01:05 Agam / hekaýa | |
AGAM
Hekaýalar
Kakam uruş turmazyndan iki-üç ýyl öň ýogaldy. Bir gözi şikesliräk agam Sylapdan başga urşa iberer ýaly hiç kimimiz ýok. „Gözüňi bejeremizsoň alarys-da“ diýip, onam gaýtarypdyrlar. Men welin, Sylabyň urşa giderini näler isleýärdim. Onuňam illeriň agasy ýaly: „Men sag. Söweşip ýörün. Faşistleri ýepbekleýäris“ diýip, hat ýazaryny isleýärdim. Meniňem beýlekiler ýaly, döşi ýalpyldawuk ordenli agamyň suratyny alyp, öýden-öýe, köçeden-köçä ylgasym gelýärdi. Ýöne bu arzuwym barada ne ejemiň, ne agamyň, ne-de oglanlaryň ýanynda dil ýaryp bilýärin. Sylabyň bolsa nämedir bir zatlara içini hümletdirip, şol gezip ýörşi. Ol mydama-da şeýle, kän bir gep-gürrüň bilenem mazasy ýok, beýleki bilenem. Goňşularymyz diýmişleýin, „Özbaşyna bir kelle“. Iş edibem alyp ýatan galasy ýok. Haçandyr ejem käýinip-jibriniberse-hä gymyldap başlaýar, ýogsa-da „Men bir ýiti orak bolsam-eý...“ diýip, hiňlener ýatar. Hakberdiniň agasyndan içi suratly hat gelen güni öz arzuwymy tas aýdypdym: – Eý, Sylap, Hakberdiniň agasy bar-a, şol uruşda şu-u-ň ýalak orden alypdyr – Men barmagym bilen howanyň ep-esli ýerini tegeläp goýberdim. Gyzyp gidibersemem ahmaldy welin, Sylap ýüzüme seredip, güňleç ses bilen: „Hym-m, ýeri onsoň?“ diýdi-de, dilimi dişledäýdi. ...Çeňňege ilen tyllasöw çapaga çalymdaş egrije Aý asmandaky gat-gat gara bulutlaryň arasynda çar ýana urunýardy. Ine, ahyrsoň sypdy, sypdy-da, öz ýoluna ysgynsyzja ýüzüp gitdi. Birden ýüregim gysdy. Arkanlygyna ýatan Sylabyň ýüzüne seretdim. Göwni bir ýaly, şol hiňlenip ýatyr. Bu meni samsyjak çaga hasaplaýar. „Çaý getir“ ýa-da „Ýassyk getirden“ başga, meniň bilen çynlakaý, hakyky, meselem, uruş-zat hakynda gürrüň edip bolýandyram öýdenok. Onuň bu pikirini ýalana çykarmagyň teý ugruny tapamok: – Sylap! – Hym-m! – Faşistler bizi ýeňäýermikän-aý? Sylap hiňlenmesini kesgi-de, maňa tarap gaňrylyp seretdi, ýene kellesini aňry öwürdi. Soňrak: –Ýeňmez...– diýdi. – Birden ýeňäýseler nähili borka? – Ýeňmez... – Samsyk... Meniň bu gezek, onda-da şeýle çynlakaý gürrüňde samsyk bolup galasym gelmedi, hötjetligime tutdum: – Aýdaýsan-ow, Sylap! Ýeňäýseler... Şujagaz sowalyma-da jogap alaýsam, gaýdyp Sylapdan zat soramajagym çynymdy. Ýöne Sylap birden syçrap ýerinden galdy, meniň ýakamdan penjeledi-de, sekiden düşürdi. – Ýeňäýselermi?! – Ol meniň aýagyma kakyp goýberdi, zyňlyp honda düşdüm. – Ine, sen-ä şeýderler. Soňam beýderler – Sylap meni turzup, dulugyma ýelmedi, gözlerimden ot çabrap gitdi. – Ine, onsoň saňa agaňdanam haýyr bolmaz, ejeňdenem! Ejemi Sylap oňat ýada saldy. Men: – Waý, eje, Sylap urýar-eý... – diýip, bokurdagyma sygdygyndan zörletdim. Ejem ylgap diýen ýaly daş çykdy: – Nämüçin urýamyşyn ol? – Urýa-a-a... – Biderek gürrüň edýär-ä, eje! – Seň özüň bidereksiň. Güýçli bolýan bolsaň, git-de, başga ýerde – urşa git-de, görkez güýjüňi, ýumruk ýaly oglana el salýançaň... Häliden bäri: „Eje... eje diýýän... dursana!“ diýip, sakawlaýan Sylap dymdy. Biraz salymdan soň ardynjyrady-da, gyryljyk sesi bilen „Görkezerinem!˝ diýdi. Ertir ir bilen oýansak, agamyň ýeri boş dur eken. Ol ýer şol boşlugyna-da galdy. Ýumrugyny düwüp, üstüme abanyp duran Sylaby, frontdan gelen şum habardan ot alyp, „Ah, meniň dilimi sogruň, dilimi...“ diýip, agzyna, maňlaýyna, gursagyna urup, bagyrýan ejemi ýyllar bireýýäm nazarymdan sogrup alyp galdylar. Käte-käteler agam düýşüme girýär, uzaklara bir ýere seredýär-de, „Men bir ýiti orak bolsam-eý-eý...“ diýip, hiňlenip ugraýar. Şeýle düýşlerden soň, hut ejem pahyr ýaly, maňlaýyma, gursagyma urup, bagyryberesim gelýär. ...Agalaryň diňe uruş üçin, orden-medal üçin dünýä inmeýändigini, bir bolmasyz iş bolaýanda-da, olary gyjap azara galmagyň artykmaçdygyny men nireden bileýin, agam! Kömek KULYÝEW. | |
|
√ Tabyt / hekaýa - 17.07.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
√ Hoşlaşyk / hekaýa - 13.09.2024 |
√ Kislowodskide bolan waka / nowella - 25.07.2024 |
√ Möjekler / hekaýa - 26.04.2024 |
√ Halasgär barsyň hamy / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Ýakasy açylmadyk alaça / hekaýa - 20.11.2024 |
√ Umyt – bu dem / hekaýa-esse - 26.01.2024 |
√ Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Meniň ýyldyzym / hekaýa - 07.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |