14:31 «Bahar nagmasy» ýüreklerde nagma kakýar | |
«BAHAR NAGMASY» ÝÜREKLERDE NAGMA KAKÝAR
Aýdym-saz sungaty
Geçen asyryň 80-nji ýyllarynyň başlarydy. Men ol wagtlar Türkmenistanyň Telewideniýe we radiogepleşikler baradaky döwlet komitetinde başlygyň birinji orunbasary bolup işleýärdim. Dogry, men goşgy ýazyp ýören şahyr däl. Ýöne käte aýdym üçin haýyş etseler ýazaýmam bardy. Kompozitor Baýram Hudaýnazarow meniň «Bahar nagmasy» goşgyma saz ýazypdy. Täze ýazylan aýdym-saz ýörite kabul ediş topary tarapyndan diňlenerdi we baha berlerdi. Şol toparyň düzüminde Nury Halmämmedow hem bardy. Bu aýdymy ýazgyda diňlediler-de, hemmesi agyz birikdiren ýaly, «Gowy, şowly aýdym bolupdyr» diýdiler. Bizi gutladylar. Nury neresse öz aýdan sözüne resmi äheň bermek üçinmi, sylag-hormat üçinmi, ýerinden turdy-da: — Täçmämmet, kyn görmeseň, şo goşgyňy özüňem bir okap bersene — diýdi. Uly höwes bilen okadym. Pasyllaryň soltany, Bahar geldi, ýaz geldi. Ýürekleri joşduryp, Aýdym geldi, saz geldi.. Meniň iki gözüm Nurydady, «Ol näme diýerkä?» diýip tolgunýardym. Ol okara ýaly gözlerini süzüp: — Goşgyň sözi taýýar aýdym ahbetin. Gowy goşgy — diýip, elimi gysdy. Şeýlelik bilen kompozitoryň ak patasyny alan bu aýdym ganatly aýdymlaryň birine öwrüldi. Ol häli-häzirem aýdylyp ýör. Pasyllaryň soltany, Bahar geldi, ýaz geldi. Ýürekleri joşduryp, Aýdym geldi, saz geldi. Neneň ýürek joşmasyn, Degre-daşym gülälek. Parahatlyk mekany, Azat ýurdum gül ýalak. Bag durmuşyň bezegi, Dakynypdyr şelpesin. Bahar mymyk şemaly, Ýüzümizi ýelpesin. Saýrak diller wasp etsin, Gül-gunçaly bahary. Bilýän asuda geler, Ertirimiň säheri. Täçmämmet JÜRDEKOW, Türkmenistanyň halk ýazyjysy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |