07:45

Höwürtge / hekaýa

HÖWÜRTGE

Her gezek senden göwnüm galanda, şo-ol birmahalky waka hakydamda janlanýar. Ýadyňdamy, şo gezek biz maşgalamyz bolup, ak ýaýla gezelenje çykypdyk. Gül-gülälekli, goňurbaşly gollaryň gözelligi özüne ýetikdi. Adaja şemala başyny yrap oturan dürli güller  ajaýyp bir görnüşe girip, göwnüňi göterýärdi. Bu gözellikden lezzet almak üçin beýik alaňyň üstünde ýerleşdik. Yşyldap oturan güller göwnüňi göterýärdi. Bu gözelligi, goňurbaşlaň owazyny syrdaşyň bilen bileje diňlemegiň aýratyn ýakymy bardy. Owdanja kebelekler, ho-ol al-asmanda bolsa gaýyp ýören laçynlar bu sähranyň hakyky ýaraşygydy. Ýaňy aýak bitenje gyzjagazymyz Aýsona gök otlardan çalaja saýlanyp, gül çöpleýärdi.  Birdenem Aýsonanyň depesinde bir guş perwaz urup başlady. Ikimizem asmana seretdik. Ho-ol, al-asmanda laçynlar parahatlyk bilen ganat  ýaýyp ýördüler. Ýöne ojagaz guşuň edil Aýsonanyň üstünde näme üçin pel-pelläp duranyna düşünmedik. Guş bolsa barha  ýerläp – ýerläp uçýardy-da  Aýsona degmän, ýokary galýardy. Guşuň durşy bilen gykylyga öwrülip, perwaz urup ýörşüniň  ýönelige  däldigini ahyry aňdyk. Onsoň ikimiz iki ýerden Aýsona topuldyk. Şindi ýanyna ýetip-ýetmänkäk, Aýsona eglip ýerden bir zat aldy-da bize uzatdy.
- Ejje, mammyja.
Onuň elindäki guşuň ýumurtgasy günüň şöhlesine ýalpyldap gitdi. Şo pursat biz nguşuň näme üçin Aýsonanyň depesinde perwaz  urandygyna düşündik. Men ylgap baryp, Aýsonanyň elindäki ýumurtgalary aldym-da ýuwaşlyk bilen höwürtgä goýdum. Oňa çenli senem gyzyňy gyzyňy goltuklap,  höwürtgeden arany açdyň.
Biz ýene dolanyp öňki oturan ýerimize bardyk. Şondan soň guş birneme ynjaldy. Ýöne höwürtgesinden daşlaşyp  gidibilmän, töwerek daäşda pel-pelledi ýördi. Bu wakany herimiz özümizçe ýorduk.
- Guş  görgüli ýumurtgalarynyň üstünde kökenek bolaýdy-da.
- Ol höwürtgesini gorajak bolup heläk. Ynsan-u haýwan üçin höwürtge höwürtge bolýandyr. Ony goramaly-da. 
- Höwürtge-de höwürtge welin, o guşuň perwaz urşy has aňyrdan ýaly. Aýsona  onuň ýumurtgasyny  eline alanda, jürküldäp, tas özüni  öldüripdi,
- Men-ä ol gepläp başlaýandyr öýtdüm.  Özem özelenip gepleýän ýaly, jürküldisi beýniňi sarsdyryp barýar. Haýwanyňam öz duýgusyny  beýle beýan  etjek eken. Men-ä haýran galaýdym. 
Şo pursat ikimizem  guşuň bolşuna aňalyp, esli oturdyk. Ikimizdenem ses çykanokdy. Şu mahal men bujagaz guşuň  mysalynda  ynsan üçin  maşgalanyň nä derejede  gymmatdygyna  düşünen ýaly boldum. Ojak, ot – maşgala diýen düşünje aňymda örboýuna galdy. Şonda ese – baýa galyp başlanymdan, ejemiň  her gün gaýtalaýan sözleri edil şu pursat gaýtalanan ýaly boldy. “ Gyz durmuşa çykandan soň, maşgalasy üçin ýaşamalydyr.  Maşgalada iki adam baş bolmaly däldir. Şonuň üçinem aýal maşgala diňe biz diýip geplemelidir. Türkmen öz ojagyny, höwürtgesini ençeme müňýyllap şu düşünje bilen gorandyr. Senem şol türkmenleň şu günki neslisiň. Erkek kişini öýüň  ownuk – uşak  gepinden, aladasyndan goramalydyr.  Sebäp maşgalanyň agzybirligi, jebisligi şondan  gaýdýandyr. Sen erkek adamyny hormatlap “sen-sen” etseň, olam saňa ‘jan-jan” eder...”
Ejem janyň şol sargytlary şol gün ak ýaýlada, goňurbaşly gollarda gaýtadan ýaňlananda, men eýýäm bir çaganyň enesi bolup, maşgala garamatyny başyma alan zenandym. Höwürtgesine howp salnan guşuň jürküldäp, perwaz urşy ejem janyň maşgala mukaddesligi baradaky sargytlaryny täzeden gaýtalan ýaly boldy.
Meniň nazarymy uzaklara dikip, dymyp oturmam saňa ýaramady öýdýän.
- Mahym, şu ajaýyp howada, owadan ýaýlada, özüň ýaly gül-gülälekleriň arasynda näme hakda pikir edýäň?
- Men ýaňky guşuň boluşyny gaty täsin gördüm. Sered-ä o janawar Aýsona höwürtgesine golaýlaşyp başlanyndan jürküldäp, bizden haraý isledi, uçdy-gondy, jürküldedi, garaz, biziň ünsümizi  özüne çekjek boldy. Biz weli, ony wagty bilen aňmadyk.
- Her zat, Aýsona ýumurtgalary ýere zyňaýmady.
- Şony aýtsana.
Biz goňurbaşlaryň adaja semala döredýän owazyna diň salyp, kän oturdyk. Sebäp şol pursat giň gollardan ýuwaşlyk bilen galýan owaz Amangeldi Gönübegiň kalbyndan çykan “Goňurbaş mukamyny” gaýtalaýan ýaly bolup göründi. Biz şo ajaýyplyga maýyl bolup näçe  oturanymyzy hem bilmändiris. Her zat iňrik garalmanka, öýe dolandyk. Şol günüň ýakymy, göwne-kalba guýan mähri bütin ömrüme ýoldaş.
Ine, bu gün ýene men näme üçindir senden öýkeledim. Dogrusy, näme sebäpdendigini bilmesemem, käte-käte şeýdip senden öýkelemäm bar-da. Şonda men otudyp, ejem janyň sargytlaryny hem-de şojagaz guşuň höwürtgesiniň üstünde kökenek bolşuny ýatlaýan. Onsoň köplenç seniň öýkämi ýazaryňa-da garaşyp duramok-da, öz – özümden ýazylýan otirybarýän. Sen weli, meň ýagdaýymy has gowy bilýän ýaly, sähel gaşym çytylsa, daşymda hozanaklaberýäň. Käbirleriniň seniň bolşuňy oňlamaýandygynam bilýäň. Ýöne sen oňa pitiwa edip duraňok.  Belki, bu meniň saňa bolan mähir-muhabbetimiň çäksizdigi üçindir,  belki-de, ene sargydyny ýerde galdyrman,  maşgala ojagynyň oduny aýaýanym üçindir. Ýa-da dünýä ýaly giň göwnümi  seniň ýekeje sözüň dolduryp bilýanliginden hem bolmagy ahmal. Käte-käte seniň dile getirmedik sözleriň gözüň owasyndan çogup çykýar-da, meniň gursagyma dolýar. Onsoň men bahar çagan gar ýaly eräberýän. Aslynda-da, meniň düşünjäme görä, ynsan üçin öý – ojakdan, maşgaladan başga mukaddeslik ýok ýaly.  Sebäp kiçijik bir guşjagaz öz höwürtgesini, neslini şeýdip, janyny orta goýup goraýan bolsa, ynsan üçin ol hakyky mukaddeslikdir. Ähli zat – tutuş ömür, ykbal şol ojagyň, höwürtgäniň  alawlaýan odundan gözbaş alýar ahyry...

Ogulgerek USSAÝEWA. 

Категория: Hekaýalar | Просмотров: 444 | Добавил: Нawеran | Теги: Ogulgerek Ussaýewa | Рейтинг: 2.5/2
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Maña ýetmedik bagt / hekaýa - 07.05.2023
Ukusyzlyk / hekaýa - 05.02.2023
Alabaý - 26.03.2023
Haýyr / hekaýa - 30.03.2023
Köriçege / hekaýa - 24.04.2023
Özüm näme... / hekaýa - 17.04.2023
Ýazylmadyk kitaplaryň ýerzemini / hekaýa - 18.04.2023
Dil agyrysy / hekaýa - 05.06.2023
Oýnaş /hekaýa - 16.04.2023
Ýüregimi yzyna beriñ! / hekaýa - 16.02.2023

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]