ABDYLHEKIM GULMUHAMMEDOW
Türkmen edebiýatyny, folkloryny öwreniji hem toplaýjy A.Gulmuhammedowyň Milli golýazmalar institutynyň hazynasynda „Pylan bukjada toplan edebi-çeper gymmatlyklary saklanylýar“ diýip aýtmak kyn. Ýöne belli edebiýatçy, şahyr, taryhçy A.Gulmuhammedowyň türkmen folkloryny öwrenmekde, halka ýetirmekde uly alada edenligi welin belli. Akademik, dilçi uly alym Myratgeldi Söýegow „Täleý tupany“ (Aşgabat, „Ruh“ 1996) atly kitabynda türkmen edebiýatynyň, folklorynyň janköýeri A.Gulmuhammedowyň türkmen folkloryny, edebiýatyny öwrenmekde, halka ýetirmekde eden hyzmaty hem terjimehaly, pajygaly ykbaly barada gyzykly maglumatlary beripdir. Milli mirasymyzy öwrenmeklige janypkeş ýapyşan A.Gulmuhammedowy akademik Milli golýazmalar institutynyň düýbüni tutanlaryň biri hökmünde häsiýetlendiripdir. Gulmuhammedow Leningradda okaýarka, ylmy ýolbaşçylary A.N.Samoýlowiçiň we W.W.Bartoldyň ýardam bermegi bilen tomus kanikuly döwründe Türkmenistana gaýdyp, il içinde golýazma toplamak işini etdiripdir. Bir gezek gelende Lebap etraplaryndan dürli golýazmalaryň 70-e golaýyny ýygnap, şol wagtky Türkmen medeniýeti (Türkmenkult) institutyna tabşyrýar diýip alym ýazýar: „Ýöne şol mirasyň Milli golýazmalar institutynyň haýsy bukjasynda saklanýandygyny agtaryp üstünden baryp bilmedik. Soňra şol institutda işe başlan A.Gulmuhammedowyň agzalan golýazmalarynyň jikme-jik derňewlerine bagyşlanan kitaby 1931-nji ýylda Aşgabatda „Orta Aziýa edebi ýadygärlikler boýunça materiallar“ diýen at bilen rus dilinde çap edilipdir. M.Söýegowyň bu meselede çaklamasy-da dogry. Işiň awtorynyň garalanandygy sebäpli, ol kitaplar hakykatdan hem ne ýüze çykarylypdyr, ne-de seljerilipdir. Mirasgäriň toplan golýazmalary barada söz açylmadygynyň sebäbini-de şol meselä syrykdyrmak bolardy. Başga-da bir zady çaklamak mümkin. A.Gulmuhammedowyň toplan 70-e golaý golýazmalarynyň dürli-dürli adamlaryň dilinden ýazyp alman, öň bar bolan ýa ýazylan golýazmalary türkmen medeniýeti institutyna getirip tabşyran bolmagy-da mümkin.
A.Gulmuhammedow 1927-nji ýylda Aşgabatda „Türkmen milletiniň XV asyrdaky ahwallaryny aňladýan dessanyndan „Saýat ile Hemra“ dessany diýen at bilen kitap neşir etdirýär. Dessanyň XV asyr bilen baglanyşykly garaýşyny M.Söýegow şu mesele bilen bagly professor H.G.Göroglynyň pikiri bilen subut edýär. Hakykatdan hem edebiýatçynyň şeýle diýmeginiň jany bar. Has soň professor H.G.Görogly „Oguz gahrymançylykly“ eposy (M., 1976) diýen işinde bu dessanyň „Gorkut Atanyň kitabynyň“ yz ýanynda, hut şonuň esasynda dörändigini ynandyryjylykly subut etdi“ diýip, alym agzalan işinde ýazypdyr.
Myratgeldi Söýegow Gulmuhammedowyň ömür ýoluny beýan edýän kitabynda öň ýatlap geçişimiz ýaly, Onuň ömri we döredijiligi bilen bagly gyzykly hem derwaýys maglumatlary beripdir. Alymyň getirýän maglumatlaryna görä, Mirasgär başga-da türkmen edebiýaty, folklory bilen baglanyşykly ençeme kitaplary neşir etdiripdir.
Ol 20-nji ýyllaryň ikinji ýarymynda Seýdiniň, Zeliliniň eselerini, „Saýatly-Hemra“ dessanyny, Orta Aziýa halklarynyň edebi ýadygärliklerini toplap, neşir etdiripdir. 1927-1928-nji ýyllarda Leningradyň Gündogarşynaslyk institutynda okap, Gündogar halklarynyň edebiýatlary bilen gowy tanşan A.Gulmuhammedowyň şol işlerine A.Samoýlowiç öz wagtynda ýokary baha beripdir. Akademik A.Gulmuhammedowy milli mirasymyzy toplamagyň, öwrenmegiň sakasynda duran, onuň toplanmagyny wagyz-nesihat eden Milli golýazmalar institutynyň düýbini tutanlaryň biri hökmünde, şol sanda hem beýleki dillerdenem sowatly adam hökmünde häsiýetlendirýär. A.Gulmuhammedow türkmenkultda (türkmen medeniýeti) türkmen halkynyň taryhyna degişli golýazmalary ýygnamak hem olary degişli düşündirişler bilen çap etmek işine jogapkär edilip bellenýär. Ol Leningraddan gelenden soň. „Türkmen medeniýeti“ institutynda işe başlap, ölmeziniň öň ýanynda 1931-nji ýylda Aşgabatda golýazmalaryň derňewine bagyşlanan „Orta Aziýa edebi ýadygärlikler boýunça materiallar“ diýen kitabyny rus dilinde çap etdirýär.
M.Söýegowyň maglumatlaryna görä, A.Gulmuhammedow 1925-1928-nji ýyllarda gündelik edebi durmuşa has ýakyn durupdyr. Bu ýyllarda „Türkmenistan“ gazetinde ýigriminji ýyllaryň türkmen edebiýatynyň dürli meselelerine bagyşlanan makalalaryň 9-sy bilen çykyş edipdir . Ol „Umyt ýalkymlary“ atly şygyrlar ýygyndysynyň hem awtorydyr. Ýygyndy 1926-njy ýylda neşir edilipdir. 1925-nji ýylda bolsa onuň „Türkmenistan“ gazetinde „Deňsinmedik dul galar“ powesti-de okyjylara ýetirlipdir. Ol Alyşir Nowaýynyň „Muhakimetul lugataýun“ diýen ylmy traktatyny, „Saýatly-Hemra“ dessanyny sözbaşylar bilen üpjün edip kitap edip çykardypdyr. Alym ençeme ylmy hem durmuşy maglumatlara salgylanyp A.Gulmuhammedowyň türkmen edebiýatyny, taryhyny folkloryny öwrenmeklige, halka ýetirmeklige janypkeş ýapyşan edebiýatçydygyny subut edipdir.
„Halkymyzyň edebi geçmişini öwrenmekde, A.Gulmuhammedowyň bitiren işleri sanardan köp. Ol Leningradda okaýarka, ylmy ýolbaşçylary A.N.Samoýlowiçiň we W.W.Bartolduň ýardam bermegi bilen tomus kanikuly döwründe Türkmenistana gaýdyp, il içinde golýazma toplamak işini dowam etdiripdir” diýip, akademik M.Söýegow ýazypdyr. Düýpli bilim alyp hyjuw bilen işe başlanda, pajygaly ýagdaýda ömür tanapy kesilen Mirasgäriň terjimehaly bilen baglanyşykly maglumatlary-da beripdir. Ol maglumatlara görä, şahyr ärsary urugynyň uludepe boýundan, akderi kabylasyndan Gurbanmuhammet Mergeniň ogly, A.Gulmuhammedow 1879-njy ýylda dünýä inipdir. Onuň ady il içinde Abraý diýlip tutulypdyr. Gurbanmuhammet Mergen Kerki şäheriniň Halaç obasynda ýaşajyk Abraýy Molla beripdir. Şol wagt ol 8 ýaşynda eken. Soň ol Gyzylaýak we Buhara medreselerinde okaýar. Ýokary bilimi Türkiýede alýar. Soňra Leningrada (häzirki Petrburgda) aspiranturada okaýar.
1921-1922-nji ýyllarda A.Gulmuhammedowyň maşgalasy Çärjewden (häzirki Türkmenabat) türkmenleriniň bir bölegi bilen Owganystana geçýär. Şol ýerde göçüp baranlar bilen ýaşaýarlar.
A.Gulmuhammedow 1920-njy ýylyň ýazynda Baýramalyda Gyzyl goşun otrýadynyň komandiri bolýar.
1925-1928-nji ýyllarda „Türkmenistan“ gazetiniň redaktorynyň orunbasary bolup işleýär. Şol döwürde ol „Tokmak“ we „Daýhan“ žurnallarynyň redaktorlarynyň hem biri bolýar.
A.Gulmuhammedowyň döredijiliginiň gülläp ösen döwri onuň ömür tarapy üzülýär. 1931-nji ýylda onuň rus dilinde „Материалы по среднеазиатским литературным памятникам“ diýen kitaby neşir edilýär. Emma akademik M.Söýegowyň ençeme çeşmelere salgylanyp, berýän maglumatlaryna görä, A.Gulmuhammedowyň şol ýylyň ahyrynda neşir edilmeli „Биографический словар старых туркменских поэтов“ atly işi halka gowuşman galýar. TK(b)P MK-nyň sekretarynyň Aşgabat şäheriniň VIII partiýa konferensiýasynda eden dokladynda A.Gulmuhammedowyň daşary ýurda gaçjak bolandygy üçin serhetçileriň eline düşüp, özüni atandygy barada maglumat berilýär. Hakykatda bolsa onuň Pöwrizede dynç alyp ýörkä, güýç bilen araçägiň golaýyna eltilip, şol ýerde hem atylandygy barada maglumatlaryň bardygy hakda aýdylýar. Şeýlelikde, onuň ölümi 1931-nji ýylyň ikinji ýarymyna gabat gelýär.
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly