05:18 Andalyp dil we edebiýat pudagynda | |
ANDALYP DIL WE EDEBIÝAT PUDAGYNDA
Edebiýaty öwreniş
Türkmeniň nusgawy edebiýatynda dürli usullar bilen birnäçe eserler döredilipdir. Şeýle eserleriň arasynda bäş bölekli (hamsa ýa-da bäşleme) goşgy ýörgünli bolup, şu usulda goşgy ýazmak türki edebiýatda ginden ýaýrapdyr. Türkmen şahyrlaryndan bu usula ilkinji bolup Nurmuhammaet Andalyp ýüzlenipdir. Çünki, bu usulda öz şygyrlaryny döreden arap we pars şahyrlarynyň eserleri gowy tanyş bolupdyr. Şonuň üçin hem Andalybyň eserlerinde Sagdy, Hafez ýaly pars şahyrlarynyň şahyrana hyýallaryny we gazallaryny ýatladýan pars sözleri köp gabat gelýär. Munuň özi bir tarapdan sebit medeniýetine degişliligi sebäplidir. Andalyp 5 bölekli goşgulary Alyşir Nowaýynyň, Fizulynyň, Jamynyň we başgalaryň gazallarynyň eýerip ýazypdyr. Mundan başga-da, sözleýiş edebiýatyna ýüzlenip, öz meşhur kyssalaryny poeziýa we proza görnüşinde döredipdir. Nurmuhammet Andalyp türkmen alymlarynyň belli bir toparynyň pikiriçe takmynan 1660-njy ýylda Daşoguz welaýatynyň Könürgenç etrabynyň Garamazy obasynda dünýä inipdir. Şahyryň doglan wagty barada takyk maglumat ýok. Türkmen edebiýatçylarynyň başga bir topary bolsa onuň dogulan wagtyny 1710-njy ýa-da 1712-nji ýyl diýlip hasaplaýar. Olar onuň ölen wagtyny 1740-njy ýyl diýip belleýärler. Andalyp daýhan işleri bilen ýakyndan tanyş bolupdyr. Andalybyň “Jykyr” ýa-da “Duw çarhy” diýen goşgusyny okanyňda, onda oba hojalyga uly höwes bolandygyna göz ýetirýärsiň. Şahyr çarhyň sesi gödek bolsa-da, ony bereketli we rehmetli gural hasaplapdyr: Her säherler nala eýläp, çygyrýar şeyda bolup, Aýlanar ýüz nagma birden bilbil göýä bolup. Kölçe-kölçe ýerlere rehmet suwy derýa bolup, Rehmetinden gögerer jümle nebatat jaý bolup, Haktagalla zekrin aýdar, gijeler efgan jygyr. Nurmuhammet Andalyp öz eserlerinde folklor temasyny ulansa-da, söýgi meselesini hem ünsden düşürmändir. Şahyr öz şygyrlarynda arap we pars sözlerini köp ulanypdyr. Bu sebäpden arap we pars diliniň sözleri bilen tanyş bolmadyk adamlara onuň goşgularyna düşünmek kyn bolypdyr. Nurmuhammet Andalybyň eserleri esasan şulardan ybarat: «Leýli- Mežnun», «Ýusup-Züleýha», «Zeýnelarap», «Sagdy-Wakgas». Bu eserlerden başgada «Oguznamany», «Nesimi risalasyny», we «Babaröwşeni» goşmak mümkin. Käbir edebiýatçy alymlar Andalybyň «Babaröwşen» atly eserini Mollanepese degişli edýärler. Meselem, Ahundow Gürgenliniň we taryhçylaryň gözleglerinden we tankytlamalaryndan soň, «Baba Röwşen» eseri Andalyba degişli edilýär. Görşümiz ýaly, kyssa ýazmak döwri Andalypdan soň Mollanepesiň “Zöhre we Tahyr” dessany bilen tamamlanýar. Andalybyň uly hyzmatlarynyň biri edebiýatda edebidili halkylaşdyrmakdyr. Andalyp kyssalarynda we şygyrlarynda sada halk dilini ulanmak mümkinçiligini «Leýli we Mežnun» we «Ýusup we Züleýha» dessanlaryny döretmek bilen subut edipdir we geljekki şahyrlar üçin bu usuldan ugur almakda görelde bolupdyr. Nurmuhammet Andalyp dini mowzukly we sýužetli dessanlary hem ýazypdyr. Onuň «Baba Röwşen» we "Zeýnelarap" dessanlary şeýle eserlere degişlidir. Bu eserlerde yslam iň bir beýik we dogry din hökmünde berilýär. ‘Türkmen dilindäki gadymy çap kitaplaryň sanawlary” kitapda Nurmuhammet Andalybyň çap we neşir edilen eserleri barada şeýle aýdylýar: Andalybyň eserlerini neşir etmek XIX asyryň ahyrynda başlanypdyr. 1896-njy ýylda Daşkendiň W.M.Ilin çaphanasynda birinji gezek “Zeýnelarap” dessany neşir edilipdir. Türkmen alymlary A.Mülkamanow, G.Nazarow, M.Çaryýew, Çerkez Ownugyň kömegi bilen “Nurmuhammet Andalybyň, saýlanan eserleri” atly eseri arap elipbiýinde türkmen dilinde çapa taýýarlapdyrlar. Onuň «Baba Röwşen» dessany 27 gezek, 20 gezek Daşkentde, 5 gezek Buharada we bir gezek Samarkantda neşir edilipdir. Andalybyň ikinji bir köp neşirli eseri “Zeýnelarap” dessanydyr. Bu eser 1896-njy ýyldan tä 1916-njy ýyla çenli 13 gezek neşir edilipdir. Eser bäş gezek Daşkentde, 5 gezek Buharada we bir gezek neşir edilen ýeri görkezilmän çap edilipdir. «Ýusup we Züleýha» dessany 8 gezek XX-nji asyryň başlarynda neşir edilipdir. Bu eser bir gezek «Ýusup we Züleýha» ady bilen we 7 gezek “Türki Ýusup we Züleýha” ady gilençap edilipdir. Neşiriň sekizisinden dördüsi Buharada, 3 gezek Daşkentde we bir gezek Samarkantda neşir edilipdir. «Leýli we Mežnun» dessany 1910-njy ýyldan tä 1916-njy ýyla çenli 4 gezek neşir edilipdir. Bu sandan eser 3 gezek Daşkentde we bir gezek Andijanda çap edilipdir. “Dahme we Şahan” we “Sagdy-Wakgas” ýaly şygyr zanrynda ýazylan eserler bir gezek Daşkentde 1909-1916-njy ýylynda neşir edilipdir. Soňky ýyllarda Nurmuhammet Andalybyň eserlerini ýygnamak, neşir etmek we şahyryň kyssalaryny tanyşdyrmakda uly tagallalar edilýär. Türkmenistanda Nurmuhammet Andalybyň doglan gününiň 325 ýyllygy mynasybetli geçirlen dabarada şahyryň dürli eserleri, hususanda «Oguznama», «Sagdy-Wakgas» we «Nesimi» ýaly eserleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berildi. 2011-nji ýylda Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynda Nurmuhammet Andalyba bagyşlanyp halkara ylmy maslahat geçirildi. Maslahatda şahyryň goşgulary we dessanlary barada şahyrlar, taryhçylar we terjimeçiler çykyş etdiler. Şahyryň eserler ýygyndysy çap edildi we dürli dillere terjime edildi. Andalybyň eserleriniň pars diline terjimesi hem ilkinji gezek neşir edildi. Seýýid Mehdi HÜSEÝNI, (Eýran). # Eýranyñ "Haweran" žurnaly, 2014 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |