08:17

Heýkeltaraş we gassap

HEÝKELTARAŞ WE GASSAP        

Uzakly gün tokaýda aýlanan ýaş heýkeltaraş ahyrsoňy gözläp ýören agaç böleginiň üstünden bardy. Ony çala ýylmaşdyryp, egnine atdy. Keýpihon halda oba gaýdyp geldi-de elindäkisini mellegiň gyrasynda goýdy.       
Şol agşamyň özünde ýaş ýigit agaç parçasyna mähir bilen bakyp, gyralaryny timarlap başlady. Sebäbi ol şol tapyndydan öňräkden bäri kalbynda  ýaşap ýören owadan bir şekili  döretmäge hyýallanýardy. Ýaş ussadyň gözüne aý ýagtysyna eýýäm ol ajaýyp eseriň gözel sudurlary görnüp başlapdy. Diňe agajyň artykmajyny aýyrmak gerekdi.        
Emma ertesi zerur iş bilen şähere giden heýkeltaraş ençeme aýlap şol ýerde bolmaly boldy.         
Şäherde işläp ýörkä-de, obadaky ýaňy döräp gelýän zyba eseri wagtal-wagtal onuň göz öňünde gaýmalaýardy. Ahyrsoňunda oba dolananda ol öz hyjuw bilen başlan eserine ýapyşmak bilen boldy. Emma ondan derek tapmady.            
Hawa, bu eseriň nesibesinde dünýä inmek ýok ekeni. Çünki eýesiniň şunça wagt gözegsiz galdyrylan agaç bölegine heýkeltaraşyň gassap goňşusy eýe çykyp, ondan başga “eser” döredipdi. Ol şol tapyndydan  üstünde et kerçemek üçin amatly çapgyýassyk ýasapdy.

Şahymerdan SARYOGLY.
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 474 | Добавил: Şahymerdan | Теги: Şahymerdan Sary ogly | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Ukusyzlyk / hekaýa - 05.02.2023
Dil agyrysy / hekaýa - 05.06.2023
Bu gezegem Alla kömek etdi / hekaýa - 11.05.2023
Deñziñ kenaryndaky oglanjyk / hekaýa - 23.04.2023
Atarman-çaparman / hekaýa - 31.08.2023
Meledor / hekaýa - 08.01.2023
Kindiwanja kyssalar - 16.08.2023
Çylşyrym /hekaýa - 08.07.2023
Daňdanyň dünýäsi / nowella - 12.04.2023
Durmuşy dynnymjyklar / hekaýalar toplumy - Öte eşitmek... - 16.01.2023

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]