22:07 Asmanda galgan ýaglyk / hekaýa | |
ASMANDA GALGAN ÝAGLYK
Hekaýalar
Nurana, biz seniň bilen uniwersitete okuwa bir günde, bir ulaga münüp gaýdypdyk. On ýyllap bir mekdepde, bir synpda okapdyk, bir partada oturypdyk. Sen gyzlaryň soltany, iň gözeli, iň mylaýymy, iň şirin sözlüsi hem alçagydyň. Bu, belki diňe meniň gözüme şeýledir. Biz ikimiz sapaklarda kän jedele girerdik. Saňa fonetika, morfologiýa taýdan sözlemleri derňemek kyn düşse, meni matematiki derňewlerden baş alyp çykmak meselesi kösärdi. Şonuň üçinem biziň birek-birege ýardam eden gezeklerimiz kän bolardy. Döwlet synaglaryna taýýarlyk günleri diýsene. Hamala, biziň okuwdan başga işimiz ýok ýaly, sapakdan soňam wagty bilen öýe gaýtmaly diýmezdik. Ýatlasaň ýatlap oturmaly. Bu ýagdaý biziň uniwersitete okuwa giremizsoňam dowam etdi. Köplenç sapaklara bir ýerde, bir kitaphanada, belli wagtda taýýarlanardyk. Onsoň hemmeler bize ekiztaýydyr öýderdi. Bir umumyýaşaýyş jaýynda ýaşadyk. Biz oglanlar jaýyň birinji gatynda, siz gyzlar bolup ikinji gatda ýerleşdiňiz. Bir günem, ýaňy okuwa başlan döwrümizdi: “Haýyrly, çekinmegin, kirlän köýnekleriň bolsa getiräýgin, ýuwup, ütükläp bereýin, kyn göremok” diýipdiň. Wah, ”Oglan uýaldy, öldi” diýilmänmi. Meniň utanjaňlygym, çekinjeňligim bardy. Muňa senem beletdiň. Ne bor diýdim, ne-de bolanok. Ýöne seniň bu sözleriňe welin, ynan, depäm göge diräpdi, nädip minnetdarlyk bildirjegimi bilmän, uly buýsanç bilen baş atypdym. Şol pursatdan başlabam, saňa artyk azap bolmaýyn diýdim-de, birentek oglanlar ýaly, menem öz eşiklerimi özüm ýuwup, özümem ütüklemegi endik etdim. Ýadyňdamy, her ýylyň güýzünde talyp ýaşlar bolup Tejeniň babadaýhanlaryna pagta ýygyşmaga kömege barardyk.”Gel ýaryşsaň, pagtaçy!” diýäge-de, kim köp ýygmaşak edip ýaryşardygam. Iki ýylyň tejribesini çagalaryň tomusky dynç alyş lagerlerinde körpelere göz-baş hem bolup geçiripdik. Ählisinde-de men seniň ýanyňda, edil kölegäň ýaly bolup gezipdim. Biz barha ysnyşypdyk. Biziň iýenimiz aýra gitmezdi. Yzymyzdan gelen gowurmadyr tamdyr çöreklerinem deň paýlaşyp iýerdik. Bu ownuk zatlary diliňe çolamalam däl welin, ýöne, ynan bu günki günde seniň bilen bagly her bir owunjak zatlar hem meniň üçin ullakan bir ýakymly ýatlamalara öwrüldi. Talyplyk ýyllarymyz ýyldyrym çaltlygynda geçip gitdi. Şol wagtlar aý-günüň haýal geçmegini, seniň bilen şatlykly-şadyýan geçiren günlerimiň uzak wagtlap dowam etmegini isleýärdim. Seni görmedik günüm ýüregim takat tapmazdy. Ýoldaşlarymyz hem biziň bu gatnaşygymyzyň soňunyň yşky söýgä ýazandygyna az begenmändiler, bizi birek-birege mynasyp görüpdüler. Şeýle süýjülikli gatnaşygy ýüzlerine sylardylar. Şonuň üçinem toý gününiň barha golaýlaşýanlygyna bizden beter sabyrsyzlyk bilen garaşýardylar. Men käbämi-de habarly edenim şonuň üçindi. Biziň aramyzda şäher ýerinde önüp-ösen, hemişe ýany pullyja, okuwyna-da ulagly gatnaýan gurply ýeriň oglanlaryndanam iki-ýeke okaýanlary bardy. Olaryň birine Gurt diýýärdiler. Onsoň ýetirinip bilmeýän oglan-gyzlaryň köpüsi stipendiýa çenli Gurtdan karzyna pul alýardylar. Gurt gedemdi, ulumsydy, aşa gaharjaňdy, adamyň göwnüne degmegi hiç zatça görenokdy. Şeýle bolansoň aramyzda onuň bilen sulhy alyşýan oglanlar az-azdy. Ol hemişe atyny ýeke çapýar diýilýänlerdendi, etjegi içindedi. Şol bolşuna, dynç günlerinde talyp gyzlary öz ulagy bilen şähere aýlamaga-da, agşamyna olary kinodyr teatrlara äkitmäge-de yrmagy başarardy. Ana, şeýle günleriň birinde-de... men seni Gurduň ulagynda gördüm. Ganym lasyrdap gaýnady. Seni gören gözlerim hanasyndan çykara geldi. Dogrusy, men senden beýle zada garaşmandym. Şonuň üçin seniň bilen häziriň özünde egri oturyp, dogry gürleşmeli diýen karara geldim. Agşama çenli gaharymy ýuwdup, zordan diýen ýaly saklandym. “Gaharyny ýuwdan batyr” diýlerdi. Soňam seniň geljek ýoluňda dikilgazyk bolup oturdym. Haýp, birhaýukdan soň saňa derek Gurt geldi. Ol gele-gelmäne şol öňki gopbamlygy bilen üstüme süründi: - Kime garaşýaň, Haýyrly? Nuranamy? Tamaňy tala daňaý. Gaýdyp Nurana ýanyňa gelmez. Ol meniňki. Seniňem onuň ýanyna baranyňy görmäýin. Aý, onsoňam, meňki bir aýtmak, janyňa haýpyň gelsin. Birdenkä “Haýyrly, ýaňam aýatda diridi” diýen bolgusyz gepe galaýmalyň. Men muňa äm-säm bolup galypdyryn.Ýüregim çat açan ýaly boldy, gürsüldäp urdy, böwrümi ýakymsyz sanjylar gaplap aldy. Barybir, seniň özüni görmesem, ynjaljak däldim. Men Gurda ýagşydan-ýamandan hiç bir zat diýmedim, asyl diýibem biljek däldim. Diýemde-de häzir ol meni diňlejek adama meňzänokdy, başky gahar-gazaby bilen ulagynyň gazyna basdy. Tot-tozana garylyp gitdim. Barybir, men seni görmelidim, nämäniň bolup geçýänini seniň hut öz agzyňdan eşitmelidim. Dogrusy, şol agşam umumyýaşaýyş jaýynda saňa duşdum. Ýöne maňa hemişekileriň ýaly bu gezegem oňly ýüz bermediň. A men bolsam: - Nurana, Gurduň maňa näme diýýäninden habaryň barmy? “Gaýdyp, Nurananyň ýanyna barma, görünme” diýýär. Bu haýbatmy ýa...—diýip, ýanyňa bardym. Gaýta senem şonda maňa göwündarlyk bermegiň ýerine tosaň-tosaň etdiň-de: - Isle haýbat diýip düşün, isle-de haýyş. Ýöne Gurt aýtsa dogrudyr, sen gowusy, biziň ikimizdenem daş dur!—diýip, ýüregimi paraladyň. - Nurana, saňa näme boldy? Men seni janymdan... Sen şonda meniň ozal aç-açan ýüzüňe aýdyp bilmedik sözlerimi diňlemelidiň, diňlemediň, şol ýerde içimi tutup galypdyryn. Ýüregimdäkimi aýdyp bilmänime uzakly günläp örtenip gezdim. Şol günüň ertesem öýmüzden hat aldym. “Oglum, Nurana bilen araňyzda nämeler bolup ýör?—diýip, başlanýan ejemiň ýazan bu haty diýseň ýürek tolgundyryjydy.-- Arada Nurana öýlerine bir günlük gelen eken. Menem ony eşidip, kakaň şol günki soýan janlysyndan döşüni, süýji-köke, başga-da odur-budur bilen olara görme-görşe baraýmanmy? Güler ýüz bilen garşylamag-a beýle-de dursun, gaýtam ejesine elten zatlarymy aldyrman, durşuna yzyna gaýtartdy. ”Bu näme etdigiň boldy, gyzym?” diýdim. ”Biz hiç kimiň zadyna mätäç däl” diýip ýüzüni sortduryp gepledi. Men-ä oglum gyzyň bolşuna düşünen däldirin. Ozalky mylaýymlygam ýok. Araňyza tow düşdümi, ýa şeýtan, dawa-jenjel etdiňizmi? Şeýledirem öýtdüm-le. Şunça ýyllap halaşyp ýören gyzyňdan el çekseň, saňa il-gün näme diýer? Nädip adamlaryň gözüne serederis? Bu seniň namartlyk etdigiň bolmazmy? Biziň bolsa zatdan habarymyz ýok, okuwyňy tamamladygyňyz başyňyzy birikdireris öýdüp, toý şaýyny tutup ýördük. Munuň sebäbini onuň ejesem bilenok. Men-a aglaplar gaýdandyryn...” Men käbämden gelen haty epleşdirip, jübüme salanymda, uludan ah çekenim ýadyma düşýär: ”Hawa, eje, sen mamla. Nurananyň persi üýtgäpdir. Ondan garaşýan tamam çykmady. Ol altyn-kümşüň, ulagyň, şäher durmuşynyň, ýeňil eklenjiň aşygy eken, a mende bolsa ol zatlaryň hiç haýsysy ýok, sadaja kalbym bilen söýýänje aşyk ýüregim bar”. Hawa, sen hemmeleriň gözüniň öňünde üýtgediň. Şol günden başlap men senden ömürlik jyda düşenime düşünip galdym. Okuwymyz ahyrlapdy, sen bolsaň umumyýaşaýyş jaýyndan ymykly çykyp, Gurduň yzyna düşüp gitdiň. Seni Gurduň ene-atasynyň nähili garşylanyny bilmedik. Ýöne seniň bu zatlar piňiňe-de däldi, okuwlaryňa-da Gurt bilen bile ulagly gatnanyňy özüňe bagt bildiň. Soň saňa şol öýe ymykly gelin bolup barypsyň diýip eşitdik. Düzüwli toý-beýlekiňem bolmandyr. Diplom gowşurylyşynda-da başyndaky öýmäni çümre geýip, töweregiňdäkiler bilen seriň bolmady. Sen şonda Gurduň tabşyrygy bilen hereket eden bolmaly. Bu ýerden dessine gitmek bilen bolduň.Ýogsam, hany seniň mydamky alçaklygyň, hany seniň şähdaçyklygyň. Diplomyňy alansoň, howul-hara sagbollaşdyň-da, baryp Gurduň ulagyna mündüň. Ulag ýerinden gozgananda, onuň açyk aýnasyndan başyňdaky öýmäň ujy adaja şemala galgap-galgap gidenine gözüm düşdi. Göwnüme bolmasa, şol ýaglyk maňa garap: ”Hoş gal, bagtym!” diýip dil açan ýaly bolup göründi. Şol öýme ýalyk, ulagyňyz tä gözden ýitýänçä, galgady durdy, galgady durdy. Men şonda ähli zady unudypdyryn, hatda yzyňdan delmuryp, naýynjar garap durşuma içimdäki oý-pikirimi daşyma çykaranymy-da duýman galypdyryn: “Sen meni söýmänsiň, Nurana. Men seni söýüp, ýalňyşypdyryn. Sen meni bagyşla. Söýmedige süýkenipdirin. Öňde bir dana dogry aýdypdyr: “Söýeniňi alma, seni söýeni al”. Men akmaklyk edipdirin. Şunça ýyllap tirkeşip, sende asyl söýgüden ýüz öwürmäge, ony basgylamaga, niçe ýyllaryň yşkyň ataşyny sähel salymda söndürmäge ukyply doň ýüregiň barlygyny bilmändirin. Haýp, meniň seniň öňünde diňe ejizlänim galdy”. Bar bolany, şodurda-şodur, gaýdyp men saňa duşmadym. Dogduk obama gaýdyp geldim. Ikimiziň on ýyllap okap, bilim-terbiýe alan orta mekdebimizde işe başladym. Obadaşlaryň çagasyna bilim-terbiýe bermekden uly bagt ýok eken. Ata-enemiň guda bolan ýerindenem öýlendim, maşgala gurdum.Ýöne heniz-henizlerem seniň soňky görenimdäki münen ulagyňdan asmanda galgan ýaglygyň göz öňümden hiç gidenok. *** Aradan ýyllar tirkeg-tirkeg bolup geçip gitdi. Çagalar ese-boýa galyp, özbaşdak durmuşa gadam basdy. Ine, bir günem... Başky ojagyny terk eden orta ýaşly bir aýal söm-söýek halyna, oba gaýdyp geldi diýdiler. Ýüzüne seredip halyny sorabermelimişin. Wagtyndan ir saralyp solan nurly ýüzüniň mähir-mürewweti gaçyp, ondaky sansyz-sajaksyz gasynlardyr ak gara bürenen şarmar saçlar, gyşyk-çaýşyk bolup somalyşyp duran alyn dişler bu naçaryň köp çarşenbäni başyndan geçen hupbatly wakalaryndan zatlary habar berýärmişin. Görlüp oturylsa, ol aýal Nurana, sen bolup çykdyň. Birmahalky gözelligiňden, görmegeýligiňden nam-nyşan galmandyr. Bal iýip, ýüpek geýene asla meňzäňok. Sen ony hiç kesden gizlejegem bolaňok. Goňşy-golamlary töweregiňe üýşürip täleýiňden zeýrenýäň. Ilki söýgiňe ikilik edeniňe ýürekden ökünýäň. Mundan buýana obadaky ene-ataňdan galan hütdük jaýlarda ýaşaýmasaň, başga gidere ýeriň ýoklugyny hem olara aglap-aglaplar gürrüň berýäň. Arman, indi seniň durmuşyň hiç kesi gyzyklandyranok. Her kim öz iş aladasy, öz maşgalasy, hojalygy bilen gümra. Muňa durmuş diýerler. Durmuşda bolsa her bir zadyň öz wagty, öz hasaby, öz çägi-çelgisi bar. Oňa boýun bolmazlyk asla mümkin däl. Çünki, geçen günler gaýdyp gelmeýär, yza dönme ýok. Goçy ANNASÄHEDOW. | |
|
√ Ketenini ysgamadyk armanlar... / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Güýz ýapraklary düşende / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Tabyt / hekaýa - 17.07.2024 |
√ Garagumda / hekaýa - 09.03.2024 |
√ Jan / hekaýa - 08.03.2024 |
√ Şeýtany öldüren / hekaýa - 08.11.2024 |
√ Seniň baryňda / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Ilkinji gözýaş / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Datly dilli talyp / hekaýa - 12.07.2024 |
√ Jüren / hekaýa - 07.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |