11:25

Mekir hatyn: Ölüp direlen hatynyñ başdan geçiren wakalarynyñ beýany

ÖLÜP DIRELEN HATYNYŇ BAŞDAN GEÇIREN WAKALARYNYŇ BEÝANY

Rowaýatçylar şeýle rowaýaty hekaýat edipdirler: 
Hezreti Isa pygamberiň zamanynda Beni Ysraýyl kowumynda bir ýigit bardy. Ol örän takwa we dindar kişidi. Ol gije-gündiz Allatagala tagat we ybadat ederdi. Dünýäde bar işi-pişesi takwalyk we tagat-ybadatdy. Bu ýigidiň bir doganoglan gyzy (kakasynyň doganynyň gyzy) bardy. Ol gyz hem şerigat kadasyny dürs tutup saklardy. Ol şeýle bir derejede takwa boldy welin, asla bir kişä hem art etegini görkezmändi. Hawa, eý, meniň ruhy-rowanym we janym-jigerim, diňle we eşit, ol gyzyň takwalygy, dindarlygy we zahytlygy tutuş äleme meşhur boldy.
Takdyryň ýazgydy bilen günlerde bir gün ol ýigidiň gözi, bu gyzyň gül dek jemalyna duş boldy. Ol ýigit ol gyzyň jemalyny gören badyna ygtyýar jylawyny elinden giderip, jan-u köňlünden ol gyza aşyky-şeýda bolup, gül yşgynda saýraýan zaryn bilbile öwrüldi. Ýigit ol gyzyň ugrunda sabyr-takatyny ýele sowrup, akyl-pikirini tutuşlygyna tary-map eýledi. Ygtyýaryny elden giderip, näme etjegini bilmedi. Ahyrynda sawçylar ugradyp, agasyndan (kakasynyň doganyndan) gyzyny özüne gelinlik bermekligi soratdy. Agasy nähili we näçe galyň islese baryny berip, onuň gyzyny özüne gelinlik edinip aldy. Emma ol gyz gije bu ýigide boýun bolmady. Ýigit gyzdan onuň sebäbini sorady we:
– Eý, agamyň gyzy! Sen näme üçin maňa boýun bolmaýarsyň?! Ýa-da seniň başga bir aşygyň barmy, ýogsam hem menden bir dilegiň-islegiň barmy?! Sözle, eý, soltanym, aýt, göreli — diýdi. 
Onda ol gyz:
– Meniň senden başga aşygym ýokdur. Ýöne meniň isleg-myradym şeýledir. Sen meniň bilen ähtleş. Eger men senden öň dünýäden ötsem, sen meniň deregime gaýry birini almagyn. Şeýle-de ýene-de äht etgin, ýagny gaýry beýleki arwatlary getirmeli dälsiňiz. Allatagala görkezmesin welin, birden eger sen menden öň şeýle ýagdaýa duçar bolaýsaň, ýagny dünýäden ötäýseň, men hem şeýle şerti berjaý ederin — diýdi. 
Onda bu näzenin ýigit ol gyzdan munuň ýaly sözleri eşidip ony özüne uly mertebe bilip, ak ýürekden şert edip, äht baglaşdy. Şondan soň ol gyz ýigide boýun boldy. 
Eý, meniň jan-u jigerim, yzyny diňle. Bularyň ähtlerinden soň aradan birnäçe aýlap we ýyllar geçdi. Bir gün ol gyz Allatagalanyň rehmetine gowşup, merhum boldy. Ol gyzyň jesedini ýuwur-tämizläp, jaýlaýyş där-dessurlarynyň ählisini berjaý edip, ony mazarystanlykda jaýladylar. Emma bu ýigit her gün mazarystanlyga baryp, onuň gabrynyň başyna geçip, haý-waý edip, eden ähtine wepaly boljak bolup çalyşýardy. Ol onuň mazaryny guçup, zar-zar aglap iki ýylyny geçirdi. Ol gözlerinden ajy ýaşlaryny döküp, gije-gündiz onuň mazarynyň başynda oturyp aglaýardy we: «Bu pany dünýäde meniň hatynym ýaly hiç bir hakykat eýesi tapylmaz» diýýärdi. Ahyrynda bu ýagdaýa gynanyp, onuň ýakyn dogan-garyndaşlarynyň hemmesi bir ýere jemlenip, oňa birnäçe maslahatlar we nesihatlar berdiler. Emme olar näçe maslahat we nesihat berseler-de oňa hiç-hili täsir etmedi. Ol mydama günlerini agy bilen geçirerdi. 
Günbe-günden ol ýigidiň gam-gussasy artýardy. Hatda ol ölüm derejesine baryp ýetdi. Ol ýigidiň kowum-garyndaşlary oňa pendi-nesihat etmekden ejiz geldiler. 
Günlerde bir gün hezreti Isa alaýhyssalamyň ýoly şol mazarystanlygyň üstünden düşdi. Görse, bir ýerden ahy-perýat eşidilýär. Hezreti Isa nazar salyp görse, bir ýigit bir mazary guçur, sanawaçlar sanap aglap otyr. Ahy-perýady bolsa al-asmana göterilýär. Muny gören hezreti Isa onuň ýanyna gelip, ol ýigide salam berip, ondan hal-ahwal sorady. Ol ýigit hem salamyny alyp, pelekden şikaýat edip aglady hem-de başdan geçiren ahwallaryny birin-birin beýan etdi. Hezreti Isa alaýhyssalam:
