02:04 Bary-ýogum / hekaýa | |
«BARY-ÝOGUM...»
Hekaýalar
«Söýgi» diýlen, bary-ýogy iki bogundan hem bäş harpdan ybarat gysgajyk sözüň aňyrsynda, gör, nähili uzyn taryhlar, tom-tom romanlar, ajaýyp ertekiler, aýdymlar ýatyr. Dünýäde näçe adam bolsa, şonça-da söýgi, näçe söýgi bolsa, şonça-da ykbal, näçe ykbal bolsa, şonça-da aýdym bar. Hawa, «söýgi» sözüniň her harpyndan nijeme ykballar başlanýar. Ol söz şojagaz iki bogny bilen, millionlap-milliardlap ynsanyň kyrk bognuny söküp taşlaýar. Şonuň üçinem, adam pahyr, haçan, nirede, haýsy ýaşda bolsa-da, şol gudratly sözüň jadylaýjy heňi gulagyna ildigi, ogryn-dogryn hiňlenäýesi gelip dur. Ýöne şol hiňlenmeden aňyrrak geçibermek welin, uly töwekgelçilik. Sebäbi, söýgi diýlen zat şeýle bir ynjyk, şeýle bir içýakgyç, ýeser närse bolup, onuň kime näme eçiljegini, kim bilen niçiksi oýun gurjagyny özündenbaşga hiç kes bilenok. Ol halaganna «Söýgi» ýaly sonetler çemenini /G.Ezizow/ berip, başga biriniň öňüne-de «Gel, gel, gitme, gitme!» diýen ýaly kelç-külç zatlary oklaýýar. *** ...Tüýli bu aýdymy köpden bäri eşitmändi. Otuzmy-otuz bäş ýyl mundan owal onuň kalbyndan ot bolup göterilip, soňam pygana öwrülip, uçup giden aýdym bu gün ýene bir öwrümde, bir çolalykda onuň öňünden çykdy: ― Ýa-da senem, ýazda ýagyp, eräp giden garmydyň? Telim-telim toýlar gördüm, heý, birinde barmydyň? Şol yşkyň ýakyp-ýandyryp giden «kerwensaraýy» heniz-henizlerem «hijrandan tütäp dur» eken. Bireýýäm bitendir öýdülen yşk ýarasynyň diňe ýüzi çalaja kesmeklän eken. ...Her gelenden soragym sen, her gidene ― sargydym. Barym-ýogum, bar mydarym, Bagdagülüm, barmysyň?! Ýürek ýagyna gowrulan bu sadaja setirler şol ýönekeý keteniniň buzgunç ysyny, ýüpek saçly, ýüpek bedenli, doňýürek gyzyň gedem ýylgyryşly owadan keşbini ýene-de ganatlarynda göterip, alyp geldiler. Tüýli şondan öňem, soňam kän goşgular ýazdy. Diňe söýgem däl ― durmuş hakda, dünýä hakda, Aý bilen Gün hakda, Ýer bilen traktor hakda... Aý, garaz, şygryýet meýdanynda biir bir zat etse, o-da synanyşyp gördi. Ýöne ol ýazylanlaryň hiç birine-de şu aýdymyňky ýaly ykbal nesip etmedi. Oňa saz ýazan ýigidem Týüli ýaly ýüregi ýaralynyň biri bolara çemeli. Baryny-ýoguny orta döküpdir. Geň ýeri, o sazandaňam soňra «Pylan aýdyma saz ýazypdyr» diýlen gürrüňi eşidilmedi. ...Ýüzläp-müňläp aşyklar şu aýdym bilen öz magşuklarynyň ýüreklerine ýol tapdylar. Tüýlä welin şol gyz ýüregi aldyrtmady. Ömründe ýeke setir goşgy ýazyp görmedik başga bir ýigit o ýüregi penjesine gysdy-da, aldy gitdi. Tüýlä bolsa diňe şujagaz aýdym galdy. ...Tüýliniň kakasydyr atasam, atasynyň kakasam adybelli, çyn senetli dutar ussalary bolupdyr. Şolardanam galan bir pent bar: «Dutar ýasaň, gowudan gowusyny ýasaň! Emma, şondan aňry geçjek bolmaň! Bize şu kär, şu kesp besdir!» Tüýliniň şolardan bir bilýäni ― kakasy. Şo-da men-men diýen sazandalara «Hä!» diýdirjek dutarlar ýasardy-da, özi iliň öňüne çykyp, dutar çalmazdy. «Biziň başarýanymyz ― ýasamak, çalmanam başarýanlar etsin!» diýerdi. Emma, Tüýli şol gadym pendi tutmady. Şahyrçylyga aldanman, söýgüdir goşga özüni oýnatdyrman, ata-baba ýoly bilen gidiberen bolsa, belki, o-da häzir men diýen dutar ussasy bolardy, atasynyň atasyndan galan teşe-tüşelerem häzir üçekde bir tokga demir bolup ýatmazdy. Bagdagülem şonda, dodajygyny çöwrüp gitmezdi, belki! *** ...Tüýli, aýdymy ürküzmejek bolup, onuň çykýan ýerine tarap pişik basyşy bilen ýöräp ugrady. Görse, ynha, bir çolaja ýerde, gujagy gitaraly bir juwan ýigit bilen bir nowça gyz, uzyn oturjygyň hersi bir çetinde otyrlar. Ýigid-ä bagryna basyp oturan gitarasyndan gerek owazyny alyp bilmeýänine jany ýanýan ýaly, gödensiz barmaklary bilen onuň tarlaryna batly-batly kakyşdyryp, arasynda-da ýaňy ýognap ugran, birhili ýakymly sesi bilen aýdyma gygyrýar: ― Bary-ýogum, bar mydarym, Aýjemalym, barmysyň... Gyz bolsa sülük barmaklary bilen, örüm saçlarynyň ujuny oýnap oturyşyna, käte gözüniň gytagy bilen «aýdymça» seredip, «Bäý-bäý-bäý, bolan bolaýşyny!» diýip, jakgyldap gülýär. Arasynda-da, inçejik goşaryndaky nepis zynjyrly sagadyna seredýär. Şonda ýigit hasam gyssanýar, has çynyna tutýar, şol barşyna-da, aýdym setirleriniň öňündäkisini yza, yzdakysyny öňe geçirip, sözleriniňem ýadyna düşmedik ýerini özünden toslaşdyryp ýa-da başga aýdymdan göçürip, garaz, bulam-bujar edişdirip otyr, arasynda-da köneje, emelsizje gitarasynyň gerşine «hylany» basýar. Wah, özüň emelsiz bolsaň, gitara nätsin... Gitara-da owarram welin, gyz onuň bilen bir perdeden gopjaga meňzänok. Tüýs, Kemine şahyryň «Aglasam ― aldanmaz, gülsem ― ynanmaz» diýenlerinden-dä... Ynha, ürken tez maral kimin birden göterilip, gitse ― gidibermeli. Ýok, muny giderip bolmaz! Öňem nä günlükler bilen, ýalbaryplar getirdi... Bu indi gitse, gaýdyp gelmeýär! ― Ýa-da senem gyşda ýagyp, eräp giden garmydyň, Öten agşam toýda boldum, sen şo toýda barmydyň?.. Şahyr däldim, eý, dostlar, nagmalar joşdy gitdi... Jemalyňa teşne jan... ― diýdi-de, ýigit birden doňup galdy. Gyzam «Waý!» diýip gygyryşyna, tarsa turdy-da, ýakasyny tutup, gözlerini tegeläp, bu-da doňdy. Agaçlaryň arasyndan zompa çykyp, bir eliniň süýem barmagyny sapançanyň nili ýaly bulaýlap, walalaýlap gelýän çortmajyk pyýadanyp bolşy, dogrudanam, eýmendirijidi. Çalaran saçlary hüžžerip, gözleri alaran pyýada haş-haşlap gelşine, ýigidiň alkymyna dykyldy, özünden beter sandyrap duran sesi bilen: ― Dur, dur, dur, köpeý ogly! ― diýip gygyrdy. ― Edýäniň näme seniň, ä, bu edip oturyşyň nähili seň, hä? Bu pyýadany gyzyň agalarynyň ýa-da ýakyn hossarlarynyň biridir öýdüp gorkan ýaş ýigit: ― Näme... näm bold-aý... agam?.. ― diýip sakawlady. ― Äý, sen bi aýdymyň gözüni çykardyň-a, garagyny akdyrdyň-a munuň! ― O nämäň aýdymy, agam, kimiň garagyny akdyrypdyryn men? ― Meniň aýdymymyň, meniň! ― Ýaňky pyýada ― Tüýli süýem barmagyny çep gursagynyň üstüne dürtdi. ― Ýüregimi ýakdyň-a sen-how... Oňarmasaň, aýtma-da! Zaýalama-da beýdip! ― Pyýadanyň birden bogazy doldumy ýa-da sesi gyryldymy, üsgürdi, yzyndanam: ― Şundan... şundan başga nämäm bar meniň, aý, peläket-ä... ― diýip pyşyrdady. Nämäň-nämeligini indi az-kem aňşyran ýigit birneme özüne geldi-de, bir gyzyň, birem ýaňky pyýadanyň ýüzüne seredip, nätjegini bilmän, az salym durdy. Gyzyň hälki keçjallygynyň üstesine, onuň ýanynda bu çepiksije pyýadadan gorkmaly, aljyramaly bolanyna, kiçelenine, «Köpeý ogly» diýlen düşnüksiz söz bilen kemsidilenine ol durup-durup hasam namys etdi. Onsoň o-da tüýlerini hüžžerdip, gözlerini alartdy-da: ― Äý, aýdymyňam al-da, göterilsen-aý, agam! ― diýip, oturyberjek boldy. «Bagyşla!» sözüne derek eşiden bu gödeksi jogaby Tüýliniňem ýeňsesini saň-gaty etdi: ― Näme? Näme diýýäň, sen kim bilen gürleşýäň? Tur ýeriňden, utançsyz! Ýaş ýigit gitarasyny oturgyjyň arkasyna söýedi-de, dim-dik boldy. Häli eglibräk dur ekenmi-nämemi, örboýuna galansoň, Tüýlüden ýarym gez dagy uzyn bolup, onuň üstüne abandy duruberdi. Äl, özem ýaş bolsa-da, inini-boýuny mazaly alan eken. Iň degmesiz ýerine ― ýaşlykdan ýadygär ýekeje aýdymyna deglen Tüýli bu ýigidiňem titräp, boýun damarlarynyň dartylyp ugranyna üns bermän, onuň penjeginiň iliginden aýlap tutdy: ― Sen, jijim, häziriň özünde gaýtmyşym etmeseň, soň gaty puşeýman edersiň... Ýigit onuň elini iliginden silkip aýyrdy: ― Senem, agam, häziriň özünde şu taýdan ýeňsäňi el ýaly etmeseň... Pah, ýanynda bir mahy-taban durka, haýsy murty taban seniň gepiňi çekjek! Tüýli hyrçyny dişläp durşuna, ýigidi başdan-aýaga bir gözden geçirdi. Görse-hä, bi muny iýse-de doýjak däl. Beýle ýagdaýda-da, köşeşäýeniňden gowusy ýok. Köşeşmände-de, bu ýaşdan soň, bir çalbeýni bilen ýaka tutuşyp dursaň, nähili bolar? Gören-eşiden näme diýer?! Ikisem bir-biriniň ýüzlerine çiňerilişip, haşda-haş bolşup durlar. Bularyň bagtyna, gapdalda duran gyz birden hasyrdap gelip, ýigidiň ellerinden ýapyşdy: ― Myrat! Myrat jan, köşeş! Utanaňokmy, oglan?! ...Öýkeli-öýkeli ýuwdunyp, batly-batly ýöräp gidip barýan Tüýli birden aýak çekdi-de, ýeňsesine gaňryldy. Görse, hälki ýigit bilen gyz henizem bir-biriniň ellerinden ýapyşyp, onuň yzyndan seredişip durlar. Tüýliniň göwnüne, ýigit ýylgyryp, bir elini çalaja galgadan ýalam boldy. Tüýli şahyram başyny ýaýkap, çalaja ýylgyrdy-da, ýoluny dowam etdi. Ýeňsesinden ýene-de gitaranyň emelsizje tyrňyldysy eşidildi. Tüýli, juda bir arzyly, bibaha zady yzynda galaýan ýaly, durubilmän, ikilenç gaňryldy. Ýigitdir gyz ýene şol öňki ýerlerinde, ýöne bu gezek gyslyşypjyk otyrlar. Tüýli bolsa ýene-de ýekeligiň gujagyna siňip gitdi. Kömek Kulyýew | |
|
√ Ýaşaýyş şol pursatlar / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Şahyr / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Ýene haýwanam diýjeksiň... - 05.10.2024 |
√ Bereket aga / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Kol-hoz-çy / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Ilkinji gözýaş / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Pedofiliň ölümi / nowella - 04.01.2024 |
√ Sekiz emjekli "gahryman ene" / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Jan / hekaýa - 08.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |