17:40

Özgäniñ bagty / hekaýa

ÖZGÄNIÑ BAGTY

Ol mekdepde arakesmä gabat geldi. Işdeş ýoldaşlary onuň daşyny galladylar. 
- Melike, gyzyň ýaşy uzyn bolsun. Uzak ýaşasyn. Jaýyňam gutly bolsun. 
– A gyz, täze jaýyňyzy tapmamyzsoň, gyzyňam, jaýyňam gutlamaga baryp bilemzok.
-Iki  şatlygy birikdirip, basym uly toý tutmakçy. Nesip bolsa, şonda bararsyňyz. Aýtmaga ýörite gelerin. Gyzym bir azajyk ele tutak bolsun. Häzir men gyzym üç ýaşaýança oňa seretmäge  rusgat almaga geldim. 
Melike işdeş joralary bilen hoşlaşyp, arzasyny gowşurmak üçin müdiriň kabulhanasyna tarap ugranda dälizde Mahym bilen gabatlaşdy. Mahym içgin-içgin Melikäniň halyny sorady. Melike  Mahymyň bu şelaýynlygyna düşünmän durka, ol garaşmadyk soragy orta atdy: 
- Melike, seň Otaga diýip joraň barmy? 
– Hawa, bar. Sen ony nireden tanaýaň?
- Meň oňa beletçiligim ýok. Ýöne baýak mekdebmize iş sorap gelende gabatlaşdym. Şonda onuň özi aýtdy seň joraňdygyny.Seň Ahmet bilen aýrylyşandygyňy, onuň öýňüzden gidendigini  hem şondan eşitdik.
– O nähili aýrylyşypmyşym? Ahmet nirä gidipmişin,  kim diýýä ony? 
Melike bu bolgusyz gürrüňe geň galdy.  Otagadan beýle gep çykar diýip, ömür-ahyr pikirem edenokdy.  Ýöne her näçe ynanasy gelmese-de bu gürrüňiň eýýäm mekdebe ýaýrandygyna düşündi. Çünki, Mahym bir zady eşitdigi, onda-da Melike barada bir zat bildigi şobada  ol äleme aýandy. 

***

Melike uly köçäniň ýanýodasyndan ýüzüni galdyrman ýöräp barşyna  ýaňky gürrüňi kellesinde aýlady. “Otaga bu gürrüňi  nireden tapdyka? Mahymyň agzyna düşen bolsa, ony eýýäm uly il bilýändir.  Agzyň ýelli bolany bilenem ugrynda -ygynda ýok zady dile getirip bolmaz ahyry. Aýdan gepiň yzynda durma-da gerekdir.”
Pikir derýasyna gark bolan Melike bir  ulagyň edil öz gapdalynda uly ses edip,  zor bilen saklanandygyny eşitdi.  Ýöne bu çak onuň küýi-küçesi şol bir zatdady. Bu bolgusyz gürrüňiň nireden gelip çykandygy baradaky oýlar ony aldym-berdime salýardy.  Bu gürrüňiň anygyna ýetmak isläp, onuň ýüregi ýarylyp barýardy. Ol ulagdan düşeniň özüne tarap ylgandygyny duýdy. Şo demde hem garşysynda ýylgyryp duranyň Otagadygy ony aljyratdy. Ýaňky gürrüňden soň, indi hiç haçan Otaga bilen sataşmazlyga ant içenem bolsa,  jorasynyň hiç zat bolmadyk ýaly  ýylgyryp durmasy ony sägindirdi. Ol hut şu pursat ähli zady anyklamak isledi. Ýöne ol pikirini jemlemänkä, Otaga  jorasyny bagryna basdy.
-Senem görmek bar eken-ow, jora jan. Şähere  gelenim bäri seniň soragyňda. Mekdebe-de telim gezek baryp gaýtdym. “Melike dynç alyşda” diýýäler-de, seniň salgyňy berenoklar. Ýogsam özelenibem ýalbardym-la, gyz, men olara.
Melike jorasynyň bu gürrüňine nähili düşünjegini bilmese-de sypaýçylygy elden bermedi: 
-Biz  ýaňyrak täze jaýa göçdük, şoň üçinem salgymyzy bilýän ýokdur, mekdepde.
Otaganyň gujagyndan zordan sypsa-da, onuň edil şu pursat jorasyny darabermäge bogny ysmady. Onuň göwnüne bolmasa, Otaganyň hemişeki mähribanlygydy. Jorasynyň elini goýbermän durşuna ol: 
   -Melike jan, ýör, bize gideli, birsalym gümür-ýamyr ederis. Görüşmänimize-de ýoňsuz mahal geçdi-diýdi.
Melike näme etjegini bilmän ýaýdandy. Onuň Otagany göresi gelmäýäni çynydy. Ýöne  göwnüne çiglik gideren gürrüňi anyklamak üçin şundan amatly pursatyň bolmajagyna-da ol gowy düşünýärdi. Sebäbi Otagalar şähere  ýakynda göçüp gelensoňlar, Melike-de olaryň nirede ýaşaýanlygyndanam, nirede işleýändigindenem  habarsyzdy.
-    Ýadanyp durma, ýör, gideli-le. Gyssagly işiň ýokdur ahyry.
-    Işim-ä ýok weli... gyzym aglaýmasa.
-    Gyzyňa gaýynyň sereder,  tykyrap durmaň näme seň.
- Onuň sebäbini  özüň bilýänsiň-le.
-   Dur, hany, şu ýerini anyklaly. Sen menden bir zady gaty gören ýaly gürleýäň. Indi sebäbini aýtmasaň, men seni hiç ýere goýbermen.
Melike  gürrüňi nämeden başlajagyny bilmän ýaýdandy. Ahyram aýgyt etdi. 
-Otaga, sen biziň mekdebimize işe girdiňmi?
-Ýok, men diňe seni idäp bardym. Salgyňy alyp bilmänem gaýtdym.
- Sen  mekdepde kim bilen gürleşdiň? Oňa men hakda nämeler diýdiň?
- Dur-la, sen näme diýjek bolýaň?
- Men hiç zadam diýjek bolamok-da, diýýän. Seň meniň durmuşyma goşulmaga hakyň barmy? Seň haçandan bäri menden habaryň ýok ahyry. Näme üçin Mahymyň ýanynda  “Ahmet Melikäni taşlap gidipdir” diýipsiň?
Otaganyň ýakasyndan ot atylana döndi:
-Kim Mahym?  Bu gep nireden çykdy? Men Mahymam tanamok, beýlekinem.  Öňümden çykan gelinden seni soradym. Olam  salgyňy bilmeýändigini aýtdy. Wessalam. Başga men adam göremok, gepem edemok. Onuň ýaly mojuk zatlar kelläme-de gelenok. Asyl häliden bäri ýüzüň salyk diýýän-le, seni soran gelnimiň ady  Mahymdy öýdýän. Ol Ahmet bilen bir mekdepde okandygyny, onuň üýtgeşik gowy oglandygyny telim gezek ýanjady. Ol Ahmediň adyny şeýle bir ezizläp tutdy weli, haýran galdym. Soňam ol  Ahmet bilen oňuşmaýandygyňy aýtdy. Men juda gynandym. Haýdan-haý seni  tapmagyň ugruna çykdym. Hernä Hudaý diýen ýerim bar eken. Seni  maňa  duşuraýdy. Ýör hany, ýaýdanyp durma, bu saňa gelişjek zat däl. Ulagda Nejep garaşyp dur, ýör, hany.
Melike jorasyna müňkürlik edenine gyýyldy. Ýöne Mahymyň özi barada ýalan gürrüň ýaýradanynyň sebäbine-de düşünip bilmedi. Dogrusy, Melike indi  bu gürrüňi yzarlajagam bolmady.  Agzy ýellileriň gybatyna gulak gabartsa, onça-da bolmajakdygyna, gep edeniň gepçi däl-de, gep yzarlanyň gybatçydanam beterdigine Melike aňry ýany bilen düşünýärdi. Şonuň üçinem ol jorasynyň sözüni iki gaýtalatmady...
       
***
  
Mahym ýalan gepiň üsti açyljakdygyny bilse-de, beýle çalt ýüze çykar diýip, güman edenokdy. Ýöne mekdepde bileje tirkeşen ýigidininiň zaryny häzire çenli çekip ýören ýürek oňa başgaça hereket etmäge maý bermedi. Çünki ol şeýdip ahyry  Melike bilen Ahmediň arasyna çöp ataryn, Ahmet özüne dolanar öýtdi. Sebäbi ol haçanam bolsa, birwagt Ahmediň öz söýgüsine söýgi bilen jogap berjekdigine ynanýardy. Ýöne kerwen gurap geçip barýan ýyllar Melike bilen Ahmedi ýakynlaşdyrdygyça, ol özüniň salgyma çapýandygyna düşündi.  
Işdeşleriniň Melikäniň goşa toýuna barýandygyny eşiden Mahym ykbaly üýtgedip bilmejegine, özgäniň bagtyna badak atyp, bagta ýetmejegine ymykly göz ýetirdi-de, eden işine ökünip, özüni lampa ýere goýberdi...
                                            
Ogulgerek Ussaýewa. 

Категория: Hekaýalar | Просмотров: 531 | Добавил: Нawеran | Теги: Ogulgerek Ussaýewa | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Oglanlyk döwrümiň peji / hekaýa - 21.01.2024
Jan / hekaýa - 08.03.2024
Ýolagçy / hekaýa - 12.01.2024
Surat / nowella - 14.03.2024
Başky söýginiñ müşki / hekaýa - 04.01.2024
Mertlik hemme kişä berilmeýär / hekaýa - 16.01.2024
Pedofiliň ölümi / nowella - 04.01.2024
Ýagyşly gün boýny burlan söýgi / hekaýa - 15.01.2024
Deñinden ötüp bolmaýan adam / hekaýa - 18.01.2024
Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024

Teswirleriň ählisi: 1
0
1 Gaygysyz  
150
surprised

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]