21:35

Tanyşlyk / hekaýa

TANYŞLYK

Ol awtobusdan düşdi-de, seýil bagyň içi bilen gönüläp, Sünbüllere tarap ugrady. Birdenem jorasynyň haty ýadyna düşdi. Ol hata ýene bir gezek göz gezdirdi-de, kagyzy iki eli bilen düýrläp, ho-ol beýlede duran zibil oklanýana zyňyp goýberdi. Esli ýol geçenden soňam  aýak çekdi. Näme etjegini bilmän ýaýdanjyrady. Ol zyňan kagyzyndaky sözleri  ýatlamak isledi. Ýöne näme üçindir  bu çak onuň hiç zat ýadyna düşmedi. “Bu nähili beýle bolýarka, men ony edil  ýap-ýaňyja okadym ahyry. Ýa meniň huşuma bir zat bolup ýörmükän?  Öz-ä gowulygyň alamaty-ha däl bü”. 
Ol beýnisine dolan oýlary aňynda aýlady-da  göwünli-göwünsiz yzyna öwrüldi. Däheden-dessemläp barşyna zibil zyňylýan çelegiň ýanynda aýak çekdi. Ol mynçgylanan kagyza elini uzatjagyny- uzatmajagyny bilmän esli durdy. Ahyry aýgyt edip, kagyzy aldy-da ýuwaşlyk bilen onuň epinini  açdy. Iri harplar bilen ýazylan hat ony pikir derýäsyna gark etdi. “Bu nähili beýle bolýar? Sünbüli haýsy döw çaldyka? Edil ýap-ýaňy okan kagyzymda beýle sözler ýok ýalydy”. Ol  başga bir kagyzy alandyryn diýip güman etdi-de, zibil atylýana boýnuny uzatdy. Oň içinde başga zat ýokdugyny görüp, gyra çekildi. Birdenem  başy aýlanyp gitdi. Ol suw çüwdürimiň gyrasynda duran oturgyja zordan ýetip, oňa özüni goýberdi. “Sünbüle näme bolýarka? Meň aýdanyma gulak gabartman, ezýet çekmeli bolaýdymyka? Ýa başga bir zat ony biynjalyk edýärmikä? Ýa-da hemişekileri ýaly bu-da onuň bir oýnymyka? Käte-käte mojuk  oýun edäýmesi bar şonuň, ýa-da çyndanam bir zat bolaýdymyka”  diýen pikirler onyň serini dumanlatdy.  Ol  şeýdip   näçe  oturanyny hem ýadyndan çykardy. 
-Gelneje, size näm bolýa? –diýen sese ol  özüne geldi.
Ol edil garşysynda duran gyzjagazy mähir bilen synlady. 
-Ýok, janam, maňa hiç zat bolanok. Birsellem dynç alaýyn diýip oturyşym. 
-Bolýa-la, men sizi alada etdim. Alyň, suw içäýiň. Ejem-ä bir zat bolsa, maňa derrew suw içirýä. Sizem suw içseňiz, dynjyňyzy alarsyňyz. 
-Men eýýäm dynjymy alaýdym öýdýän. Aladaň üçin sag bol, janam. Sen ýeke özüňmi, ýa-da ýanyňda ejeň dagy barmy? Eýýäm garaňky gatlyşyp barýa,  gorkaýma diýýän.
-Hon-ha, kakam dagy gelýä, meň olardan öňürti şu owadan çüwdürime ýetesim geldi.
-Hä-ä, şeý diýsene.
-Bilýäňizmi meň kakam nähili güýçli. Ol  meni bir elinde göterýä.
-Wah, seniň çaga başyňa döneýin. 
 Ol edil şuş-şu mahal bu eýjejik gyzjagazy görüp, öz gyzyny ýataldy.  Obadan ýaňy gaýdanam bolsa, çagalaryny göresi geldi. Şonuň üçinem özüne mährem görünen bujagaz eýjejik gyzy bagryna basasy, onuň posalajyk ýaňaklaryndan  ogşasy geldi.
-Gel, janam, kakaň dagy gelýänçä, meň ýanjagazymda oturaý.
Gyzjagaz ilgeziklik bilen Maýsanyň gapdalynda oturdy. Maýsa gyzjagazyň  mekgejöweniň gulpagy ýaly bolup ýaýylyp ýatan saçlaryny mähir bilen sypady:
-Janam, adyň näme?
-Maýsa.
-Wiý, ikimiz atdaş ekenik. Menem  Maýsa.
 Gyzjagaz Maýsanyň mährini duýan ýaly, çyny bilen gürläp başlady.
-Ejem-ä maňa Maýsam diýýä, kakam bolsa hem-ä Maýsajygym, hemem Sünbüljigim diýýä. Men bolsa olaryň ikisinem gowy görýän.
   Maýsajygyň sözleri Maýsany tisgindirdi. Gyzynyň adyna Maýsa dakyp, Maýsajygym, Sünbüljigim diýýän ata oňa talyplyk ýyllarynda dogan ýaly tirkeşen dostlary Halygy ýatlatdy. Ol munuň bolup biljek zat däldigini oýuna getirdi-de,  birmene ynjaldy. Şobada-da jorasynyň bu haty näme üçin ýazandygyny aňşyrjak bolup, pikir ýumagyny has aňyrdan çöşläp başlady..      Eýsem jan ýaly jorasynyň “Sen gelmeseň bolanok”  diýmesiniň düýp sebäbi Halykmyka? Dogrusy, Maýsa onuň  Halyk bilen aragatnaşygynyň bardygyny eşidende juda geň galypdy. Eýsem ol Halygyň öýli-işiklidigini bilmän duranok ahyry. Onsoňam talyp ýyllaryndan bäri Halykdan gördüm-bildim ýokdy, indi ol nireden çykdyka? Halygyy öz uly agasy ýaly görýän Maýsa  Sünbüliň şunça ýyldan soň,  bu giçki duýgusyna nähili düşünjegini bilmedi. Sebäbi Sünbül üçinem Halyk aga ornundady. Indi birden oňa näme bolaýdyka? Sünbül haýsy akyly bilen Halygy söýýärkä? Onuň öýleneninden, çagaly-çugalydygyndan habary ýokmyka? Ençeme ýyldan bäri bile tirkeşen jorasynyň indiden soň, Halyga ýürek bermesine nähili düşünjegini bilmedik Maýsa söýen  ýürege diýen etdirip bolmaýandygyny-da gowy bilýärdi. Şonuň üçinem ol jorasyna gezek gelende gaty bir deprinibermäge-de çekinýärdi. Ynha, indem Sünbül Halykdan zeýrenýär. Maýsanyň hut  şu mahal  jorasynyň ýanyna ýetesi, tizräk  onuň halyndan habar alasy geldi.  Ýöne alagaraňkyda Maýsajygy ýeke galdyryp, turup gidibermäge bogny ysmady. Ol Maýsajygyň ene-atasynyň gelerine garaşdy. Ho-ol, aňyrdan howlukman gelýän juwanlar ýakynlaberende Maýsa öz gözlerine ynanmajak boldy. Daragt ýaly uzyn boýly gelni gapdallap gelýän ýigit Halykdy. Maýsa olary görenden  birden turup gidibermäge ejap etdi, hemem ýagdaýy anyklamak isledi. Halygam Maýsany görüp, birbada kürtdürip durdy. Ahyry ýaýdana-ýadana ýakynlaşsa-da, müýnli ýaly bolup, esli mahallap ýüzüni galdyryp bilmedi. Soňam birden gorkan öňürtilär edip,  Maýsa dil ýarmaga ýetişmänkä dillendi:
-Baý-bow, ölme-de ýit diýleni çyn-ow, Maýsa, senem barmyň?
-Bar bolman, men nirä gideýin. Habar-hatyrsyz  ýitip gidibermek seň edähediň.
-Hemişekije bolşuň-ow, seniň.
-Dagy näme, adamyň häsiýeti üýtgänok. Men ynha, şu wagt seniň naşyja gyzyň bilen tanyşdym. Asyl ol meň bilenem, Sünbül bilenem atdaş eken. 
-Hawa, men seni gowy göremsoň, gyzymyň adyna Maýsa dakaýdym. Ýöne Sünbülem edil yýam ýaly mährem. Size meňzesin diýip, hemem sizi ýatlap durmaj üçin  men Maýsa jana hem Maýsam, hemem Sünbülim diýýän..
-Şoň üçinem bu enaýyja balajyk saňa hemişe bizi ýatladyp durmy? 
   Bularyň gürrüňinden  Maýsa bilen  ýanýoldaşynyň  köne tanyşydygyna göz ýetirdi-de, uzak saklanyp bilmedi:
-Halyk, men-ä hiç zada düşünýän däldirin. Gyzym bilen  atdaş gelin bilen menem  tanyşdyrsana!
-Wiý, ýogsa-da, Şirinim, bu  meniň dostumyň gelni Maýsa.  Talyp döwrümizde biz dört bolup tirkeşerdik. Muhammet bilen Maýsanyň toýunam talyplaryň naharhanasynda tutupdyk. Sünbülem Maýsanyň jan ýaly jorasy, olar mydama ekiz ýaly bilejediler.  Ýokary okuw mekdebi tamamlanymyzdan soň, her kim bir ýerden çykdy. Sünbüliň-ä niredediginden habarym ýok. Maýsa bilen Muhammedem çetki etraby saýladylar. – Soňam ol Maýsa ýüzlendi: - Ýogsa-da siz henizem şol obadamy? Muhammediň taby neneň? Aşgabada gezelenje geldiňizmi? Muhammedem geldimi? 
-Hany, säginsene, bir demde müň soragy ýagdyrdyň. Olaryň haýsy birine jogap bereýin. 
Gürrüňe Halygyň gelni goşuldy:
-Bile okan bolsaňyz, munuň häsiýetine beletsiňiz-le. Demi gutarýança soragy gutarmaz.
-Beletligine-hä belet weli, soňky döwürde Halygyň häsiýetem  üýtgäýen ýaly. 
Maýsanyň  kinaýaly sözüne Halyk özüçe düşündi.
-Juda beýle-de däldir.
 Gelniniň ýanynda Halyga degibermäge ejap eden Maýsa gürrüňi başga ýana sowdy. 
–    Maýsa janyň tötanlikde meni siz bilen tapyşdyranyna juda begenýän. Dogrudanam, “ölme-de ýit” diýleni boldy bu. Şu  owadan seýilgähde size duşaryn diýip, pikir edemokdym. Şirin, biz dogan ýaly bolup tirkeşen bolsagam, okuwy tamamlanymyzdan soň, näme üçindir Halyk bizden arany açdy. Dogan ýaly bolup tirkeşen, gatnaşan ýyllarymyz ömrümiziň iň ajap pursatlarydy, şeýle dälmi, Halyk? Ony ýatdan çykarmaga hiçimiziň hakymyz ýokdur weli,  bilmedik Halyga nä döw çalanyny, ýat boldy galaýdy. Ynha, bu gün sebäp bilen tapyşdyk. Indi bir ýitip gitmän, birek-birek bilen gatnaşalyň.  Maýsa janyň bizi şu ýerde  duşurmasy bir alamat bolaýnasyn, Şirin. Habaryň barmy-ýokmy, ony bilemok, ýöne Sünbülem  siziň  şäheriňizde ýaşaýar.  Halyk, gelniňi, gyzyňy alyp, bize myhmançylyga baryň.  Bizem gaýtmankak, elimiz degse, size bararys. Maýsa jan maňa siziň nirede ýaşaýandygyňyzy salgy berdi. 
    Maýsanyň şu wagt bularyň ýanyndan  gidesi gelmedi. Onuň talyplyk döwrüniň ýatlamalaryna dolanasy, Halygyň durmuşy bilen has ýakyndan tanyşasy geldi. Sebäbi ençeme ýyldan soňky  duşuşyk ony süýji hyýallara gark etdi. Ýöne Sünbülden ynjalmandan soň, ol bialaç gitmelidi. Onuň şu pursat iň bolmanda, Halyk bilen gelnini Sünbüllere myhmançylyga çagyrasy geldi. Ýöne Sünbüliň howsalaly haty oňa ygtyýar bermedi. Ol Maýsajygyň ýaňagyndan taýly gezek ogşady-da,  hoşlaşyp, arany açdy.
                                               ***
        Halygyň gelni  bu çak ýanýoldaşynyň   özi üçin şeýle eziz adamlardan näme üçin daşlaşandygyny seljerjek bolup  azara galdy. Ol häzirlikçe bu barada dil ýarmagy müwessa bilmän, ol ýüregini gemrip barýan soragy ertire goýdy. Gyzynyň elinden tutup, özüni gapdallap gelýän Halygyň gürrüňleri Şiriniň oýlaryny dargatdy.
-Bilýäňmi, Şirinim, biz dogrudanam talyp döwrümizde dört bolup tirkeşerdik. Sapaklara, synaglara mydama bile taýýarlanardyk. Maýsa bilen Muhammediň söýgüsi biz üçin mukaddesdi. Biz olary özümizden aýra saýamzokdyk. Ýöne biz dört bolanymyzdan soň, deň-duşlarymyz meň bilen Sünbüliň arasynda hem ýylylyk bardyr diýip, pikir edýärdiler. Men weli, Sünbüli öz uýam ýaly görýärdim. Sebäbi biz döwletliler köşgünde-de bileje ulalanymyzdan soň, ikimizem  mähre zardyk. Ol mähri biz Maýsa bilen Muhammetden tapdyk. Olar deň-duş bolsalaram biizi edil edil kiçi jigileri  ýaly eý görýärdiler. Hatda bir üýtgeşijek nahar bişirselerem, Muhammediň ýanyndan meni-de goýmazdylar.  Okuwymyzy tamamlap, işe başlanymda olaryň mährini küýsäp, baý kösendim-ä. Saňa duşup, toý tutanymyzdan soň, seniň göwnüňe güman gitmezligi üçin uýa ornynda duran Sünbül bilenem gatnaşygy kesdim. Sebäp indi Maýsa bilen Muhammet daşdady.  Ýeke Sünbül bilen gatnaşyp ýörsem seniň maňa düşünjegiňi- düşünmejegiňi bilemokdym. Seniň gabanjaňlygyň meni şoňa mejbur etdi.  Özümiň şeýle gowşak häsiýetime utanjymdan ýaňa jan ýaly dostum Muhammediňem, uýam Sünbüldir Maýsanyňam  göwnüne degdim.   Şeýdibem olar bilen gatnaşyk galdy. Men ezizlerimiň üçüsinem birden ýitirdim. Ýöne olaryň maňa bolan mähri mydama kalbymy ýyladyp dur. Şoň üçinem gyzymyzyň adyna Maýsa dakyp, Sünbülim diýýän. Oglumyz bolsa hökman Muhammediň adyny dakaryn, şeýdibem olara ýakynlaşaryn,  her gün mähir bilen gurşap duran çagalarym  olary ýatdan çykarmandygymy,  ýürekdeşdigimi aňladar diýip, öz ýanymdan göwün ýüwrüdip ýörün. Galan zatalary hem özüň bilýäň. 
    Şirin gyzynyň elinden tutup, ýuwaşja ädimläp barşyna ýanýoldaşyna gysmyljyrady. 
                                           ***
    Maýsa gapydan girenden jorasynyň  bir ýigit bilen oturandygyny görse-de, oňa üns bermän, Sünbüle ýüzlendi:
-Sünbül, ýüregim-ä ýardyň, gyz, saňa näm boldy?  Ahyrzaman gopaýan-a däldir-dä hernä? 
  Gözlerinden köp aglandygy bildirip duran Sünbül çalaja mydyrdady:
-Söýginiň uç-gyraksyz  ýurduna baraňdan soň, duýgyňa erk edip bilmeseň,  ahyrzamanam daş däl. Meni şol düýpsüz dünýäde azaşdyrýan  ine, şü ýigit- Halyk. Ol senden bidin menden toýa razylyk aljak bolýa. Menem sen gelmeseň, bellisini aýdyp biljek däl diýsem, gaty görýa. Men saňa şony aýtjak bolup, çytraşýan weli, senem dünýäde ýekeje Halyk bardyr öýdüp, meni ýanjap, maňa igenip   gidip otyrsyň. Jan berene jaý bir ber ahyry.   
 Maýsanyň üstünden agyr ýük aýrylan ýaly boldy. Şo bada-da ol Sünbüliň haýsy Halygyň yşk mülküne girendigine düşünip, şükür etdi. Eýsem ýürek beren ynsanyň  dünýäsine dolmak, näzikden inçe duýgularyna düşünmek üçin onuň  mülküne aralaşmaly bolaýndygyny Maýsa birinden sorap bilmeli däldi. Ol eýýäm ençeme ýyllar bäri söýginiň lezzetli ýurdynda ýaşaýardy. Şonuň üçinem ol jorasynyň garaşmaýan teklibini orta atdy:
 -Sünbül, bilýäňmi näme, men edil häzir Halyk bilen onuň gelnine duşdum.  Şu çak men olaryň ýanyndan gelýän. Sen başga aladaňy ertä goý, ýörüň, Halyklara myhmançylyga gideliň. Belki, seň Halygyňam biz bilen gider Seň toýuňa ak patany Halyk bilen bileje bereris. Belki, ertir Muhammedem çagalary alyp geler. Seň Halygyňam biziň doganlaşan dünýämiziň mukaddesligi bilen tanyşar. Saňa ýanýoldaş boljak ýigit üçin bu hökmany bir şert. Şony berjaý etmese, toýa razylyk ýok.  
Halyk Maýsa bilen badabat ylalaşdy:
- Sünbüliň uýasynyň aýdany meniň üçin hökmän. Siz näme diýseňiz, şo bolar. Ýörüň, gitseňiz.
     Gezelençden soň, ýaňyja öýlerine ýygnanan Halyk bilen Şirin garaşylmadyk myhmanlary gujak açyp garşylady. Halyk Sünbüli görenden el-aýgyny ýitirdi.
-Doganjyklam, uýajyklam,  siz meni bagyşlaň. Men siziň öňüňizde ýazykly. Ursaňyzam, sökseňizem hakyňyz bardyr. Maýsa, Muhammediň belgisini aýt, men derrew oňa til edip, ötünç soraýyn. Asyl,  şu çak çagalaryňyzy alyp, bärik gaýtmagyny haýyş edeýin. Ozal dört bolup tirkeşen bolsak, indi, Hudaýa şükür, alty bolduk. Mundan beýläk biziň gatnaşygy üzmäge hakymyz ýokdur. Atdaş ýigit, senem bu hakykaty bilmelisiň. Sünbülem, Maýsa-da meň uýalamdyr. Ony ynjydan günüň  meň bilen iş salyşmaly bolarsyň.             
Şirin şu çaka çenli  ýanýoldaşynyň öz mähremlerinden daşda durandygyna çyny bilen ökünýändigini duýdy. Ol  indi gaýyn ekejili, gaýyn agaly bolandygyna begenip, Halygyň ezizlerine bir aýkada hyzmat etmäge başalady. Halygyň şu pursatdaky şatlygyny hiç zat bilen deňär ýaly däldi.  Ol şol birmahalky Halyga öwrülip, uýalarynyň daşynda pyr-pyr pyrlanýardy...
           
Ogulgerek Ussaýewa.

Категория: Hekaýalar | Просмотров: 477 | Добавил: Нawеran | Теги: Ogulgerek Ussaýewa | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Kim nirde... / mini-kyssajyk - 29.04.2023
Dil agyrysy / hekaýa - 05.06.2023
Bu gezegem Alla kömek etdi / hekaýa - 11.05.2023
Dözmezçilik / hekaýa - 17.04.2023
Owaz / mini-kyssajyk - 29.04.2023
Durmuşy dynnymjyklar / hekaýalar toplumy - Linoleum - 17.01.2023
Март / рассказ - 30.03.2023
Altyn kündük niredekä? / hekaýa - 16.05.2023
Ýazsam okarlarmyka? / hekaýa - 22.04.2023
Düýş / hekaýa - 18.04.2023

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]