01:48

Köpri

KÖPRI 

Amaşanyň oýundaky ol köpri,
Daşdan görseň, göýä äpet minara.
Birleşdirip sagy bilen soluny,
Gupba ýaly bezeg berýär kenara.

Göterýär göwsünden goşa sütüni,
Amaşaň zawody olaram ýasan.
Köpri şeýle äpet – beýik bolsa-da,
Saňa hyzmat edýär gurujy ynsan.

Sümüp geçýär teplehodlar, gämiler,
Bir-de päsgel görmän äpet köprüden.
Gör, nähili altyn elli adamzat,
Atanak ýol üçin polat köpri eden.

Goşa ýola hyzmat edýän köpriniň 
Süňňi demir – beton
Gaýymdyr gaýym.
Şeýle gaýym zady döredenleriň
Waspyny ýazmaga men mydam taýyn.

■ PARTADAŞ

Ikimizem bile gitdik mekdebe,
Ikimizem deň açypdyk “Harplygy”.
Mugallymyňky deý suratyn çekip,
Ýeke-ýeke öwrenipdik harplary.

Deň öwrendik okamagam, ýazmagam,
Klasdan klasa bile geçerdik.
Dünýä göz ýetirip öz ýanymyzdan,
Kosmosa çykardyk, Aýa uçardyk.

Hasaba almazdyk başga bahany,
Bäşligiň üstünde giderdi gürrüň.
Bir sapakda açsak Amerikany,
Indiki sapakda alnardy Berlin.

Metal böleginem bile ýygnardyk,
Artykmaç alardyk berekellany.
Diwar gazetinde tankyt edilip,
Yzda süýrenmezdik Anna Kel ýaly.

Sowgatly barardyk toýa – baýrama,
Düzüm-düzüm edip bäşliklermizi,
“Gaýdym” diýip,”özlük” diýip, ýene diýp,
Biraz gynaýardy işlikler bizi.

Olaryňam hötdesinden gelipdik,
Jan etseň, kyny ýok, bu temalaryň.
Ýadyňdamy seniň: piridik – piri
Aksiomalaryň, teoremalaryň.

Indi bolsa ýol aýryldy,
Ýol başga.
Toýa sowgat bolmaz öňki bäşlikler.
Partadaşym, Watanymyz – ilimiz
Başga sowgat talap edýär ýaşlykdan.

Täzeden öwrenip doly bilmeli,
Niçik halda alnyşyny Berliniň.
Ylymymyz bilen kökün kesmeli,
Ýer ýüzünde uruş diýen terminiň.

Kim nämäni açyp, näme tapsa-da,
Ençe ýyl gezendir ugrunda entäp.
Näçe açylsa-da dünýäniň ýüzi,
Biziň paýymyzam durandyr entäk.

■ IBIŞEWIŇ BÄŞLIGI

Ýürekde saklaryn,
Unutman diýip,
Käte wada berýäs birek-birege.
Öňki dostlar, nirede siz, nirede!
Ýene täze ýoldaş duş gelýär bize.

Elbetde, birme – bir ýatlap bolanok,
Täze aladalar girýär ýürege.
Siziň topbagňyzy undamok hergiz,
Klasdaşlam, nirede siz, nirede?

Dyzymyň üstünde ilki perzendim,
Şu mahalam ýapyşyp dur galama.
Pikir-hyýal görüň, nirä jemlendi,
Düşünäýiň,
Düşünäýiň galanna.

Heriňizde bardyr şeýle “kömekçi”,
Aladaňyz,
Güýmenjäňiz artandyr.
Şonda-da unutsak birek-biregi,
Ýüze geler, durmuş bizi utandyr.

Sapagyň daşyndan öwüt-maslahat,
Köp beripdi her gün, her gçn Ibişew.
Dürdäne sözleri mugallymmyzyň
Hoş ýakardy, diňleýärdik biz üýşüp.

Bäşlikler ýazylsa gündeligmize,
Beýnä ýazylardy dürdäne sözler.
Bizi birleşdirýän şol ýyly sözler,
Çagalarmyzyňam kalbyna ýazýar.

Diňe ýagşy sözler ýatlama boldy,
Ýamanlyklaň bary çykdy beýniden.
Wah, bireýýäm bitdi ata sakgaly,
Aýrylyp bilemok indi aýnadan.

Nä günä bar ýumruk ýaly ýürekde,
Bar zat ýerleşmeýär onda, elbetde.
Ýöne siziň çaga sypat keşbiňiz
Dostlarym, hemişe ýatdadyr  ýatda.

Sizi unutmaga ýok meniň hakym,
Siziň keşbiňizde görýän ýaşlygmy.
Sizi ýada salmak üçin depderden
Synlaýaryn Ibişewiň bäşligini.

■ UZYN GÜNLÄP

Uzyn günläp dursuň dikilen ýaly,
Uzyn günläp agaçlary synlaýaň.
Sowulaňok,    
Ýol bereňok geçelgä,
Ne ulyny, ne kiçini sylaýaň.

Telim gezek ulaglary togtatdyň,
Telim gezek iller kakdy egniňe.
Neneň saňa igenmesin adamlar,
Neneň käýenmesin beýle endige!

Seret ýokaryňa,
Synla guşlary.
Olar seň egniňe gonup uçýarlar.
Bu bolup durşuňa,
Geçip garşyňa
Çagalar ýanyňdan gülüp geçýärler.

Gaharlanma gülküsine çagalaň,
Gaharlanma,
Gahar bilen bakma sen.
Diňe çagalar däl, gülýär hemmeler,
Neneň olar gülkisini saklasyn?!

Dursyň,
Dursyň,
Gymyldaňok birjigem.
Eşdeňokmy illeň hüňürdisini.
Sypaýy sözlere gulak asmasaň,
Dadarsyň adamyň kimurdusyny.

Gara guşlar ganat kakyp denäňde,
Höwürtgesin ýasaýmasyn üstüňde.
Ýa aňry git,
Ýa bäri gel,
Ýöne tiz!
Gazarlyp bir durma ýoluň üstünde.

1967 ý.

■ HER SÖZÜŇE HYRYDAR

Saňa söýgim uly,
Hormatym beýik,
Her sözüňe hyrydar men, hyrydar.
Çarp urup, ot ýaly lowlamasaň-da,
Sende bir adamlyk erkin ýürek bar.

Adamlary söýýäň şol ýürek bilen,
Illiňem söýgüsi egsilmez saňa.
Ýöne seň bu sadalygyň –
Giňligiň
Ýaramaýar harsallara, galjaňa.

Käbiriniň garaýyşam şeýlemiş,
Düşünjesiz saýýar özün öwmeseň.
Nädip dil ujundan öwüp bolarka,
Özi oýarmasa ýürek öwgüsin?

Saňa söýgim uly,
Hormatym beýik,
Bu sözleri eşidensiň ozalam.
Ýöne unutmagyn şeýle bir zady –
Ýagşylyk edenleň gadryny bilseň,
Ýagşylyk edenden kem däldir şolam.

Begmyrat USSAÝEW.

Категория: Goşgular | Просмотров: 461 | Добавил: Нawеran | Теги: Begmyrat Ussaýew | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

"Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024
Lenç edilen nakyl / Goşgular - 05.02.2024
Göreş / Goşgular - 11.02.2024
Жизнь / Goşgular - 29.02.2024
Şert / Goşgular - 09.02.2024
Erjellik / Goşgular - 05.01.2024
Rubagylar / Goşgular - 13.01.2024
Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024
Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024
«Превратила всё в шутку сначала…» / Goşgular - 29.02.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]