17:17 Ärhasan | |
GÖROGLYNYÑ ÝIGITLERI
Taryhy şahslar
▶ ÄRHASAN "Görogly" eposynda Göroglynyñ ýigitleriniñ içinde Handan batyryñ, Taýmaz begiñ, Ärhasanyñ obrazlary beýleki ýigitleriñkä garanda has durnukly berlipdir. Makalamyzyñ bu sanynda ýokarda ady geçen üç batyryñ iñ soñkusy Ärhasan barada durup geçeliñ. Ärhasan söweşde bişişen, gaýduwsyz ýigitleriñ biridir. Ol şol bir wagtyñ özünde Göroglynyñ ogullygydyr. Aslyýetinde bir demirçi ussanyñ ogly bolan Ärhasan ata-enesi ýogalandan soñ, Çandybile gelip Göroglynyñ gullugyna durýar. Ärhasanyñ yhlasyna, merdanalygyna syny oturan Görogly ony özüne ogullyk edinýär. Ärhasanyñ Göroglynyñ beýleki ogullygy Öwezden bir tapawutly artykmaçlygy bar. Öweziñ mahal-mahal Görogla arkasyny öwrüp, bigänelik edäýmesi bar. Emma Ärhasan beýle däl. Ol Göroglynyñ ýigitleriniñ iñ ýaşy bolsa-da, Görogla bolan wepalylygyny, söweş meýdanynda birgiden goşuna garşy bir özüniñ at salyp duşmany gyran-jyrana salşyny göz öñüne getirip, Ärhasany hiç bir gypynçsyz Handan batyr ýaly söweşjeñ ýigitler bilen bir hatarda goýmak bolýar. Göroglynyñ "Megerem, senden bir zat çyksa gerek" diýip uly umyt bildiren Ärhasany özünden edilen ynamy añryýany bilen ödeýär. Oll Arzylum (Erzurum) ýurdunyñ patyşasy Hasan şanyñ gyzy Tellihany düýşünde görüp, ýalñyz özi ony almaga rowana bolşy hem onuñ garadangaýtmazlygyndan, çaksyz batyrlygyndan habar berýär. Hatda ogullygyny ýeke goýbereni üçin özüni tanatman öñünden çykan Görogla-da "Senden gaýdan namart bolsun!" diýip dyzamakdan çekinip durmaýar. Eposda Ärhasanyñ Tellihan bilen bile 40 müñe golaý goşuna iki bolup söweşişleri, ýa-da onuñ bir okda çynary kökünden goparyşy real hakykatlara gabat gelip durmaýanam bolsa, onuñ batyrlygyny wasp etmekde ýokary fantastik-çeperçilik serişdesi bolup durýar. Eposda Ärhasan merdanalygy bilen bir hatarda juda görmegeý ýigit edilip suratlandyrylýar. Sebäbi Arzylum galasynyñ Agazaman atly derwezebany bilen gürleşip duran ýigidi gören şol derwezebanyñ gyzy Dilha ony bir görenden "Eý, töräm, meni alyp gidiñ!" diýip, onuñ atynyñ jylawyndan uşlap duruberýär. Tellihanyñ yşkynda ýurt aşyp gelen Ärhasan aldap-ogşap zordan onuñ deñesinden geçýär. Ärhasan bilen Öwez Göroglynyñ goşa ganaty. Bu üçüsi ata çykyp, gylyç syranlarynda, duşmanlar "ahyrzamanyñ" indigi diýip düşünýärler: "Aždarha kimin agzyn açyp, Iki ogly bilen gelýär". Ärhasan Görogludan öwrenen söweş tälimlerini ulanyp howply duşmanlaryñ biri bolan Hasan şanyñ goşunyny derbi-dagyn edýär. Tellihanyñ: "Şu çynary ýykyp taşla, Gurban bolsun janym saña" - - diýen sözi üçin bir okda uly çynary düñderip taşlaýar. Bu synag Ärhasanyñ ýokary derejeli harby ussatlygynyñ bolandygyna güwä geçýär. Eposyñ "Ärhasan we Tellihan" şahasynda Ärhasanyñ mertlik, gaýduwsyzlyk häsiýetleri bütin aýdyñlygy bilen ýüze çykarylýar. Hasan şanyñ "ýakasy gaýyşly" serkerdelerinden bolan Garamanyñ: "Garaman beg diýrler meniñ özümi... Uşlap alyp, oýdurar men gözüñi" - - diýen haýbatyna sarsman, gaýtam oña garşy okdurylyp: "Artyk söz gerek däl, ynha meýdanyñ, Hetdiñ bolsa gel meýdana, Garaman!" - - diýşi-de, onuñ görmegeýligi bilen bir hatarda türkmene mahsus gerçek ýigit bolandygyny görkezýär. "Ärhasan we Tellihan" şahasynyñ "Gorkut atanyñ" boýlaryna çalym edýän az däl. Mysal üçin Tarabuzan hanynyñ gyzy saryja donly Sylyjan hatynyñ Hantöreli bilen birlikde atasy tarapyndan yzyndan kowgy üçin ugradylan leşgere at goýşy we söweş meýdanyndaky wakalar bilen Tellihanyñ Ärhasana goşulyp atasyna garşy jeñ meýdanyna at salyşy ýaly birmeñzeş epizodlar iki eserde-de gaýtalanýar. (Seret: "Gorkut ata" eposy, "Türkmenistan" neşirýaty, Aşgabat-1990, 105-118-nji sahypalar). Eposda Ärhasanyñ Zöhre atly bir siñlisiniñem (uýasy) bolandygy barada agzalýan ýeri bar. Haçan-da Ärhasan Hasan şanyñ leşgerine garşy söweşip agyr ýaraly halda tapdan düşeninde, şol gün agşam Zöhre ony düýşünde görýär we gören düýşüni Görogla habar berip, ony kyrk ýigidi bilen doganynyñ yzyndan ugradýar. Ärhasan Göroglynyñ iñ ynamdar ýigididir. Sebäbi Görogly ony Arzyluma ýola salanda öz aty Gyrata atlandyryp goýberýär. Hezreti Magtymguly atamyzyñ: "Hile hem batyrlykdyr ýerinde, Ony başarmaga kişi gerekdir" - - diýşi ýaly, onuñ Agazaman derwezebany "gala salsañ, bir tylla berjek" diýip, aldap galanyñ içine girýän pursaty bar. Şeýle-de bolsa, ol galadan oljasy oñup yzyna çykyp barýarka, pukara goja gözi düşüp oña nebsi agyrýar we bir gysym tylla eçilýär. Gepiñ keltesi, Leke şanyñ gyzy Gülruhy Öweze alyp beren Görogly, Hasan şanyñ gyzy Tellihany-da Ärhasana berilmegini gazanýar we iki arada ganly söweşiñ bolandygyna garamazdan iki tarapam garyndaşlyk-gudaçylyk gatnaşygyny açýarlar, şeýdibem ýaşlar öz arzuw-myradyna ýetýärler. Häzirki döwüriñ ýaşlaryny watansöýüjilik, ygrarlylyk, merdanalyk, päk söýginiñ ugrunda göreşmek we tutanýerlilik ýaly belent maksatly häsiýetler bilen ösdürip ýetişdirmeklik üçin Ärhasanyñ obrazy nusgalyk keşpleriñ biri bolup durýar. Taýýarlan: Has TÜRKMEN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |