17:21 Sapar Köse | |
GÖROGLYNYÑ ÝIGITLERI
Taryhy şahslar
▶ SAPAR KÖSE ■ "Ol merdiñ ogludyr mertdir pederi..." Türkmen halkynyñ şan-şöhratly taryhynda edermenlikde, mertlikde, merdanalykda watansöýüjiligiñ ýokary nusgasyny görkezip, halkymyzyñ hakydasynda baky galan ärlerimiziñ ady barmak büküp sanardan köpdür. Türkmen ýigidiniñ nusgalyk keşbi öz gezeginde edebi ýadygärliklerimizde giñden beýanyny tapypdyr. "Gorkut atada" Bamsy Birek, Däli Dönder, Gyryk Gynyk, Gara Çöññür, Bugaç han, Bugra beg, "Göroglyda" Sapar Köse, Handan batyr, Ärhasan, Taýmaz beg, Dowly beg, Sapa beg, Wepa beg, Ärarslan, Çadyrçy ogly, Depel batyr, Nuraly... ýaly birnäçe obrazlary içgin öwreneniñde, halkymyzyñ şuglaly geçmişi göz öñüñde doly janlanýar duruberýär. Şular ýaly nusgalyk keşpleriñ ýaşlaryñ añynda dikeldilmegi özgerip barýan dünýämiziñ öz köklerine mäkäm saralyp galmagy üçin diýseñ wajyp işdir. Ýaş ýazyjy-şahyrlarymyz gelejekde döretjek eserlerinde şu nukdaýnazardan ugur alyp, eser döretseler, onda milli öwüşginli edebi we medeni binýadymyzyñ sagdyn sütünleriñ üstünde mäkäm ornaşjakdygyna tüýs ýüregimiz bilen ynanýarys. Nobaty bilen ýokarda ady geçen we geçmedik ýarym çeper, ýarym taryhy obrazlaryñ hersi barada aýratynlykda durup geçeris. ■ Göroglynyñ kyrk ýigidi Sapa Köse barada gürrüñe başlamazdan öñ milli duýgularymyzyñ iñ kämil nusgada beýan edilen edebi ýadygärligi bolan "Görogly" eposyndaky "Kyrk ýigidiñ" obrazy barada gysgaça durup geçeliñ. "Kyrk" diýen sözüñ özi türkmen dilinde diñe "40" sany añlatmaýar. "Kyrk" - munuñ özi, şol sanda eposdaky "40 ýigit", sözüñ doly manysynda ýigitleriñ san taýdan jemi bolman, eýsem Watanynyñ goragynda durýan ýigitleriñ ählisini öz içine alýan, köplügi añladýan epiki sandyr. Göroglynyñ ýigitleri öz halkynyñ ykbalyny çözýän aldym-berdimli söweşlerde gahrymançylyk görkezip, aýgytly rol oýnaýarlar. Kyrk sözüniñ dolulygy, kämilligi añladýandygy baradaky sözümizi diniñ taryhynda bolup geçen bir waka bilen delillendireliñ. Köpüñiziñ bilşiñiz ýaly, müşrikleriñ yzarlaýandygy üçin ilkibaşda musulmanlar namaz-ybadatlaryny gizlinlikde edipdirler, musulmançylygy kabul edenler hem ynanjyny gizlemäge mejbur bolupdyrlar. Emma Hezreti Omaryñ (r.a) musulmanlygy kabul etmegi bilen musulmanlaryñ sany kyrka ýetýär. Üns beriñ, bärde bir adamyñ artmagy hiç zady añladanok. Emma Hezreti Omar (r.a) ýaly adamyñ yslamy kabul etmegi we başga-da heniz biziñ düşünmejek syrlarymyzyñ jemlenendigi üçin Hezreti Pygamberimiz (r.a) mundan beýläk gizlinlikden el çekilýändigini, yslamyñ aç-açan wagyz ediljekdigini yglan edýär we ähli musulmanlar jem bolup Mukaddes Käbede müşrikleriñ gözüniñ alnynda namaza durýarlar... Kyrk sany ýaş we akyl taýdan doluşan adama baha berilende hem ulanylýar. "Kyrkdan soñ pyrk" diýip, kyrk ýaşasa-da akly goýalyşmadyk adama diýilýär. Hezreti Magtymgulyda hem: "Jahyllykda eden işleñ geñ görner, Kyrkyñdan soñ aýyl bolsa adamzat" - - diýen setirler bardyr. Şonuñ üçin "Görogludaky" kyrk ýigitler diýilende, diñe Göroglynyñ emrindäki kyrk ýigit göz öñüñize gelmesin. Eposdaky kyrk ýigit türkmeniñ merdana ýigitleriniñ ählisiniñ nusgalyk keşbidir. ■ "Indi habary kimden al, Sapar Köseden al!" Göroglynyñ kyrk ýigidiniñ arasynda Sapar Kösäniñ (Sapar Märem hem diýilýär) obrazyna aýratyn uly orun berlipdir. Eposda beýan edilişine görä, Sapar Köse Göroglynyñ özündenem ýaş boýunça ep-esli uly bolmaly. Ol ilki Göroglynyñ kakasy Ady begiñ hyzmatyny hem edýär. Sapar Köse Göroglynyñ ýok wagty onuñ ýigitlerine kethudalygam edýär. Ol köp gowgalary başyndan geçiren adam. Şeýle-de ol degişmäni, toý-şagalañy gowy görýär, baran ýeri-de ala-ýaz. Şoña görä eposda Sapar Kösäniñ keşbi satiriki äheñde berilipdir diýip aýtmak bolýar. Onuñ obrazy arkaly eposyñ süññüne halk ýumory siñdirilipdir. Sapar Kösäniñ özboluşly wäşiligi, kinaýalyja sözleri okyjyda (diñleýjide) ýatdan çykmajak täsir galdyrýar. "Indi habary kimden al, Sapar Köseden al!" diýildigi, eýýäm bir mylaýym gülküniñ üstünden barjagyñy öñünden añýañ. Eposy okanda ýene bir zat ünsüñi çekýär. Ýigit öýlenende, gyz çykanda, nika gyýmaklyk molla-müftilere däl-de, Sapar Kösä ynanylýar. Onuñ Gürjüstanyñ patyşasy Leke şanyñ gyzy Gülruh bilen Göroglynyñ ogullygy Öweziñ nikasyny gyýanda mollalaryñ, kazylaryñ nika gyýanda alýan muzdy 500 tümen tylla diýip, Göroglyny "kesjek" bolşy, hem-ä Sapar Kösäniñ özboluşlyja keşbini görkezýär, hemem çuñ manyly aforizmalaryñ üsti bilen peýdakeş molla-müftileriñ betnebisligini paş edýär. Sapar Köse Görogla-da ýeri gelende aýdanyny etdirip bilýän adam. Gerek ýerinde, başyna iş düşende Görogly elmydama ondan maslahat alýar, pendini diñleýär. Sapar Kösäniñ orny we hormaty diñe Göroglynyñ ýanynda däl, kyrk ýigidiñem, Agaýunus periniñ ýanynda-da uly. "Sapar Märem kyrk ýigide ýaz idi, Daglaryñ peleñi algyr baz idi" - diýen setirler Sapar Kösäniñ ornunyñ nähili derejede belentligini açyk görkezip duran setirlerdir. Her bir adamda bolşy ýaly Sapar Kösäniñem kemçilikleri, ýetmez häsiýetleri, gowşak taraplary bar. Özem bu gowşak taraplar eposda okyjylar üçin juda gyzykly görnüşde berlipdir. Mysal üçin, Görogly galadan çykan badyna Sapar Köse ýigitlerine: "Soñuny gören ýok, depiñ Genjimiñ sürüsine!" diýip, "Han özi, soltan özi" bolup, Görogly dolanyp gelýänçä, Genjimiñ hasabyna iýip-içýär, kyrklar bilen şagal mesligini edýär, urdumşalyk guraýar. Kämahal onuñ ýörişlerden sypjak bolup, hykgy-çokgy edýän we "çakyzasynyñ tutýan" wagtlary-da bar. Bular ýaly sypjyklyk eden ýerinde serkerde hökmünde Görogly oña gamçy jezasyny berýär. Her niçikde bolsa, gojalşan adamyñ dert-azarynyñ boljakdygy, özem munuñ Sapar Kösäniñ obrazynda ýumora salnyp berilmegi diýseñ ynandyryjy gelýär. Sapar Kösäniñ keşbini dolulygyna suratlandyrmak giñişleýin ylmy işi, göwrümli çeper eserleri, sahna eserlerini we kinofilmleri talap edýär. Biziñ bu gysgajyk makalamyz bu wajyp işleriñ edilmeginiñ gerekdigine düşünip, nämedir bir zatlary etmek isleýänleriñ ünsüni çekmek maksady bilen ýazyldy. ■ Peýdalanylan edebiýat: 1). "Görogly", (türkmen gahrymançylyk eposy), "Türkmenistan" neşirýaty, Aşgabat-1990; 2). Porjan Kiçigulow "Görogly hakynda söhbet", "Türkmenistan" neşirýaty, Aşgabat-1978. Taýýarlan: Has TÜRKMEN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |