22:04

Ünji / hekaýa

ÜNJI

Ol beýnisine dolan pikirlerden elheder aldy. «Toba, toba» diýip, ýakasyna tüýkyrdi-de öz ýanyndan pikir öwürdi. ”Ýaşyň birçene baransoň, sähel zada biynjalyk bolýaň diýýäler weli, şol çyn öýdýän. Men garrap ýören bolaýmaýyn. Birden-birden ýok zada gaharym gelýä, birdenem göwnüm gül-gül açylýa. Bu nämedenkä? Oglum bilen gelnimiň boluşlaram maňa ýaranok. Olaryň  bolşy birhili. Ýaňy tapyşana meňzänoklar. Göwnüme bolmasa, olaryň arasynda giden bir boşluk bar ýaly bolup dur. Ýa men biderek ýere howsala düşýärmikäm? Ynsan öz-özünden üstün çykyp bilýän ýeke-täk jandardyr diýýäler weli, şu çak men özümden gaty asgyn gelýän. Onsoň ogula-gelne düşünmeg-ä däl, öz dünýämem duýamok.”
Ol özüni uç-gyraksyz pikirleriň girdabyna oklady.” ...Gelnim bilen oglumyň arasyna düşäýsem gaty gabahat iş etdigim bolarmyka? Olaryň özleri halaşyp durmuş gurdularmy, indi özleri oňuşsynlar diýäýsemmikäm? Durmuşyň agramyny duýup, birek-birege igenýän  bolaýmasynlar. Men bir zat diýsem, hiçisine ýaramaz. Onnaňam durmuşyň kynçylygyndan gorkup, çekinip ýaşap bolmaz ahyry.  “Başa gelenini görmäge başym sag bolsun” diýipdirler könekiler. Ogluma-da, gelnime-de indi durmuşa düşünmäge wagt ýetdi. Öz eden işleri. Wah, maňa galsa-ha ogluma “Öz esen işiň, dökülsin diýşiň” diýjek weli, ýene bagryňy ýalap çykan çagaň-da. Meňki şu çak “enemisiň—ýzanamysyň” diýleni boldy. Bularyň arasyna bir sowuklygyň aralaşandygy  daşlaryndan hem görnüp dur. Men şony açyk duýýan-da. Ýaňy ýarym ýyl ýaşap-ýaşamankalar, beýdip sowaşyp ýörseler-ä gowy däl. Oglum yrsaraýarmyka ýa-da gelnim öwrenişmejek bolýarmyka? Şü çakky boluşlary-ha maňa ýaranok. 
Asyl, şü zamanaň ýaşlary birhili bolaýypdyr. Ýaňy başy boglan gelindirin, bir öýden başga bir öýe düşendirin öýdenoklar olar... Hemişekiler gelinler “Dogdugymdan – düşdügim” diýip, gelen ýeriniň ody bilen girip, küli bilen çykypdyrlar. Gatylyp – garyljak  bolupdyrlar.Indi weli gelin bary ata – baba  gelýän şo däbi unudana meňzeýär. Indiki ýaşlar öý-işik bilen däl.Ýanýoldaşlary bilen gol tutuşyp, toýdan toýa, baýramçylykdan baýramçylyga aýlanyp ýörlmelimikä diýýärler.. Bu gelinleriň bolşuna men-ä düşnemok, ýanýoldaşlary bilen düşünişseler bolýar-da  diýýäň weli, bolmajak ýaly. Asyl bular birhili ýoň bolup barýa. Ýa-da ýaşlar şeýdip birek-birege näz edýärmikäler? Olary birek-birege artykmaç mähriň  läliksiredýän bolmagam ahmal. Mähir, hamraklyk çenden artyk bolanda adam, onda-da zenan maşgala halys läliksiräýýärmiş.
Meniň o zatlara düşünmeýän bolmagym hem ahmal.Ýöne men bularyň arasyna düşen sowuklygyň sebäbini hiç aňşyryp bilemok.Öwrenişmez ýaly gol doly maşala-da ýok.  Öz eli, öz ýakasy. Bizem-ä gelin bolup görüpdik weli, beýdip ýörenimiz ýada düşenok. Gaýta düşen ýerimiz bilen  garyşjak bolup, çyr – çytyrdyk... Ind-ä Hudaýa şükür, döwür üýtgedi,  zamana özgerdi.  Eliň uzadan ýeriňe ýetip dur. Kir ýuwyp azara galmaly däl. Bir düwmäni basdygyň bes. Kiriň ýuwlup dur.  Içeriň süpürilip dur. Durmuşam gülala – güllük. Onsoň ýaşlaryň bu  näz-kereşmeleri nämekä diýdirýä.  Belki, bü ýaşlaryň aga – ýana, aladasyz – ünjüsiz  ýaşaýanlygyndandyr, belki-de,olaryň hiç bir kynçylyksyz ösüp – ulalýanlygyndandyr? Olaryň durmuşyň şatysyny görmeýänliginden bolmagam mümkin. Megerem, türkmeniň ömür – ahyr  mukaddes hasaplan maşgala ojagynyň gadry gaçyp barýana meňzeýär. Toba, men näme diýip durun. Gaýta häzirki döwürde maşgalany ähli tarapdan goraýalar. Aslynda, näme sebäpden bolanda-da maşgalany başgalamak türkmene gelişjek zat däl. Hemişeler gyz maşgala göze görnüp başlanyndan ene oňa durmuşyň ýol – ýörelgesi  barada düşündirerdi. Ýanýoldaşy sylamagyň, söýmegiň aýal maşlanyň borjudygyny gulagyna guýardy. Şeýdip, ene gyzyny maşgala durmuşyna taýýrlardy. Ýadyma düşýär, birmahallar durmuşa çykjak gyza ähli zady  ýeňňesi  öwrederdi... Şol mukaddesligiň ýaş gyzyň kalbyna guýulmagyny gazanardy. Indi bu bolýan zatlara akyl ýetirip bilmän otyrys...”
Ol ýüregini ýyrtyp barýan pikirlerden daşlaşmak isleýän ýaly, ellerini galgatlatdy. Ýöne barybir bolgusyz pikirleriň girdaby ony sypdyrarly däldi. “...Meniň diýýänim näme?  Şu çak maşgala mukaddesliginiň iň ýokary derejä ýeten mahaly dälmi näme? Türkmenler aslynda, tamdyryny, ojagyny toprakdan ýasap, olary öwülýä deňinde mukaddes saýypdyr. Maşgalany hem  ojaga deňäp, tä ömrüniň ahyryna çenli oňa wepaly bolupdyr. Ata-babalaryň şol ýörelgesine näme bolduka? Gyzlarymyzdan haýa göçäýdümikä  ýa-da ýigitlerimiz biweç ýetişýärmikä? Belki, munuň gözbaşy özümizdiris? Belanyň körügi biz eneler bolaýmasak. Ýa işlisirän bolup, çagamyza edep – terbiýe  bermäge ýetişmedik bolýas ýa-da çagamyzy halys eljiredýäs. Hüll – hülli edilip, ösdüdilen çaga ulalandan soňam belli bir sübsäň  başyny bogup bilenok. Ýene-de biz olardan ullakan zat hantama.
Biziň maşgala mukaddesligine sowuk – sala  garaýan bolmagymyz hem ahmal. Ýa men durmuşdan gaty köp zat isleýärmikäm? Bularyň boluşlary dogrymyka? Ýaşyň gitdigiçe ynjyk bolýaň diýýänleri dogry ýaly-la. Ökünýan zadym köpelip barýa. Ýa adam garradygyça,  durşuna zeýrenje öwrüläýýärmikä? Ýa-da tutuş ömrüňe arzuw edip ýetip bilmedik hyýallaryň wagt geçdigiçe ýürege agram salýarmyka? Onsoň öz ýetip bilmedik belentligiňe çagaň ýetmegini isleýän bolaýmagyň hem ahmal. Men beýdip agyr pikirlere özümi aldyraýmaýyn. Sebäp gaýgy – alada ruhuňy soldurýar diýýänleri çyn ýaly bolup dur. Şu pikirlere berlen çagym, özümi hasam garran ýal duýýan.
Ökünç,ahmyr ejizligiň alamaty. Ondan belentde bolmaly. Ýok zatlary göwnüňe getirip, hasrat derýasyna çümüp oturmaly däl. Oglam, gyzam, gelinem öz isleýşiçe ýaşamaly.  Olaryň meň islegime görä ýaşamagyny talap edip bilmerin.Ýöne menem dünýäme düşünmeklerini isleýän-dä, ene-dä. Her kimiň öz durmuşynyň, düşünjesiniň, ýörelgesiniň bardygyna-a gözüm ýetip duram weli, ýene ýok zady göwnüme alaýýan-da. Men beýdip howsala düşüp oturman, özümi az wagtlyk basmarlaýan duýgulardan, bolgusyz gorkudan daşlaşaýyn. Adam öňde-soňda  bir zatdan gorksa,  şol hem ahyrsoňy alnyna gelşýärmiş diýýäler. Duluma gelin gelse, olaryň  agyzlarynyň hiç wagt alarmagyny islämokdym.  Indem “Göwün – duşman” diýlişi ýaly, her zat göwnüme gelýär. Hudaý ýüregime giňlik guýawersin hernä”.
Ol özüni basmarlap barýan ünjüden dynmak üçin zöwwe ýerinden galdy-da, ýüzüni sowuk suwa ýuwdy. Soňam ýuwaşlyk bilen baryp, oglunyň otagyna seretdi. Birsalym diňşirgenip durandan soň, süýji pyşyrdy gylagyna ildi. Ol ýuwaşjadan ökje ogurlap, howla çykdy. Şobada saralan ýapraklaryň adadja şemala gaýyp  topraga ýazylyşy, onuň  töwerege ýaýraýan ýakymly ysy  beýnisine doldy-da  rahat dem aldy. Soňam güýzüň ilkinji ýagşyna ezilen topragyň  ysyndan ganmak üçin özüni gözelligiň gujagyna oklady. Şol dem ol göwnüne gubar bagladan ünjiniň zym – zyýat  bolana dýşündi...                        

Ogulgerek  Ussaýewa.

Категория: Hekaýalar | Просмотров: 444 | Добавил: Нawеran | Теги: Ogulgerek Ussaýewa | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Iki ýüz / kliffhenger-kyssajyk - 25.04.2023
Syzgyrlyk / hekaýat - 08.01.2023
Owaz / mini-kyssajyk - 29.04.2023
Pişekli adam / hekaýa - 12.08.2023
Ýurt ýykan / hekaýa - 27.08.2023
Ýürek / hekaýa - 30.08.2023
Ýigit göwni / hekaýa - 14.08.2023
Derwaýys sapak - 07.01.2023
Dözmezçilik / hekaýa - 17.04.2023
Täze ýyl gijesinde / hekaýa - 06.01.2023

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]