06:10 Açyş / hekaýa | |
AÇYŞ
Hekaýalar
...Bir kelle gyzgynlykda, «Menem ylmy işiň ugruna çykyp göräýmelimi-nämemi?!» diýip, dilimden sypdyraýmanmy, şondan soň öýdäki bulamakçymyz «açyş» diýip bir täze heň tapdy. Kimiň, haçan diýeni ýadyma düşenok welin, öňem meň ýaly jany ýananyň biriniň aýdan sözi bar: «Erkekleriň eşiden zady o gulagyndan girip, bu gulagyndan çykýar. Aýallaryň eşideni welin iki gulagyndan girip, agzyndan çykýar». Anha, biziňkem arada Stokgolmda bir uly alyma bir uly baýragyň berlenini eşidäýmezmi! Aý, şondan soň turdy bir tüpgün, gopdy bir gopgun. Ynha, öýde dik depäme seredip, agşamlyk naharyna garaşyp ýatyryn welin, «Nämä ýatyrsyň?» diýýär. «Pikirlenýän!» diýýän welin, «Sende-de pikir bormy?» diýýär. «Pikirli bolýan bolsaň, illeň äri ýaly, bireýýäm birtopar açyş ederdiň» diýýär. «Anha, Ylymlar Akademiýasy täzeden açylypdyr» diýýär. «Illeň äri eýýäm açyş üstüne açyş edýär» diýýär. «Senem beýdip eplenip ýatman, bir açyşjyk edäýseň bolmaýamy?» diýýär. «Ana, öňräk, türkmençe ýeke sözem bilmeýän bir ýurtda biri bir açyş edip, şeýle bir baýrak alypdyr welin... hiýh... şonuň sen ýüzden birini alsaňam, üç ogluňy öýermäge ýetjek» diýýä. «Illeň-ä äriniň depesine bir alma gaçsa-da, açyş edip dur. Munuň bolsa, depesine palawkädi bilen berseňem, çykjak zat ýok» diýýär. «Wah, şundan gönenmänjik geçdim-dä...» diýýär. «Munuň», «şunuň», «onuň» diýilýänleriň hemmesem men bolmaly, galanlaram ― illeň äri... Äý, meniňem şü, geldi gaharym, gyzdy ganym... Çykdym daşaryk! Ýöne gaharyň gelende näme, pikir gelmese! Ýolda seçelenip ýa-da händege dökülip ýatan pikir barmy?! Asmana seredýän, pikiriň-ä däl ― gözüňem ýetmeýär, diýmek, o taýda maňa açar ýaly zat ýok. Ýere seredýän ― bar zat eýýäm açylypdyr. Iller-how, dogrudanam, aýak üstünde. Meň ýaly, çäşerip ýatanoklar. Ýeriň astynam goýanoklar, Arşyň üstünem. Açha-aç! «Baryň-aý, nätseňiz şeýdiň!» diýdim-de, ýene öýe dolandym. Dagy, nirä gitjek! Geldim-de, şamlygymy ýuwutdym-da, ýatdym. Içimdenem diýýän: «Illeň är-ä gije düýşünde-de birtopar açyş edipdir» diýýän. «Belki, ýatsam, meňňem düýşüme ojuk-bujuk girer» diýýän. Şeýdibem, ýatdym. Ýöne bir-ä özümiň hyrlanymy bilýän, birem ― sagadyň jyrlanyny. Gözümi açsam, ýene öňki-öňkülik. Açyş-da ýok, zat-da ýok. Diňe aşhanada hüňürdäp ýören aýalym bar. Onsoň turup, işe gitdim. Dagy nirä gideýin?! Ýolboýam pikir edip barýan... Aý, men bir pikire çümsem ― gaty bek çümýän, pikirem maňa çümende ― şeýdýär. «Eý» diýýän özüme. ― Birwagt «Asmandaky Aýy bereýin, Güni bereýin, ýyldyzlaram gapdalyna goşup bereýin!» diýip, ony zordan yryp, aldyň. O görgülem seniň boş wadalaryňa ynanyp, ykbal ýyldyzyny seniň eliňe berdi. Indem, şonuň öwezine ýekeje açyş edip bilmeýän bolsaň, onda munyň namartlyk bolmazmy?» diýýän... Işe bardym-da, oturdym-da, aýyň-günüň hasabyny bir bileýin diýip, diwardaky senenamany synlap başladym. Arasynda-da, «Häk, iň bolmanda, şuň ýaly senenamany oýlap tapan men bolsam bolmaýamy?!» diýýän. «Ony tapanlaryň aýallary nätdikä? Ärini gujaklap ― ogşadymyka ýa-da «Munyňdanam bir açyş bormy? Sen atomy haçan açjak?» diýdimikä?». Şol barmaşa, ynha, bir beýik açyşyň üstünden baraýmanmy! Asyl, görüp otursam, şol gün meniň mähriban bulamakçymyň, ýeke-täk halalmyň, söýgüli aýalymyň doglan güni bolsa nätjek? Wah, görgüli, gaýtmankam, «Işden näçede gelýäň?» diýibem sorady-la... Iş gutaryp-gutarmanka, eňdim bazara. Owadandan-owadan, haýbatlydan-haýbatly gül çemeniniň biriniň tutdum ýakasyndan ebşitläp... Aýalym gapyny açandanam, çemeni arkamda bukup, şeý diýdim: «Eý, meniň nemäm... äý, yzyny özüň tapybersene... umuman, başdaşym! Ýürekdeşim! Ýassykdaşym! Men, biler bolsaň, şu gün ullakan, beýik bir açyş etdim». «Aýt ― diýdi ― açyşyňy!». «Biler bolsaň, eşider bolsaň, düşüner bolsaň, men seni şeýle bir, şeýle bir... umuman, şo-o başdakym ýaly söýýän ekenim. Şunam men islendik Akademiýaň öňünde subut edip biljek!» diýdim-de, uzatdym gül çemeni. Aýalym bir ýylgyrdy-da, «Aý, onuň üçin akademikleriň kellesini agyrdyp ýörme!» diýdi. «Oň akademigi ― men!» diýdi-de, ýaňagymyň çep taýyndan «jüp-p» edip ogşady. Soňam, «Men-ä onda, saňa yşk ylymlarynyň kandidaty» diýip at beräýjek!» diýdi. Soňam... «Hany, doktorlygyňa haçan girişjek?» diýdi. Menem «Ed-dil häzirden!» diýdim-de... «hys-hys-hys» edip ysyrgandym. Ýaňy bişen palawyň ysy janyňy alyp barýar... «Onda bolsa, çykar köwşüňi, çalşyr eşigiňi, ýuw eliňi-de, geç saçagyň başyna!» diýdi. Hawa, eziz adamlar! Dünýäde millionynjy gezek täzeden açylsa-da, könelmeýän şol ajaýyp açyşy, ynha, menem öz gezegimde açdym oturyberdim. Şondan bärem, öýümizde menden uly alym ýok. Ynanmasaňyz, sizem öz gezegiňizde synap göräýiň! Söýgi diýlen zat biz ― erkekler üçin diňe bir gezek açylyp, bir gezegem aýdylyp oňulaýýan ýaly. Emma, aýallar üçin ony her gün täzeden açyp, her gezegem täzeden subut etmeli eken... Kömek Kulyýew. | |
|
√ Ahmyryň awusy / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Men şu gün gyz boljak / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Aýňalan adam / hekaýa - 28.08.2024 |
√ Bereket aga / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Namysjaň adam / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Başky söýginiñ müşki / hekaýa - 04.01.2024 |
√ Mint / hekaýa - 24.08.2024 |
√ Güýz ýapraklary düşende / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Umyt – bu dem / hekaýa-esse - 26.01.2024 |
√ Hoşlaşyk / hekaýa - 13.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |