19:42 Sähet / hekaýa | |
SÄHET
Okuwa diýip ýurt aşyp gidenine bir ýyla golaýlan Myratdan: «Janym sag, kem zadym ýok, alada etmäň» diýip başlanýan gysgajyk hatlar seýregem bolsa, öňem gelerdi. Alty çaganyň atasy Sähet uly oglunyň hatlaryny kän okajagam bolmazdy. Hat okap güýmenip oturmaga onuň elem degmezdi. Kolhozyň traktorçysynyň aladasy özüne ýetikdi, ertir giderdi, agşam gelerdi. Ekişem, bejergem, ýygymam onuň egninden geçerdi... Kolhoz düýn ak ekiniň oragyny gutarypdy. Ýigrimi ýyldanam gowrak wagtyň traktorçysy Sähedem näçe gündür ýaban ýatyp, orak orup, düýn giçden soň öýüne gelipdi. Bu günem ertir çaýyny öňüne alanda, oňa oglunyň hatyny getirip berdiler. Sähet öz ýanyndan Myradyň salam hatyny gysga ýazýanyna begenerdi. Aýalynyň: «Nahary nähilikä? Kino beýleki diýip, biwagt çak gezmeýänem bolsa bolýa-la» diýip edýän ünjüsine, «Öýeräýmeli ogluň pylançada ýatýan, pylançada turýan diýip ýazsynmy» diýip käýinerdi. Bu hatyny welin Myrat uzak ýazypdyr. Beýle hata garaşmaýan Sähet bir eline çaýly käsesini, bir eline-de oglunyň iki ýüzünem dolduran dört kagyz hatyny alyp, ünsli okaýardy. Onuň bu gün ir ertirden beýle gyssagly işem ýokdy. «Salam haty. Kim men diýip sorasaňyz – Myrat. Daş ýerden, ýakyn ýürekden onda bolan kakama, ejeme, jigilerim Amana, Nurbibä, Aýbibä, Ogulbibä, Batyra, başga-da tanyş-biliş, dogan-garyndaşlara, hemme soranlara köp salam bolsun...» Gelenine birki gün bolan bu hat uly maşgalada ilki sesli okalypdy. Soňra hat bilýänleri özbaşlaryna-da okap çykdylar. Ejeleri bolsa çagalarynyň haýsy biri haty eline alsa, daşyndan okadyp, onuň her sözleminden özüçe many çykarýardy. Häzirem ol çeýneklerini daşyna üýşürip, ýeke-ýekeden süpürişdirip oturyşyna, ýüzüni galdyrman hat okap oturan adamsyna bir zat diýen bolýan ýaly, gaýta-gaýta seredýärdi. Sähet bolsa dünýäni unudyp, hat okaýardy. «...Üzümem bişendir. Dalbarymyzy kim kesdi? Gowy getirdimi? Arada şäherden çykyp, tokaýa böwürslene gitdik. Kursdaşlarym bilen tikine tenimizi ýaraladyp, böwürslen iýdik. Ýanymyz bilenem alyp gaýtdyk. Ilki iýäýmäge süýjem welin, öz kesýänje üzümim ýadyma düşdi durdy. Leningrad uly şäher. Köçeleri giň. Şu günler-ä gijelerem ýagty, edil süýde batyrylyp çykarylan ýaly. Aýagyň ýyly topraga degjek gümany ýok. Agaçlaryň aşagy bolaýmasa, asfalt ýa beton. Şeýdäýmeseň, boljagam däl, ýagyş köp ýagýar, palçyk derrew dyzyňa çykjak. Ilki gelen günlerim-ä ýagyş ýagsa begenerdim, obadaky ýaly, daşaryk çykyp, saçymy ezip, onsoň öýe girerdim. Indi-hä aýnaň öňüne jop-jop edip damyp dur welin, irizýärem. Köçelerem suw-sil...» Oglunyň ýürekden ýazan haty Sähetde nähilidir birhili mylaýym duýgular oýarýardy. Ol duýgular Myrat heniz bäbekkä, Sähet ilkinji perzendine «oglum» diýende dörän duýga çalymdaşdy. Käwagtlar ol oglunyň sallançagyny üwrände, onuň terje ýüzüni mydamalyk ýadynda saklajak bolýan ýaly, uzak wagtlap oňa seredip oturardy. Bäbek ysly sallançagyň hereketi ýaly sada pikirler kellesine gelerdi. Burunjygyny çala seslendirip, parahat uklap ýatan posalajyk çaganyň ulalyp, ýogyn sesli, ullakan adam bolup, aýbogdaşyny gurup oturyşyny göz öňüne getirjek bolardy – ýöne hiç oňarmazdy. Häzir bolsa onuň hyýalynda Myradyň bäbekligi aňsatlyk bilen janlanýardy. Sähet şeýle duýgulary oýarýan hatyň yzyny okaman, gapdalda goýsam diýdi. Ýöne bu oňa başartmady. Sähet biygtyýar suratda onuň yzyny okamagyny dowam etdirýärdi. «...Jigim Batyr şu ýyl okuwa gidýändir. Kitaplarynyň hemmesini tapyp berdiňizmi? Batyr, gowuja okasaň, hat ýazmany derrew öwrenersiň. Onsoň maňa mekdebiňiz, mugallymlaryňyz hakda ýazgyn. Aman, anatomiýadan okadýan Şeker mugallyma, beýleki mugallymlara-da köp salam aýt. Ýatlaýan, sag bolsun diýýän diýipdir diý. Şu haty ýazyp otyryn welin, ejemiň Aman ikimizi günortan ýatyrjak bolşy ýadyma düşýär. Günüň gyzgynyndan ýaňa aýak ýalaňaç ýere basyp bolýan däldir. Ýer dabanyňy ýakyp gelýändir. Şonda-da hiç jaýa girmezdik. Ýogsa ejemiň gün gyzmanka, siňekleri kowup, penjireleriň gabsasyny ýapyp, garaňkyradyp goýan jaýy sap-salkyndyr. Onda-da ejemiň gözüne çöp atyp, daşaryk gaçardyk. Birimiz Görogly, beýlekimiz Çapaýew bolan bolup, ýalaňaç dabanymyzy bişirip, salkyn tamyň daşyndan at salyp aýlanardyk. Biziň dükürdimizden ýaňa ejemiň özem arkaýyn irkilip bilmezdi...» Sähet hatdan başyny galdyrmansoň, aýaly oturyp bilmedi. Girdi, çykdy, ahyry dillendi: – Çagamyň ýüregi gysýandyr. Yzyndan görmäge-de gidäýeňok. Sähet okamasyny bir bölse-de, garabagyr enä hiç zat diýmedi. Çaýyny goýup, ýassyga ýaplanyp, ýene hat bilen boldy. Onuň deregine Myratdan kiçisi, öýüň töründe kitaba güýmenip oturan Aman ejesine jogap berdi: – Şu wagt Leningradda okasaň, ýüregi gysdyrmasa bor-la. – Seňem ýekeje ýylyň bar. Ynha gidersiň, bäş ýyl gözümden uçarsyň. Ejesiniň şol köne heňine işekçer çykan oglan uludan demini alan bolup, penjiräň öňüne bardy. Sähediňkiler obada zehinli çagalar hasaplanýardylar. Tokaý, berýozaň suwy, ak saç professorlaryň berjek ylmy gününi howlukdyrýan Amanyňam arzuwydy. Ýöne ilerki ýaba suwa düşmäge zordan goýberýän eje bu zatlara düşünjekmi? Oňa gözüniň alnyndan aýrylmasaň bolýar. «...Okuwlaram gowy. Basym ekzamenler başlanýar. Kanikulda-da gurluşyk otrýady bilen gitmegi maslahatlaşdyk. Ýeke özüm oglanlardan aýrylyp, öýe gaýtmagy birhili gördüm. Bir rus oglany bilen dostlaşdym. Täze ýyl şonuň bilen bararyn. Alada etmäň. Ejeme ýumşak esgi köwüş alyp iberipdim, galoş aýagymy gyzdyrýar diýensoň, baryp gowuşdymy? Eje, aýagyňa laýyk boldumy? Hoş sag boluň. Kanikulda barmajak bolamsoň, kellämiň gyzgynyna haty uzak ýazaýypdyryn. Saglykda görşeliň. Aman, gowuja oka. Öňüňdäki iň soňky ýylydyr. Ulusyran bolup, jigileriňe azar berip ýörmegin. Pul ibermäň, gerek bolsa özüm ýazaryn, stipendiýa alýan, ýetýä. Ýene bir gezek sag boluň. Hat ýazan Myrat». Sähet oglunyň hatyny okap bolup, gapdalda goýdy. Öňündäki düýe ýüňünden dokalan saçagy dolady. Düýbünde bir käse çemesi çaýy galan çäýnegi aýalyna tarap süýşürdi. – Nurbibi, a gyz, gel, kakaň çäýnegini ýygna. Saçyny bir gulaç edip, eýýäm ýok bolup gidendir. Gyzy gelmänsoň, onuň özi turup, çäýnek-käsäni adamsynyň öňünden aýyrdy. Ol ejap edip, Sähediň göni adyny tutmasa-da, çagalaryna käýinegendi. – Sen näme äpişgäň öňünde sömelip dursuň, bar kakaňa üzüm äber. – Näm-aý, gidene gidýäň diýýäň, durana durýaň diýýäň. Gyzyna gaharyny menden çykarjak bolýar-aý. Ýaşy beýle könelişmedigem bolsa, oturyp-turmasy kynlaşan dolmuş aýal uludan dem aldy: – Myrat jan bir basymrak gelip buýraýmasa, bular indi meň diýenimem etjek däller. Ol ýene öňki ýerine geçip, göwün ýüwürtmäge oturdy: – Ilkijämi öýli-işikli etsem, el-aýak bolup duranja, ýüpek ýaly ýumşak gelin edinsem. Aşgabatda okanda-da bolýady-la welin, senem gitme-de diýmediň. Leningrad hökmanmy diýsene. Gidip-geljek bolsaňam hillalla. Biziň ýaly-a asyl hyýalam etmeli däl. – Gidiljek bolunsa, oň hillallasy bolmaz-la. Aşgabada baryp, samolýota münseň, hä diýmän bararsyň-da. Ýöne ogluň meni görse, soň obany has küýsäp durmasa. – Bilmedim-dä, ýüregi gysýandyr çagamyň. Üzümem diýipdir, şondan dadyryp gaýdaýsaň. Aşgabatda okaýan bolsa, bu wagta deňiç özem iki-üç gelerdi. – Häý, senem. Haçana çenli bulary tutaklap oturjak. Şu ýaşynda öz iýjek çöregini özi bişirinsin, nä çagaguşmy bulaň iýjegini agzyna tutup ulaldar ýaly. Uly iliň ogly woýennyý diýibem gidip-gelip dur-la. Aşgabatda iş tapdym diýip, okuwyny gutarybam obasyna gelmän ýörenem gyt däl. Aman ullakan mejimäniň üstüni terbaşdan dolduryp içeri girdi. Getirip, ony kakasynyň öňünde goýdy. Üstünden bir salkymyny aldy-da, çykyp gitdi. Oglunyň barmaklarynyň özüniňki ýaly inçeden uzynlygyna Sähediň gözi düşdi. Ýüregi jigläp gitdi. Myradyň hatyny okap otyrka dörän duýgular ýene-de alysdan bir ýerden geldiler. Olar birhili ýürege ýuwkalyk, göwnüňe näziklik getirýärdi. Näzikligi özüne mynasyp görmeýän Sähet ol duýgulardan saplanjak bolýardy. Ol ýüzünde suw damjalary durlanyp duran terbaş üzümden bir salkym iýdi-de, aýaly bilen başlan gürrüňini gutarman, işine turdy. Ýolda jübüsinden süzgüçli çilimiň boşan owadan gabyny çykaryp, köçäň ýakasyna oklap goýberdi. Ýolunyň ugruna magazine sowuldy. Bir burçunda geýim-gejim, beýleki burçunda azyk harytlary satylýan magaziniň içi çolady. Esli ýyl bäri magazinçi, ýaşy altmyşa ýeteňkirlän Aýly aga ýekesiräp otyrdy. – Hä, saglykmy, inim? Gel. – Şükür. Aýly aga, bir-iki gap çilim bersene. Aýly aga iki gap çilimi Sähediň öňüne oklady-da: – Geregiň çilim bolsun, – diýdi. – Näme beýle ýüzüň salyk, ýadaw görünýäň? Sähet Aýly aganyň gürrüňçi küýsäp oturanyny aňyp, çilim otlandy: – Düýn orakdan geldim. Şondan bolaýmasa. – Gutarybildiňizmi? – Hawa. Aýly aga Sähediň çilimine elini uzatdy: – Aý, getir maňa-da birini. Ýüwel ýigidiň gürrüňi ýaly bu çilimleň tagam-tagsyram ýok welin, nasam tükedäýdim. Ýaşuly çilim otlandy. – Indi ýaşam bir çene barypdyr, şu zatlardan el üzüläýende-de, gelişmän durjak däl-le, ýöne halys endik bolaýypdyrys. Al-aýt diýýän-ä, bi hökümet çilim satýa, arak satýa, şu nasy nä satmaýaka? Sähet bu gürrüňe hezil edinip güldi: – Bilmedim-dä, Aýly aga. Gülkä hasam keýpi göterilen ýaşulynyň dilewarlygy artdy: – Dogry-da, doňzuň agy nä, garasy nä? Ony satdyň, munam sat-da. Ýa bi zaýalanar dagy öýdýämikä? Sähetden jogap bolmansoň, Aýly aga biraz dymdy-da: – Oňarýaram-la, bilse, aragam ýok etmeli-le. Sähet çilimini jübüsine salyp, gidermen boldy. Birdenem onuň gözi Aýly agaň arkasynda duran dutara düşdi. – Aýly aga, o duran dutarmy? Hany göreli kirşi zady ýerindemi? Aýly aga dutary oňa uzatdy. – Kirşi-ä ýerinde welin, panardyr-da. Ömründe eline dutar almadyk Sähet uzyn, bogunlak barmaklary bilen onuň sapyndan emelsiz gysymlady. Onuň ýylmanak gapagyna kakdy. Dutar tutuk seslendi. – Çagalara öwrenmäge bolýa-da. Özümiz-ä bu ugurdan çöňňe. Biziň ýalyň eline açaryň uluragyny berip, ýogyn nurbat towla diýseň. Oglanlar bir öwrensin. Näçedir munuň bahasy? Sähediň göwnüne ogly Aman özüniňki ýaly uzyn barmaklaryny oýnadyp, dutaryň taryna şabram kakyp oturan dek boldy. – Aý, mugt-la. On dokuz manat dört köpük. Ýaş zehin yhlas etse, derrew öwrenäýer. – Näbileýin traktorçynyň oglundan sazanda çykaýsa. Şu on bäş manady bir al, galanynam getirerler. – Bor, bor. Şeýdip, aýlanyp dur, haw. Ogluna dutar alan Sähedi köçä çykandan soň ýygralyk basdy. Eli dutarly barşyny özi geňlänsoň, uly ilem geňläýjek ýaly görünýärdi. «Eline pul tutduraýman, meniň bu bolup, ýörşümi? Ýa garralyp, ýüregiň ýuwkalyp ýördügimikä? Şu wagt bolgusyzyň biri öňümden çykaýsa, hökman ýoknasyzyny atar». Kombaýndyr traktorsyz iliň gözüniň öňüne gelmeýän bu uzynak, at ýüzli adam dutaryny gowuşgynsyz gysymlap, basymrak öýüne ýetmäge howlugýardy. Hernä onuň öňünden bolgusyz adam çykmady. Iki-ýeke duşana-da, «Eliňdäki näme?» diýmäkä: – Aý, şu Amana aldym iňirdäp goýmansoň. Çalyp çalan zadam bolasy ýok-la – diýip jogap berdi. Ýeňiljek dutary götermek oňa uzyn gün traktoryň aşagynda ýaga bulaşyp, hyr towlandan agyr degdi. Öýüne golaýraberende, göz öňüne Amanyň üzümli mejimäni alyp gelşi, ak maýkadan çykyp duran, güne garalan horja eginleri geldi. Sähediň ädimleri ýeňlän ýaly boldy. Ýöne gapyda garşylan aýalynyň bolşuna ýene özüni ýitirdi. Oňaýsyz ýagdaýyna gahary geldi. Aýaly nämäniň-nämedigine düşünmän, bir dutara, bir adamsyna geň galyp seredip durdy. – Me, nä dutar görmediňmi? Amana aldym. Hany özi? Aýaly adamsynyň abyr-zabyryna aljyrady: – Ýaňy-a bardy. Suwa düşjek diýip gidäýen bolmasa. Sähet çilimini otlanyp işine ugrady-da, birdenem dutaryň bahasyna ýetmedik puly eltiň diýip tabşyrmanlygy ýadyna düşüp, käýinip yzyna dolandy. – Eý! Ýaňkyň ýene bäş manady ýetmedi. Amany tap-da, eline ber. Aýly aga eltip bersin. – Nämäň? – Nämäň bor? Ýaňky dutaryň. Gün günorta golaýlap barýardy. Sähediň süňňi ýüki ýazdyrylan ineriňki ýaly ýeňläpdi. Onuň eli boşdy. «Gara dere batyp düşüp ýören günümi. Gülner ýaly näme etdiň diýsene? Öz öýüňe, öz çagaňa zat almak aýyp zatmy diýsene?» Onuň hakydasynda Myradyň soňky hatynyň setirleri aýlandy: «...Üzümem. bişendir. Dalbarymyzy kim kesdi? Gowy getirdimi?..» Bäş-alty günde gidip gelerin-dä. Üzüm dadyraýyn, gawun-garpyzam alaýyn. Ýoldaşlaram hezil ediner. Sähet giň-giň ädimläp, kolhozyň prawleniýesiniň jaýyna tarap barsa-da, göwnünden oňaýsyzlyk duýgusy gitmeýärdi. Hydyr AMANGELDIÝEW. | |
|
√ Kitap / nowella - 16.03.2024 |
√ Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024 |
√ Deñinden ötüp bolmaýan adam / hekaýa - 18.01.2024 |
√ Toý sowgady / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Başky söýginiñ müşki / hekaýa - 04.01.2024 |
√ Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024 |
√ Köprüler / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Ýagyşly gün boýny burlan söýgi / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Oglanlyk döwrümiň peji / hekaýa - 21.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |