12:08 Aýdan tapylan adam eliniñ süñki | |
AÝDAN TAPYLAN ADAM ELINIÑ SÜÑKI
Geň-taňsy wakalar
ABŞ-nyñ Berkeleý uniwersitetiniñ professorlar kollegiýasynyñ mälim etmegine görä, Aýa ilkinji gezek aýak basan "Apollon" kosmos gämisiniñ kosmonawtlary däl-de, Edward Jefferson atly amerikaly alymdyr. Edward Jefferson 1932-nji ýylyñ 27-nji awgustynda öz ýasan raketasy bilen Aýa uçmagyñ hötdesinden gelipdir, ýöne yzyna dolanmandyr... Berkeleý uniwersitetiniñ geology professor Eweret Simpson "Apollon-17"-niñ kosmonawtlarynyñ Aýdan getiren daş böleklerininiñ arasyndan adam süñküni tapanmyş. Şol uniwerstiteiñ antropology Tomas Lefti munuñ adam süñküdigini, özem sag eliniñ süñküdigini aýdýar. Bu täsin açyş iki alymy-da haýrana goýupdyr. Çünki häzirki wagta çenli toplanan maglumatlar adamlaryñ Aýda ýaşamasynyñ asla mümkin däldigini görkezýärdi ahwetin! Aýda atmosfeta we howa ýoklugy üçin magnit meýdanynyñ juda pesligi we ýeriñ dartyş güýjüniñ Ýer togalagyndan bäş esse pesligi Aýda adam ýaşar ýaly şert döredenok. Görýän zatlaryna akyl ýetirip bilmän, çaşşyñ gözüne sereden ýaly bolan alymlar ahyrsoñy fizikaçy alym Robert H.Godarda ýüz tutýarlar. Godard olardan süñküñ ýaşyny anyklap gelmeklerini talap etdi. Netijede geçirilen seljerme süñküñ kyrk ýaşlaryndaky bir adama degişlidigini görkezdi. Şondan soñ alymlaryñ üçüsi hem esasan üç çaklamanyñ üstünde durdular. Çaklamalara görä: 1. Aýda edil Ýerdäkä meñzeş siwilizasiýa ýaşap geçipdir (ýa-da ýaşaýar). 2. Aý Ýeriñ bir bölegidir. Aý Ýerden bölünip aýrylanda üstünde ýaşaýan adamlary-da özi bilen bile äkidipdir. 3. Bir ýa birnäçe adam mundan birnäçe ýyl öñ Aýa uçmagy başarypdyr. Godard üçünji çaklamany has ynandyryjy we mantyga dogry görýär. Çünki onuñ hut özi 1928-nji ýylda suwuk ýangyç bilen işleýän raketa ýasamagy başarypdyr. Şol bir wagtyñ özünde sowet alymy Konstantin Eduardowiç Siolkowskiý (1857-1935) hem bu boýunça Godardyñkydan has kämil taslamalary işläp düzüpdi. Godard 1932-nji ýylda duýsansyz we şübheli ýagdaýda ýitirim bolan kömekçisi Jeffersony ýada salýar. Jefferson bir ýitensoñ, dagy-duwara yzyna köwlenmändir we oña hiç kim duş gelmändir. Ol dereksiz ýiten wagtynda kyrk ýaşynda eken. Alymlar Tuskona gidip şäher prokuraturasyndan hakykaty öwrenýärler. Arhiwlerden Jeffersonyñ şahsy jildi çykarylýar. Jildiñ ýüzüne ullakan sorag alamaty goýlup, şol durşuna-da ýapylypdyr. Emma gözleg jildine çatylan resminamalar alymlaryñ şübhelerini ortadan aýyrdy oturyberdi. Sebäbi 1932-nji ýylyñ 27-nji awgustynda asmanda gündogara tarap şuwlap barýan näbelli jisim görüpdirler. Gözýetimde ýitip giden şol jisimiñ yzyndan bir partlama eşdilipdir. Ertesi gün daýhanlaryñ biri Angel Pointe asmandan düşen jisimiñ ýangyn döredendigini habar beripdir. Posýologyñ ýangyn ýerine dessine gelip ýeten şerifi we onuñ kömekçileri ýemşeren konserwa gapyrjagyna dönen demir bölekleriniñ üstünden barypdyr. Üns bermeli tarapy: ýanan jaýda alty ýyldan bäri Jefferson ýaşaýan eken. Ýangyn söndürlenden soñ Jeffersona degişli ýekeje-de et ýa süñk bölegi tapylmandyr. "Jeffersonyñ ylymy çakdanaşa güýçlüdi we ol ylym uran telbe ýaly biridi" diýen Godard onuñ işlerini şeýle gürrüñ berýär: "Bile işlänimizde raketanyñ iñ ulusyny Jeffersonyñ özi ýasady. Tutuş alty ýylyny kosmos gämisini ýasamaga sarp etdi. Atyş kemanyny we müñlerçe litr suwuk propergol ýasady. Ýöne bärde meniñ düşünip bilmeýän bir zadym bar: ol bütin bu zatlary ýasanda, ölüme taýynlyk görýändigini bilmedimikä? Çünki raketanyñ çykyş tizligi ony şobada-da öldürip bilerdi. Ol bolsa muny biläýmeli. Onuñ Aýa barma mümkinçiligi bolsa 10 müñ göterimden bir göterimdi. Ýeriñ dartyş güýjünden nähili halas boldy. Muny welin menem bilemok..." Hýuston-Berkeleý uniwersitetiniñ professorlarynyñ beýannamasy ABŞ-nyñ Howa we kosmos gullugynyñ (NASA) işgärleri haýrana goýdy. Olaryñ bir bölegi beýle zadyñ bolup bilmejekdigini aýtsa, bir bölegi 1932-nji ýyllarda hem muny amala aşyrmagyñ mümkinligini öñe sürýär. Jeffersonuñ Aýa gitme ähtimallyga garşy bolanlar şu aşakdaky çaklamalary öñe sürýär: 1. 1932-nji ýylda iñ güýçli alymlaryñ hem Aýa uçup biljek raketa taýynlamagy mümkin däldi. Sebäbi edil häzirem Aýa uçuş edýän kosmos gämisi azyndan bir gezek barýan ugruny düzeltmese Aýa gonup bilenok. 2. Ýeriñ dartyş güýjünden çykmak üçin gerekli güýç iñ kiçijik abzallarda hem abzalyñ we içiniñ agyrlygyndan azyndan 100 esse agyr bolmaly. 3. Jefferson bütin bu sanalanlara garamazdan Aýa bardy diýeli. Hany, onda onuñ münen raketasynyñ bölekleri? Adam öz janyny nähili gutarjagy nämälim synag üçin nädip pida edip bilýärkä? Alty ýyllyk taýynlygy iliñ gözünden bukmagy başarypdyr diýeliñ. Akly ýerinde bolmadyk bir däli hem haýsydyr bir iş edende, üstünlik gazanjagyny bilse, köpçüligiñ öñünde öwünmäni halaýandyr. Şol sanda Jeffersonyñ Aýa uçma ähtimallygyna "bolup biler" diýen pikirde-de bolsa: "Jefferson Aýa diñe öli ýagdaýda baryp bildi. Çünki ol ýolda ölmedigem bolsa, Aýa baransoñ, Aýyñ şertlerinde şobada jany çykan bolmaly" diýip pikir edýär. Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |