18:54

Oñaýly söwda / hekaýa

OÑAÝLY SÖWDA

Obadaşymyz Jumat aganyň  gapysynda daýaw öküzi bardy. Goja ony iým-suwa zar etmezdi. Ýöne ol öküziň ýakymsyz  häsiýeti bardy. Her gün irden eýesi “gezim etsin”diýip boşadyp goýberdigi meýdana tarap giden ýaly edýärdi-de, soň  goňşy-golamlaryň melleklerine girerdi. Bag-bakjany paýhyn edip, ter maýsadan garnyny doýrup giderdi.        
Oba adamlary häsiýetsiz malynyň il-güne ýetirýän zeleli barada segseni sermelän goja şikaýat etmegiň  ebeteýini tapman ýördiler. Şol günleriň birinde goňşy obada ýaşaýan Söýün  gassap gojanyň gapysyny kakdy. Onuň käri obalardan semiz mallary satyn alyp, etini etrap bazarynda satmakdy.
Bu myhmanyň matlabyny bilýän goňşy-golamlar bet öküzden dynjaklaryna begenip, hoş habary oba ýaýratdylar. Emma olaryň umydy puç boldy. Myhmanyň söwdasy oňman, yzyna boş gitdi.
- Päheý, onuň diýýän nyrhyna men bu öküzimi satarynmy?- diýip, Jumat aga lapykeç bolan goňşularyna buýsanç bilen gür berýärdi
– Garabaý ýaňy bir ýaşady, gowy bahasy ýetmese ony gassaba tabşyrjak däl. Garrap baranok entek. Ýene birki ýyl gapymda gezse, görübiýris, belki, biriňiziň toýuňyza ýarar. Oba arada o jüre nyrh kesip ýörmerin...
Nurana gojanyň bu “il bähbitli” kararynyň goňşy-golamlara nähili täsir edendigi belli däl, ýöne bir gün aşyryp, Söýün gassap ýene ir bilen ýaşulynyň gapysyny kakdy. Günortanlar bolsa bir ýük ulagy gelip, ýalmawaz öküzi alyp gitdi. Ony il-gün bolup, güýlüp, çekeläp ulaga   ýükledir.    
– Nesipli ýerine gitdi janawar - diýip, ol Jumat aga ýene-de göwnühoş gürledi. – Şu sapar Garabaýyň bahasy ýetdi. Menem “Tamdyry gyzanda ýap” diýenlerini edäýdim. Käte şular ýaly edip, pursatdan amatly peýdalanmak  gerek-dä...
Tiz wagtdan Jumat aganyň gapysynda bi ýuwaş göleli sygyr peýda boldy. Eýsem-de bolsa, öküzli  söwdada pursatdan amatly peýdalanan diňe mal eýesi däldi. Söýün gassabam bu geleşikden utulmandy. Oba adamlary hem bir müşgilden dynypdyrlar. Eşidişime görä, gassabyň deslapky şowsuz saparyndan soň bezzat öküzden bizar bolan adamlar üýşüp serişde ýygnapdyrlar. Garabaýyň ýetmeýän nyrhyny daýandyryp, Söýün gassaby obamyza  täzeden iberipdirler. Hawa, bu tüýs pederlerimiziň “Ýamandan boýnuňy satyn al” diýenleri boldy.    

Şahymerdan SARYOGLY.
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 432 | Добавил: Şahymerdan | Теги: Şahymerdan Sary ogly | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Huşdaky düýş ýa-da tersine Düýşdäki huş - 02.04.2023
Королева леса / рассказ - 19.07.2023
Haýyr / hekaýa - 30.03.2023
Hassa / hekaýa - 02.04.2023
Kupedäki ýoldaşlar / hekaýa - 19.03.2023
Eddanyň öýlenişi / hekaýa - 06.01.2023
Dana kişi we onuñ talyplary / tymsal-hekaýa - 29.07.2023
Dymyp diñlenýän hakykat / nowella - 08.08.2023
Durmuşy dynnymjyklar / hekaýalar toplumy - Öte eşitmek... - 16.01.2023
Ýalanyň gymmaty / hekaýa - 19.04.2023

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]