, aýalynyň gapdalynda irkilen eken. Ilkibada telefonam gulagyna ýassykdaşy tutdurandyr öýtdi. Görse, ol-a dünýäni bilmän ýatyr, giň otagyň içi bolsa sesleriň matamhanasyna öwrülipdir. Daşary alagaraňky.
Ýassygynyň astyndan telefonuny çykaryp, sagadyna seretdi. Bäş bolup barýar. Beýle ir oýanan halaty ýokdy, şonuň üçin ýene gabaklary bürüldi, edil şol minutam ýuwaşlykdan daşky gapy kakyldy. Pessaýja tarkyldy.
Ol ýerinden galmaga howlukmady, häki bir şemalyň-ýeliň oýnudyr öýtdi. Daň bilen duýduryşsyz geljek adam ýok.
Ýaňy bir şeýle pikire gözüni ýumduran badyna, tarkyldy gaýtalandy.
Ýatan ýerinden galjak boldy, emma düşnüksiz bir güýç ony düşeginde duşaklady. Eli-aýagy güýlene döndi.
Gapy ýene kakyldy. Bisabyrlyk bilen. Bu gezek sesi has batly çykdy.
Ol ýene-de turmaga dyrjaşdy. Bedenine buýrup bilmedi. Mejbury ýagdaýda aýalyna ýüzlendi. Ýöne olam öli ýaly ýatyr. Butnaýynam diýenok. Diriligi çalaja hor çekişinden aňdyrýar.
Kellesine bir töwra pikir geldi. Galmak başartmaýan bolsa, ýykylmaga synanmaly…
Bir öwrüm agdy-da, bütin göwresi bilen jalkyldap, sowuk polda ýüzin ýazyldy. Burny agyrdy, sähel ganjardy. Süpürmän, aýaga galdy. Süňňüniň şeýle ýeňlänine özi haýran.
Ýok, bu düýş däl. Gapy ýene kakyldy. Ýaňky tarkyň üstüne düňk-düňk goşuldy.
Dälize çykyp, ýaýdanyp durdy. Henizem hiç kim gapyny açmaga barmandyr. Aslynda sähel pol jygyldasa galpyldap ýören aladaçyl ejesi bilen igenjeň kakasy öz otagynda parahat ýatyr.
Daraklygyna basyp, daşky gapa golaýlady, gözjagazyndan seretdi.
Howwa, şol eken. Dagy kim bolsun? Gapyň aňyrsyndan onuň has-hasy eşidilýär. Öte daljygypdyr. Maňlaýynda der, gözünde gorky ýaldyraýar.
Indi ol gapyny öňküsindenem batly kakdy. Bu ses gündizem adamy tisgindirjek welin, saba ümsümliginde has gorkunç hem näbelli howp-hatary üstüňe küşgürýän ýalydy.
Onuň özi gapyny açmaga ýürek etmedi, eje-kakasynyň, iň bolmanda aýalynyň dälizde gara bererine garaşdy. Olar wagty bilen oýanarly däl. Ahyrsoňy çydap bilmän, otaglaryna girdi-de, kakasyny yralady, netije bermänsoň silkeläbem başlady. Şonda-da ol beýleki tarapyna öwrülip, ýorganyna öňküden beter dolanyp ýatdy. Ejesini yralady, olam bir zatlar hüňürdäp oňdy.
Ýene dälize çykdy. Ýalňyzlyk basmarlady. Gorkyň ornuny gam-gussa garyşan aljyraňňylyk eýeledi. Ýekelikde jöwlan urup, näme karara geljegini ölçerip-dökdi. Meger, oňa başga ýerde bukalga gözle diýmelidir? Ýa daşyndan gulplap gitdiler, açar ýok diýmelimi? Bu-ýa bir samsyklyk. Ynanmaz. Diňe iki ýoly bar. Ýa öýe salmaly, ýa garaşyp durmaly. Içeri goýberseň, öz başyňa bela indermegiň ahmal. Işigi açmasaňam – näme boljagy belli däl, soň bu labyry göterip ýörmäge gurby çatarmy?
Birdenem aşakdan itleriň gaharly jabjynmasy eşidildi. Aşhana ylgap baryp, tutyny süýşürmän penjireden garady. Daşarda yns-jyns ýok. Hatda agaçlaram doňňaradaş bolupdyr. Emma itleriň sesi gitdigiçe güýçlenýär.
Gapyny hiç bir gypynçsyz depip başladylar. Düňküldisi öýüň içinde ýaň berýär.
Sanalgyja pursat galdy. Wagt puryja berenok. Ol daş işige baryp, tutawajyna elini goýdy. Aşak egseň – açylýar… Itleriň gohy golaýlady. Olaryň penjesine ildigiň, çeýnem-çeýnem etjegi haýbatyndan bildirýär.
Indi gapy kakylanok, ýöne agy gatyşykly sandyrawuk pyşyrdy eşidilýär: «Açaýyň-da… açaýyň…»
Ýogsa-da, gapy dogrudanam daşyndan gulplanan bolaýmasyn?
noýabr, 2017.
Maksat BÄŞIMOW.