– Gel, eý, ýigit, bu söwdadan el çek. Çünki, bularda, ýagny arwatlarda wepa bolmaz — diýdi.
Emma ol ýigit bu sözi kabul etmedi. Onda Isa alaýhyssalam oňa garap:
— Eý, ýigit, gel, indi men Päk Allatagalanyň gudratyny kämil derejede aýan edip: «Ony diri eýlesin» diýip, seniň üçin doga-dileg edeýin. Sen hem: «Ämin» diý — diýdi.
Bu ýigide ol sözler makul göründi. Şeýdip, Isa alaýhyssalam ol hatynyň direlmegi barada doga-dileg etdi, ol kalby ýaraly ýigit hem «Ämin» diýdi. Doga tamam bolandan soň ellerini ýüzlerine syldylar. Şonda Isa alaýhyssalam: «Allatagalanyň izni-rugsady bilen ýeriňden gor» diýdi. Şol bada gabryň içinde ýatan hatyn Allatagalanyň rugsady bilen gabyrdan çykyp geldi. Ol ýigit bu ýagdaýa örän şatlandy we hatynyna garap: 
– Eý, meniň jan-u jigerim, sen bu wagt ýalaňaçsyň-çyrlaňsyň. Seni bu ýagdaýda öýe eltip bilmerin. Eý, meniň mähribanym, men öýe baryp, öýden seniň üçin egin-eşik getireýin. Onsoň geýnip öýe gideris —– diýdi-de, öýüne tarap ylgady. 
Ol aýal bolsa şol mazarystanlykda ýalaňaçlygyna duruberdi. Hezreti Isa alaýhyssalam hem ol ýigit egin-eşik getirýänçä mazarystanlykda bir mazaryň başynda Injil okamaga meşgul bolup, ol ýigide garaşyp oturdy. 
Emma ussat rowaýatçylaryň aýtmaklaryna görä, ol zamanda Beni Ysraýyl kabylasynda bir nowjuwan ýigit bardy. Ol gözellikde görmeklilerden paç alardy. Onuň ady Hüseýindi. Birdenkä ol nowjuwan ýigidiň ýoly şol mazarystanlygyň üstünden düşdi. Ol seredip görse, gabrystanda bir mazaryň başynda bir älemiň mahbubasy çuw-ýalaňaç bolup, başyny aşak salyp dur eken. Bu gözel şeýle bir owadanmyşyn welin, bu döwüp gözeliniň dünýäde deňi-taýy ýokmuşyn. Älemleriň eýesi ony gözelligiň eýesi edip ýaradypdyr. Ol ýigit bu gözeli gören badyna müň jany-u dil bilen oňa aşyky-bikarar boldy. Bir zaman demi tutulyr, haýran-serasyma bolup, gözele bakyp galdy. Emma beýleki tarapdan ol hatyn hem bu ýigidi görüp, aşyky-şeýda bolup, gözlerini ondan aýryp bilmän saklanyp durdy. Onsoň ol ýigit, oňa golaý baryp, ol hatyna salam berip, ondan sowal sorady we:
– Eý, gözelleriň soltany! Bäriňe seret, seni kim beýle ýalaňaç ýagdaýda bu mazarystanlygyň içinde ýalňyz goýup gitdi?! Ah, soltanym, seniň kibi hüýr-perini beýle ýagdaýda ýeke-ýalňyz goýup gitmek neneňsi merhemetsizlikdir, neneňsi zalymlykdyr. Ol Allatagaladan gorkmadymyka?! Indi bolsa, buýruň, biminnet biziň öýümize gideliň. Men Taňrynyň emri bilen seni özüme nikalap hatyn edip alaýyn — diýdi.
Ol arwat hem derrew ol ýigide mylaýymlyk görkezdi. Ýigit hem ol aýalyň meýillidigini görüp, örän begendi. Şol wagt ol aýal hem: 
– Men hem seniň bilen bile gitmäge razy. Her emr buýrsaň hem sen meniň ependimsiň, soltanymsyň. Men seniň emriňe taýyndyryn. Ýöne men bu ýalaňaç ýagdaýymda neneň seniň bilen bile gideýin. Meniň ähli uýat ýerlerim äşgär bolup görnür dur ahyry. Maňa bir lybas getir. Onsoň ikimiz bileje gideris. Ondan soň eý, meniň ependim, jan-u jigerim, sen meniňki, men hem seniňki bolaryn — diýdi. 
Ol ýigit bu sözleri eşidip we ol arwatda bu syrlary we ahwallary görüp, örän şatlandy. Aşa şatlygyndan ýaňa begenip, derrew üstünden bir donuny çykaryp, ony oňa geýdirdi. Şol bada hem bu hatyny alyp ýöräberdi. Birden garşysyndan ol hatynyň öňki äri gabat geldi. Ol hatynyny bu ýagdaýda görüp, oňa garşy ýöräp, hatynyna: 
– Eý, agam gyzy, saňa näme boldy?! Maňa bir pursat hem garaşyp bilmediňmi. Derrew gaýry bir ýat kişi bilen goşulyşyp gaýdyberdiňmi. Sen onuň donuny egniňe geýip meniň derdimiň üstüne ýene-de agyr dert goşduň. Eý, meniň şirin janym, hany seniň meniň bilen eden aşnalygyň, dildarlygyň?! Hany seniň meniň bilen eden ähdi-peýmanyň?! Oňa näme boldy?! Eý, meniň janymdan eziz görýän mähribanym, görk-görmeklim! Ýa-da eýýäm meni unutdyňmy, ýa-da ölüm gorkusyndan akylyň perişan bolup, huşuň dargadymy?! Hany maňa beýan et — diýdi. 
Onda ol gyz:
— Eý, janymyň jany! Eý, agam ogly, men seniň bilen, «biri-birimizden ölýänçäk aýra düşmäliň» diýip ähdi-peýman edipdim. Şol ähdimde-de durdum. Emma men häzir ölüp, gaýtadan direldim. Mundan soňra ähti-peýman galmady. Häzir gözüm bu ýigide sataşdy we jan-u jigerim bilen ony söýdüm. Köňlüm häzir oňa meýil edýär. Meniň özüm hem häzir ony isleýärin — diýdi. 
Onda ol misgin ýigit:
– Eý, agam gyzy (kakamyň doganynyň gyzy), iki ýyldan bäri men seniň yşgyňdan daş düşüp, däli-diwana bolup, topragy ýassyk edip ýassanyp ýatdym. Seniň ýasdyr matamyňy tutdum. Beýle edip meni ýabana atmak dürsmi? — diýip, zar-zar aglap ýalbardy. 
Emma ol hatyn asla diňlemek hem islemedi. Gaýtam, ýanyndaky ýigide garap: 
– Eý, meniň janym-jigerim! Ýöre, gideli bu ýerden — diýdi. 
Hezreti Isa alaýhyssalam hem şol wagtlar bir mazaryň başynda oturyp, Injil okap otyrdy. Ol ýigit onuň gaşyna gelip, zar-zar aglap: 
– Eý, Allanyň pygamberi! Meniň bu perişan halym öňküden hem beter agyrlaşdy. Gör-ä, agam gyzy maňa el bermän, menden gaýry kişä meýil edip, meni terk edip gidip barýar. Senden pena-kömek isleýärin. Ýene doga-dileg et, goý, Haktagala onuň ruhuny ikilenç gabyz edip alsyn. Ol indi maňa gerekmez — diýdi. 
Onda hezreti Isa alaýhyssalam el göterir, doga-dileg etdi. Şol demde hem Hudaýtagalanyň emri bilen hezreti Isanyň dogasy kabul bolup, ol gyz ýaňadan iman edip, ruhuny tabşyrdy. Ondan soň ol ýigit hem onuň jesedini göterir, öňki gabrynda derin etdi. Şondan soňra ol ýigit arwatlarda hakykatyň ýokdugyna çynlakaý göz ýetirdi we olarda wepa bolmajakdygyna düşündi, aň ýetirdi. Ondan soň bolsa Hak ýoluna düşüp, dünýäniň gowgasyndan el çekip, halkdan bir çete çekilip, bir çüňkde tagat-ybadata meşgul boldy.
Hawa, eý meniň janlarym, diňle. Ondan soň ol ýigit dogan-garyndaşlaryna gowşur, ählisiniň pendi-nesihatlaryny jan-dil bilen kabul etdi. Hemişe tenhalykda tagat-ybadata meşgul boldy. 
Hawa, bu hekaýatdan Allatagalany bilýänler ençeme ybrat-sapak alarlar we dünýä aşa meýil etmezler. Çünki dünýä hem hut şol arwata meňzeýändir. Kişiniň hatyn jynsyna ynam etmezligi lazymdyr. Çünki, olar örän mekirdirler. Gör, näçe-näçe garyl kişiler hatyna ynam-ygtykat edendikleri sebäpli, başdyr janlaryny terk edendirler. Umuman, gepiň gysgasy hatyna ynam ýokdur. Ine, bu hekaýat hem şu ýerde şunuň bilen tamam boldy.

Taýýarlan: Gurbangül GUZUÇYÝEWA.

Категория: Hekaýalar | Просмотров: 592 | Добавил: Нawеran | Теги: Gurbangül Guzuçyýewa | Рейтинг: 4.0/1
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024
Ahmyryň awusy / hekaýa - 13.01.2024
Umyt – bu dem / hekaýa-esse - 26.01.2024
«Daglaryň ruhy» / hekaýa - 07.03.2024
Jan / hekaýa - 08.03.2024
Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024
Toý sowgady / hekaýa - 12.01.2024
Gara gözli söýgi ýaşaýarka... / hekaýa - 17.01.2024
Шер аминь / рассказ - 20.01.2024
Deñinden ötüp bolmaýan adam / hekaýa - 18.01.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]