08:54

Halypa / hekaýa

HALYPA

Işden gelip dem-dynjymy alyp ýeişmänkäm, telafon jyňňyrdady. Trubkany gulagyma tutanymdan erkek adamynyň ýakymly sesi eşidildi.
- Sag-aman oturanmysyňyz.
- Şükür, Hudaýa. Sizem saglykmy?
- Boljak özi. Men hernä dogry aýlandyryn-la. Gülnabatlarmy bü.
- Hawa weli, men sizi tanamadym-la. 
- Siziň meni tanamazlygyňyz ahmal. Men-ä sizi, sizem meni hiç haçan göreňzok. Adyňyz bilen aşna men.  
- Onsoň näme diýjek bolýaňyz?
- Aý, hiç, ýöne salamlaşyp, hal-ahwal soraşaýaýyn diýdim.
- Tanamaýanyňyz bilenmi?
- “Bir gören tanyş” diýipdirler, tanyşarys-da. 
Men trubkany şobada ýerinde goýdum. Ol ikinji gezek jyrlady.
- Duruň-duruň, az salym puryja beriň, men düşündireýin.
Men oňa gulak asman, trubkany ýene-de  goýdum. Salym geçmänkä telefon ýene-de jyrlady.  Men ony götermek islemedim. Ýöne jaň edýänem “bermezek Taňrydan irmezek awçy” diýenlerini etdi. Ahyry ownup-çydaman  trubkany göterdim.
- Bagyşla, men özümi badabat tanatmalydym weli, şol birmahalky endik öz diýeninii edäýýär-dä.
Ol sözüni soňlaman,  jykyrdap gülüp başlady. Şo pursat onuň kimdigi güpbe ýadyma düşdi.
-Wiý,  asyl sen Çakanmy? Sen nire, men nire? Nädip ýadyňa düşdüm. 
  Şol dem  uniwersiteti tamamlap, işe başlan döwrüm  gözümiň öňüne geldi.  Gutardyşdan soň, durmuş biziň herimizi bir ýana taşlady. Menem şäher mekdepleriniň birinde mugallym bolup işe başladym. Mekdebiň okuw bölüminiň müdiiri uniwersiteti bizden bir ýyl öň tamamlan Çakandy. Men muňa juda begendim. Talyp deň-duşuň bilen işleşmek, bilmedik zadyňy soramak, düşünişmek aňsat boljakdy. Dogrudanam Çakan bilen işlerşmek maňa aňsat düşdi, sähel kynçylyk çeken ýerimde ol badabat kömek edýärdi. Heniz durmuşa çykmadyk gyzyň öýlenen ýigit bilen ham-çam bolup ýörmesini  kärdeşlerimiz  kän bir oňlanokdy. Ýöne   Çakan  meniň iň ýakyn maslahatçymdy. Halypa mygallymlaram menden maslahatyny gaýgyryp duranokdylar. Ýöne men kiçijik  sorag ýüze çykanda-da Çakana ýüz tutýardym. Soňabaka biz halys öwrenişdik. Mekdepden gaýdamyzda-da ýolumyz bir bolmasa-da bile gaýtmany çykardyk. Şonda  onuň mähirli bakyşlary kalbymy agdar-düňder edýärdi. Käte-käte şol otlukly bakyşlara döz gelmejek bolardym. Şol halatda-da türkmen maşgalasydygym, türkmençilige beýle zatlaryň gabat gelmeýändigini, onuň eýýäm iki çaganyň atasydygyny ýada salardym-da duýgularymy duşaklardym. Şeýdip bir ýyl çemesi bile işlänimizden soň, Çakany ýokary guramalara işe çekdiler. Şoldur-da şoldur biz käte-käte ýygnakda- beýlekide  gabat gelýämesek, asla gabatlaşamzokdyk. Ynha, indem ençeme ýyldan soň ol meni ýatlapdyr... 
 Çakanyň näme gepläp, näme goýanyny bilemok, ýöne onuň gülküsine aýňaldym.
-Näme diýýäň?
- Sen nirede? Meni eşidýäňmi beri?
- Eşidýän-le weli,  men edil häzir-ä mekdebe baraýdym öýdýän.
-Menemmi?,
- Onçasyny bilmedim, özüň bilmeseň. 
-  Indi bir senden galmajak bolarynda.
-O saňa gaty kyn düşer. 
-Näçe kynam bolsa, çekmeli bolar-da.
Men onuň bilen samahyllaşyp oturasym gelmedi. Şonuň üçinem gürrüňi soňlamak bilen boldum.
- Sen mekdebe barasyň gelse, baryber.  Men-ä işden aryp geldim. 
Men trubkany ýerinde goýdum-da, şamlygyň ugruna çykdym. Oňa çenli  çagalar hem işden geldiler. Men aşhanada güýmenip ýörşüme Çakan, onuň häzirki jaňyny badaraky oýlara özümi aldyrdym. “Bu nähili beýle bolýarka? Şunça ýyldan soň, men nädip onuň ýadyna düşdümkäm? Belki, onuň menlik işi bardyr. Altyn gapylynyň agaç gapyla-da dilegi düşüpdir diýýäler ahyry.  Menem bir töwra adam, soňuny saýgarman, çürt kesik edäýdim”.  Işlerimi birýüzli edemsoň, Çakandan habar tutmak üçin telefonyň ýanyna baranymam şoldy weli, ol ýene jyňňyrdady. Trubkany gulagyma ýetrenimden Çakanyň  sesi eşidildi.
- Gülnabat, meni birje minut diňle. Men seni  zordan tapdym. Bir zat haýyş edäýjekdim, eger, mümkin bolsa.                 
- Baş üstüne.
- Şeýdip ýoluňy düzedeweri. Meniň gyzjagazym uniwersiteti tapawutlanan diplom bilen tamamlap, siziň mekdebiňize işe ýollandy. Senem şol mekdebiň okuw bölüminiň müdirimişiň.  Gaýrat edip, şoňa göz-gulak bolaweri diýjek bolýan. Her zat “Düýä haýt diýmek, medet” diýipdirler. 
 - Edilen ýagşylygy ýanyşdyr diýjek bolýarmyň?
- Aý, edil oň üçin-ä däl. Ýöne ýaş maşgala işe başlandan ýanynda halypasy bolsa, onuň durmuşa garaýşam, işe ýapyşyşam üýtgeşik bolýar.  Ýogsam gyzjagazym edil kakasy ýaly bolup, gaty zehinlije. Çagalarymyň  bary maňa çekipdir. 
- Düşündim. Arkaýyn bolaý.
- Men çagalarymdan arkaýyn. Ýaňy aýtdym-a bulaň bary maňa çekipdir diýip. Ulujalarymyň hemmesi ýokary bilimli, her haýsynyň abraýly işi bar, bäş otagly aňrybaş öýleri bar. Aýaklarynyň astynda-da suw ýaly ulag. Elleri uzadan ýerine ýetip dur. Kem zatlary ýok...
 Ol henizem öwünjekdi weli,   sözüni böldüm. 
- Tüweleme, bolubilýä. Hudaý köp görmesin.
- Hudaý bir berensoň, köp görüp durasy ýok-la.
- Duraweri, diýýäniň näme?
- Şu çaka çenli Hudaý diýip ýaşadykmy, indi dindar bolar ýaly.
- Hudaýsyzam bolan däldiiris. Ondan daşam düşen däldiris. Ýaşyň birçene ýetensoň, beýle diýip durmagyň gowulyga däl- diýdim-de onuň  bilen howul-hara hoşlaşyp, trubkany ýerinde goýdum. Soňam durmuşyň adamyny nä derejede üýtgedýanligi barada  oýa batdym. Eýsem Çakana nä döw çaldyka? Ýa-da ony ýokary wezipe üýtgedäýdimikä? Ilki bilen-ä owünmek öwündi, hamala özünden başga adamda çaga-da, oňat durmuşam ýok ýaly etdi ol. Häzir bu bagtyýarlyk döwründe hemmämiziň elimiziň uzadan ýerimimize ýetýändigini ol oňat bilmeli. Onsoňam  men-menligiň ynsan üçin iň ýaramaz häsitedigini ol hiç kimden soramaly däl ahyry. Bir mekdepde işleýärkäk, ol mydama “özüni öweniň tanapy çüýrük” diýerdi. Ýeri, indi näme bolduka?  Ýa-da ol öwünýäninem duýanokmyka? Belki, ol bu zatlar durmuşyň hut özüdir diýip güman edýändir. Ýöne durmuş diýen närsaniň garaşylmadyk oýunlary kän ahyry. Ol  duýman durkaň bal güne batyrybam, başyndan aýlap ýere pylçabam bilýär. Bu hakykaty men oňa öwretmeli däl ahyry.  Çakan, Çakan! Men saňa näme diýsemkäm?  Şujagaz  gürrüň ikimiziň aramyzda Köpetdagy keserdip goýdy. Dogry, sen bizden işden gideliň bäri gatnaşmasagam, bu jahanda meň dünýäme düşünip bilýän bir adamyň ýaşap ýörendigine ynanýardym. Indi men şol duýgudaşymdan mahrum bolandygymy aňdym. Hut şol pursat hem Çakanyň  adam hökmüne bu jahanda ýalňyz galandygyna-da düşündim. Oňa çynym bilen nebsim agyrdy. Sebäbi ol adamlaryň birek-birek bilen mähirli gatnaşyklarynyň tutuş ömre röwşenlik çaýýandygyny, onuň ýalňyzlykdan  halas edýändigini unudan bolmaly. 
 Eýsem ol şu ýyllaryň içinde  adamyň durmuşy, dünýäni söýüp, özüne, töwerek-daşa  düşünip biýändigini ýatdan çykaran däldir ahyry. Adam bu durmuşda  birek-birege has yakyn durmaly,  ýürekdeş bolmaly.  Belki, meniň  bu pikirlerim ýalňyşdyr. Belki, men Çakana düşünmejek bolýandyryn. Meniň gürrüňi başga tarapa öwürýän bolaýmagym hem ahmal. Aslynda-da men öwünjeň adamlary diňlemäni başaramok. Şonuň  üçinem onuň “Oglum eýle, gyzym beýle” diýmesine artygrak üns berendirin.  Her näme-de bolsa,  men   öz-özümi köşeşdirmelidim. Sen diýip adyň tutulansoň, haýsydyr bir zady bahanalap, arkan gaýşyp durmak gelşiksizdi.  Sebäp mähir-muhabbetden kemal tapyp, bu jahana gelýän ynsan balasynyň kalbyndaky süýji duýgy egsilende, onuň ömür tanapyna howp abanmagy-da ahmal... Şu pikirlerden aýňalyp,  elimi telefon trubkasyna nädip uzadanymy-da bilmändiirin...                                                      
    
Ogulgerek Ussaýewa.

Категория: Hekaýalar | Просмотров: 477 | Добавил: Нawеran | Теги: Ogulgerek Ussaýewa | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Şire / mini-kyssajyk - 18.04.2023
Люди с большого корабля / рассказ - 12.04.2023
Çuňluga ymtylyş / hekaýa - 24.05.2023
Durmuşy dynnymjyklar / hekaýalar toplumy - 16.01.2023
Oýnaş /hekaýa - 16.04.2023
Syn ediji geňeşe gutlag sözi / hekaýa - 28.08.2023
Çylşyrym /hekaýa - 08.07.2023
Iki çynar / hekaýa - 26.06.2023
Dogruçyl kazy/ hekaýa - 07.05.2023
Diri ölüler / hekaýa - 29.06.2023

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]