18:54 Aý hakynda täsin maglumatlar | |
AÝ HAKYNDA TÄSIN MAGLUMATLAR
Geň-taňsy wakalar
- Ýer togalagynyñ ýeke-täk tebigy hemrasy bolan Aý Gün sistemasynyñ iñ uly bäşinji hemrasydyr. Ýere iñ ýakyn saýýaralardan bolan Aý bizden takmynan 384.403 km daşlykda ýerleşýär. - Alymlaryñ aýtmagyna görä, Aýyñ mazamlar ýaly o diýen bir gowy taryhy gelip çykyşy ýok. Orta atylýan pikirler Aýyñ 3-5 milliard öñ uçursyz uly partlama netijesinde haýsydyr bir saýýaradan gopup emele gelendigini aýdýar. - Aý aslynda togalak däl, ýumurtga şekilli. - Aý 2,5 milliard ýyl öñ Ýere häzirki duran ýerinden has ýakyn eken we şol sebäpli häzirkisinden has uly görünipdir. - Aýda atmosfera gatlagynyñ ýoklugy üçin Aýyñ howasynyñ gyzgynlygy 150°-a ýetýär. - Gün sistemasynda ýerleşen iñ uly krater Aýdadyr. - Aýa 2018-nji ýyla çenli bary-ýogy 12 adam aýak basdy. - Aýyñ bütin gatlagy regolit diýilýän ezilen we tozgalaşan gaýa gatlagyndan döräpdir. - Aýda haýsydyr bir howa ýagdaýynyñ ýoklugy üçin ol ýerde galan aýak yzy millionlarça ýyl saklanyp bilýär. - Aýda dartyş güýji azlygy üçin eger Ýerde 90 kg bolsañyz, Aýda agramyñyz köp bolsa 15 kg bolýar. - "Sowuk uruş" döwründe amerikan jeñbazlary Aýda bir atom bombasyny ýerleşdirip, ony partlatmagy hem meýilleşdiripdi. Munuñ sebäbi bolsa, SSSR-e "göz görkezmekdi". - Aýda atmosfera ýoklugy üçin gije-gündiz diýen zat ýok. - Ýer Aýdan 81 esse agyrdyr. - Aýda waý-faý (Wi-fi) ýok. Häzirki waý-faý Ýerden dört gyzylötri teleskop bilen yşyklandyrylan ýol arkaly üpjün edilen. - Aýda ilkinji bolup golf oýnan Alan Şepard atly kosmonawtdyr. - Ilkinji bolup Aýyñ kartasyny çyzan Tomas Harriot atly iñlis kosmonawtydyr. - Aý dolanda orak şekilli wagtyndakysyndan bäş esse ýagtydyr. - Aýyñ üstündäki gaýa gumlarynyñ kükürt ýaly ysynyñ bardygy aýdylýar. - Aýda jemi üç dürli gaýa bar. Olar: bazalt, abartozit, breş. - Aýa ilkinji gezek uçan "Apollon-11" kosmos gämisi Ýerden Aýa barýança dört gün alty sagat ýol sökdi. - Aý dolanda has ýagtydygyna garamazdan, ol hakykatda Gün şöhlesiniñ diñe 7%-ni Ýere saçýar. - Yslam medeniýetiniñ başky döwürlerinde astronomlar yslam dini üçin möhüm ähmiýeti bolan orak şekilli ýarym Aýyñ (ýagny täze dogan Aýyñ) haçan görünjekdigini takyk hasaplap bilipdirler. - Yslam astronomlary Aýyñ döwürleýin stadiýasynda adatdan daşary jadylaýjy güýjüñ barlygyna ynanypdyrlar. - Orak şekilli täze dogan Aý Remezan aýyny we yslam kalendaryndaky beýleki aýlaryñ başlangyjyny añladýar. - IX asyrda yrakly alym Al-Kindi daşky gabyklaryñ deregine sferalaryñ üstünde hasaplaýan trigonometriýany işläp düzüpdir. - Dünýäniñ çar künjündäki adamlaryñ ýüzüni Mekgä gönükdirmegi üçin sferiki trigonometriýanyñ zerurlygy bardy. # Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. @ Kitapçylar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |