01:48 Az wagtlyk begenç / goşgular | |
AZ WAGTLYK BEGENÇ
Goşgular
Adaja ýelleri ýüzümi sylyp, Sadaja kalbyma berýän rahatlyk. Gelsene, ýyllaryň perdesin syryp, Ýüregime ýylgyryş çaý az wagtlyk. Unudaýyn dünýäň gam-teşwüşlerin, Seniň nurly gözleriňe seredip. Baglaýyn üzülen söýgi rişdesin, Kalbymda saklaryn pynhan syr edip. Özgerenmi aýdaýyn men buşlaplar, Seň üýtgedip başarmadyk ýaryňy. Günler, aýlar, ýyllar berip sapagny, Kejir durmuş ýola saldy baryny. Belki, bu zatlara bolarsyň haýran, Belki, ýeňil kabul etmegiň mümkin. ...Ýüregime ýylgyryş çaý az wagtlyk, Az wagtlyk kalbyma söýgi bolup gir! ■ ÇAKLAMA Seni dünýämden kowsam-da, Bilmedim kalbymdan kowup. Bahar bireýýäm sowlupdyr, Bu gelen gyş şeýle sowuk. Saýrak guşlar uçdy eýýäm, Baglaram şowhunsyz, sessiz. Syrym ýalňyz Aýa aýan, Menem ýaşap ýörün sensiz. Wagt geçse, bolar aýan, Pikirler durlanar kemsiz. Ah ursaň-da, gelmez gaýdyp, Bagtly günleň geçer mensiz. Synlap keseden ömrümiz, Başyn ýaýkar dana ykbal. Ahyr bir gün küýsär kalbyň, Şonda ýatlamagyň ahmal.... ■ DOLANAN BAGT Bir ýerlerde bagtly senem, Bu ýerlerde menem bagtly. Indi taplandym, ýok kemim, Köp zatlar täleýe bagly. Bar zady görüpdim şonda, Şum pelekden, şum takdyrdan. Bir günäkär menmi munda, Ýiten zatlar hiç tapdyrmaz. Baglar güllemez öýdüpdim, Bu gün bolsa elwan-pürçük, Guşlar saýramaz öýdüpdim, Seslerinden mukam boljak. Hasratdan aýdym aýdypdym, Düzetdim, bar bolsa kemim. Bagtly bolmaryn öýdüpdim, Bu gün bolsa bagtly menem! Bir ýerlerde bagtly senem... * * * Maňa güýç-kuwwatdy diňe, Şol aýdan sözleriň, ýarym, Ähli zat üýtgedi indi, Belki, sen undansyň baryn. A, men bolsa şo:l bikarar, Guşlaram saýraýar zaryn. Meger, olar gözleýändir Dumanda ýitiren taýyn. Durmuş ýene gaýdyp berse Şol öňki bagtymyň ýaryn. Hatamy düzetmek üçin, Ederdim men elde barym. Wagt suw deýin barýar akyp, Alýan ýaly menden a:ryn. ...Terk etse-de meň dünýämi, Goşgulamda ýaşar ýarym! ■ SEN MENDEN UZAK Sen menden şeýlebir uzak, Sen maňa şeýlebir ýakyn. Ykbal söýgä gurdy duzak, Indi düzetmeklik hem kyn. Günlerem geçýär gyzykly, Göwnümem tutýan belentde. Göterlerdi hasam kalbym, Ýene ýylgyryp geleňde. Ýöräp geçen ýodalarmyň Gidipdir yzlary ýitip. Ýürekdäki ýara welin, Nämä gidäýenok bitip? Durmuş — dury suwly çeşme, Bulansa-da, dur durlanyp. Açylmadyk hazyna deý, Gizlenip dur kalp syrlarym. Bagtly bolmak kyn bolsa-da, Seňem, meňem bardyr hakym. ...Sen menden şeýlebir uzak, Sen maňa şeýlebir ýakyn. Leýla GARRYÝEWA. | |
|
√ «Ýene seni ýada salyp erikler...» / Goşgular - 14.11.2024 |
√ "Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Köçämize seniň gadamyň düşdi... / Goşgular - 24.08.2024 |
√ Nätdiñ? / Goşgular - 12.06.2024 |
√ "Watan howasyndan doýmadym hergiz..." / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Takdyr / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Pilmahmydyň ölümi / Goşgular - 30.05.2024 |
√ Eý, kerim-u lem-ýezel... / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Janymdan özge ýary... / Goşgular - 02.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |