08:37 Azyk komissary / hekaýa | |
AZYK KOMISSARY
Hekaýalar
Okruga oblast azyk komissary gelipdi. Ol göm-gök bolýança syrylan kesir dodaklaryny müňküldedip, gyssanmaç gürläpdi: — Statistiki maglumatlara görä, size ynanylan okrugdan ýüz elli müň put däne almaly. Ýoldaş Bodýagin, gujurly, ugur-tapyjy adam bolaňyzsoňyz, men sizi bu ýere okrug azyk komissary edip belledim. Tamam bar. Özüňe-de bir aý möhlet... Ýakyn günlerde bu ýere tribunal geljek. Goşun hem merkez üçin däne şun ýaly gerek...— Ol şeý diýdi-de, eliniň aýasy bilen tümmerip duran tüýjümek kekirdegini çyzyp goýberdi. şakyrdadyp dişlerini gysdy.— Netikazalyk edip gizleýänleri okdan geçirmeli!.. Ol päki bilen syrylan başyny atdy-da, ýoluna rowana boldy. Serçe loňkuldysyny edip bütin okruga aýlanyp çykýan telegraf sütünleri razwerstka-da-razwerstka boluşdylar. Hatarlardaky, stanisalardaky ekerançy kazaklar bezemen guşaklaryny ykjam dartyşyp, oýlanmazdan-zat etmezden: — Mugtuna däne bererismi?.. Bermeris...—diýişip, berk karara geldiler. Gijelerine her kim islän ýerinden ury gazdy, kim bazalarda gazdy, kimem köçelerde, şeýdip, guşgursak däneleri on putlap, ýüz putlap urularda gömdüler. Her kim goňşusynyň nirede we nädip däne gizleýşine çenli bilýärdi. Emma sesini çykarýan ýokdy. Bodýagin azyk otrýady bilen okrugy elek-soky soran ýaly edip ýördi, üsti gyrawly örme haýatlar zybyrt-da-zybyrt boluşyp, duşundan geçip gidýärdi. Iňrik garalypdy. Stanisa, edil beýleki stanisalar ýaly bolsa-da, Bodýaginiň, gözüne yssy görünýärdi. Alty ýylyň stanisa edip bilen täsiri ýokdy. Bu şeýle bolupdy: iýulyň ýalynly-epgekli günleridi, çilleriň üstünde saryja çopantelpekler yranyşyp otyrdy, orak orulýan wagtlarydy, şol wagtlar Ignatka Bodýagin on dört ýaşyny doldurypdy. Ol kakasydyr talabanlary bilen orak orýardy. Birden kakasy çarşagyň dişini döweni üçin talabany çalyp goýberdi. Ignat şonda kakasynyň edil alkymyna dykylyp bardy-da, dişlerini gyjyrdadyp: — Deýýus ekeniň-ow, kaka—diýdi. — Menmi?! — Sen... Kakasy ýumrugyny aýlap, Ignaty ýere ýazdy, çeki bilen saýgylap, endamyny gök-dalak etdi. Agşam ekin meýdanyndan gaýdyp gelenlerinde bolsa kakasy ülje agajyndan pişeklik kesip alyp, ony ýylmady, sakgalyny sypalap, agajy Ignatyň eline tutdurdy: — Bar, ogul, ile çyk, öýe-de aklyňa aýlanaňsoň gelersiň-dä —diýip, ajymtyk ýylgyrdy. Hawa, bu şeýle bolupdy, häzir bolsa taçanka burjy baglan aýmançalaryň duşundan tagyrdap barýardy, üsti sypal bilen basyrylan jaýlar, olaryň äpişgeleriniň alabeder reňklenen gabsalary zybyrt-da-zybyrt bolşup, yzda galýardylar, Bodýagin kakasynyň, äpişgeleriň öňündäki kölçede eken ekinlerine, tamyň üstünde ganatyny gerip, hužžerilip duran galaýy horaza syn etdi; şonda ol bir zat bokurdagyna tegek bolup, demi tutulan ýaly boldy. Agşam öýüň hojaýynlaryndan: -Goja Bodýagin dirimidir?—diýip sorady. Atyň esbaplaryny bejerip oturan hojaýyn garagäz barmaklary bilen mumlanan sapagyň arasyna gyly ötürdi-de, gözlerini süzdi. -Gitdigiçe özüni tutýar... Täze aýal aldy, ozalky kempiri öňräk dünýäden ötdi, ogly nirädir bir ýere gaýyp boldy, a ol garry köpek bolsa soldat aýallarynyňkydan çykanok... Soň bolsa ol agras görnüşe girip: -Hojaýyn hiç neneň däl, ederini bilýän adam... Näme, onsoň siz ony tanýadyňyzmy? — diýip, sözüniň üstüni ýetirdi. Ir bilen ertirlik edinip otyrkalar rewolýusion tribunalyň göçme sessiýasynyň başlygy: Düýn birki sany kulak ýygnakda galla bermeris diýip kazaklary yrjak boldy. Ýanlary barlanjak bolanynda bolsa garşylyk görkezip, iki sany gyzyl esgeri ýençdiler. Görelde sud edip çaňydyp goýbäris... — diýdi. Tribunalyň başlygy, öňki çelekçi, halk jaýynyň pessejik sahnasynda duran ýerinden çelege halka kakýan ýaly, şaňňy sesi bilen: Atmaly!..—diýip gygyrdy. Ol ikisini daşaryk alyp çykdylar... Bodýagin olaryň yzdan barýanynyň kakasydygyny tanady. Onuň mor sakgalynyň gyralaryna ak sepipdir. Bodýagin onuň güne gaýzygan gasynlak ýeňsesini synlap, yzyndan çykdy. Daş işikde ol garawul naçalnigine: Hol gojany meniň ýanyma çagyr—diýdi. Goja başyny aşak salyp ýöräp gaýtdy, ogluny tanady, şonda onuň gözleri uçganaklap gitdi, emma şobada-da öçügsilendi. Gür gaşlarynyň astyndan gözlerini aşak salyp: — Ogul, gyzyllar bilenmisiň?—diýip sorady. -Şolar bilendirin, kaka. Şeý diýsene-e-e—diýip, goja ýüzüni kese sowdy. Olar dymdylar. — Kaka, alty ýyldyr görüşmänimiz, näme, indi gürrüň edere zat ýokmy? Goja gahardyr kesirlik bilen seňrigini ýygyrdy-da: — Ýok diýen ýaly...— diýdi. — Biziň ýolumyz aýra düşdi. Meni öz zadym üçin, öz ammaryma goýbermeýänim üçin atmalymyşyn, men tersçilmişim-de, iliň urularyny dörüp ýörenler, şo tüküler kanunymyş! Talaberiň, erk eliňizdedir. Azyk komissary Bodýaginiň büdür-südür dulugynyň hamy saralyp gitdi. — Biz garyplary talamzok, kişiniň daban azabyna baýanlary bolsa syryp süpürýäris. Sen bütin ömrüňe batraklaryň ýiligini sorup geldiň. — Gije diýmän, gündiz diýmän, özüm zähmet çekdim. Seň ýaly gören ýerde entäp ýörmedim! — Kim işlen bolsa, ol işçi-daýhan häkimiýetine ýardam edýär, sen bolsaň ony serdesseli garşyladyň... Howlyňa goýbermediň... Şunuň üçinem seň bilen hasaplaşmaly bolar!.. Gojanyň sesi boguk çykdy. Ol, şu çaka çenli özlerini baglanyşdyryp duran inçejik sapagy üzen ýaly, garyljyk gürledi. — Şu günden şeýläk sen-ä meniň oglum däl, menem — seň ataň. Ataňa bakyp şeý diýip duranyň üçin saňa üç gaýra nälet siňsin, haramzada... — Goja tüýkürindi-de, sesini çykarman, ýöräp gitdi. Birdenem hyrra yzyna öwrüldi-de, göwnüne gelenini gizlemän, daşyna çykardy: — Hany dur bakaly, Ignatjyk... Bir säwlik bilen girime düşäýseň, eneňi dula bakdyryn! Hoprdan kazaklar siziň häkimiýetiňizi gyrmaga gelýärler! Alla öz penasynda saklap, ölmän galaýsam, eljagazym bilen janyňy alaryn... * * * Agşamaralar stanisanyň aňyrsyndaky ýelharazyň ýany bilen haram ölen mallaryň taşlanýan ýerine — lüýklüge birtopar atly sowuldy. Komendant Teslenko şybygyny temmäkiden dolduryp, gysgajyk söz sözledi. — Jara golaýrak duruň... Bodýagin ýoluň gyrasyndaky ak gunduz ýaly ak gary bölek-bölek eden sanilere ser salyp, boguk sesi bilen: — Kaka, aýyplaşma...—diýdi. Ol jogaba garaşdy. Seda bolmady. — Bir... iki.... üç!.. Ýelharazyň aňyrsyndaky at yza serpikdi, zähresi ýarylan saniler çarkandakly ýolda iki tarapa urunyp ugradylar, onsoň arşyň ýokarsyndan aýlanan reňkli agaç ereşip ugran garyň gögümtil perdesiniň arasy bilen görnüp, esli salymlap seňkildäp gitdi. Serçe loňkuldysyny edip bütin okruga aýlanyp çykýan telegraf sütünleri “Hoprda gozgalaň turdy. Ispolkomlar otlandy. Işgärleriň bir bölegi gylyçdan geçirildi. Bir bölegi bolsa dumly-duşa gaçdy” diýip habar berdiler. Azyk otrýady okruga gitdi. Bodýagin bilen tribunalyň komendanty Teslenko bir günläp stanisada galdylar. Olar üsti gallaly iň soňky arabalary däne dökülýän punkta ýollamaga howlugýardylar. Ertirden bäri syrgyn turýardy. Stanisany ak gar basypdy. Agşamaralar meýdança ýigrimi töwerekleri atly atyny çapyp geldi. Gar alaňlyklaryna siňip oturan stanisada jaň sesi ýaňlandy. Atlaryň kişňemeleri, itleriň üýrmesi, jaňlaryň güňleçden boguk sesleri... Gozgalaň. Baýyrlykdaky depäniň erňeginden iki sany atly haşlaşyp çykdy. Baýryň eteginde, köpriniň üstünde at toýnaklarynyň sesi eşidildi. Bir topar atly göründi. Öňden gelýän ofiser papakly adam ýüwrük, tohum baýtalyny gamçylaýardy. — Kommunistler sypmazlar! Depäniň aňyrsynda salpy murtly ukrain Teslenko gyrgyz atynyň jylawyny goýberdi. — Her zat etselerem, ýetip bilmezler! Atlary gyssaýardylar. Sebäbi olar depäniň otuz wersta çenli ýaýylyp ýatandygyny bilýärdiler. Yzdan kowgy bulut ýaly bolup süýşüp gelýärdi. Günbatarda, ýeriň gutarýan ýerinde tümlük höküm sürýärdi. Bodýagin stanisadan üç wýorstlykdaky jaryň içinde, gar tümmeginiň üstünde oturan bir adamy gördi. Ol onuň ýanyna atyny çapdyryp bardy-da, boguk sesi bilen: — Bu ýerde nä körüň bar? — diýip gygyrdy. Gök-dalak bolup giden kinniwanja oglan yranyp gitdi. Bodýagin atyny gamçylady, at temegini ýokary galdyrdy we säpjäp, oglanyň golaýjagyna bardy. — Gatap galasyň gelýämi, şeýtanyň biri şeýtan? Sen bu ýere nädip düşüp ýörsüň? Atdan böküp düşdi-de egildi, şonda ol düşnüksiz pyşyrdyny eşitdi. — Agam, men üşeýän... Men — ýetim... Gedaýçylyk edýän...— Ol titräp, ýarysy ýyrtylan aýal koftasynyň etegini başyna çekdi-de, köşeşdi. Bodýagin sesini çykarman, keltekçesiniň iliklerini ýazdyrdy, eýerden böküp düşdi-de, ýerde ejizje göwräniň daşyny dolady we esli wagtlap baş bermedik atyna atlanyp bilmän durdy. Olar atlaryny ýüzin saldyryp gitdiler. Keltekçä dolanan oglanjyk gymyldaman otyrdy, ol birneme ýylynyp, eýeriň gaşyndan berk ýapyşýardy. Atlar tapdan düşüpdiler, olar hokranyşyp, yzdan ýetip gelýän toýnak seslerini duýýardylar we mahal-mahal kişňeşýärdiler. Teslenko içinden geçip barýan şemalda Bodýaginiň atynyň ýalyndan ýapyşyp gygyrýardy: — Taşla oglany! Eşidýärmiň, köpeý ogly? Taşla, ýogsam olar bizi ele salýalar!.. — Ol gargynyp, Bodýaginiň gögeren eline gamçy çaldy.—Ýetdikleri—kerçgilärler! Käşgäm, sen ýanyňdaky şepäň bilen diri ýanaýbilsediň!.. Agyzlaryndan ak köpük seçip gelýän atlar deňleşdiler. Teslenko Bodýaginiň elini gan çykýança saýgylady. Bodýagin bolsa agaç ýaly bolup giden barmaklary bilen ejizje göwräni bagryna basyp otyrdy hem-de jylawy eýeriň gaşyna orap, naganyny sermeleýärdi. — Çagany taşlap biljek däl, doňar!.. Garry nejis, güm bol, öldürmäkäm! Murtlak ukrain ses edip aglady-da jylawy çekdi. — Sypyp bilmedik! Iş pyrryk!.. Barmaklar özüniňki däl ýaly, diýen etmeýärdi, Bodýaginiň, dişleri şakyr-şakyr edýärdi, ol oglanjygy kemeri bilen eýere sarady. Berkmikä-berk dälmikä diýip barlap gördi-de ýylgyrdy. — Halypa, ýaldan ýapyş! Teslenko atynyň derläp duran sagrysyna gylyjy bilen çaldy-da, barmaklaryny salparyp duran murtunyň aşagyna sokup, garakçylaryň sygyryşy ýaly sygyryp goýberdi. Olar ýeňiljek öňürdikläp barýan atlary esli salym synlap durdular. Degşip gyşardylar-da, depäniň aňyrsyndan görnen telpekleri guraksy, emma aýyl-saýyl zalp bilen garşy aldylar... * * * Olar üç gije-gündizläp ýatdylar. Ýuwulmadyk biz balakly Teslenkonyň gulagyna çenli çapylan agzyndan akan gan pakga-pakga bolup doňup galypdyr. Bodýaginiň ýalaňaç döşünde bolsa kekillije sähra guşjagazlary çekinmän bökjekleşip ýördi; olar onuň silkilen garnyndaky, hokgaryp galan owasyndaky gara gylçykly arpany çokýardylar. 1925 ýyl. Mihail ŞOLOHOW. Terjime eden Daňatar Berdiýew. | |
|
√ Ogry / hekaýa - 18.12.2024 |
√ Durmuşyň kanuny / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Ýaşaýyş şol pursatlar / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Mint / hekaýa - 24.08.2024 |
√ Paşmadyk keýp / hekaýa - 21.08.2024 |
√ Şol tanyş garamyk gözler... / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Bugdaý sümmül bolanda / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Arap hekaýatlary - 15.10.2024 |
√ Şahyr / hekaýa - 05.10.2024 |
√ Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |