09:17

Teselli / hekaýa

TESELLI

Adamsynyñ belli günleri geçýänçä, ile-güne çykman oturan Aýnuruñ soñam gőni işe diýip gidibermäge bogny ysmady. Oturdy-turdy, oýlandy-őlçerdi. Ahyry işden sykyp,őýde oturmaly diýen netijä geldi. Hut şol niýet bilenem kyrk günden soñ, işleýän edarasynyñ gapysyndan ätledi. Ol gapydan girmesine-hä girdi weli, işdeş ýoldaşlaryna gőrünmäge ejap edip, bir dem kürtdürip durdy. Şu pursat onuñ beýnisini gemrip barýan pikirler kalbyny hem lerzana getirdi. “Näme üçin, näme üçin őlüm meniñ başyma düşdükä. Näme üçin Nurýagdy meni beýdip orta ýolda taşlap gitdikä?” 
Beýnide at çapýan pikirler onuñ gussaly ýüreginiñ üstünden çüý bilen dürtýän ýalydy. Her näme-de bolsa, ol özüne basalyk berip, işleýän edarasynyñ bosagasyndan ätlän ýerinde durdy. Esli salymlapdan soñ, ony őzünden bidin aýaklary  başlygyñ kabulhanasyna alyp bardy. Saglyk-amanlykdan soñ Aýnuruñ beýle üýtgänligini aklyna sygdyryp bilmedik başlyk oña basalyk bermek isledi. 
- Gaýrat et, Aýnur. Ölüm hemmeleriñ başynda bar. Ony diñe mertlik bilen çekmäni başarmaly…
Aýnur sesini çykarman, taýly ýañagyndan togalanýan ýaşlary sylýardy. Ara birneme bőwşeñlik düşende, ol elindäki  kagyzyny başlyga uzatdy.
- Bu name? Kőmek gerekmi? Baş üstüne. Biz elimizden gelenini ederis. Siz ýaly işgärleriñ gadyry bilinmeli ahyry.
Başlyk dem salymda kagyzdakyny okady-da, hasam janykdy.
-Ýeri, bu näme etdigiñ bolýar. Onyñ bolmaz. Işden çykyp, őýde oturmak çykalga däl ahyry. Gaýta őýde otursañ, bu dert seni gemrip gutrar. Ýene adamlaryñ arasynda bolanyñ, derdiñi il-gün bilen paýlaşanyñ gowudyr.
Aýnur ýaýdandy.
- Aý, neme… Men işläbem hezil bermezmikäm diýýän. Birhili durumşdan sowapdyryn.
- Ýok, beýle däldir. Hemme zady wagt  bejerýär diýýärler. Az salym gaýrat etseñ, bu günlerem geçer.
- Aý, şonda-da…
- Şondañ bolmaz. Bar, iş ýeriñde otur-da pugtaja oýlan. Biliñi berk guşabam işle, ýaşa. Durmuşdan doýar ýaly entek näme ýaşapsyñ. Pikir et ahyry, ýanýoldaşyñ gideni bilen durmuş gutaranok.
Aýnur ýuwş-ýuwşdan ile-güne çykmaga-da, ýalňyzlyk derdini çekmäge-de őwrenişdi. Indi onuñ bar ünsi işdedi. Ir gelerdi, ilden soñam gaýdardy. Iş arasynda-da maý tapdygy kitaba ýapyşardy. Dura-bara kitap onuñ iñ ýakyn syrdaşyna őwrüldi. Soña-baka ol őýde-de kitaba ýapyşanyny duýman galýardy. Sebäbi onuñ gahrymanlary Aýnury täze bir dünýä alyp gidip, ýüregine bu durnuşa sőýgig uýýardy.
Aýnur işden pyýada gaýtmagy, ýolboýy şäheriñ täzelenen keşbini synlamagy halaýardy. Şäherdäki iñ bir kiçijik täzeligem onuñ kalbyna nur çaýýardy. Her güle, her gunça,şahalaryny tőweregine şabradyp goýberen owadan leýlisaçlara höwes edýärdi.. Olaryñ gőzelliginden ganyp bilmänsoñam, ýene-de ýuwaşlyk bilen ýoluny dowam edýärdi. Şäheriñ kőçeleri, olaryñ iki gyrasyny jähekläp oturan al-elwan gülleri, ap-ak binalaryñ diwarlarynda oýnaýan Gün şőhleleri, suw çüwdürimleriniñ üstündäki äzlemgoşarlary Aýnur her gün synlasa-da doýup bilenokdy. Onuñ näzijek şahalaryny ýaýyp tőwerege gőzellik berip oturan leýlisaçlara mähri siñipdi. Olara biparh garap bilenokdy. Gőýä, şol leýlisaçlardaky gőze gőrünmeýän güýç  ony jadylan ýalydy. Aslynda, ol őz dogduk şäherine aşyk bolandygyny, bu sőýginiñ gün-günden mőwjeýändigini duýýardy.
Aýnur çüwdürimiñ aşak eteginde erkana ýüzüp ýőren ýaşylbaşlardan nazaryny sowup bilmän, çetki oturgyçlaryñ birinde ýerleşdi. Bu wagt suw çüwdürimleriniñ üstündäki älemgoşar ýaşyp barýan Günüñ şőhlelerinden has-da nurlanan ýaly gőrünýärdi. Bu görnüş  ylla ussat suratkeşiñ elinden gykan   ajaýyp eser ýalydy.  Ol ynsan kalbyny baky ýesirlige almaga taýyndy. Şonuñ üçinem Aýnur şol ajaýyp sungaty synlap, näçe oturanyny-da, Günüñ dagyñ añyrsynda bireýýäm gizlenenini-de, iñrigiñ garalyp ugranynam duýmady. Çünki  tőwerek-daşdaky çyralar älemi baky gündizlige őwrene çalym edýärdi…
Ol şondan soñam esli oturdy. Ahyry ýuwaşjadan ädimläp ugrady.Esli ýőränden soñ kimdir biriniñ yzyndan gelýändigini añdy. Ol birbada gőwnüne hiç zat getirmedi. Esli salymdan soñ, yzyna seredende henizem ol adamynyñ yzyndan garama-garama gelýändigini  añdy-da aýak çekdi. Aýnur  oña garaşdy. Ýőne näme üçindir yzdan gelýänem aýak çekdi-de, bir zatlara güýmenen boldy. Aýnur indi onuñ őz yzyna düşüp gelýändigine anyk düşündi-de ýüregi jigläp gitdi, tutuş süññi gowşan ýaly boldy. Ol bu zatlara üns bermejegem bolsa, nähilidir bir garyşyk howsalaly duýgy kalbyny gaplady…”Bu adam kimkä.? Näme üçin yzyma düşüp gelýärkä? Ýa meni biri bilen bulaşdyrýarmyka? Yzyma őwrülip anyklaýsammykam…” Agyr oýlara batyp, ýuwşjadan dähedem-dessem edip barşyna ol őýüne nähili ýeteninem duýmady.
Şol günüñ ertesi ol ýene-de düýnki serhowzuñ başynda aýak çekdi. Çünki bu gőrnüş oña aýratyn bir näzik duýgular eçilýärdi. Şol dem, şol pursat onuñ beýnisine agram berýän iñ agyr—pikir-duýgular dyr-pytyr boldy-da, őz ornuny mährem mukamlara bagyşlady. Onsoñ Aýnuruñ gőzellige teşne kalby şol  ajaýyplyk bilen garyşyp, aýratyn bir şirin mukama imrindi. Şol şirinlige erkini aldyran Aýnuruñ beýnisindaki pikirleriñ bir ujy onuñ bedenini terk edip, äleme dolýardy. Şol pursat onuñ bu jahana, bu barlyga hőwesi goşalanan ýaly boldy… Ol őz dünýäsine dolup, onuñ lezzetinden serhoş  bolup otyrdy… Ýaşylbaşlar oñ gőzüne suw perileri bolup gőründi. Şu pursat Aýnur őzüni olaryñ arasynda ýaly duýdy… Adaja şemala başyny yraýan gülleriñ, dürli reñdäki suw çüwdürimleriniñ çalýan şirin mukamlary bolsa, onuñ gulagynda sőýgi hakda pyşyrdy bolup ýañlandy…
Bu owaza dünýäsi bilen berlip, onuñ tutuş süññi elendi. Gőwnüne bolmasa, gőwresi gün degen gar ýaly eräp-akyp barýardy. Öz duýgularyndan őzi elheder alan Aýnur birden ukudan oýanan ýaly boldy-da, «toba, toba» diýip, wagtyñ gijigendigine garamazdan, ýene pyýadalap ugrady.
Esli ýőränden soñ, ol ýene yzynda bir çybşyldy bardygyny duýdy. Ol bu zatlara üns bermän, haýaljakdan ýőräp barşyna ýañky serhowzuñ başynda otyrka hylagynda ýañlanan mukamy ýatlajak bolýardy. Lälezar sähralaryñ üstünden őwüsýän adaja şemala başyny yrap oturan gülälekleriñ şybyrdysy birden batlanýardy-da tutuş äleme dolýardy. Birdenem olar pyşyrda őwrülýärdi-de, şol ajaýyp aýdym diñe Aknuruñ gylagyna pyşydy  bolup eşidilýärdi.Şonda  türkmen sährasyndan aşyrym-aşyrym gelýän ýelleri ula goýberilen bedewler ýaly bolup gőrünýärdi. Şol bedewleriñ aýak sesi edil ýañky mukam deýin ýakymlydy,ezizdi.
Kalbyny ezizleýän şol duýgular Aýnury itenekledip alyp barýana meñzeýärdi. Ol şol dem nirä barýanynam, näme üçin barýanynam unutdy. Ýanýodajygyñ gyrasyndaky oturgyja őzüni goýberende, ol henizem şol mukamyñ joşgunyndan saplanyp bilnändi. Endamy birden goram-gowşak bolan Aýnur başyny galdyrman, esli oturdy. Çünki başyny galdyrdygy, şol mukam zym-zyýat bolaýjak ýalydy. Mukam weli, henizem şol ýañlanyp durdy, ýañlanyp durdy…
-Size bir zat bolýarmy? Näme kőmek etmeli?
Kimdir biriniñ edil garşysynda durandygyny, onuñ őzüne nämedir bir zatlar diýip elewreýändigini gőrdi.
-Näme diýdiñiz?
-Siziñ ýagdaýyñyzy soraýan? Başyñyz aýlanýarmy? Ýa ýüregiñiz biynjalyk edýärmi?
Aýnyr aýñalan ýaly boldy.
- Ýok, ýok. Azara galmañ. Maña hiç zat bolanok. Ýőne.. ýőne..
- Hiç zat bolanok diýseñizem-ä…
-Çynymy diýýän. Arkaýyn őz ýoluñyz bilen ýőräberiñ.
Ol adam Aýnuruñ gapdaljygynda oturdy-da, ýuwaşjadan mydyrdady.
-Meñ ýolum… Men dogrusy, nirä barýanymam bilemok.
 Aýnur geñirgendi.
-O nähili bileñzok? Kőmeg-ä maña däl-de, size gerek ýaly-la. Azaşyp ýőrsüñizmi?
- Şeýle őýdýän…
- Öý salgyñyzam, nirede ýaşaýanyñyzam bileñzokmy?
Ol adam birneme ekezlendi.
- Wah, ony bilýän-le. Ýőne näme işläp ýőrenimi, nädip, näme üçin ýaşaýanymy bilemok…
Özüne tanyş duýgularyñ başga birini hem heläkläp ýőrendigine Aýnur hut şu pursat akyl ýetirdi. «Bu bende-de ýanýoldaşyny ýitirdimikä? Ýa başga bir derde ulaşdymyka? Ýa-da meñ ýaly aýny ýaşda ýeke galdymyka? Indem dünýä sygman, şeýdip ýőrmükä? Meni şol duýgulardan halas eden gőzelligi, ajaýyplygy bu bende görmeýärmikä? Ýanýoldaşyñ gideni bilen durmuşyñ gutarmaýandygyny bu pahyr nä bilsin. Dogrusy, işdeş ýoldaşlarym kőmek etmedik bolsa, menem henize çenli aglar-eñrär ýőrerdim. Sebäbi ýanýoldaşyñ ýurduny biwagt täzelände bu durmuşa, bu dünýä şärikligiñ gutaran ýaly duýgular seni aldym-berdime salyp barýar eken… Bu dünýäden ýürekdeşiñi gőzlän çagyñ onuñ juda giñdigini, añyrsyna çykma ýokdygyny duýýañ. Käte weli, ýüregiñ  bu giñ jahana sygman, elewrän pursatynda bu äledm juda dar gőrünýär. Ynha, edil şu pursat meniñ giñ äleme sygman durşym ýaly. Ýeri, ýumruk ýaly ýürege näme gerek diýsene? Atygsap, agzymdan çykaýyn diýýär. Belki, bu bende-de meniñ günüme düşendir, oña hemaýat gerekdir…»
Aýnur oña basalyk boldy.
- Hany, oturyñ birsellem. Özüñizi dürsäñ. Gőrýän weli, siziñ ýagdaýyñyz meñkiden has egbar ýaly-la.
Ol esli mahal sesini çykarman, müzzerip otyrdy-da ýuwaşjadan gürledi.
- Men nämeden başlasamkam? Näme diýsemkäm? Kelebiniñ ujuny ýitiren diýýänleri őýdýän men.
Gapdalyndakynyñ iki sőzüñ başyny çatyp bilmän oturyşyndan, onuñ halynyñ teñdigini añan Aýnur soragyny bes etdi.
Esli dymyşlykdan soñ, ol adynyñ Nurydygyny, telekeçilik bilen iş salyşýandygyny, iki gyzynyñ, bir oglunyñ bardygyny, hemmesiniñem őýli-işiklidigini aýdy-da, «…indem…indem… şol çagalaryñ, agtyklaryñ arasynda ýetim galdym” diýdi.
Bu sőzüñ manysy Aýnura düşnüklidi. Ýanýoldaşdan biwagt aýrylmagyñ awusynyñ onuñ ýüregini paralap barýandygyna, bu jahana sygman elewreýändigine gőzi ýetip durdy. Edil şuş-şu mahalam őz ýüreginiñ bitakatlygyny basmarlamakçy bolup, Nura gőwünlik berdi.
- Bagyşlañ weli, siziñ ýoldaşyñyz ýurduny ýañyrak täzeläpdir őýdýän. Men bu duýgy diñe aýal maşgalalarda bolýarmyka diýýärdim. Asyl aýal-erkek tapawudy ýok eken. Awunan pilläñ ýüregiñ ezim-ezim bolup gidiberýän eken. Menem indi-indi birneme őwrewnişjek bolýan, şol ajy aýralyga. Aýralyk, őlüm, garyplyk üçüsi dogan diýýäler weli, şolryñ hiç haýsyny bijebaşy eder ýaly däl. Biri-birinden çőkder, erkiñi eliñden alyp, bedeniñi bogun-bogun sőküp, demir sokuda ýençgileýär…
Nury indi birneme őzüni dürsedi.
- Sőzüñizi bőlenim üçin meni bagyşlañ. Gőrýän weli, sizem şol aýralyk depesine çykana meñzeýäñiz.
- Şonuñ çür depesinde durup, dünýä sygman, şeýdip elewräp ýőrenime ýyl doldy. Şonda-da ol őrän çýkder gelýär çekerden….
- Wagt hemme zady bejerýär diýýärler…
- Oña şübhäm ýok. Ynha, indi men gőzelligi gőrüp bilýän. Oña guwanyp bilýän. 
- Menem dünýä sygman, her gün agşam üsti şol serhowzuñ ýanyna barýan. Ýaşylbaşlary, Günüñ daglaryñ añyrsynda gizlenişini, älemgoşaryñ çüwdürimiñ damjalarynyñ depesindäki oýunlaryny synlaýan… Şolar gőwne teselli.
- Şol gőrnüş-ä menem biparh goýanok. Menem her gün şu serhowzuñ başyna gelýän. Şulary gőrüp, őzümde nähilidir birhili ýeñillik duýýan.
- Ýogsa-da men düýnem sizi gőräýdim őýdýän.
- Şeýledir. Dogrusy, boýnuma alsam, ilk-ä diñe gőwne aram bermek üçin gelýärdim. Soñam, sizi gőrelim bärem, sizi iñ bolmanda daşyñyzdan synlamak üçin gelýän. Boýnuma alýan, düýnem őzüñize bildirmän, őýüñize çenli ugratdym. Aýybam bolsa, aýdaýyn. Sizi ilki gezek gőrenimden, göwnüm giñäp gitdi. Onsoñ birhili őzümden bidin siziñ yzyñyza düşdüm gidiberdim. Ynha, bu günem şeýle. Gyra çekilip, oturdyñyz weli, size bir zat bolandyr őýdüp howatyrlandym. Siz meni bagyşlañ. Gőwnüñize hiç zat getirmäweriñ.
- Ýok, ýok, ondan ýaña arkaýyn bolaýyñ.
Gürrüñleri alyşansoñ, olar näçe oturandyklarynam, wagtyñ gijigendiginem duýmadylar… Çünki ýürekleri birleşdirýän sőzler bu çak mährem mukam deýin eşidilýärdi. Gőwnüni gussa baglan iki ynsan iñ güýçli gudrata—sőzler dünýäsiniñ mylaýymlygyna gark bolupdylar…
Eýýäm ýüz ýyllaryñ dosty deýin gadyrly hoşlaşanlarynda olaryñ ikisinem şol bir duýgy  gaplady. “Biz ýene gőrüşermikäk?”
 Hijran oduna kőräp duran ýürekler birek-biregiñ nähili pikirleri oýuna getirendigini duýdy. Şol dem ikisem őz ýanyndan şol bir ýagşylyga uýdy…
Bu bolýan zatlary gőrseñizläñ? Edil dek-düýnem őzüniñ bu dünýä şärikçiligi gutardy diýip pikir edýän Aýnuruñ indi durmuşa garaýşam, işe yhlasam üýtgedi. Işden çykdygy, iki gyrasy leýlisaçly seýilgähiň o çetindäki ýaşylbaşly serhowza tarap howlugýardy. Dünýä, durmuşa teşne ýürekler şol ýerde  birek-birekden teselli tapýardy...                                                    

Ogulgerek Ussaýewa.

Категория: Hekaýalar | Просмотров: 538 | Добавил: Нawеran | Теги: Ogulgerek Ussaýewa | Рейтинг: 3.0/1
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Garagumda / hekaýa - 09.03.2024
Deñinden ötüp bolmaýan adam / hekaýa - 18.01.2024
«Daglaryň ruhy» / hekaýa - 07.03.2024
Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024
Surat / nowella - 14.03.2024
Gara gözli söýgi ýaşaýarka... / hekaýa - 17.01.2024
Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024
Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024
Başky söýginiñ müşki / hekaýa - 04.01.2024
Mertlik hemme kişä berilmeýär / hekaýa - 16.01.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]